22:50 Taryha göz aýlasaň... | |
TARYHA GÖZ AÝLASAŇ...
Taryhy makalalar
Birinji rus rewolýusiýasynyň tolkuny türkmen topragyna hem aralaşdy. Patyşa hökümetiniň syýasatyndan nägile halk aýaga galdy. Men size şol döwürde bolan wakalaryň birnäçesi hakda gürrüň bermekçi. Ilkinji waka Aşgabatda bolup geçipdi. Gyzlar gimnaziýasynyň mugallymy Lýudwig Stabrowskiý bilen onuň aýaly Kseniýa Petrowna rewolýusiýanyň işine berlen adamlardy. Olar şäherde gözegçilik edýänleriň köpdügine garamazdan, halky göreşe çagyrýan listowkalary gizlinlik bilen ýaýradýardylar. Stabrowskiý Baku hem-de Tbilisi partiýa guramalary bilen hem ýakyn aragatnaşykdady. Ol Almaata, Kokant we başga şäherlerde ýerleşýän gimnaziýalryň okuwçylary bilen hem aragatnaşyk saklaýardy. Bu hakda arhiw materiýallary gürrüň berýär. Şol materiýallaryň, taryhy dokumentlleriň birinde patyşa çinownikleri şeýle habar berýärler: “Asgabat poçta-telegraf kontorasynyň işgärleri tarapyndan markasyz üç sany bukjanyň içinden şu adresler tapyldy. “Werniý. Semireçýe oblasty, erkekler gimnaziýasy, 7-nji klasyň okuwçysy S.H.N, do wostrebowaniýa”, ikinjisinde “Daşkent, erkekler gimnaziýasy, 8-nji klasyň okuwçysy A.A., do wostrebowaniýa, ASÝA O-wadan”, üçünji bukjanyň ýüzünde bolsa “Kokant, Fergana oblasty, “Kawkaz we Merkuriý” kontorasyna, kontoraçy Iwana, Çepelewskiden” diýlip ýazylypdyr. Bukjalaryň hersiniň içinde bir ekzemplýrdan 10-njy ýanwarda ýazylan proklamasiýa bar...” Patyşa jandarmlary Stabrowskä günä ýöňkäp, ony türmä oklaýar. Näçe gynalsa-da, ol partiýanyň işine wepalydygyny subut edýär. Ol türmede ýogalýar. Ony jaýlamaga asgabatlylaryň müňlerçesi gatnaşýar. Olaryň köpüsi gyzyl köýnek geýinipdiler. Olar Stabrowskiniň jesedi salnan tabydyň ýanynda dyzlaryna çöküp, onuň başlan işini dowam etdirjekdiklerine kasam etdiler. Şol döwürde-de türkmen obalarynda-da närazyçylyk ösýärdi. Muňa şaýatlyk edýän birnäçe maglumatlar saklanylyp galypdyr. 1905-nji ýylyň dekabrynda Türküstanyň general-gubernatorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Saharow Zakaspi oblasstynyň naçalnigi Kosaçowskä şeýle mazmundaky telegramma iberipdir: “General Subotiç kapitan Ýomutskiden oblastyň günbataryndaky obalarynda ters wagyz-nesihat ýöredilýän wakalaryň güýçlenýändigi hakdaky habary eşidipdir. (Subotiç noýabryň ahyrynda Türküstan general-gubernatorynyň wezipesine bellenýär. Ol 1906-njy ýylyň ýanwarynda Peterburgdan Daşkende gelýär. Megerem ol şeýle habary Ýomutskiden Peterburgda eşiden bolmaly. Ol şol ýerdenem bu hakda Daşkende habar beripdir). Şonuň üçinem türkmen ilatynyň arasynda gürrüň geçirmäge hem-de ters wagyz edýänleri gözläp tapmaga podpolkownik Agabekowy degişli obalara gitmek maksady bilen Siziň ygtyýaryňyza ibermegi buýruk berdi. Başga raýondaky obalara hem haýal etmän dil bilýän adamlary, şeýle hem Wolkownikow bilen Stržalkowskini ibermegi buýruk edip, olaryň ilat arasynda güýçli kontrapropoganda işlerini alyp barmagy ündedi. Podpolkownik Agabekow şolar bilen bile Asgabada komandirowka iberilýär. General-leýtenant Saharow”. Podpolkownik Agabekow 1906-njy ýylyň 24-nji ýanwaryndaky raportynda şu zatlar hakda habar berýär: “Siziň Alyhezretleriňiziň 1905-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky 598-nji nomeri gizlin görkezmäňizi ýerine ýetirmek maksady bilen geçen ýylyň 30-njy dekabryndan şu ýylyň 16-njy ýanwar aralygynda Garrygala pristawlygyna aýlanyp çykdym. Men Sumbar hem Çendir derýalarynyň boýlaryndaky, Garrygaladan demirgazyk-günbatar tarapyndan ýerleşýän obalara aýlandym. Diňe atabaý obalaryna aýlanmaga ýetişmedim. Çünki Siziň Alyhezretiňiziň 12-nji ýanwaryndaky telegrammaňyzy alyp, gyssagly Asgabada gaýtmaly boldum...” Podpolkownik öz raportynda ak patyşanyň raýatlygyny kabul eden adamlaryň gahar-gazabyna pitiwa etmeýän kişi bolan bolup, oblast naçalnigini köşeşdirýär. Hiç hili tolgunyşygyň ýokdugyny tekrarlaýar. Soňra ol hatynyň dowamynda şeýle ýazýar: “Ýöne ýekeje bir zat, olam ýokarky Sumbarda ýaşaýan gökleň we nohur ilatynyň bir böleginiň arasynda salgyt tölemekden boýun gaçyrmaga bolan agitasiýa bolaýmasa, uly bir zatlara gabat gelmedim. Bu şeýle bolupdyr: “Könekesir obasynda ýaşaýan Halsähet Kömek ogly diýilýän biri bir ýarym aý mundan öň Garrygaladan gelip, 1-nji we 2-nji Ýokary Sumbaryň arçynlarynyň ýanyna barýar. Ol şonda Aşaky Sumbaryň, Garaköliň, Gerkeziň arçynlarynyň adyndan gürleýär: Orsyýetde şumat birhili düşnüksiz zatlar bolup geçýär, şonuň üçinem tiz wagtdan naçalnikleriň salgyt ýygnamaga-da elleri ýetmejekmiş” diýýär. Şu sebäpli hem olaryň ilatdan salgyt ýygnamaklaryny bes etmeklerini aýdypdyr. Haçanda Halsähet bilenem, Garaköldür, Gerkeziň arçynlary bilen gürrüňdeş bolanymda, olar özlerine ýöňkelýän günäni boýun almadylar. Ýöne men Ýokary Sumbardan gaýdamda, Halsähet arçynyň ýanynda öz günäsini boýun alan bolmaga çemeli,bu hakda arçynyň Garrygalanyň pristawyna ýazan raporty bar. Meniň soň olar bilen duşuşmaga wagtym bolmanlygy sebäpli, muny şeýle etmegi pristawyň özüne tabşyrdym...” Eger-de Halsähediň hem-de Garaköl we Gerkez arçynlarynyň günäleri boýnuna goýulsa, onda gelejekde şeýle zadyň öňüni almak maksady bilen pugta jeza çärelerini ulanmaly...” Emma... Hawa, häzir Halsähet Kömek oglunyň nebereleri bagtyýar durmuşyň hözürini görýärler. Indi bolsa, başga bir tolgundyryjy waka ýüzleneliň. Ine, şol ýyl, 1905-nji ýylda Guşguda bütin Russiýanyň işçilerini gahar-gazaba mündiren bir waka boldy. Bu waka barada şol döwürde Fransiýada çap edilýän “Ýumanite” gazeti hem seslendi. Bu babatda leninçi “Nowaýa žizn” gazeti “Rewolýusiýanyň täze ýeňişi” diýen sözbaşy bilen makala çap etdi. • Eýsem-de bolsa, bu ýerde nähili waka bolup geçipdi? Patyşa hökümetiniň 17-nji oktýabr manifestini guşguly işçiler hem gahar-gazap bilen garşyladylar. Adam bary wokzala ýygnandy. Şol mähelläniň arasynda är-aýal Leonid Grigorýewiç bilen Ýekaterina Aleksandrowna Sokolowlar hem bardy. Mitingiň ikinji güni žandarmlar kimiň näme gürrüň edýändigini biljek bolup, mähelläniň içine öz adamlaryny goýberdiler. Bir salymdan žandarmlar geldiler-de, çykyş edip oturan Andreýew hem-de Ikonnikow familiýaly işçileri bir gyra çekip, süssenekledip äkitdiler. Näme etmeli? Uzak pikir edip oturasy iş ýokdy. Işçiler derrew bir pikire geldiler: general Prasolowyň ýanyna adam ibermeli. “Kimi ibermeli?” diýen sowala işçiler “Sokolowy ibermeli!” diýen netijä geldiler. Teklibi biragyyzdan goldadylar. Leonid Grigorýewiçiň özem muňa döwtalap boldy. General işçileriň delegatyny sowuk-sala garşylady. Onuň ýüzünden gar ýagýardy. Ol inženerden: - Näme üçin geldiň? – diýip, sowuklyk bilen sorady. - Andreýew bilen Ikonnikowyň ykbaly bilen gyzyklanmagy işçiler menden haýyş etdiler. - Başbozarlaryň hem ykbaly bolarmy? - Jenap komendant, olar başbozar däl. Olaryň hiç hili günäsi ýok. Eýsem-de bolsa, olara näme günä ýöňkeldi? Komendant hyýrsyz gözleri bilen Sokolowy iýäýjek boldy. Gahardan ýaňa gaşlaryny çytdy. Gany ýüzüne urdy. Özüne mahsus gödeklik bilen jynssyz gygyrdy. Haýýarlyk etdi. - Hemmäňizi türmä dykaryn. Leonid Sokolow generalyň ýanyndan hiç zat bilip-bilmän boş gaýtdy. General tussag edilenlere nähili günä ýöňkelýändigini aýtmady. Ol gaýtam: - Siziň hemmäňiziň gözüňizde ot ýakaryn. Hemmäňizi türmä dykaryn – diýip, işçileriň delegatynyň üstüne herreldi. Işçiler bolsa sabyrsyzlyk bilen Sokolowa garaşýardylar. Ine-de, Sokolow wokzalda peýda boldy. Mähelle ony gurşap aldy. - Näme habar? - Komendant näme diýdi? - Boşatmaga boýun boldumy? Sokolow bolsa müýnli ýaly, birsalym dymdy. - General Andreýew bilen Ikonnikowy näme üçin tussag edilendigini aýtmak islemeýär – diýip, Leonid Sokolow dillendi. - Asyl şeýle diýsene! - Hawa, şeýle. Ýöne mende bir teklip bar. Wagty elden gidirmän, biziň häziriň özünde oblastyň naçalniginiň adyna gyssagly telegramma bermegimiz gerek. Sokolowyň teklibi goldanyldy. Işçiler şol günüň ertesi Daşkentde demirýolçylaryň iş taşlaýyş edendikleri hakdaky habary eşitdiler. - Iş taşlaýyş yglan etmelimi ýa-da ýok? Işçiler seniň maslahatyňa garaşýarlar – diýip, kontoranyň müdiri inžener Leonid Sokolowdan sorady. Ol jogabyny uzak garaşdyrmady. Daşkentli demirýolçylaryň işi onda begenç duýgusyny oýardy. Ol “Elbetde, iş taşlamaly” diýýän şekilde baş atdy. Işçiler wokzala üýşýärdiler. Miting üstüne miting geçirýärdiler. Olar tussag edilen ýoldaşlarynyň haýal etmän boşadylmagyny talap edýärdiler. Taryhy sprawka: - Şol günüň ertesi, ýagny 17-nji noýabrda ir sagat üçde komendant general Prasolow galany gabaw ýagdaýynda diýlip yglan etdi. Sagat dörtde bolsa inžener L.G.Sokolow bu ýagdaýyň esasy günäkäri hökmünde tussag edildi. Sokolowyň aýaly Ýekaterina Aleksandrowna şol waka barada şeýle ýazgy galdyrypdyr: “Meniň Guşguda hiç hili hossarym ýokdy. Emma men ärimiň işçileriň hem tehnikleriň arasynda abraýynyň uludygyny bilýärdim. Şonuň üçinem men olardan ärimiň düşen ýagdaýy barada başga ýerlere habar ýetirmeklerini soradym. Çünki muny etmäge meniň özümiň ýagdaýym ýokdy. Men öý tussagydym. Aradan köp wagt geçmänkä meniň ýanyma işçilerden biri tehnik bilen geldi. Özüniň parawoz bilen galadan çykmaga synanyşyk etjekdigini ýaňzytdy. Menem goňşy uçastogyň naçalnigine Leonidiň tussag edilendigini, galanyň bolsa gabaw ýagdaýdadygyny dil ýaly kagyza ýazyp berdim. Maşinist öz ýanymda haty aldy-da, sagadynyň içine saldy. Şol wagt hem demirýol batalýonynyň soldaty, megerem onuň familiýasy Mihaýlow bolsa gerek, birnäçe işçi bilen galadan çykyp gaçýarlar. Olaryň yzyndan kowgy guralsa-da, barybir netije bermedi...” Ine, şondan soň wakalar dartgynly boldy. Gabawdan gaçan işçiler Asgabada, demirýolçylaryň soýuzynyň Merkezi Komitetine telegramma berdiler. Ol ýerdenem Peterburga şeýle mazmunly telegramma ýollandy: “Ýoldaşlar, kömek ediň! Şu gün agşam sagat bäşde harby meýdan sudy inžener Sokolowy hem-de birnäçe demirýolçyny ölüm jezasyna höküm etdi. Jeza çäresi daňdana goýuldy. Munuň öňüni almagyňyzy soraýarys!!!” Bu telegrammany alan işçiler deputatlarynyň Peterburg Sowetiniň ispolkomy haý diýmän patyşa hökümetiniň baştutany graf Wittä şeýle mazmunda telegramma ýollaýarlar: “Graf Wittä. Jeza çäresiniň derrew ýatyrylmagyny talap edýäris. Gije sagat on ikä çenli garaşarys. Eger biziň talabymyz ýerine ýetirilmedik halatynda, demir ýollaryň ählisinde umumy iş taşlaýyş yglan ederis...” Geň galmaly, guşguly demirýolçylarynyň boşadylmagyny talap edip, edil şol wagt, şol sagat Kiýewdenem, Ýaroslawdanam, Minskidenem, garaz, başga-da köp ýerden telegramma yzyna telegramma gelýärdi. Graf Wittä jogabyny gijikdirýärdi. Emma telegramma ýagmasyny dowam edýärdi. Sagat on ikä bäş minut galanda, Guşgy galasynyň komendanty general Prasolowyň adyna hökümet telegrammasy gelip gowuşdy. Telegrammada şeýle diýilýärdi: “Ölüm jezasyny ýatyrmaly.” Leonid Sokolowy we onuň ýoldaşlaryny 129- njy madda bilen sud edýärler. Ýoldaşlaryny ele berseler, Sokolowy Aşgabada geçirýärler. 1906-njy ýylyň fewralynda girew esasynda ol türmeden çykarylýar. • Taryhy maglumat: - Girew hakda aýdylanda, ol üç müň manada barabardy. Onça pul Sokolowda ýokdy. Tanyş-bilişler, işdeş ýoldaşlary oňa kömege geldiler. Emma ýygnalan pul ujypsyzdy. Ine, şonda poçta işgärleri ýörite otkrytka ýasap, ony uly tiraž bilen çap etdiler. Otkrytkanyň ýüzünde bolsa demiýolçynyň geýiminde Leonid Grigorýewiç Sokolow aýaly Ýekaterina Aleksandrowna bir ýaşlyja ogly Leonid bilen duran suratlary ýerleşdirilipdi. Suratyň aşagynda bolsa şeýle ýazyldy: “Syýasy iş taşlaýşa gatnaşanlygy üçin Guşguda tussag edilen inžener L.G.Sokolow hem-de onuň aýaly... L.G.Sokolow harby sud tarapyndan ölüm jezasyna höküm edilipdi.” Otkrytkadan düşýän pullar ýurduň dürli ýerlerinden girew fonduna gelip gowuşýardy. Şol wagtda Sokolowyň 28 ýaşy bardy. Emma muňa garamazdan, onuň başy çuw ak bolupdy. Şondan soň köp yzarlamalara çydaman, Sokolowyň aýaly oblastyň naçalnigi general Karsewiň huzuryna barýar. Ol özüniň içki-gahar gazabyny, içki ýigrenjini gizläp bilmän: “Nirede ýaşasaňyz şonda ýaşaň, ýöne Aşgabatdan bahymrak garaňyzy saýlaň” diýýär. Är-aýal Aşgabatdan göçüp Daşkende barýarlar. Emma iki hepde geçenden soň, olary işden kowýarlar, olary başda işe alan adamy hem günäläp, ondanam dynýarlar. Garaz, Sokolow iki ýyllap hiç ýerde işe ýerleşip bilmedi. Diňe 1908-nji ýylda oňa Hytaý-gündogar demirýolunda işe ýerleşmek başardýar. Diňe Beýik Oktýabr Sokolowlaryň maşgalasyna azatlyk we bagt getirdi. Ol Günorta-Sibir demir ýolunda, Semipalatinsk, Omsk, Tomsk, Nowosibirsk we başga-da köp şäherlerde dürli wezipelerde işledi. Ol Nowosibirsk şäherindäki ilkinji tramwaý ýolunyň proýekt işine gatnaşdy. Onuň ogly häzir Nowosibirsk şäherinde ýaşaýar. Ynha şu ýyl bolsa L.G.Sokolowyň işlän we ýaşan şol Guşgy şäheri özüniň 100 ýyllygyny belleýär. Hawa, biziň şu ýazgymyzda gürrüňini eden wakalarymyz segsen ýyl mundan öň bolup geçdi. Olar ilkinjilerdi. Ilkinjiler bolsa hiç haçan ýatdan çykmaýar. 1985 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |