22:53 Taryhyň gatlarynda galan hatlar | |
Zakaspi harby bölüminiň naçalniginiň Nurberdi hana haty (1876-njy ýylyň 20-nji fewralyndan giç bolmaly däl) Ýokary derejeli hormat-sylaga mynasyp Nurberdi han Tekinskiý Ýakynda meniň ýanyma gelen Garaja han seniň Ahal-Tekäniň hany edilip saýlananlygyňy habar berdi. Bu habar meni aýratyn begendirdi. Çünki meniň özüm köpden bäri munuň arzuwyndadym we munuň şeýle bolmagynyň aladasyny edipdim. Eger-de bu habar dogry bolsa, onda biziň beýik Ak patyşamyzyň dogany, Kawkaz goşunlarynyň baş komanduýuşisi we Kawkazyň ýerli häkiminiň hem makullajakdygyna şek-şübhe ýokdur. Maňa golaýda onuň huzurynda bolmak, onuň bilen gürleşmek miýesser etdi. Sizde asudalygyň we tertip-düzgüniň ýola goýulmagyny, siziň adamlaryňyzyň talaňçylygy taşlamaklarynyň wagty geldi. Men ozalam siziň gulagyňyza köp gezek guýupdym. Biziň ýeke-täk islegimiz bar, olam Krasnowodsk bilen Hywa aralygyndaky ýolda kerwenleriň howpsuz ýagdaýda hereket etmekleridir. Munuň şeýle bolmagynda halkyň başynda ýeke-täk bir hanyň bolmagy bir başyň bolmagy gerek, adamlar ony hormatlap, ony diňlemeli we çekinmeli. Başgalara garanyňda sen muňa mynasyp gelýäň. Seniň Ahal-Tekä han saýlanmagyňy gutlaýan. Tekede tertip-düzgüni, asudalygy bahym ýola goýmakda kömek etmegini Hudaýdan dileg edýän. Öňki hatyňda ýazyşyň ýaly, sen bize wepaly bolsaň, biz öz tarapymyzdan gerekli kömegimizi senden gaýgyrmarys. Seniň elmydama güýçli we kuwwatly han bolup, halkyň bolsa saňa gulak asmagyny, gowy adamlaryň gowy durmuşda ýaşap, ýamanlaryň bolsa adalatyň gazabyndan sypman senden gorkuda bolsunlar. Bu biziň ýeke-täk islegimiz, bu biziň beýik Ak patyşamyzyň erki bilen siziň halkyňyza bolan belent erk-islegidir. Bu hat bilen halky hem tanyşdyryp bilersiň. Habarlaşyp duraly. Bölümiň naçalnigi general-maýor Lomakin. SGIA Gruz. SSR, f, 545, d. 1251, ll. 72-73. Golýazmadan göçürme. Möhürlenen. * * * Zakaspi harby bölüminiň naçalnigine Garaja han Tekäniň Ahal-Tekesinde iňlis agenturasynyň gözlegleri baradaky haty 1878-nji ýylyň 1-nji iýuny Siziň Aly Hezretleriňize meniň ýürekden tagzymlaryndan soň aýtjak zadym – Eýranda ýesirlikde ýören teke ýesirleriniň birtopary birnäçe iňlisiň haýyşy bilen azat edildi, olar iňlisler bilen bilelikde Arkaja (Ahal-Teke) geldiler. Abulhasan han Arkaçda ýok, aýtmaklaryna görä, ol geljek aý bu ýere gelmeli. Iňlisler bu ýere gelmekleriniň maksadyna bilip, muny men Size giňişleýin hat ýazaryn. Olar bu ýerden şo maksat bilen Merwe-de gitjekler. Nurberdi han häzir Merwde, iňlislere garaşýar. Tekeleriň birnäçesi Siziň ýanyňyza puldur halat üçin barypdyrlar. Siziň özüňiz Tekede bolup gaýtdyňyz: kimiň size ýürekden dostdugy, kimleriň hem zat üçin Siziň ýanyňyza barýandygy belli. Muny Siz içgin öwrenseňiz göz ýetirersiňiz. SGIA Gruz. SSR, f. 545, d. 1154, l. 209. Kawkaz dag uprawleniýesiniň naçalnigine Zakaspi harby bölüminiň naçalniginiň Türkmensährada iňlis agenturasynyň gözlegleri baradaky raporty 1878-nji ýylyň 16-njy apreli Astrabat konsulynyň 26-njy martda maňa ýazyp iberen 125-nji nomerli gizlin hatyny şu aýyň 9-na aldym. Şeýle hem şol senede ýazan hatynyň göçürmesi gelip gowuşdy. Bulardan daşgary hem kapitan Nepir hakdaky goşmaça habarlaryny hem Siziň Aly Hezretleriňize ýetirmegi öz borjum hasaplaýaryn. Maňa belli bolşuna görä, ol ýakynda Goçanda we Büjnürtde bolupdyr. Häzirem ol şo ýerde bolmaly. Büjnürt ilhana oňa howandarlyk edip, ahal-tekeler bilen gepleşikleri geçirmäge ýardam berýär. Häzirki wagtda Russiýa bilen Angliýanyň arasyndaky dartgynly ýagdaýda onuň bize garşy tekeleri öjükdirýändigine hiç hili şübhe bolup bilmez. Muňa indi birnäçe wagtdan bäri tekeler biziň bilen hiç hili gatnaşyk etmeýändikleri hem güwä geçýär, hemme ýerde berk gözegçilik ýola goýlupdyr, özlerindenem, bize-de, bizden özlerine-de hiç kimi goýbermeýärler. Aýdyşlaryna görä, uly toparlar ýygnalýar, hatda bir ýerlerden iki-üç topy hem ele salypdyrlar, gepiň tümmek ýeri, bu ýerdäki türkmenleriň aýtmaklaryna görä, olar uly bir zadyň başyny başlapdyrlarmyş. Bu gürrüňleriň esasy bar, çünki düýbünde bir zat bolmasa, bir zat bilmeseler bu ýerdäki türkmenler beýle gürrüň edip ýörmezdiler. Olar muny iňlis ofiserinden, ýagny “inglistýuradan” görýärler. Ahal-tekeler bilen gatnaşyklar kesilenden soň, o ýerde bolup geçýän ýagdaýdan habarly bolar ýaly, Hywa tarapdan hemem kürtler tarapyndan ynamdar adam tapyp, olaryň arasyna ibermeli diýip, men hasaplaýaryn. General-maýor Lomakin. SGIA Gruz. SSR, f, 545, d. 1154, ll. 187-188. Esasy nusga. Teke hanlary – Öwezdurdy hanyň, Hanmämmet Atalygyň, Amangeldi Banynyň (? A.Ç.) we Berdi batyryň Zakaspi harby bölüminiň naçalnigine Ahal-Tekäniň ýagdaýy hakda ýazan hatlary 1876-njy ýylyň 1-nji dekabry Siziň hatyňyzy okap, Siziň Aly Heztretleriňiziň jan saglygyňyzyň gowudygyny bilip, gaty begendik. Siz bize soňky döwürde Ahal-Tekäniň ýagdaýy hakynda giňişleýin anyk maglumatlary bilip, Siziň özüňize ibermegimizi sorapsyňyz. Olaryň hem her birine Abdyl han ýaşulularyň geňeşine bir adam ibermek hakda çakylyk hatyny iberipdir. Munuň üçin şu adamlar: Gyzylarbatdan Hudaýberdi han, Bamydan Töre goňur, Börmeden Öwezmyrat serdar (Dykma serdar), Arçmandan Nurmuhammet serdar, şeýle hem beýleki teke obalaryndan arçynlar Büzmeýine ýygnandylar. Soň Nurberdi han Gökdepä geldi we onuň aýtmagy bilen ýygnananlar Nowruza (kürt obasy) ugradylar. Ol ýerde Töre goňur, Orazmämmet han we Gurbanmyrat işan bizi Eýrana golasty bolmaga yrjak boldular. Ýöne Nurberdi han bilen biz munuň bolup bilmejekdigini çürt-kesik aýtdyk. Olaryň “Näme üçin?” diýen soragyna biz Hywa şunça wagtlap özbaşyna bolsa-da, soň Ak patyşa boýun syndy. Ahal-Teke-de indi 11 ýyldan bäri Hywa hanlygyna tabyn. Hywa-da Ak patyşanyň golastynda. Nowruzda bolanymyzda biz – Nurberdi han, Hezretguly han, Öwezmämmet han hem-de men (Hanmämmet Atalyk) Abdylhasan hanyň ýanyna gelmänkäk, öňünden Nurberdi han bilen gürleşip, ondan 1400 adama, ýagny parraşlar, kethudalar, garawullar üçin pul diledik. Eger-de han muňa razylyk bermese, onda özümiziň yzymyza dolanjakdygymyzy hem oňa duýdurdyk. Abdylhasan han biz baranymyzdan “Näme täzelik bar?” diýip sorady. Biz oňa “Siziň özüňiz tekä gelipsiňiz, täzeligi biz Sizden eşitjek, bizde täzelik ýok” diýdik. Onda Abdylhasan han aýtdy: “Men şanyň huzurynda boldum. Iş gürrüňlerinden soň, şa oňa “Indi yzyňa gaýtsaňam bolar” – diýip aýdypdyr. Şonda Abdylhasan han Ahal-Tekäni alman yzyna gaýtmajakdygyny, çünki onuň öz dogduk diýarydygyny şaha aýdýar. Men “Ahal öň kime degişlidi?” diýip soramda, Abdylhasan Ahalyň öň Hywa degişlidigini aýdypdyr we indi Hywany ruslaryň eýeländigini, şonuň üçin onuň hiç kime degişli däldigini habar beripdir. Şa şonda onuň mesele bilen harby ministre (sadr-azama) ýüz tutmagy maslahat berýär. Harby ministr Abdylhasany diňläp, şanyň emri bilen rus wekillerini (wezir-muhtary) çagyrypdyr. Rus wekilleri hem Ahalyň Hywa degişlidigini, Hywany hem Ak patyşanyň boýun egdirendigini, Ahalyň hem göräýmäge Hywa tarapyndan göz-gulak bolunýan hem bolsa, onuň häzir ne Hywa, ne-de Russiýa degişlidigi belli däl. Eger-de kim-de bolsa, ony öz golastyna aljak bolsa, onuň işi o diýen öwerlikli bolmaz, çünki Tekäniň özi birahat ýer, hemişe talaňçylyk, alamançylyk edilýän ýer. Bu ýerde tertip-düzgüni, asudalygy dikeldäýjek bolsaň gaty kän azar edinmeli boljakdygyny wezir-muhtar aýdypdyr. Şonda sadr-azam bu işi güýze goýmagy, oňa çenli Teke meselesini gowy öwrenilmegini maslahat beripdir. Şunuň bilenem gürrüň gutarypdyr. Gürrüňi tamamlandan soň, Abdylhasan bize şeýle diýdi: “Meniň siziň bilen ýene bir gürrüňim bar. Şa bilen ylalaşyk baglaşmak üçin siz öz kethudalaryňyzdan wekiliýet iberip, Horasana azar bermejegiňize kepil geçmeli bolarsyňyz. Ine, şeýle bolanda siziň ýesirleriňiziň hemmesi erkinlige goýberiler. Abdylhasan ine, şu niýet bilenem Tährana gidip gelipdir. Munuň üçin ol täzeden Tährana ýola düşmekçi we saýlantgy kethudalaryň 40 sanysyny öz ýany bilen äkitmekçidigini duýdurdy”. Onuň bu gürrüňine Hanmämmet Atalyk jogap berip şeýle diýdi: “Ahal-Teke 111 ýyl mundan owal Hywa hany tarapyndan boýun egdirildi. Siz şo wagtlar niredediňiz? Şo wagtlar gajarlaram bardy, sizem bardyňyz. Ine, şunça wagtlap näme sebäpden Ahal size degişli däl bolup galdy? Häzir Ahal-Teke Ak patyşa degişli, biz oruslaryň özbeklerden asgyn gelip, Ahaly başga birlerine berjekdigi hakda pikirem edemzok”. Abdylhasan han şonda gajarlar bilen hiç hili iş salşyp görmändigini, häzirem şanyň emri bilen Ahaly öz eline geçirjekdigini ýaňzytdy. Biz özümiziň Ak patyşa wepaly raýatlardygymyzy, Tekäniň oňa degişlidigini, özümiziň ondan bidin hiç bir zat edip bilmejekdigimizi aýtdyk. Şonda Abdylhasan şanyň Ahal-Tekäni özüne bermeklerini Ak patyşadan haýyş etjekdigini aýtdy hem-de munuň amala aşjak zat däldigini bilse, onda özüniň hiç hili garşylygynyň bolmajakdygyny mälim etdi. Şondan soň Abdylhasan bizden Tährana parahatlyk ylalaşygyny gazanmak üçin hem-de Eýrandaky türkmen ýesirleriniň boşadylmagy üçin 40 sany kethudanyň özi bilen ibermegimiz hakdaky gürrüňe dolanyp geldi. Şeýle bolan ýagdaýynda biziň Horasana azar bermejegimiz esasy şertdir. Nurberdi han öz adamlarynyň bu işi etmejekdiklerine doly kepil geçip bilmejekdigini aýtdy. Ýöne muňa onuň 1400 adama hak tölese, onda muňa razylyk berjegini bildirdi. Muňa kethuda 200 parraş, 1000 sany garawul girýärdi. Gürrüňiň gidişinde Abdylhasan her bir kethuda üçin 20 gyrandan (her gyran 30 köpüge deň), her parraşa 40 gyrandan hak töläp biljekdigini, galan 1000 adamyň şanyň özi bilen gürleşmese hak töläp bilmejekdigini mälim etdi. 400 adama şumadam hak tölemäge ýagdaýynyň bardygyny, ýöne Tährandan gaýdyp gelensoňlar, hak tölenjek 1000 adamyň öz işlerine jür bolmaklaryny, Horasan, Hywa, Krasnowodsk ýollarynda hiç hili ýaramazlyklara ýol bermezleri ýaly hereket etmelidiklerini belledi. Nurberdi han aýlyklaryň aýma-aý wagtynda tölenilip durulsa, munuň amala aşjakdygyny, tersine bolan ýagdaýda muňa özüniň kepil geçip bilmejekdigini düşündirdi. Şondan soň Nowruzdaky geňeşe gatnaşyjylar öz obalaryna gaýtdylar we Abdyl hanyň Tährana gitmeli 40 sany kethudasyny hem belli etdiler. Şonuň yzysüre Amangeldi bilen ýene dört adam 5000 gyran pul getirdiler. Şonuň 1500-i syçmazly parraşlara, 1500-i ýagşydaşaýakly parraşlara, 1000 gyran wekile (Nurberdi han), 1000-si hem beg tiresinden bolanlara (Orazmämmet han) paýlanyp berildi. Kethudalaryň we galan parraşlaryň aýlyklaryny Abdylhasan Goçana barandan soň iberjekdigine söz berdi. Ýaňky alnyp paýlanan gyranlardan başga biz hak-heşdek görmedik. Şondan soňam ýene öňki-öňkülik dowam edýär. Biz parslaryň üstüne dökülip talaýas, parslaram bizi. Siziň Aly Hezretleriňiz biziň Size ýazan zatlarymyza ynanmagyňyzy soraýas, eger başga biri biziň ýazan zatlarymyzyň tersine bir zat ýazsalar, oňa ynanmaň. Biz Abdylhasan hanyň teklibine Eýrandaky ýesirlerimiziň boşadarys diýen umyt bilen razylygymyzy berdik. Hakykatyny aýdanymyzda, biziň ýaşaýan bu ýerimiz Siziňki, biz Hywa hanyna degişli, Hywa hanyna hem gulluk edýäris. Biziň bu diýdigimiz Size gulluk edýäris diýdigimizdir. Çünki Hywa hany öz-özüni edara edip bilenok, bizi-hä has owaldan şeýle ýagdaýda. Biz türkmenler, ýönekeý adamlardyrys, Siziň aýdanlaryňyzy berjaý etjekdiris. Siziň gelejekdäki görkezmeleriňize-de garaşýarys. Siz Garabogaz ýolunda ýesir alnanlary we talanan zatlary yzyna gaýtarylmagy hakda ýazypsyňyz, munuň jogabyny ýazýarys: ýesir alnanlaryň üçüsi öz illerine tarap gaçyp gidipdirler, beýleki üçüsini biz Atanazar bege tabşyrdyk, olar öz ýaşaýan ýerlerine iberilipdir. Meniň mülküm barada Siziň Hywa hany bilen gepleşjekdigiňiz we netijesini aýtjakdygyňyz hakda Nyýazmyrat maňa habar berdi. Muny eşiden Hywa hany, men göýä Size bu hakda arz eden adam hökmünde maňa gahary gelipdir. Meniň öz puluma satyn alan 13 tanap ýerimi öz ogluna beripdir. Indi Ahal-Teke-de, Hywa-da hemmämize mälim bolşy ýaly Size degişli. Şonuň üçinem meniň nähak alnan ýerimiň çözgüdi Size bagly bolup galýar. Meseläni şerigat ýoly bilen çözmelimi ýa-da Ak patyşanyň Kanunyna laýykmy – bu Siziň işiňiz. Biz Size ömürlik tabyn we Siziň islendik görkezmeleriňizi ýerine ýetirmäge taýyndyrys. Bu hat bilen Siziň ýanyňyza biziň Mämmedamanyň ogluny Batyr hany, biziň doganymyz Atabaýyň ogluny – bulara biz gaty ynanýarys, iberýäs. Muňa dostlar şat, duşmanlarymyz mat bolsun. Şeýle hem Amangeldiniň dogany Adyna batyry, Nagdow hany, Japargulyny we Garaja aksakaly hem Siziň ýanyňyza iberýäris. SGIA Gruz. SSR, f. 545, l. 1439 , ll. 10-15, Elýazmadan terjime edilen. ___________________________ Dokumentiň sene ýazgysy bellenmändir: diňe nomeri 29-njy diýlipdir. Ol geçen we öňki ýyl tekeleriň Aýranyň golastyna geçmekleri üçin gaty köp tagalla eden adam. Asgabadyň etegindäki uzak Ahal-Teke obalarynyň birinden. Terjime eden we çapa taýýarlan Allaýar ÇÜRIÝEW. 24.08.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |