11:03 Taryp we taryh :-) | |
TARYP WE TARYH :-)
Degişmeler
Hindi taryhçysy Prem Çandr Maheş özüniň sene ýazgylarynda, Beýik Mogollar şalarşalygynyň han-hanany Muhammet Baýram han Türkmeniň ogly, Abdyrahym hanyň belent adamkärçiligini çeper beýan etmekçi bolup, onuň bir garyp bendä, öýlenmek üçin, ýüz müň rupyýa peşgeş berendigi hakyndaky wakany ýazyp, gereginden has artykmaç çeperçiligi ulanypdyr öýdýärin. Bu pikirimiň sebäbem şulardan ybarat: Abdyrahym han döwründe kümüş rupyýanyň agramy, tegelekleseň 11,5 gram bolupdyr. Diýmek 100.000 rupyýa = 1150 kg bolýar. Şony hem Abdyrahym hanyň hazynaçysy garyba berjek bolsa, her adam 40 kg-den göterende, ony, tegelekläp alnanda, 29 adam daşamaly bolýar. “lvivmedievalclub.wordpress.com” çeşmesiniň maglumatlaryna görä, orta asyrlarda, iň gymmat gyrnaklary 1,5 kg kümüşe, ýagny, 500 dirheme (1 dirhem = 3 gram) ýa-da 130,4 rupiýa satyn alyp bolýar ekeni. Diýmek, Abdyrahym hanyň “serpaý ýapan” garyby, bir wagtyň özünde 766,9 sany zenany bazardan satyn alyp, olara öýlenip biljek ekeni. Soň ol olaryň hemmesini nädip ekläp bilerdikä?! :-) | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||