TÄŞLI GURBANOW
Täşli Gurbanow 1934-nji ýylda Aşgabat şäherinde eneden dogulýar. Türkmen döwlet uniwersitetini, Sowet Soýuzynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň ýanyndaky Jemgyýetçilik ylymlary akademiýasyny tamamlaýar. Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň Merkezi Komitetinde, «Edebiýat we sungat» gazetiniň, «Türkmenistan kommunisti» žurnalynyň baş redaktory wezipelerinde işleýär. Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginiň başlyklygyna, Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň deputatlygyna saýlanýar. Täşli Gurbanow zehinli ýazyjy, oňat ýolbaşçy hökmünde türkmen edebiýatynyň ösmegine uly goşant goşýar. Edebiýatda onuň öz ýol-ýodasy, öz döredijilik keşbi bar. Türkmen edebiýatyna liriki prozanyň ornaşmagynda, ösmeginde onuň hyzmatlary bellenmäge mynasypdyr. Ýazyjynyň çuňňurlirizme ýugrulan, mahmal ýaly ýumşak, iňňän çeper dilde ýazylan proza eserlerini okyjylar gyzgyn garşyladylar. Täşli Gurbanow poeziýa žanrynda-da yzygider çykyş etdi. Şeýle-de bolsa, onuň prozasy-da poeziýasyndan üzňe däldi. Dünýäni, ynsan gatnaşyklaryny, tebigat gözelli gini şahyrlarça duýmak, beýan etmek ukyby onuň prozasyna-da oňaýly täsir edipdi. Şeýle bolansoň, ýazyjynyň proza eserleri şahyranalygy, akgynlylygy bilen tapawutlanýardy. Täşli Gurbanow prozada Berdi Kerbabaýewiň, N.Saryhanowyň, A.Durdyýewiň hekaýa, nowella döretmek däplerini dowam etdirýär.
Täşli Gurbanowyň «Ýaz damjalary» (1962) atly ilkinji hekaýalar ýygyndysy edebiýatymyza özboluşly bir zehiniň gelip goşulandygynyň buşlukçysy boldy. Ýygyndyda ýerleşdirilen hekaýalarda oba adamlarynyň zähmeti, olaryň aň–düşünjelerinde bolup geçýän özgerişler özüne çekiji, lezzet berýän liriki äheňe ýugrulyp beýan edilýärdi. Ýazyjynyň «Tylla ýüzük» (1964) atly ikinji hekaýalar ýygyndysy hem köpleriň göwnünden turdy. Bu ýygyndyda onuň söýgüli žanrynda ep-esli kämilleşendigi mese-mälim duýulýardy. Ýazyjy kitapda ýerleşdirilen «Tylla ýüzük» hekaýasynda ýönekeýje çeper detalyň üsti bilen ençeme adamyň gylyk-häsiýetlerini iňňän täsirli formada açyp görkezýär. Aýratyn-da, olardan Salawat atly adamyň keşbi has hem özüne çekiji. Onuň keşbinde ajy gülkini-de, mylaýym ýumory-da görmek bolýar. Ýazyjy kiçijik çeper detalyň üsti bilen uly manyny täsirli ýüze çykarmagy başarýar, hekaýalarynda çuňňur adamkärçilikli, üýtgeşik mähirli ynsan keşplerini döredýär. Ýazyjynyň «Iň soňky damja» hekaýasyndaky Gülsoltan hut şu zeýilli adamlardandyr. Myhmanhanada işleýän Bibi eje özüniň kiçijik wezipesinde iňňän uly jogapkärçilik duýýar. Ol ýürekke sellidigine garamazdan, myhmanlara ýokary derejede hyzmat etmegi özüniň borjy hasaplaýar. Özüniň janyny howp astynda goýup, iň sonky dermanyny ölüm bilen ýaka tutuşýan myhmana berip, ony halas edýär. Gülsoltan ejäniň belent adamkärçiligi, uly ene ýüregi okyjyda güýçli täsir galdyrýar. Ýazyjyyň «Täçmahal», «Nilam» ýaly hekaýalarynda dostlukly hindi halkynyň durmuşyndan söz açylýar. Ol hekaýalary okanyňda, hindi topragynyň hoştap ysy burnuňa urýar, hindi mukamynyň gamgyn owazy gulagyňa gelýär. Bu hekaýalarda sada hindi ýigidi Mahtabyň, aýdymçy gyz Nilamyň tolgundyryjy keşpleri döredilipdir. Garyp ýigit Mahtabyň kalbynda bet gazanja, haram baýlyga, pullar dünýäsine ýigrenç, päk zähmete, arassa ýaşaýşa uly söýgi joşýar. Täşli Gurbanow nowella žanrynda hem yzygider kämilleşýär. Onuň nowellalarynda gahrymanlaryň ruhy ahwalatlaryny suratlandyrmaga aýratyn üns berilýär. Ol «Oglumyň doglan güni» nowellasynda ruhy garşylyklary çuň suratlandyrmak bilen, gahrymanynyň kalbynyň töründe gizlenip ýatan uly adamkärçilik sypatlaryny ýüze çykarmagyň ebeteýini tapýar. Ýazyjy hekaýalarynda, nowellalarynda durmuş hakykatyny ýuwmarlamakdan, ýeňil, gülala-güllükli çözgütlerden gaça durýar. Şonuň üçin ýazyjy öň ençeme gezek işlenen temalardan-da täze, şowly eserler döretmegi başarýar. Sebäbi ýazyjy öň sürçegi çykan taýýar galypdan däl-de, hakyky durmuşdan ugur alýar. Muny onuň «Ýalňyz ülje agajy» nowellasy-da aýdyň tassyklaýar. Täşli Gurbanow hekaýalaryna uly many bermäge, ony döwrüň möhüm meseleleri bilen baglanyşdyrmaga aýratyn üns berýär. Ýazyjynyň «Galoşly adam» hekaýasy uruş döwründe tylda bolan wakalar hakda gürrüň berýär. Emma ol bizi şu günüň iňňän jygba-jygly meseleleri hakda, ynsany hakyky ynsan edýän sypatlar hakda oýlanmaga mejbur edýär. Hekaýanyň esasy gymmaty-da şunda. Hekaýa çuň gizlin manyly. Onuň mazmuny gönüden-göni hekaýada şekillendirilýän wakalardan giň. Ýazyjy bet şöhrata kowalaşýan, kellesi humarly näkesiň öz hereketlerini akylly başly seljermän, düzedip bolmajak pajygany döretmeginiň mümkindigini iň täsirli görnüşde nygtap görkezýär.
Täşli Gurbanow ençe powestleriň awtorydyr. Inçe lirizme, çuňňur psihologizme ýugrulan ol powestlerde döwrüň möhüm meseleleri gozgalýar. Ýazyjy, aýratyn-da, ýaşlaryň keşplerine uly üns berýär. Ýaşlaryň durmuşdaky öz orunlaryny tapyşy, söýgi, maşgala meseleleri ol eserleriň esasy özenini emele getirýär. Ýazyjy söýgi, maşgala meselelerini öz-özlügindäki zat hökmünde suratlandyrmaýar. Olary päk zähmet bilen baglanyşdyrýar, gahrymanlarynyň ajaýyp häsiýetlerini açyp görkezmäge tabyn edýär. Bu babatda ýazyjynyň «Sary gül» powesti aýratyn üns bermäge mynasypdyr. Eseriň baş gahrymany ýaş lukman Arslan oba gyzy Melikäni päk ýurekden söýýär. Eserde gahrymanyň şu duýgusy onuň jemgyýetçilik ähmiýetli, öňdebaryjy ýaşlara mahsus ajaýyp häsiýetlerini açyp görkezmäge hyzmat edýär. Arslan arassa söýginiň hatyrasyna ýokary mekdepde işlemekden-de el çekip, güneşli ýurdumyzyň iň çet künjeklerinden biri bolan Çynarly obasyna amatsyz şertlerde işlemäge barýar. Arslan oba gelensoň, diňe öz söýgülisiniň töwereginde pelesaň urup ýörmän, obada saglygy goraýyş hyzmatyny gowulandyrmak, tebipsumaklaryň täsirine düşen käbir adamlaryň aň-düşünjelerini terbiýelemek ugrunda gaýduwsyz göreşýär. Ýazyjy gahrymanynyň ugurta pyjylygyny, öz käriniň öňündäki jogapkärçiligini görkezmek üçin agramly çeper detallary, ähmiýetli wakalary ýerlikli ulanmagy, täsirli suratlandyrmagy başarýar. Rahmanberdiniň aýaly ýaş üstünde ölüm bilen ýaka tutuşýar. Köne garaýyşlardan halas bolmadyk Rahmanberdi bu ýagdaýy Arslana aýtmagy, erkek lukmany aýalynyň ýanyna goýbermegi barypýatan namys hasap edýär. Arslan erjellik bilen öýe girjek bolanda, Rahmanberdi oňa: «Şol içerik girdigiň, öýdäkini özüň aýal edinersiň…» diýýär. Emma Arslanyň tutanýerliligi bilen Rahmanberdiniň aýalynyň jany halas edilýär. Ýaş lukman Arslanyň şeýle aýgytly hereketleri oba adamlaryna uly täsir edýär. Rahmanberdi ýalylaryň köne düşünjeden halas bolmagyna, olaryň lukmanyň hyzmatyna dogry düşünmegine sebäp bolýar. Eserde Arslan işjeň durmuş ýörelgeli, zähmetsöýer gahryman hökmünde örboýuna galýar. Obanyň medisina punktuny (saglyk öýi) tertibe salmakda, ony adamlaryň gelim-gidimli ýerine öwürmekde uly tutanýerlilik görkezýär. Ol söýgi meselesinde-de Nedir ýaly «garaçomaklaryň», dili ne bat berip ýören şugulçy aýallaryň garşylyklaryny ýeňip geçýär. Powestde päk göwünli, inçe duýguly, çaga ýaly sada Melikäniň keşbi-de şowly çykypdyr. Onuň päk söýgä wepalylygy, ýokary adamkärçiligi janly ýagdaýda täsirli açylyp görkezilýär. Ýazyjy ynsan duýgularyny, tebigat gözelligini çuňňurlirizme ýugrup suratlandyrýar. Tebigat gözelligi ýazyjynyň galamynyň astynda janlanýar. Ol gahryman bilen, okyjy bilen gürleşýär. Onuň tebigaty, gözelligi söýmek duýgularyny oýarýar. Ýazyjy gahrymanlaryň gepleşiklerini-de ussatlyk bilen beýan edýär. Powestde ýaşulularyň düzzüm oýnaýan pursadynda birnäçe adamlaryň özara gürrüňleri getirilýär. Emma olar mesawy gürrüňler bolman, gahrymanlaryň häsiýetlerini açyp görkezýär. Az salymlyk gürrüňlerinden olaryň nähili adamlardygy duýlup dur. Täşli Gurbanow powestlerinde ýaşlary öz ykballary, öz bagty ugrunda göreşmäge, durmuşsöýüji, ruhubelent bolmaga çagyrýar. Emma ýazyjy özüniň bu pikirini gönümel däl-de, dürli röwüşde ýüze çykarýar. Bu babatda ýazyjynyň «Armanym» powesti üns bermäge laýykdyr. Bu eserde-de ýaşlaryň söýgüsi, zähmeti hakda gürrüň gozgalýar. Eseriň ýaş gahrymanlary Nurmyrat, Hurma gerekli wagtynda özleriniň bagty, ykbaly ugrunda aýgytly göreşmän, hossarlarynyň köne, yzagalak, zyýanly düşünjeleriniň öňünde durup bilmän, kyn ýagdaýa düşýärler. Özleriniň söýmeýän, halamaýan adamy bilen durmuş gurýarlar. Emma päk söýgüsiz hakyky durmuşyň bolup bilmejekdigi düşnükli. Bu hakykata olar özleriniň ajy durmuş tejribesinde aýdyň göz ýetirýärler. Binýatsyz jaý ýaly, bularyň söýgüsiz guran maşgalasy bozulýar. Ýaşlar öz wagtynda göreşmän, armanly galýarlar. Şeýle bolansoň, ýaşlar özleriniň hakyky söýgüsine ýetmek üçin täzeden tijenmäge, dogumly herekete başlamaga mejbur bolýarlar. Ýazyjynyň gozgaýan meselesiniň ahlak manysy, onuň ýaşlara berýän sapagy uly. Ol bu ýerde okyjylary powestdäki gahrymanlaryň ýalňyşlaryny gaýtalamazlyga, öz bagty ugrunda deslapdan aýgytly göreşe girişmäge çagyrýar. Ýazyjynyň «Torgaý» powestinde-de ýaş adamyň kemala gelşi, onuň durmuşdaky öz hakyky ornuny tapyşy hakda söz açylýar. Powestiň baş gahrymany oba oglany Aýly Permanow. Ol uniwersitetiň giriş synaglaryndan geçip bilmeýär. Emma arly-namysly oba oglany bu ýagdaý sebäpli ruhdan düşüp oturybermeýär. Ol şäher gurluşykçylarynyň arasyna düşýär. Ençeme kynçylyklary, päsgelçilikleri ýeňip geçmek bilen, durmuşdaky hakyky ýoluny, öz bagtyny tapýar. Agzybir gurluşykçylaryň, Andreý Matweýewiç, Rawil Nigmatullin ýaly öňdebaryjy işçileriň tälimi, dostlukly goldawy netijesinde Aýlynyň aň-düşünjesinde, dünýägaraýşynda düýpli özgerişler bolup geçýär. Onda özüne ynamlylyk, öz mertebesine sarpa goýmak, işçi buýsanjy ýaly ajaýyp sypatlar terbiýelenýär. Ilki ejizligi sebäpli Aýla «torgaý» diýlen bolsa, soňundan ol söýgülisi Aýjahan aýtmyşlaýyn «laçyn» adyna eýe bolýar. Professoryň gyzy Aýjahan bilen söýgi gatnaşyklarynda–da Aýlynyň päklik, birsözlülik, wepalylyk ýaly gowy sypatlary aýdyňlaşýar. Hut şeýle sypatlary bilen ol läligräk ösdürilen Aýjahanyň hem duýgy-düşünjesine uly täsir edýär. Powestdäki Aýjahan hem ahlak gözelligi, öz ykbalyny özi çözmek ugrundaky edýän aýgytly hereketleri bilen ýatda galýar. Täşli Gurbanow körpeleriň durmuşyndan hem ençeme goşgulardyr hekaýalary döretdi. Ýazyjynyň çagalara bagyşlap döreden «Uzak ýyllar», «Dagda dikilen baýdak» powestleri çeper eserleriň bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp boldy. Ýazyjynyň «Uzak ýyllar» powestinde urşuň gazaply ýyllarynda tylda çagalaryň alyp baran işleri, isleg-arzuwlary, olary ýowuz döwrüň taplaýşy täsirli suratlandyrylýar. Täşli Gurbanow meşhur sazanda Mylly Täçmyradowa bagyşlanan «Mukamlar başy» poemasyny we köp sanly goşgulary döredýär. Ol goşgularyň ençemesine kompozitorlar tarapyndan saz döredilip, olar köpçüligiň söýüp diňleýän aýdymlaryna öwrüldi. Täşli Gurbanow dramaturg hökmünde-de özüni tanatdy. Onuň «Ýürek ody», «Söýgi mertebesi», «Gara saçlar», «O dünýä syýahat» atly pýesalary tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Ýazyjynyň eserleri uly tiraž bilen Moskwada rus dilinde ençeme gezek neşir edildi. Täşli Gurbanow rus ýazyjylary A.M.Gorkiniň, A.Tolstoýyň, A.Gaýdaryň we beýleki daşary ýurt ýazyjylarynyň birnäçesiniň eserlerini türkmençä terjime etdi.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly