09:52 Täze dil öwrenmek nämüçin derwaýys? | |
TÄZE DIL ÖWRENMEK NÄMÜÇIN DERWAÝYS?
Sport we turizm
"Başga medeniýetiñ dilini öwrenmek şol medeniýete dogry düşünmek üçin ädilen ilkinji ädimdir". Onlarça "super dilçileriñ" aýtmagyna görä, islendik kişi başga dilde ussatlaşyp bilýär (The Independent) 1969-njy ýylyñ iýuly örän möhüm ylmy açyşlaryñ biriniñ bolup geçen aýy boldy. Ýok, "Apollon-11" kosmos gämisiniñ gürrüñini edemok. Elbetde, Nil Armstrong bilen Bazz Oldriniñ çykan Aý ýörişini kiçi-girim iş hasaplamok. Emma, meniñ meniñ şol aý nämälimlige sary çykan ýolagçylygym şumada çenli hiç bir astronawtyñ garşylaşmadyk kynçylygydy. Ýat ýurda birinji gezek aýak basyşymdy, hemmeler fransuz dilinde gürleýärdi. Onçakly durgun bolmadyk Manş deñzinden Dýeppä günin gezelenç üçin geçen Krowliniñ talyplaryndan biridim. Gämidekäm deñize degişli äheñsiz sesler Willandrä ýetensoñ azalyp, onlarça adam birinji gezek del ýurda aýak basypdy. Fransiýanyñ çäginden geçmek añsatdy, talyplarymyz ýüzünde adymyzyñ ýazlan pasportlaryna eýe hem bolsa, "dil çägini" geçmek kyndy. Meniñ okaýan ýerimde öwredilen ikinji dil fransuz diliniñ ýerine rus dilidi. Megerem munuñ sebäbi Sowet Soýuzy bilen halkara raýdaşlygydy. Normandiýa bize has ýakynam bolsa, geljegi nazarlaýan idealizm bilen Nowosibirskide gürrüñ edip biljekdigimiz göz öñüne tutulypdy. Hernäme-de bolsa, XXI asyra gelinende SSSR bilen Birleşen Korollyk iñ ýakyn dosta öwrülipdiler. Başlangyç derejesinde fransuzça gürleşip bilmeýänem bolsak, kenara aýak basan badymyza gözümiñ gören zady grammofonda eşiden fransuz aýdymlarynyñ sözüdi. "Fairport Convention" («Фэйрпортское соглашение») rok gruppasynyñ Bob Dilanyñ “If you’ve gotta go” aýdymyna girizen üýtgeşik röwüşi arkaly “Si tu dois partir”-e düşünip bilýärdim. "Tu" sözüniñ onçakly gabat gelmeýänem bolsa ýakynlyk manysyny berýändigini indi bilip ýörün. Iñ bolmanda şol tomus fransuzlaryñ beýleki ýigrimi hit-aýdymynyñ mazasyny görüp bilmedim: Meselem duýguçyl, diñe uly ýaşlylaryñ halaýan “Je t’aime…moi non plus” ýaly... Russiýada bolsa bular ýaly aýdymlar düzülmeýärdi. "Google Translate" ýigrimi ýyl öñ oýlanyp tapylan bolsa, Jeýn Birkin we Serž Gensbiryñ uly ýaşlylara mahsus "Seni söýýärin... Men seni söýmeýärin" manysyny berýän aýdymyny eýdip-beýdio diñläp bilerdim. Hiñlenilse-de, gürlenilse-de, ýazylsa-da, dil diýýän zadymyz özbaşyna paroldyr: Bir ses ýa-da şekil seriýasynyñ teklibi, pikiri we düşünjäni beýnimden başgasyna geçirmegimi üpjün edýär. Kompýuterler del menýuny programmanyñ kömegi bilen ýeke gezekde terjime edip, turistleriñ paroly döwmegine ýardam edip bilýär. Şeýle-de bolsa ol adamzadyñ paýlaşýan söhbetleriniñ ýerini dolduryp bilmeýär. Garşyñdakyñ gürleýän dilinde gürleñsiz, ýolagçylygyñyz baýlaşyp, başga bir medeniýetiñ kildini açdygyñyz bar. Geçen güýzde Sloweniýanyñ paýtagty Lýubliýanada geçirilen Poliglot konferensiýasyndan başlap, aradan geçen sekiz aýyñ dowamynda birden köp dilde gürläp bilýän "super dilçiler" bilen tanyşdym. "BBC World Service" üçin birden köp dil bilýän adamlaryñ umuny aýratynlyklaryny we 10-20, hatda 50 dili nähili öwrenýändiklerini gürrüñ berýän radiogepleşik taýýarlamakçydym. Şeýle-de jahankeşdeler üçin gymmatly bolan bu aýratynlygyñ super güýçler gerek boljakdygyny ýa bolmajakdygyny öwrenmelidim. Ýok ýöne, onlarça super dilçiniñ aýtmagyna görä, islendik kişi başga dilde ussatlaşyp bilerdi. Köp dilde gürläp bilýän Tomas Jeýes şeýle diýipdi: "Başga medeniýetiñ dilini öwrenmek - şol medeniýete dogry düşünmek üçin ädilen birinji ädimdir we eger başga medeniýete düşünýän bolsañyz, şol medeniýete eýelik edýän ýurt bilen düşünişmezligiñiz minimal derejä gelip düşme ähtimallygy bar". Jeýesiñ özi terjimeçi. Onuñ edýän işi Ýewropa parlamentindäki adamlaryñ biri-birine düşünmegini üpjün etmek. Gymmatbahaly "Goluaz" ("Gauloises") çilimini çekmegim, iñ batyrgaý kosmonawty-da gorkuzyp biljek fransuz suw desgasy bilen gidişmegim, şol mekdep gezelenjinden galan beýleki zatlar. Şeýle-de alysdaky egzotik dünýäden jadylanan şekilde Nýuheýwenden ikilenç ýelken açdym. Dýeppde başlan ýolagçylygymdan bäri goñşularyme we olaryñ täsin edim-gylymlaryna düşünip biljek derejede fransuz dilini öwrendim. Şeýle-de nemes ee ispan dillerini patdyk-putdyk bilýätin. Poliglot konferensiýasynda berilen tölegsiz ýerli dil dersleri arkaly slowen diline-de düşünip başladym. Iñlisleriñ ýa-da başga birnäçesiniñ Ýewropadan ýüz öwrüp başlan döwründe başga dilde gürlemegiñ döredýän empatiýasy hemişekisinden has derwaýys. Simon KOLDER, turistik korrespondent. @SimonCalder Sişenbe, 09.07.2019 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |