TÄZEÇE DERŇEWIŇ NUSGASY
Awtorlardan gysgaça öňsöz
Belli edebiýatçy alym, ussat mugallym, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň türkmen edebiýaty we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň müdiri, filologiýa ylymlarynyň doktory Muhammetguly Amansähedow 70 ýaşady. Biz hormatly mugallymymyza uzak ömür, berk jan saglyk dileýäris! Mugallymçylyk we ylmy döredijilik işinde mundan beýläk-de uly üstünlikler arzuw edýäris!
Hormatly halypamyz M. Amansähedowyň 1995-nji ýylda, doktorlyk dissertasiýasyny goramazdan öň, edebiýat öwreniş ylmynyň wajyp meselelerine bagyşlanan iki kitaby neşir edilipdi. Biz aspirant döwrümiz şol kitaplaryň birinjisine − ««Lirikada obrazlar sistemasy» atly monografiýasyna ýazan synymyzy «Edebiýat we sungat» gazetinde çap etdiripdik. Şol makalany edebiýatçy alymyň we mugallymyň 70 ýaş toýy günlerinde täzeden www.kitapcy.ml saýtynyň üsti bilen şu günki edebiýaty söýýän okyjylara, edebiýaty öwrenijilere ýetirmegi makul tapdyk.
***
Durmuşymyzyň dürli ugurlarynda bolup geçýän oňyn özgerişleriň gözbaşynda duran garaşsyzlyk edebiýaty öwreniş ylmy babatynda hem täze bir etapyň başyny başlady. Ylmy derňewleriň örüsi giňeldi, gözleglere, usullara täzeçe çemeleşmek şerti döredi. Munuň şeýledigine soňky döwürde edebiýat ylmynyň wajyp meselelerini gozgaýan we onuň netijeli çözgüdini tapýan ylmy işleriň, kitaplaryň, monografiýalaryň sanynynyň artýanlygy hem güwä geçýär. Şeýle işleriň biri zehinli edebiýatçy alym, belli tankytçy Muhammetguly Amansähedowyň «Lirikada obraz¬lar sistemasy» atly monografiýasydyr. Ol ýakynga «Ylym» neşirýatynda çapdan çykdy. Kitap TYA-nyň agzasy, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Aşyr Orazowyň redaksiýasy bilen neşir edilipdir. Monografiýa lirikanyň az öwrenilen çylşyrymly meselesi bolan žanr aýratynlygyna we obrazlar sistemasyna bagyşlanypdyr. Işiň edebiýat ylmyna getiren täzelikleri hakynda gürrüň etmezden öň awtoryň özi, zähmet ýoly barada bir-iki agyz aýtmagy zerur hasaplaýarys.
Filologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent M.Amansähedow ençeme ýyldan bäri Çärjew şäherinde ýerleşýän Seýitnazar Seýdi adyndaky TDPI-de talyplara edebiýat teoriýasy, edebi-çeper tankyt, doganlyk halklaryň edebiýaty ýaly predmetlerden sapak berýär, leksiýalar okaýar. Hormatly mugallym köp ýyllap institutdaky çeper döredijilige höwesli talyp ýaşlary özüne birikdirýän edebiýat birleşmesine ýolbaşçylyk edip geldi. Häzirki wagtda ol institutyň edebiýat kafedrasyna müdirlik edip, ylmy iş bilen pedagogik işi utgaşykly alyp barýar. Galamynyň astyndan çykan, edebiýat ylmynyň wajyp meselelerine bagyşlanan işleriň, makalalaryň birnäçesi ony köpçülige, ylmy jemgyýetçilige batyrgaý we özboluşly alym hökmünde tanatdy.
Alymyň täze kitabynda gozgalýan lirikanyň žanr we obrazlar meselesi barada öň gürrüň edilenem bolsa, awtor oňa täzeçe çemeleşýär. Wagtynda liriki gahryman, liriki «men» dogrusynda jedelli pikirler orta atylypdy, metbugatda çekişmeler guralypdy. Emma bu meselä her kim bir hörpde çemeleşip, umumy bir pikire gelinmändi. Bu edebi žanrlaryň atlandyrylyşynda-da, obrazlar meselesinde-de şeýle bolupdy. Netijede, edebiýat ylmy bilen gyzyklanýanlar, aýratyn-da, bu ugurdan ýokary bilim alýan talyplar edebiýat terminleriniň atlandyrylşynda we düşündirilişinde gaty kynçylyk çekdiler. Bu ýagdaýy ilki bolup duýmak we ony ýöriteleýin ylmy işiň obýekti edip almak M. Amansähedowyň talyplara edebiýat ylmyndan bilim bermekdäki köpýyllyk tejribesiniň we irginsiz ylmy gözlegleriniň netijesidir.
Awtor türkmen edebiýatynyň liriki žanrynyň taryhyna, ösüşine, onuň dünýä edebiýatyndaky ornuna ünsi çekip, bu ugurda täze pikirleri aýdýar. Lirikany tüýs türkmen ruhuna ýakyn žanr hasaplaýar. Köklerini has gadymdan alyp gaýdýan, Magtymguly bilen millilige eýe bolan türkmen, lirikasynyň taryhy we dünýä edebiýatyndaky orny barada alym şeýle diýýär: «Türkmen halky Beýik Magtymgulynyň başda durmagy arkaly milli poeziýanyň eýesi bolupdy. Bu edebiýatyň taryhynda möhüm hadysa bolmak bilen, köp halklara beýle bagt miýesser etmändir. Aýdaly, özbek, gazak, gyrgyz... edebiýatlarynda milli poeziýa has soň döre¬di. Milli edebiýat ruslarda Puşkiniň, nemeslerde Gýotäniň, Geýnäniň, fransuzlarda Balzagyň ady bilen baglanyşyklydyr, Bilşimiz ýaly, bu Beýikleriň ýaşan döwri-de Magtymguludan soň» (M. Amansähedow. Lirikada obrazlar sistemasy. – Aşgabat: Ylym, 1994, 8 sah.) Ine, şeýle degerli pikir bilen awtor türkmen lirikasyny mynasyp belent derejä göterýär.
Millilik, çeperçilik, mazmun jähetden ýokary kämillige eýe bolan türkmen lirikasy XIX−XX asyrlaryň sepgidinde çagşaýar, aljyraýar. Bu pikir öň ylymda gyýtaklaýyn aýdylsa-da, meselä M. Amansähedowyň anyk we gönümel çemeleşişi ýaly garalmandy. Muňa sowet syýasaty günäkärdi. Alym şu zatlara ünsi çekip, türkmen poeziýasyny sistemalaýyn öwrenmegiň kemçilikleriň, üstünlikleriň obýektiw we subýektiw sebäplerini hiç bir syýasatdan gorky-ürküsiz aýdyňlaşdyrmaga mümkinçilik dörändigini aýdýar. Awtoryň şu ýörelgä wepalylygyna işiň bütin dowamynda onuň täze pikirleri batyrgaý beýan edişinden, terminleri, garaýyşlary öňe sürşünden göz ýetirýärsiň.
Işde awtor A. Kekilow, R. Rejebow, Ö. Abdyllaýew, D. Nuralyýew, A. Garaýew, G. Geldiýew, J. Allakow, A. Bekmyradow ýaly alymlaryň derňelýän mesele babatdaky ylmy garaýyşlaryny töwerekleýin öwrenip, öz şahsy pikirlerini ýüze çykarýar.
Şu wagta çenli ol ýa beýleki döwruň lirikasyny ýa-da şahyrlaryň döredijiligini temalara bölüp öwrenmeklik ýörelge bolup geldi. Çeper eserdäki esasy zat bolan obraza üns berilmedi. Tema¬tika esasy orun berlip, obrazdan üzňeleşmek derňewiň guraksylygyna getirýär. Obraz bütewilikden böleklere bölünýär we eserdäki waka, häsiýet, duýgy-düşünje doly açylyp görkezilmeýär. M. Amansähedow leňji çykan şeýle tematik derňewden gaça durup, işde gürrüňi edilýän döwrüň lirikasyny obraz bilen gatnaşykda derňäpdir.
Lirikada obrazlar konsepsiýasy edebiýaty öwre¬niş ylmynyň örän çylşyrymly we möhüm meselesidir. Baryp Aristotelden başlap, Gegel, Belinskiý ýaly beýik alymlar lirikanyň tebigaty, aýratynlygy barada aýdypdyrlar. Olar lirikada awtoryň özi hereket edip, öz obrazyny döredýändigi, lirikanyň subýektiw garaýyşlaryň, duýgularyň önümidigi baradaky pikire gelipdirler. Lirika baradaky bu pikirler şu wagta çenli edebiýat teoriýasynda durgunlaşdy, berkleşdi. M. Amansähedow alymlaryň şeýle pikirlerini gözden geçirýär. Olaryň eposyň mazmunynyň obýektiwdigi, lirikanyň mazmunynyň subýektiwdigi baradaky garaýyşlarynyň şertlidigi hakda pikir ýöredýär. Ol «Biziň pikirimizçe bu meselede žanrlaryň arasynda «hytaý diwary» ýok» − 40 sah.) diýmek bilen, eposda-da awtoryň, subýektiň ýüzüniň görünýänligini birnäçe edebi eserlerden mysallar almak bilen beýan edýär. Şunuň bilen birlikde mazmuny subýektiw hasaplanýan lirika¬nyň hem obýektiwlikden mahrum däldigi, lirikadaky obraza, ideýa, duýga hem şahyryň gatnaşygy hemme halatda bir hörpde bolmaýandygy barada täze pikir aýdýar. Lirikanyň derňewinde şu zatlaryň hasaba alynmazlygy eserlere düşünmekde käbir garşylyklara getirýändigini tekrarlaýar.
Awtor epos we drama žanrlarynda gahrymanlaryň hakykata gatnaşygy we häsiýeti boýunça birnäçe obrazlara bölünýändigini aýdyp, lirikada hem liriki gahrymandan ýa-da liriki «menden» başga-da giden bir obrazlar toparynyň basyrylyp ýatandygyna ünsi çekýär. Şol obrazlar toparyna dogry düşünmegiň açary bolup, şygyrdaky gahrymana awtoryň gatnaşyk derejesi hyzmat edip biler diýip hasaplaýar. Hut şu garaýyşdan hem ugur alyp, lirikadaky obrazlar sistemasyny aşakdaky ýaly görnüşlere bölýär: liriki gahryman, terjimehal gahryman, liriki portret, awtoportret, tebigat portreti, roldaky gahryman. Lirikada şeýle obrazlar toplumynyň bardygyna ünsi çekmek we olary täze edebi terminler bilen atlandyrmak edebiýaty öwreniş ylmymyzda täzelikdir.
Edebiýatçy alym liriki obrazlar sistemasynda ilkinji orunda durýan liriki gahrymanyň edebi termin hökmünde edebiýat ylmyna gelşi, edebiýatçylaryň arasyndaky bu mesele dogrusynda jedeller, garaýyşlar hakynda durup geçýär. Rus, şonuň bilen birlikde türkmen edebiýatçylarynyň liriki gahryman meselesi baradaky pikirlerini öwrenýär, degşirýär we şahsy netijelere gelýär. Aýdylýan pikirleriň hemmesiniň şertlidigini belläp, liriki gahryman alamatlaryny şeýle kesgitleýär: «...lirikada şahyr öz adyndan gürläp, obraz döredilmelidir, gahryman, obraz duýgulylygy, şahyranalygy, temperamenti, hyjuwlylygy bilen tapawutlanmalydyr, liriki gahryman, obraz şahyryň adyndan sözleýän hem bolsa, onuň ruhy ahwalaty diňe bir özüne degişli bolman, tipiki häsiýetde ýüze çykmalydyr» (56-57 sah.).
Mundan başga-da lirikada terjimehal gahrymanyň ýaşaýandygy we muňa düşünmekligiň şahyrlarymyzyň, aýratyn-da, klassyk şahyrlarymyzyň terjimehallarynyň dikeldilmegine kömek etjekdigini awtor degerli mysallar bilen subut edýär. Alym lirikadaky terjimehal gahrymanyň ornuny, emele geliş ýagdaýyny aşakdaky ýaly manyda kesgitleýär. Şygyr tutuşlygyna şahyryň hut öz ömür ýoluna, durmuşyna bagyşlanyp, terjimehal gahryman döredilýär ýa-da aýry-aýry şygyrlarda şahyr durmuşyna dahylly maglumatlar bolup, olar birleşip, terjimehal gahryman onuň tutuş döredijiliginde emele gelýär.
Awtor lirikada döredilýän obrazlaryň ýene biri hökmünde liriki portreti öňe sürýär. Şahyryň özüne ýakyn bolmadyk, liriki «meniň» gatnaşmaýan şygyrlaryň lirikada köpdügini belläp, olarda başga biriniň portretiniň döredilýändigini aýdýar. Bu obrazy bolsa liriki portret diýip atlandyryp, ony eposdaky, dramadaky, liro-epikadaky ýaly waka, hadysa, gatnaşykda, hereketde, gepleşikde däl-de, duýgynyň önümi hökmünde ýüze çykýandygy bilen alamatlandyrýar. Liriki portreti «Taryhy şahsyýetleriň liriki portretleri» we «Tipleşdirilen liriki portret» diýen toparlara bölup, olaryň häsiýetli aýratynlyklaryny kesgitläpdir. Liriki obrazyň bu görnüşi barada beýan edýän pikirlerini klassyky we häzirki zaman poeziýasyndan mysallar getirip, anyk delillendirýär.
Şahyrlar käbir şygyrlarynda öz-özüne, özüniň döredijilik ýörelgesine, idealyna baha berýär. Munda öňki garalyp geçilen obrazlardan tapawutly başga bir obraz döreýär. Ol obrazy awtor awtoportret diýip atlandyryp, oňa şeýle kesgitleme berýär: «Lirikada awtoportret şahyryň özi tarapyndan ýerine ýetirilen portreti. Awtoportretde şahyr öz şahsyýetine we döredijilik prinsiplerine baha berýär» (125 sah.).
Lirikada ýene bir obraz − tebigat portreti barada söz açyp, alym onuň öň edebiýat teoriýasynda bar bolan «peýzaž lirikasy» bilen tapawutlaryny aýyl-saýyl edýär. Tebigat portretiniň obraz hökmündäki häsiýetli aýratynlygyny görkezýär. Awtoryň pikiriçe, şahyryň duýgusyndan dömüp çykan tebigat liriki gahrymana gatnaşyksyz, özbaşdak liriki portretde janlanýar. Şunda tebigat portretiniň adamlaşdyrylybam (adam häsiýetleriniň tebigatyň keşbine, ruhuna aralaşmagy) we adamlaşdyrylmazdan hem janlandyrylmagy mümkin.
Liriki obrazlaryň içinde özboluşlylygy bi¬len tapawutlanýan ýene bir obraz barada awtor şeýle diýýär: «Şahyr edil ýazyjy, dramaturg ýaly başga biriniň rolunda çykyş edýär. Ol başganyň adyndan gürläp, ýazyjy, dramaturg ýaly (dogry, lirikanyň öz mümkinçiligine görä), başganyň liriki obrazyny döredýär» (164 sah.). Şol liriki obraza hem alym «roldaky gahryman» di¬ýip at beripdir.
Monografiýadaky liriki obrazlar, olaryň görnüşleri barada awtoryň täze we gymmatly pikirleri hakda gürrüň edere zat köp. Ýöne gazet sahypasynyň mümkinçiligini nazara alyp, bular barada gysgaça durup geçdik. Pikirimizi jemlesek, monografiýa edebiýat ylmymyza, lirikanyň derňewine gymmatly goşant boldy diýip çekinmän aýdyp bileris. Oň edebiýaty öwreniş ylmynda liriki obrazyň derňewine şeýle giň gerimde çemeleşilmändi. Täzeçe derňewiň nusgasy bolan bu iş biziň öňümizde iki zady açýar. Birinjiden, bu monografiýa şeýle täze pikirlere, düýpli derňewe material bolan milli edebiýatymyzyň, lirikamyzyň kämilliginden, beýikliginden habar berýär. Ikinjiden, şeýle derňew, täze pikipleri aýtmak, täze terminleri öňe sürmek uly awtorlyk gaýraty we alymlyk zehini talap edýär. Alym M. Amansähedowyň bolsa, munuň hötdesinden aňryýany bilen gelendigini monografiýanyň süňňünden we bu iş barada eden şu gürrüňimizden göz öňüne getiren bolsaňyz gerek.
Akmyrat TÄJIMOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDPI-niň türkmen edebiýaty kafedrasynyň aspiranty.
Nury SEÝIDOW,
Türkmenistan YA-nyň Magtymguly adyndaky Edebiýat institutynyň aspiranty.
«Edebiýat we sungat» gazeti, 1995-nji ýyl, 6-njy oktýabr.
Edebiýaty öwreniş