16:25 Tebipsumak / satiriki hekaýa | |
TEBIPSUMAK
Satiriki hekaýalar
"Obamyza täze tebip göçüp gelipdir" diýen habar ýyldyrym çaltlygynda ýaýrady. Menem lukman bolanymsoñ, bu waka bilen ýakyndan gyzyklanyp ugradym. Tebip diýýänleri menden dört-bäş ýaş uludy. Onuñ baýguşyñka meñzeş tegelek ýüzi bardy. Gözleri içiñden geçip barýardy, etli, ganly daýaw pyýadady. Men ony bir ýerde gören ýaly boldum. Ýöne hiç hakydama getirip bilmedim. Hawa, oba adamlary adatdan daşary sada bolýar. Biri bir zat alaýsa, bary şoñ ugrundadyr. Bir zat eşitse, anygyna ýetjekdir. Tebibiñ göçüp gelenine bir hepde geçdi. Meniñ ýanyma gelip derman üçin resept ýazdyrýan kesellileriñ birem görnenok. Soñ görüp otursam, olaryñ bary täze tebip ~ Garahanyñ huzuryna barýan ekenler. Hawa, hatda meniñ garry ejemem olardan çykmandyr. Gitme diýsemem, etmedi. Garry adam-da, göwnüni ýykmajak bolýañ-da. Ejem ähli bolýan täzeligi ýaşyrman gürüñ berdi: - Oglum, ol tebibe näçe alkyş etseñem az. Ynha, sen meñ üçin derman baryny alýañ, emma gan basyşym peselenok. Tebip bir derman berdi weli, kelleagyrym zym-zyýat boldy ötägitdi. Keýpimem kök. Hawa, goñşymyz Hesele bir derman berdi weli, demgysmasy tapba kesildi. Aýdogdynyñ ýürek urşunyñ ugry ýokdy. Tebip seretdi, ynha, indi bir hepdedir, ýaryşa gatnajak bedew ýaly çarpaýa galýar. Meret kel-ä tanaýañ, olam gutulyp barýa. Nurynyñ böwregi agyrýardy. Daş barmyş. Derman ot berdi. Tüweleme, öñkä görä on esse gowulanypdyr. Tebibiñ elem ýeñil işine-de ussat sen, oglum, şondan görelde al! - Meñ ýazyp beren dermanlarym saña peýda berýändir. Şoña öwrenişip, peýdasy ýok diýäýýäñiz. Ýogsa-da Garahan diýýän tebibiñiz ýüzüñe seredip, keseliñi derrew biläýýämi ýa-da soraşdyraýýarmy? - Soran bolýar. - Aklygy näçe? - Goý, beýle diýme! Göwnüñden çykaranyñy berseñ bolýa. Tañryýalkasyna-da kaýyl. - Be, onda oña ne peýda. Aklyk almaýan bolsa... - Şepagatly, sada adam-da ol. - Ýüzüñe seredip keseliñi bilip dur. Senden-ä geçiripdir. Tüweleme! Men ýylgyrdym. - Eje, gutulsañ bolýar. - Hudaý jan ýalkap dursun ony. Kesel golaýyna gelmesin. Men oýunlyga saldym: - Aý, özi ökde tebip bolsa, keselläsi ýok-la. Kesellese-de derrew emini tapar. Ejemiñ gahary geldi: - Ýit, ýok bol, señ oýun ýadyña düşýär. Men garry ejemiñ gaharyny getirmejek bolup, daş çykdym. Soñam bar zadyñ anygyna ýetmek üçin çuññur oýlanmaga durdum. "Tebip bu ugurdan bilýän bolmaly. Bolmasa dermanlary bilip kesellä bermez. Ýöne ynam diýlen zat bar. Keselli lukmanyñ diýenini etse, dermany hökman peýda berýär. Onuñ ulanýan dermanyny alyp, nämediginiñ anygyna ýetmek pikiri meni gije-gündiz ýatyrmady. Hawa, hawa, her hili tebip bar. Mekir tebip bar, baýamak üçin hiç zatdan gaýtmaýan tebip bar. Bu tebip oña ýöne ýere göçüp gelen-ä däldir. Bir emmajygy bardyr. Derman diýip zyýanly bir zady bermekdenem çekinip duranoklar, bu zamanyñ kezzaplary. Ejemiñ tebipden alan derman diýip getiren un ýaly poroşogyny ysgap gördüm. Dilime degirdim. Bir çümmük alyp, barlatmak üçin kagyza dolap, kisäme saldym. Ejem gapyny çalaja açyp, synlap duran ekeni. Ol al-petimden aldy: - Oglum, utanmadyñmy? Garry eneñ dermanyny ogurlap. Men aýtdym-a, ol duran okumyş-a. Doññara daş eder welin, giç bolar. Ol ýanynan baran kesellileri ençeme ýyl bäri, tanap bejerýän ýaly, ählisiniñ gözüne seredip bilip otyr. Getir alan dermanyñy! - Eje, barladyp getirip bereýin. Söz berýän. Ejemiñ öñküdenem beter gahary geldi: - Meni heläk etjek bolýañmy? Deýýus diýsänim. Bilesiñ gelýän bolsa, öz ýanyna baryp soraýarlar. - Ötünç soraýan, eje! Ýöne ol ýüzüñe seredip, keseliñi nädip bilýärkä? Şol maña geñ! - Ol Hydyr gören, Hudaýyñ ýalkany diýdim-ä. Men şypa uýasy bolup işleýän Mamany ýanyma çagyryp şeýle diýdim: - Maman, men señ bilen esli wagt bäri işleşýän. Tebip seniñ goñşyñ bolup ýaşaýar. Heý, gepleşip gördüñmi oñ bilen? Maman ýakasyna tüýkürdi: - Hawa, ýolda duşsa salam berýär. Ýöne obañ kesellileriniñ ýagdaýyny bilşine men-ä haýran. - Men oñ kesellilere berýän dermanlaryny barladyp görjek. Eneñ bir derman tapyp, ondan haraý tapypmyşyn. Belki, bir çümmüjek getirersiñ?! Onuñ ýüzi gyzardy. Ol birhili utanýan ýaly: - Synanyp göreýin. Ýöne añaýsa-ha, menden geçer - diýip, gitme bilen boldy. Men ony arkaýynlaşdyrdym: - Çekinme, ir-u-giç maksadymyza ýeteris. Gaýrat et! Günler geçip dur, geçip dur. Men ahyryn, tebibiñ hut ýanyna barmagy ýüregime düwdüm. Tanasa-ha utuldygym bor. Tanaman, derman berse-de, bagtymyñ getirdigi. Ýöne meni ýene bir zat geñ galdyrdy. Öñ beren aklygyñy alýan tebip pul alýarmyş diýip, gürrüñ çykardylar. Dermanlary gymmat bahadan alýarmyş, şonuñ üçin onuñ muzdam iki-üç gezek köpelipmiş diýýärler. Dogry, şeýle myş-myşy kesellileriñ özi çykarypdyr diýýärler. Ýöne hemmesinem tebibiñ özi çykarýan bolaýmasyn diýip, içimden müñkürligem etdim. Ýogsa-da, barsam, kowup goýberse nätjek! Il masgarasy bolaýmaýyn. Hawa-da, işiñe ussat bolsañ, ir-u-giç señ kimdigiñi halk tanaýar, anygyna ýetýär. Men ýene delje habaram eşitdim. Tebip bu obada-da köp ýaşajak dälmişin. Şähere geçjekmişin, barladasyñyz gelse, baş üstüne, şäherdäki öýüne baraýmalymyşyn. Gepiñ keltesi, men ahyry çydap bilmän, göni Garahanlara barmagy ýüregime düwdüm. Şu ýerde bir zady ýatlasymam gelýär. - Tebibiñ bejermäge haky barmyka? Bejermäge haky bolsa men ikelläp ony goldajak-la, näçe keselli gutulan bolsa, şonça-da gowy dälmi näme? Men tebibiñ dermanyny tapyp alsam armanym ýokdy. Onuñ nähili tebipdigini, baý, basym bilersiñ-ä. Hawa, tebip meni görenden tanady. Ol meni köne tanyş ýaly hormat bilen garşam aldy. - Wraç, gel, gel! "Öñräk gelermikäñ" diýdim welin, asla gara bermediñ. Men çykalga gözlän boldum: - Men seni bir ýerde gördüm-de... - Hä, ýadymda, ýadymda, sen meni talyp wagtym görensiñ, meni dördünji kursa geçenimden soñ, institutdan çykardylar. Dogram etdiler. Ýogsam, men egri ýoldan tas gidipdim. Hä, seniñ meñ kesellilere berýän dermanlarymyñ nämedigini bilesiñ gelenimem bilýän. Hawa, men kesellileriñ kartoçkalary bilen öñräkden tanyş, onuñ anygyna ýetjek bolýanyñam añýan. Ýöne, ynha, Hudaýyñ öñünde ant içýärin. Ikilik eden ýerim ýok. Men galp diplom edinip, esli ýyl gyraky etraplañ birinde wraç bolup işledim. Ýöne kesellilere zelel ýetiren däldirin. Ynha, señ ejeñ gan basyşy beýik. Sen oña klofelin ýazyp berýän ekeniñ. Menem oña şonuñ poroşogyna azajyk şeker, un, owradylan mañyz garyp iberdim. Dermanyñ gaty gymmatdygyny aýtdym. Türkmenlere bahasy şunça diýme-de, delje, gymmatja diý, bolany şol. Pul üstüñe ýagar durar. Eýleki kesellileriñ dermanlarynam şeýtdim. Walidola bal garýan. Ine, ýürek dermany! Bokurdagy agyrana-da, böwreginiñ kemi bolana-da, degişli dermanlary tapyp berýän. Men Hudaýtagalanyñ öñünde ap-ak. Senden ýeke haýyş. Sen Mamanyñ günäsini geç. Kimiñ nähili keseliniñ bardygyny ilkinji şol gelip aýdýardy. Ol meniñ daýzam. Dogry, derman tapmasam, una şeker garyp iberýärdim. Keselliñ göwnüni tapmaly-da. Men belanyñ körüginiñ Mamandygyny bildim. Ýöne açyk gürrüñden soñ, oña bolan gaharym ýatyşdy. - Sen näme üçin bu hadysa baş goşduñ, mundan näme peýda tapdyñ? - diýip, sorag berenimi duýman galdym. Ol uludan demini alyp, şeýle diýdi: - Men aldawçylyk bilen gün görjek boldum. Her hili pyssy-pyjurluga baş urdum. Şonuñ üçin Hudaý meni jezalandyrdy. Men şonda halal zähmetim bilen ýaşamagy pugta ýüregime düwdüm. Bolýar hoş, sag boluñ, indi siz maña hiç wagt duşmarsyñyz - diýip, otagyndan çykdy. Menem onuñ nämedir bir zady aýtmaýandygyny añdym. Ýöne edip ýören işlerine geñ galdym. Näme maksadynyñ bardygyny bilmedim. Ýöne şondan soñ ol tiz wagtdan gyraky etraplaryñ birine göçüp baryp, täze jaý satyn alypdyr-da, ýene öñküje ýaramaz endigine baş urupdyr. Ýöne ol tebipsumak uzaga gitmedi. Hawa, aldaw bilen gün görüp bolmasa gerek. Ol ahyry sapana düşdi. Şöhrat MÜLKIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||