21:48 Mert ýüregiñ owazlary / hekaýa | |
MERT ÝÜREGIŇ OWAZLARY
Taryhy proza
Irden Akdaşaýak obasynyň uludan kiçisi aýak üstündedi. «Ýagy gelýärmiş» diýen habar obany gurşap alypdy. Bu habary dag eteginde gylýal bakýan ýylkyban ýigit ýetiripdi. Obanyň dowarlarynyň sürüsi uzak aralykda bakylýardy. Baýlynyň kakasy Hanmämmet köne arabanyň serpmesini bejermäge başlady. Şol wagt dor atly, bili gylyçly Söýün hoja gelip: — Hanmämmet gardaş, saglykmydyr, sag-aman otyrsyňyzmy? — diýende, Hanmämmet: — Şükür, Söýün batyr, irläpsiň-le — diýdi. —Ýagyny ýarpy ýolda, dag etekde gabawa salsak gowy bolar. Şonuň üçinem özüň ýaly mertlere daýansak, soňy abatdyr bu işleriň, gardaş... — Il başyna düşen işden gaýra durmak bolmaz. Şol wagt ýanaşyk öýüň gapysy açylyp, ondan Hanmämmediň goňşusy Bozagan daşaryk çykdy. Bozagan olaryň sesini eşidip çykdymy ýa-da özi şeýle daşaryk çykdymy, belli däl, ol Söýün hoja ýüzlendi. — Söýün kaka, menem söweşe alaýyň-da... Söýün batyr Hanmämmediň ýüzüne seretdi. Hanmämmet: — Söýün batyr, ýaşam bolsa, goňşym il-ýurt goragynda ýöwsellemez, ýüreginde batyrlyk bardyr onuň — diýdi. — Gylyç oýnadyşy biçemem däl welin, biziň ynamymyzy ödärmikä? — Söýün kaka, meni Hanmämmediň nökeri edip goýsaňyz, goňşym bilen egin- egne berip, bile söweşerdim öz-ä... — Ýeri, bolýar, Hanmämmet, onda oňa özüň onbegi bolarsyň-da. Hanmämmet: — Ynamyň üçin taňryýalkasyn, Söýün batyr! — diýýänçä, Söýün hoja eýýäm atyny yzyna dolapdy. Söýün batyr atarman-çaparmandy, harby tilsimeussatdy. Ýarag oýnamakda öňüne çykyp biljek azdy. Obadaşlary söweş hakda gürrüň gozgalanda onuň tarypyny ýetirýärdiler. Baýly şahyryň çagalyk döwründe bolan gysga söweş akdaşaýaklylaryň ýeňşi bilen gutardy. Şol gysga söweş adyny alan söweşde Söýün batyr depelerde telpek goýup, atlylaryny ýagynyň daşyndan aýlapdy. Ýeňseden urlan urgy ýagyny seňseledip, «Gaçan gutular, duran tutular» edipdi. Şeýdibem, ol söweş «gysga söweş» adyny alypdy. Gaçan ýagynyň yzyndan kowalap oljalamagy ýa-da ýesirlemegi Söýün batyr halamazdy. Şonuň üçinem ol bu gezegem beýle edilmegine ýol bermedi. Beýle etmegi ol ejize ganymlyk hasaplaýardy. Onsoňam ahmyr ýa-da ar almak niýetiniň oduny tutaşdyrmakdan daşda durmagy kem görenokdy. Ýöne söweş söweş bolýar, onda ýaralanan-da, şikes alan-da bolýar. Söweşden soň Hanmämmet goňşusy Bozagany atyna kese basmaly boldy. Duşman oky dyzçanagyna degen Bozaganyň ganyna atgulak basyp durzan Hanmämmet ýaş ýigidiň halyna diýseň gynandy. Hanmämmediň öz goňşusynabolan yhlasy goradymy ýa-da başgabirzat boldumy, gaty bir garaşylmadyk waka ýüze çykdy. Etekde melhemlik ot ýygyp ýören Salyh tebip olara duş geldi. Bozagany tebibe görkezdiler. Tebip Bozaganyň dyzyny gözden geçirip: — Eti kesip açyp, zaýalanan süňküň ýerine aşyk goýmaly — diýdi. — Salyh aga, näme oňa taýynaşyk barmy? — diýip, ýigitleriň biri geň galyp sowal berdi. — Keýigiň aýagynyň aşygy bolýar, ölçegi dogry gelýär şoňa. — Bäh, Salyh aga, aňsat etdiň goýaýdyň-la muny — diýşip, ýigitler üýşerilişip, oňa ynanmazlyk etdiler. — Mergeniňiz bar bolsa, gitsin-de, bir dag keýigini awlasyn, onsoň munuň işi haýyr — diýip, tebip arkaýyn gürledi. — Gany duruzýan melhem öýde taýynjak dur. Garaz, işiň bitişi size bagly, ýigitler! — Ýok-la, Salyh aga, bize bagly däl, size bagly. Keýik gerek bolsa, ony dagdan aw- lap bolar. Hojamyrat mergen muny aňryýany bilen oňarar. — Onda Bozagany külbäme eltiberiň! Gelnejeňize aýdyň: «Salyh aganyň hassasy» diýip. Menem, ynha, yzyňyzy basyp bararyn! Bozagany ýük araba geçirip, menzil söküp başladylar. Hanmämmet bolsa ýolugra içini gepledýärdi: «Obamyz jahan bilen deňeşdireniňde, kiçijik bir nokat ýaly welin, obamyzda edermen serkerde-de, tebip-de bar-ow. Ukyp, ussatlyk iki daşyň arasynda-da özüni görkezýär ekeni». Hanmämmet şol wagt bu geň galyjykly sözleriň üstüne ýene-de sanlyja ýyldan öz oglunyň — Baýlynyň adynyň yzyna şahyr diýen ýakymly adyň goşuljagyny asla hakydasyna-da getirmeýärdi... * * * Ýyllar geçdi. Söýün batyryň ogly Garahan serkerdelikde, batyrlykda özüni tandyp, uly abraý-şöhratyň eýesi boldy. Hanmämmediň ogly Baýly bolsa, bütin Arkaja Baýly şahyr ady bilen belli bolup, uly iliň söýgüsini gazandy. Baýly şahyr Garahan batyry taryplap, şeýle goşgy-odany ýazdy. Ol taryply goşguda Söýün hojanyň hem adyny alkyşa besläp, aslyna çeken mertligiň dowamatyna ulus-il bilen buýsandy: Ataň Söýün hoja äleme paýa, Aç senden nan tapar, ýalaňaç saýa, Mert guşanyp, sytkyn baglap Hudaýa, Gämisiz derýadan sürdi Garahan. Baýly şahyr bu odasynda Garahanyň diňe bir söweşde batyr däl-de, parasat eýesidi- gini-de, sahawatlydygyny-da, dürli hünärden baş çykaryp bilýänligini-de ähli ýigitlere görelde-nusga edip goýdy: Urşa girse Rüstem Zalyň syny bar, pakyra rehimli aş-u-nany bar, Bilseň, her sözünde ýüz müň many bar, Ýene eýlär set müň käri Garahan. Baýly şahyryň Garahan batyry taryplan şygry Arkaç düzlüginiň üstünden ylham ganatly sözüň güýji bilen uçup, gör, nirelere ýaýrady. Batyrlygyň, sözüň güýji ähli türk- mene gerek. Mertligiň, paýhasyň birleşen ýerinde, halkyň bitewi güýji berkarar döwlet bolmaga ymtylýar. Şeýle umumy agzybirlik bolsa Baýly şahyryň ýüreginiň isleginden çykan baýdak göteriji paýhasdy. Şahyryň «Garahan» goşgusyny okan Garahan batyr bir goşgynyň şanyna obada toý berdi. Hemmeler ilkibada: «Garahan özüni öwüp, taryplany üçin, Baýly şahyra ha- lat-serpaý ýapjak bolýandyr» diýip düşündi.Ýöne toýda Garahan batyr uly märekäniň öňüne çykyp, şeýle diýdi: — Adamlar, «Baýly şahyr Garahany öwüp, Arşa çykarypdyr. Öwgi-taryp her kime hoş ýakýar. Garahan hem mal-mülküni şonuň üçin seçip oturandyr» diýip düşünäýmäň! Tüweleme, Baýly şahyr obamyzyň goç ýigitleriniň mertligine guwanyp, olary hemişe taryplap gelýär. Iliň asudalygyny mert bolup goramak, gör, nähili ajaýyp ykbal. Baýly şahyryň mertligimize bagyşlan goşgusynyň şanyna toý tutmagymyz batyr ýigitlerimiziň ruhuny götermäge, olary galkyndyrmaga, halkyň söýgüsini açyk-mälim etmäge ýardam eder. Şahyry ýene-de şeýle begençli şygyrlary ýazmaga ruhlandyrar. Onsoňam Baýly şahyryň özi-de ussat sarwan hem il goragçysy. Kakasy Hanmämmet aga ýaly, söweşde onbegileriň biri. Baýly şahyr şemha çakmak ataryň mergeni, egri gylyç oýnatmagyň ussady. Köp adamlar Baýly şahyryň at üstündäki oýunbazlygyny bilýänem däldir. Ynha, häzir görersiňiz, onuň dürli söweş oýunlaryna çalasynlygyny. Akdaşaýak obasynyň adamlarynyň gözi atly ýigitler bilen bile duran Baýly şahyra düşdi. Olar atyň üstünde çalasyn hereketleri ýerine ýetirip, bu ýerde duranlary haýran galdyrdylar. Aslynda bu at üstündäki oýunlary Garahan batyryň özi dag eteginde ýörite gurnap, özi gözden geçiripdi. Baýly şahyr dagy at üstünde her hili hereketleri ýerine ýetirip, toýhana gelenlere hezil berdiler. At üstündäki oýunlar geçirilip gutaranda Baýly şahyr: — Indi bu oýunlardan meniň ýaşym geçip barýar. Ýerime birini taýýarlaýsam, kem bolmasa gerek — diýip, şu goşgy setirlerini joşup aýtdy: — Ýigide nebisjeňlik, garra şer etmek, Birewiň duşundan salamsyz ötmek, Ýarag şaýyň tutman söweşe gitmek, Täzäň ornun tutmak könä ýaraşmaz. Şol wagt ejesiniň ýanynda duran oglanjyk Baýly şahyra tarap elini uzadyp bir zatlar diýdi. Oňa gözi düşen Baýly şahyr: — näme diýýär? — diýip, gelniň gapdalynda duran ýetginjege ýüzlendi. Ol: — Siziň atyňyza münmek isleýär — diýip, bada-bat jogap berdi. — Getir, bärik! Atyň üsti goý, munuňky bolsun! Asyl meniň ornumy tutjak eýýäm bar ekeni — diýip, Baýly şahyr oglany alyp, ony eýeriň üstünde oturtdy. Onuň hut Baýly şahyryň atyň üstünde dik durşy ýaly, dik durmaga synanyşmagy Baýly şahyryň-da, giden mähelläniň hem göwnüni açyp, hezil edip gülüşdiler. — Aslyna çekýär bu türkmen, atyna çekýär bu türkmen — diýip, Baýly şahyr şygra meňzeş setirleri sanady. Diňläp duran adamlar şahyryň bu paýhasly setirlerini makullap, ýürekden ýylgyryşdylar. Baýly şahyr oglanjygy eýerden alyp, ýere düşürdi-de, joşgun bilen şu setirleri aýtdy: — Misli ebrişimden guýrugym ýaly, Eýeri altyndan, kümüşdir naly, Içirgisi begresden, keçesi-haly, Sorasam, tapylmaz taýy Gyratyň. Eýesi Hanhoja öwladyň biri, düldül patyşadyr, Gyrat weziri. Şahyr Baýly diýer, gezsem köp ýeri, Sorasam, tapylmaz taýy Gyratyň. — Dogry aýdýaň, Baýly şahyr — diýip, Galkan goja gürrüňe goşuldy — Türkmen atyny seýislände, oňa Zeminiň görküni, ýyldyrymyň tizligini bagyş edýär. Hanhojanyň aty hem ulynyň-kiçiniň hem gözüni, hem göwnüni baglan meşhur bedewdi. Şeýle owadan, ýyndam atyň tarypyny ýetiren, inim Baýly, saňa-da Alla ýene-de ylahy ylham, ýiti zehin eçilsin! Kesbiňden kemal tap, şahyr! — Taňryýalkasyn, Galkan aga! Bu owadan bedewlerimiziň tarypyny näçe etseň-de az. Olara sözleriň dürüni saýlap, şygyrdan ýadygärlik diken şahyrlarymyzyň ussatlygyna asyl-ha ýetmek ýokdur — diýip, Baýly şahyr atyny ýorgaladyp, Garahan batyryň ýa- nyna bardy. Şahyr Garahan batyryň edermenligiň, il goragynyň şanyna tutan toýuny ýene-de bir gezek gutlap: — Dostum, gaýduwsyz mertleriň toýunda merhum mertlerimizi hem ýatlasak ýagşy bolar — diýip, Hojamämmet atly edermen gerçegiň bir söweşde wepat bolany- ny ýatlap, onuň mähriban käbesi Dürsoltan ejäniň dilinden beýan eden «Ak otagdan aýryldym» atly şygryny at üstünde owazly sesi bilen aýtdy: — ...Näçe gezsem, ýokdur dünýäň mazasy, Dildi bagrym aýralygyň yzasy. Dürsoltan diýr, dolandan soň kazasy, Hojamämmet atly begden aýryldym. Garahan batyr Baýly şahyra garap, oňa hoşallyk bildirip, şeýle diýdi: — Uruş — gabahat hem agyr heýhat. Onuň köküni kesmek üçin, eneleriň doga- dilegini, arzuw-islegini berjaý edip, durmuşa ebedi ornaşdyrmaly. Bu külli adamzadyň käbeýi eneleriň öňündäki mukaddes borjy. Bu biziň-de borjumyz. Tutuş türkmen halky-da ýurtda parahat ýaşamagyň arzuwynda ýaşaýar. Muny bolsa il-ulsumyz berkarar döwletli bolanda hökman berjaý eder, bu ugurda ähli milletlere görelde bolar, parahatçylygy hemişe öňe sürer. Garahan batyr atyndan düşdi. Bu dürdäne sözleri eşiden Baýly şahyr-da atyndan düşüp baryp, Garahan batyry gujaklady. Bu wagt olaryň goşa ýürekleri parahatçylyk üçin ynamly gürsüldeýärdi... Şöhrat MÜLKIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||