20:40 Ynsan köñlüniñ keramaty | |
YNSAN KÖŇLÜNIŇ KERAMATY
Edebiýaty öwreniş
TÜRKMENISTANYŇ HALK ÝAZYJYSY NOBATGULY REJEBOWYŇ KYSSA ESERLERI HAKDA SÖHBET Şahyr, ýazyjy, dramaturg Nobatguly Rejebowyň nowellalary bilen tanyşmak, olary okamak hem aňyňa siňdirmek seniň gözýetim-garaýşyňda täze bir çeper many-mazmuny açýar. Aňyýetiň heniz açylmadyk taraplaryny mälim edýän nowellalaryň hut özüne mahsus bolan äheňi, many-mazmun ýüki, çeperçilik taýdan dil öwüşginleri bar. N.Rejebowyň «Hajygowşan» atly rowaýat-nowellasy «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2013-nji ýylyň maý aýyndaky birnäçe sanynda çap edilipdir. Ony okanyňda ilki göze ilýän zat, ol-da Döwletmämmet Azadynyň dünýägaraýşyndaky kämillik ýoludyr. Ol kämillik ýoly halky halk edýän adalatlylyk, agzybirlik, ruhy päklik, halallyk, jogapkärçilik, sylaşyklylyk bolup, olar halka dowamly döwletlilik eçilýär. Döwletmämmet Azadynyň ýene-de bir durmuş ýörelgesi bolup, ol ylym-bilim, ýagny öýüň kitaply bolmaly, durmuşyň güli bolup açylýan bagy-bossanlyk öýüň daşyny gurşap durmaly. Maňgyşlakdan Käbä haja barýan kerweniň kerwenbaşysy Taňryguly agyr keselleýär. Uzak ýoly söküp gelýän kerwen Karkara kempiriň duýgurlygy bilen Döwletmämmet Azadynyň ýaşaýan obasynda, onuň öýünde myhman bolýar. Taňryguly kerwenbaşynyň keseli agyr bolsa-da, Emir Hüseýin bilen Döwletmämmet Azady oňa her hili otlardan em edip, doga okap, täsir edýärler. Ine, türkmeniň ynamynyň daşa ýazylany diýip şuňa diýerler. Şu ýerde rowaýat-nowellada aýry-aýrylykda dowam edýän iki wakanyň biri bolan Kynyş begiň Ataşkan gerşinde galyp, pederi Magtymguly ýonaçynyň ruhunyň medetkär bolmagy bilen gerşden sag-aman düşüp, öýüne gelmegi, türkmeniň öz ata-babalarynyň ruhuna sygnyp, gudrat görkezýändigi mälim bolýar. Eseriň ýordumynyň birleşýän ýeri — Kynyş begiň öýüne gelmegi, hamyla gelnejesiniň hem-de haja barýan kerweniň kerwenbaşysynyň ýagdaýynyň agyrlygynyň üstünden barmagydyr. Eseriň ýordumynyň şeýle giň görnüşde gurulmagy we birleşdirilmegi ýazyjynyň ussatlygydyr. Şu ýerde Kynyş begiň örän seýrek melhem ösümlik bolan serkerem otuny tapyp getirmegi tebip Emir Hüseýini çaga ýaly begendirýär, şeýlelikde, Taňryguly kerwenbaşy şol melhemden içip, agyr dertden halas bolup, keselden gutulýar. Ýöne Döwletmämmet Azadynyň Taňrygulynyň dertden gutulyp, haja gitjekdigi baradaky ynamly sözleri onuň pirlige ýetişen adamdygyny görkezmek bilen birlikde, ol türkmeniň geljekki günlere diňe ynam bilen ýaşaýandygyny aýdyň ýüze çykarýar. Şu ýerde Karkara kempiriň hem täleý ýyldyzy hakdaky buşlukly habary türkmen halkynyň ylymly-bilimli halkdygyny aňladýar. Karkara kempir zenan maşgala bolsa-da, ol özbaşdak müneçjimlik (astronomiýa) ylmy bilen meşgullanyp, özüni kämilleşdiripdir. Şonuň üçinem Magtymgulynyň sag-aman dünýä inmeginiň ilkinji buşlukçysy Karkara kempir bolýar. Ýazyjy şu ýerde Magtymguly hakda ajaýyp bir jümläni belleýär: «Ýyllar, adamlar, asyrlar geçmişe gidýär, emma Magtymguly geljege barýar!». Ýazyjynyň nowellalarynyň dil çeperligi şol döwrüň ruhy gözýetimine kybap. Dil baýlygyndan ýerlikli peýdalanylmagy we gadymy sözleriň ulanylmagy nowellalaryň dil çeperliginiň gymmatyny has-da artdyrýar. Nowellalaryň dil serişdeleri baradaky ylmy seljermeler ýörite derňewleri talap edýär. Bu geljegiň işi. «Hajygowşan» rowaýat-nowellada garaşylmadyk wakalaryň ýüze çykmagy bilen baglanyşykly beýan etmeler ýüregiňi heýjana salýar. Sahawetdin piriň sadakada aýdan sözleri türkmen halkynyň agzybir, sylaşykly ýaşamagynyň beýik garaýşyny aňladýar. Ynsanperwerlik duýgusy nowellalaryň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şonuň üçinem her bir nowellada okyjy üçin gyzylyň gyryndysy ýaly durmuş sapaklary paýhas hazynasynda jemlenipdir. Bu eserde agyr hassalyk zerarly, haja gidip bilmedikleriň hajynyň kabul edilmeginiň özi-de, türkmen halkynyň keramatlylygy ynsan ykbalyndan alýanlygyny, ynsan mertebesini beýgeldýänligini açyk mälim edýär. Bu rowaýat-nowellada garaşylmadyk wakalaryň biriniň Karkara kempiriň: — Hezreti pirimiz, alnymyzda ýyldyz bar! Alla ýol berse, kerwen ýene sekiz günden ýola düşer — diýip, aýdan sözlerinden soň, ýüze çykmagydyr. Parahat, asuda gijäniň geçmegi bilen, daňdan namaza ören ýaşulular amanadyny tabşyran Karkara kempiriň ýylgyryp ýatyşyny görýärler. Kempir neneň dünýäden hoşal bolmasyn?! Ol ýaşaýşyň dowam edýändigini gördi! Iň esasy bolsa, Magtymgulyny — geljekki akyldary gördi! Eneleriň kalbynda hemişe abadanlyk, abatlyk, bagtyýarlyk dowam edýär. Şonuň üçinem «bagtdan ýaňa ýylgyryp ýatan» ene eserden çykyp, bagtyýarlyk döwrümiziň bagtyna guwanyp, seýil-seýran eýleýän ýaly duýgyny döredýär. Ýazyjynyň «Şowhun-şagalaňly çagalyk» atly hekaýasy beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň çagalyk we ýetginjeklik ýyllarynyň özboluşly oý-pikirlerini özünde jemleýär. Hekaýa milli ruha ýugrulanlygy bilen tapawutlanýar. Ýazyjy eserdäki gahrymanyny öz erkine goýberýär, hereketli oýlanyşygyň düýp manysyny onuň özüne goýýar, gapdalyndan at ýüwürtjek bolanok. Magtymgulynyň garry enesi Nurjahan ene ýüregi mährem, dili süýji, niýeti ýagşylyk, durky päk arzuwly türkmen eneleriniň biri. Enäniň: «Balalarym, ýaranyňyz ýagşyzada, piriňiz perişde, howandaryňyz Hak Alla bolsun! Balalarym, Allanyň welisi, ulus-iliň ulusy bolasyňyz-da hernä!» diýen sözleri Perwerdigär tarapyndan kabul edilip, ol sözler hut Magtymguly Pyragynyň ykbalyndan çykandygyna güwä geçýär. Türkmeniň terbiýe mekdebi örän inçeden talaplydyr. Türkmen maşgalasynda esasy ruhy sütünler: ar-namys, batyrlyk, mertlik, gaýratlylyk hem gaýduwsyzlyk şol terbiýäniň özeni bolup durýar. Magtymgulynyň agalary Abdylla bilen Mämmetsapa, Selim, Magtymyň ogullary Hanjar, Arslan, Janaman dagy Magtymgulyny bäş-alty ýaşyndaka sarç bedewe mündürip, käte-de ýalaňaç ata ataryp, çapmagy öwredýärler. Şeýle çagalykdan bedew bilen imrinmek Magtymgulyny diňe bir beden taýdan taplaman, ruhy taýdanam berkidipdir. Munuň bolsa beýik taryhy şahsyýet hökmünde Magtymgulynyň edebi-çeper keşbini beýgeltmek bilen çäklenmän, eýsem, ol terbiýeçilik mekdebi taýdan hem bagtyýarlyk döwrümiziň ýaş nesli üçin görelde alarlyklydyr. Şu ýerde Magtymgulynyň kakasy Döwletmämmet Azadynyň çagalara erkin garaýşy tüýs türkmen terbiýesidir. Çünki çagalykdaky oýunlar gurşawy ýazmak bilen birlikde, çagalarda beden ösüşini gazanmakdyr. Çagalyk hereketi söýýär, şol hereket hem bedeni işjeňleşdirip berkidýär. Şeýle hereket bolsa pikirlenmek, oýlanmak endigini ösdürýär. Çagalara bilim bermegiň hereket bilen utgaşdyrylmagy gadymy döwürlerde çagalara ders bermek okuwy öýdäki işleri ýerine ýetirmekde alnyp barlypdyr. Maddy we ruhy güýjüň bitewüligi terbiýäniň, saglygyň, sagdynlygyň birligini gazanmak bilen amala aşyrylýar. Hekaýada Magtymgulynyň çagalygy bilimiň içinde geçýär. Ol sapagyny bişirip, çagalykda murty garalan ýetginjekler bilen okaýar. Magtymguly tebigy taýdan örän ýatkeş bolup, bir gezek okan kitabyny ýat beklemegi başarypdyr. Şu ýerde Magtymgulynyň ýatkeşligi beýlekilerden düýpli tapawutly. Beýle ýiti zehin-ukyba eýe bolaýmak seýrek ýagdaý. Ol zehin ýatkeşliginiň biri kitabyň sözlerini ýatdan bilmek, beýlekisi şol ýat beklenilen setirleriň manysyny tirip, düşündirip bilmek. Ine, şu iki ylmylygyň Magtymguluda jemlenmegi, geljekki beýik akyldaryň danalyk ýoluny giň jahana açýar. Munuň üstesine Nurjahan enäniň aýdan ertekidir rowaýatlary çeper we durmuşy öwrümleri öwrenmäge, pikirlenişiň çalt çözgütliligine täsir etmegine itergi berýär. Magtymgulynyň çagalyk ýyllarynda ýene-de kämil çykmaga tarap ynamly ädimleriniň biri-de, onuň öz-özi bilen ikiçäkligidir. Bu ikiçäklik ylym bilen ýüzbe-ýüzlükdir. Ýüzbe-ýüzlük bolsa kitaplaryň setirleridir we olardaky manylar hazynasydyr. Şeýle kitaby — edebi ýüzbe-ýüzlük jahan giňişligi bilen utgaşýar. Şeýle möhüm röwüşli ylmy çuňluk Magtymguly Pyragynyň döredijiligini beýiklige çykarýar we ol umumadamzat meseleleriniň çözgüdine baryp ýetýär. Magtymguly çagalygyny ylmy-aň bilen baýlaşdyryp, ony beýik many-mazmuna besläpdir. Ol näçe oýna berilse-de, çagalygynda bilimden iki paý berlipdir. Şol paýy bolsa bollugy bilen kakasy Döwletmämmet Azadydan alypdyr. Hekaýada teswirlenilýän wakalar ata we ogluň arasyndaky ylym-bilim babatda has-da üýtgeşik pähim-parasada ýugrulypdyr. Ata-ogluň arasyndaky bu ylym-bilim ugurdaky gatnaşyklar hakyky ders-okuw bolmak bilen Magtymgulynyň aňynyň ýöriteleşmegine täsir edipdir. Azadynyň öz geljekki akyldar ogly bilen gatnaşygynyň N.Rejebowyň «Şowhun-şagalaňly çagalyk» atly hekaýasyna çenli türkmen kyssa žanrynda şindi düýpli işlenilen ýa-da çeper beýan edilen ýeri ýok. Şonuň üçinem Magtymguly bilen kakasynyň arasyndaky gatnaşyklar, olaryň özara söhbetdeşligi ynsana gerek zerurlygy çagalykdan edinmek mümkinçiligidir. Şol mümkinçilige ýetmek üçinem şol ugurda irgözin hereket etmek möhümdir. Döwletmämmet Azadynyň çuňňur paýhas-parasadynda älem ýaly giňlik, ummanlar ýaly çuňluk bar. Azadynyň bu filosofiki dünýägaraýşy Magtymgulynyň geljekki ykbalynda özüni görkezýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda suratlandyryşy ýaly, akyldaryň özi-de ylym taýdan paýhasly, beden taýdan sagdyn, ruhy-ahlak taýdan arassa hem durnukly şahsyýet bolupdyr. Döwletmämmet Azadynyň ogluna berýän sapaklary geljekki akyldar şahyryň döredijiligine siňen rowaýatlardyr kyssaýy tymsallar ýaly durmuşyň hal-ýagdaýynyň, ylmyň, paýhasyň, ahlaky häsiýetleriň tejribesinden dörän ebedi pentlerdir. Mysal üçin, Döwletmämmet Azadynyň islendik ugurda ýeňşi, üstünligi diňe der döküp gazanyp bolýandygy baradaky tymsaly nadanlygyň üstüne atanak çekýär. Döwletmämmet Azady: «Nadanlykdan gaýry zadyň ählisi azapdan, zähmetden aňyrdadyr» diýip belleýär. Ussat kalbyňy arassa, päliňi dürs tutsaň, bu dünýäniň syryna düşünip, onuň gudratyna we keramatyna uýup, oňa amal edip bolýanlygyny aýdýar. Döwletmämmet Azady ylmyň-bilimiň düýp-köküne ýetmegi baş maksat edip goýan dana. Ol Platona, Sokrata, Aristotele çuňňur hormat goýýar hem-de olaryň ylma garaýyşlaryny özleşdirip, aňryk gitmelidigini ogly Magtymgula sargyt edýär. Azady Magtymgula jahany gezmegi, onuň hal-ýagdaýlaryna akyl ýetirmegi ündeýär. Ol şu ündewde şahyrlyk duýgusyny ýüze çykarmakda yklymlaryň gözelligini öňe sürýär. Jahany gezmek oňa akyl ýetirmekden ybarat. Akyldaryň aýdýan bu «syýahatçylygy» ýaşaýşyň ösen, öňe giden ýerini öwrenip, ony özleşdirip, öz halkyň arasynda, topragyňda ony ornaşdyrmakdan ybarat. Umuman, Döwletmämmet Azady akyldarlygy ýaşaýşy-durmuşy özgertmek üçin ulanmagyň derwaýyslygyny wajyp hasaplaýar. Akyldaryň ogluna aýdýan hikmetleri rowaýatlar, tymsallar, durmuşy wakalar bilen sepleşse-de, onuň ahyrky nokady ylmy dünýägaraýşa baryp direýär: «Sebäbi diňe özüňi tanap, özüňe akyl ýetirip, dünýä akyl ýetirilýän ýola düşüp bolýar». Ine, akyldaryň şu pendini özüne şamçyrag edinen Magtymguly pars, arap dillerini we türki dilleri suwara öwrenýär. Bu bolsa oňa şygryýetiň ylmy çuňlugyny — pelsepe ýaýrawyny bagyş edýär. Dil öwrenmek, bilşimiz ýaly, häzirki döwrümizde hem giň gerime eýe bolýar. Magtymguly çagalykdan zerur ahlak gymmatlygyň eýesi bolýar. Ol hem onuň ynsanperwerlik duýgusydyr. Şeýle ýokary adamkärçilik häsiýetlerini köňlüne soltan eýlän Magtymguly halkyň köňül owazyny duýmagyň we oňa şahyrana setirleri bagyş etmegiň ussatlyk mekdebini geçýär. Magtymguly çagalykdan ylma, öz okan kitaplaryna täzeçillik joşguny bilen seredýär. Hekaýanyň many-maňzy hem hut şony açyp görkezýär. Çünki ýaşaýşy, jemgyýeti öňe — täze ösüşlere sary alyp gitmelidi. Onuň üçin bolsa ylmyň çuňlugyna ýetmeli, ýaşaýşyň düýp özenine eliňi ýetirmeli. Magtymgulynyň ylym-bilim we ahlak-terbiýe mekdebi kakasynyň millilige ýugrulan mekdebidir. Akyldar Azadynyň ogluna berýän sapaklary türkmen durmuşyndan alnan, türkmen tebigatyndan nusgalanan öwüt-ündewler bolup, olar ruhy kemala getirmek bilen birlikde, ynsanyýetiň paýhasynyň genji-hazynasyny-da döredýär. Ýazyjynyň millilige ýykgyn edip, şol terzde pikir ýöretmegi, milli ruhy, çeper öwüşginli jümleleri halkyň janly gepleşik diline kybap şöhlelendirmegi, şeýle hem, türkmen diliniň dil baýlygyny ussatlyk bilen ýerbe-ýer hem dowamly ulanmagy onuň kyssa eserlerine okyjynyň ýüregi bilen höwrükmegine getirýär. Muny ýazyjynyň «Heser dagy» nowellasyndan-da bilmek bolýar. Ýazyjy Magtymguly şahyry dagda seýran etdirmek bilen, ony tebigata, durmuş ýagdaýlara, onda ýaşaýan adamlara bolan söýgüsiniň örän çuňlugynda beýan edýär. Şu ýerde ýazyjynyň beýan ediş usulynyň «Görogly» şadessanyna golaýdygyny hem belläp geçeliň: «Birdenkä onuň aýagynyň astyndaky somalyp duran gaýa opurylyp, gaýtdy aşaklygyna kelemenläp! Daşlar Kynyş bege uruldy. Kynyş beg daşlara uruldy». Bu düzüm gurluşy we heň tarapdan «Görogly» şadessanyna ýakynlygy aýan edip dur. Nowelladaky: «Zähresi ýarylan Gul seňse şeýle bir jynssyz gygyrdy, onuň haýkylygyndan tüpeňler göçdi, gökler gümmürdedi, asman jaýrylyp, Zemin çat açdy» diýen jümleler «Görogly» şadessanyndaky giperbolalara täze röwüşde sesini goşýar. Hatda Kynyş begiň daşlaryň arasynda ýatyrka-da, Görogly begiň degişmesi ýaly degşip gürlemeginiň özi-de, türkmeniň janagyryly däl-de, çydamly, sabyrly, arkaly halkdygyny mälim edýär. Şu ýerde nowellanyň Magtymguly şahyr bilen başlanyp, Kynyş beg bilen tamamlanmagy ýazyjynyň beýan edişiň, çeper keşp döretmegiň täzeçilligine tarap gol berendigini görkezýär. Ýöne şeýle edebi täriň ulanylmagy belli bir gahrymanyň häsiýetiniň açylman galmagyna täsir etmegi mümkin ýaly bolsa-da, bu nowellada ýazyjynyň ulanan bu täri jüpüne düşüpdir diýip arkaýyn aýdyp bolar. Sebäbi Magtymgulynyň ruhy dünýäsi bilen Kynyş begiň durmuş-ýaşaýyş güzeranynyň manysy jebis birleşýär. Şygryýet durmuşyň özeni bilen, ýagny Kynyş begiň belent ynsanperwerligi bilen öz beýikligine tarap gidýär. Bu ruhy ahwallar bolsa Magtymgulynyň oý-pikirinde, dünýägaraýşynda aýdyň ýüze çykýar we şygryýetiň güýjüniň ynsanyň ynsanperwerligindedigini tekrarlaýar. Nowella, üçünji bir tarapdan, türkmen alabaýynyň häsiýetini hem onuň özi ýaly şeýle ynsanperwer, duýgur, wepaly, hatda durmuş zerurlygyna, gerekli zatlary saýgarmak derejesine çenli ýeten janawar hökmünde beýan edýär. Munuň özi nowellanyň üç milli kökenini emele getirýär we ol nowellany bitewi eseriň özüne öwürýär. Şeýle eseri milli kökene düzmek ýazyjynyň ussatlygyny ýüze çykarýar. «Heser dagynda» bolsa ol ýazyja has-da başardypdyr we nowellany erkin gahrymanlaryň umumy hereketiniň bitewi güýjüne öwrüpdir. Bu bolsa okyjynyň aňynda aýry-aýry gahrymanlaryň hereketiniň bir mana, maksada tarap gitmegine rowaçlyk berýär. Eser şeýdip okyjynyň kalbynda jaý gurup, öz ýaşamak hukugyny gazanýar. Şeýle pikir bolsa Nobatguly Rejebowyň şu nowellasyna hem degişlidir. Ýazyjynyň «Keramatly kitap» nowellasy hem şowly çykan kyssa eserleriniň biridir. Ussat ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasyndaky Welmyrat aga ýaly Kepban keliň-de Baýly bilen Agajan bagşa bir ýaglygy düwüp dolduryp beren puly Magtymguly şahyryň şygyrlaryna aýdan aýdymlaryndan ýeten paýdyr. Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna ýüregini eýeleden ussasynyň Ýazguly pirden Magtymgulynyň diwanyny diläp alyp düşen güni diňe bir Kepban keliň kitaba bolan söýgüsi däl-de, ol bütin türkmen halkynyň pähim-parasada, danalyga goýýan belent sarpasydyr. Kitaba — pähim-paýhasa bolan sarpa, onda-da Magtymguly Pyragy ýaly dananyň parasadyna diňe bir Kepban kel däl, eýsem, dagda ýabany ýaşap ýören Katymut beg-de aşyk bolup, onuň diwanyna hyrydar bolýar. Şu ýerde Kepban keliň Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny kalbyna birden sygdyrmagynyň bir sebäbi bar. Akyldar Magtymgulynyň islendik şygry ynsanyň ruhy baýlygyny ähli tarapdan tämizleýän beýik bir güýje-gudrata eýe. Kepban keliň uzak menzilleri geçip, Magtymguly Pyragynyň hut özünden onuň diwanyny almagy eseriň gymmatyny has-da artdyrýar. Çünki Magtymgulynyň keşbi dolulygyna açylmasa-da, onuň döredijiliginiň eýýäm türkmen halky tarapyndan ykraryýete eýe bolandygyny äşgär edýär. Munuň özi akyldaryň öňe süren pikirleriniň we garaýyşlarynyň halkyň aňyna ornaşyp, döwlet gurmak ideýasynyň herekete gelip başlanlygydyr. Diýmek, Magtymgulynyň şygyrlary paýhasly, päkize ýürekli, belent ruhly, maksada okgunly täze bir öňe ilerledýän berkarar döwlet gurmagyň edebi taglymaty bolup durýar. Iki aý diýlende, öýüne gaýdyp gelen Kepban kel ýene-de derdesere ulaşýar. Çünki içi gyzylly horjun özüniňki däl. Gözüne gyzyl teňňeler görnenok. Onuň uzak ýoly söküp gelibem Magtymgulynyň diwanyndan aýra düşmegi, ony agyr hala salýar. Ýöne çalşyrylan gyzylly horjunyň eýesiniň gelip, öz puluna eýe çykmagy ony ýene-de aýak üstüne galdyrýar, göwün guşuny al-asmana uçurýar. Ol özüni hum baýlygynyň, genji-käniniň soltany hasaplaýar. Bu bolsa «Altyn alma, alkyş al» diýlişi ýaly, Kepban kel hem altyn-dürden geçip, bütin türkmen halkynyň isleýän paýhas hazynasynyň — geljekki türkmen ykbalynyň anyk hem aýdyň beýanynyň eýesi bolýar. Bu hemişe-de geljegi ylym hem paýhas bilen gurmagyň ýeke-täk möhüm çözgüdidir. N.Rejebowyň «Azady piriň hikmeti» atly nowellasy Magtymguly ýonaçynyň ogly Döwletmämmediň on bäş ýaşda okuwa gitmegi, soň öýüne alym-pir bolup gelmegi, onuň il içinde danalygynyň artmagy halkyň ylma, ylymly adamlara juda teşneliginiň artandygyndan habar berýär. Dogrudan-da, jemgyýeti beýgeltmäge ylymly danyşmentler juda gerek. Pirlere, ahunlara keramatly adamlar ýaly seredilipdir. Ylmyny dogry we doly çykan danyşmentler her hili ruhy keselleri-de açyp bilýän örän ylymly, täsir ediji bolupdyrlar. Döwletmämmet pir hem şeýle ylymly pirleriň biri bolupdyr. Şonuň üçinem oňa barça halaýyk ynanyp hormat goýupdyrlar. Emma käbir ulumsy, gopbam adamlar olary synamakçy hem bolupdyrlar. Şeýle gödek synanyşyklar bolsa hemişe ylmyny düýpli çykan pirleriň ýeňşi bilen özüni aýan edipdir. Küremiş hanyň, Ärbasan begiň Şirbasan bege ýarym gysym çakjagunduz maňzyny iýdirip, ony-da telbeläpdir diýip, Azady piriň huzuryna getirmekleri soňunda olaryň özleriniň it masgarasy bolmagy bilen tamamlanýar. Şu ýerde Azady piriň olaryň edýän pyrryldak-hilelerini duýmagynyň özi-de onuň ylym ugurdan şeýle güýçli pirdigini subut edýär. Azady piriň soňundan ynsanperwerlik bilen oba aksakgallaryny öňüne salyp gelen Küremiş hanyň töwellasyny alyp, Şirbasan begi näsaglykdan açmagy nowellanyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Umuman, ýazyjynyň «Azady piriň hikmeti» nowellasy garaşylmadyk pikirleri çeper we manyly çözgütlere ýugurmagy ýazyjynyň ussatlygyndan habar berýär. Ýazyjy Nobatguly Rejebowyň nowellalary akyldar Magtymgulynyň nusgalyk ykbalyny açyp görkezmek bilen, oňa millilik nukdaýnazaryndan çemelişipdir. Bu eserleriň her biriniň öz çözýän meselesi bolup, ol ynsanyň içki ruhy kämilligi bilen baglanyşyklydyr. Nowellalaryň milli häsiýeti halkyň şol döwürdäki gepleşik diliniň üsti bilen täsirli açmagy paýhasyň rowaçlygynyň gurşamalydygyny terkarlaýar. Şol hem N.Rejebowyň nowellarynyň çeper many ýüküni has-da agraldýar. Ol bolsa bir maksat — jahanda parahat, agzybir ýaşamagyň esasy şertidir. Şöhrat MÜLKIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |