22:35 Syrly sandyjak / hekaýa | |
SYRLY SANDYJAK
Ýazjemal ejäniň kiçijik otagynyň töründäki naşyja sekiniň üstünde goýlan, durşuna haşamlanyp, enaýyja ýasalan sandyjak özüne bendi edýär. Ýazjemal eje bu sandyjagy keramatly zat ýaly aýap saklaýar. Daşynyň owadanlygy ýaly, sandyjagyň içindäki zat hem şeýle owadanmyka?! Ine, bu welin hiç kime belli däl. Ýazjemal ejäniň uly ogly Muhammet öýündäkilere buýsanç bilen şu sözleri gaýtalaýar: «Ejem janyň uzak ömür sürmeginiň syry şu sandyjagyň içinde bolmaly. Hergiz şol syry biljek bolup, käbämiň ýüregine düşmäň, ynha, görersiňiz, şol sandyjagy ony ýüzem ýaşadar, enşalla!». Ýazjemal eje hemişe şadyýan, ruhubelent, töweregine alaýazlyk paýlap oturan göwnaçyk ene. Şonuň üçinem Ýazjemal ejeden göwni galan ýekeje-de adamy obadan tapyp bolmasa gerek. Ýöne bu durmuşda Ýazjemal eje bir çagajygyň-a göwnüne degmeli boldy şu gün. Bu şeýle boldy. Kiçi gelni Gunça ýörjen-ýörjen bolan gyzjagazynyň elinden tutup, gaýynenesine görme-görşe geldi. Ýazjemal eje ene hamraklygy bilen agtyjagyny bagryna basyp, onuň posalak ýaňaklaryndan taýly gezek ogşady. Agtyjagynyň ýöreýşine guwanmak islän ene gyzjagazy öz erkine goýberdi. Çagajyk patdyk-putduk edip, ätläp başlady. Birdenem göni bardy-da, sandyjagy ellejek bolup, oňa elini uzatdy. Çalasyn gelin gyzjagazyny bada-bat garbap tutdy-da, ony Ýazjemal ejäniň gujagyna oklady. «Sandyjagy elläniňden, eneň ýüzünden sypala» diýip, gelin gaýynenesiniň ýüzüne bakyp, birenaýy ýylgyrdy. Ýöne çagajygyň näme üçindir küý-höwesi şol sandyjakdady. Ol eýjejik barmaklaryny ýazyp, haşamly sandyjaga tarap dyzaýardy. Ýöne Ýazjemal eje-de agtygyny sandyga golaýlaşdyrarly däldi. Ol agtyjagyny iki eliniň goşarjygyndan tutup, aýajyklaryny biri-birine kä degrip, kä aýryp, «Çapak-çapak elleri, agyrmasyn gollary. Daýysynyň toýunda, çelpek ýaýar elleri» diýip, her hili höre-köşe etse-de, çaga asla diňer ýaly däldi. Elini sandyjaga tarap uzadyp, gözjagazlaryny mölerdip, enesinden haraý gözleýär. Näzijek dodaklary bolsa kemiş-kemiş edip, göwnüniň öýkelidigini mese-mälim edýär. Gyzjagazynyň çaga kejirligine tutup oturyşyna takaty ýetmedik Gunça ony gaýynenesiniň elinden aldy-da, «Soň gelerin» diýen yşaraty edip, öýden daşaryk çykdy. Ýöne adamsy Muhammet agşam işden öýe gelende, Gunça gyzjagazy hakdaky wakany aýdyp: — Muhammet, çaga juda duýgur bolýar. Ejeňiziň şol sandyjagynda altyn-kümüş bar bolaýmasyn — diýdi. Işden lüti çykyp, ýadap gelen Muhammet: — Altyn-kümüşden doýmadyňmy? Indi gurt ýaly garrynyň guwanyp oturan zadyna göz dikýäňmi sen? Sandyjaga elini uzadyp, aglasa aglapdyr-da. Üme düşmez çagadyr-da... Gelin sesini çykarmady. Ýogsam aýdaýmaly sözleri ýüreginde berç bolup durdy. Ol sözler şulardy: «Uly agaň aňsatja baýlygyň eýesi boljak. Bagty çüwüp, sandyjagyň eýesi bolaýsa, uly baýlykdan saňa bir gyzyl teňňe-de bermez. Häzir sahysyrap ýören agaň nädersiň nebsiň guluna öwrüläýse...». Ýazjemal eje agtyjagyny begendirmegiň ugruna çykdy. Obada elinden dür dökülýän Omar ussa haýyş edip, kiçijik sandyjak ýasatdy. Öz otagynda saçagy giňden ýazyp, ogullarydyr gelinlerini çagyryp, üýşmeleň gurady. Garry ene şonda ak arzuwlar bilen agtyjagyna şol sandyjagy sowgat berdi. Berse-de berdi welin, munuň soňy ýene çaga gözýaşy bilen tamamlandy. Gyzjagaz sandyjagy alyp ýerinden galdy welin, sekiniň üstündäki haşamly sandyjaga gözi düşdi-de, elindäki güllüje sandyjagy zyňyp goýberdi hem sekä tarap ädimläp ugrady. Hüşgär gelin çalasynlyk bilen gyzjagazyny çekip aldy-da, onuň posalajyk ýaňagyndan taýly gezek ogşap, gapa ýöneldi. — Dur, gelin! — diýip, Ýazjemal eje çalasynlyk bilen ýerinden turdy. Haşamly sandyjagy emaý bilen aldy-da, ony agtyjagynyň eline berdi. — Degme, oýnasyn... Gyzjagaz sandyjagy elinde göterip, onuň täsin haşamlaryna üns bilen seretdi. Özem geň galaýmaly, sandyjagyň dört tarapynda-da täsin haşamjyklar bardy. Gyzjagaz ol haşamlary eýläk-beýläk öwrüp, çaga höwesi bilen birlaý synlady. Soňam birenaýy ýylgyrdy. Muňa öýdäkileriň ählisi-de ýylgyrdylar. Çünki çaga ýüregi ýylgyrsa, dünýä ýylgyrýar ahbetin. Haçan-da garry eneleri bilen hoşlaşyp, öýli-öýüne gaýtmaly bolnanda, gyzjagaz özüne sowgat berlen sandyjagy aldy. Gunça bolsa gyzjagazy gaýynenesiniň sandyjagyny alar öýdüpdi. Bu çaky çykmansoň, onuň biraz keýpi ýokdy. Sandyjagy göterip görende, altyn-kümüşli tükeniksiz sowallar şobada çözüljekdi. Gelin içinden gyzjagazyna käýindi. Eger gyzjagazy enesiniň sandyjagyny alyp, golaýyna gelen bolsa, ony göterip, elde saldarlap, içindäki zadyň nämedigi hakda çak edip boljakdy. Başga wagt synyndan asylyşyp ýören gyzjagazy bu gezek enesiniň ýanynda oýnap, Gunça äňetjegem bolmady. Ýyllar geçdi. Gunçanyň gyzjagazy Aýbibi eýýäm mekdepde okap ýördi. Özem mekdep gurnagynyň tansçylar toparynda çykyş edip, ökde tansçy bolup ýetişdi. Agtygynyň tans oýnaýşyny Ýazjemal eje görüp guwanýardy, begenjinden gözünden paýrap ýaş dökülýärdi. Garry ene gözýaşyny gyňajynyň çowy bilen süpürjek hem bolmaýardy, onuň gözýaşlary göni ýakasyna siňip gidýärdi. Ýöne eneleriniň gözýaş damjalaryna üns berýänem ýokdy, oňa düşünjek bolýan hem. Bir gezek Ýazjemal eje sojap-sojap aglady. Şonda onuň hortaň iki egni içine giden ýaly bolup görünýärdi. Muny gören Muhammet ejesini gujaklap: — Beýle tolgunma, käbäm! Belkem, biziň neberämizde tans oýnap geçenimiz bardyr, bu zatlar ýöne ýere bolýan zat däldir. Munda Alla tarapyn bir syr-a bolmaly — diýipdi. Şonda Ýazjemal ejäniň ýorgana salnan kökenli tikinleri ýada salýan eňegi gybyrdap, mürşeren dodaklary bir zatlary pyşyrdapdy. Muhammet oňa ünsem bermedi. Ýazjemal eje bir gün ähli ilen-çalanlaryny, syrgyn-kürenini, oba-garasyny çagyryp, toý tutdy. Toýa, garry enäni sylap, mekdep mugallymlarydyr okuwçylar hem geldiler. Toý dabarasyny şüweleňledip, toýhananyň giň meýdançasynda saz çalnyp, aýdym aýdylyp, tans oýnaldy. Haçan-da mekdep gurnagynyň ýaş tansçy gyzlary çykyş edende, Ýazjemal eje ýerinden turup, öz otagyna tarap haýdaşlady. Otagdan şol haşamly sandyjagy alyp çykdy hem gurnagyň ýolbaşçysy Mämmet mugallymy çagyryp, onuň gulagyna bir zatlary pyşyrdady. Mämmet mugallym tans gutaran badyna, meýdança ylgap çykyp, Ýazjemal ejäni meýdança çagyrdy. Eli owadan nagyşly sandyjakly duran garry enäni görüp, märeke meýdança has golaý süýşdi. — Eziz obadaşlar, dogan-garyndaşlar! — diýip, garry ene söze başlady. — Men mekdep gurnagynda tans oýnamagy gowy öwrenemsoň, sahnada çykyş etmegiň arzuwyndadym. Ýöne kakam pahyr ýurduny juda ir täzeledi. Gün-güzeran ejemiň boýnuna galdy. Onsoň men hem tansy taşlap, meýdan işinde ejeme kömek etdim. Ol wagt köp işler el güýji bilen ýerine ýetirilýärdi. Ynha, indi welin, görüň, hormatly Prezidentimiz ekin meýdanlarymyzda işletmäge kän traktor alyp berdi. Tekizleýänem, sürýänem, çil çekýänem, ekýänem, dökün dökýänem, orýanam, ýygnaýanam traktoryň özi. Dökünem döwletiň özi berýär. Hak-heşdegem bada-bat üzülişilýär. Başga näme gerek? Adama şundan gowy eşret-hözir nirede bar?! Indi bolsa, eziz adamlar, agtygym Aýbibi jana şu syrly sandygymy hem onuň açaryny gowşurýaryn. Gel, agtygym, al muny! Aýbibi gelip, sandyjagy aldy. — Ene jan, açaýynmy? — Aç, guzym, aç! Sandyjakdan narpyz ysly, keteni köýnek bilen jübüt akja köwüş çykdy. — Ene jan, köwşi geýip görsem nädýär?! — Geýiber, guzym, geýiber. Saňa laýyjak bor bular... Aýbibi ýuka köýneginiň üstünden ketenini geýdi. Edil özüne biçilip tikilende-de, şeýle laýyk bolmazdy. Akja köwüş hem aýagyna ölçelip tikilende-de, şeýle laýyk bolmazdy. Aýbibi köwşüň ujunda pyrlanyp, «Pyýala» tansyny oýnady. Oňa göwni göterilen Ýazjemal eje-de ellerini ýokaryk galdyryp, oýnap başlady. Ony görüp, tutuş märeke hem tans meýdançasyna doldy. Şeýlebir tans boldy, şeýlebir tans boldy. Hemmeler göýä galkyp-galkyp, göge uçaýjak-uçaýjak ýalydy. Şol günki tans hakynda tutuş obada şu günlerem buýsanç bilen gürrüň edýärler. Şöhrat MÜLKIÝEW. | |
|
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |