17:48 Sazandanyň säheri / hekaýa | |
SAZANDANYÑ SÄHERI
Hekaýalar
Obamyzdaky traktorlaryňdyr oba hojalyk tehnikalaryň saklanylýan howlusynyň uly derwezesi bardy. Derwezäniň gapdaljygynda bolsa, Baýly bagşynyň hut özüniň gurduran bir otagly garawul jaýy bardy. Ol şu ýeriň garawulydy. Ýaşy altmyşdan agan Baýly bagşy aýaly aradan çykandan soň köplenç şu ýerde bolýardy. Şarňyldap duran jaýly uly melleginiň esasy eýesi ogludy. Baýly bagşy, asyl-ha, dymma adamdy. Onuň agzyndan söz almak hyllallady. Gürledi bilseň welin, örän täsin, geň söhbediň eýesidi. Emma welin, bu aňsat-aňsat başartmaýardy. Ony beýle «saýradyp» bilýän seýrek adamlaryň biri-de kakamdy. Ol dükançy bolan soň: «Baýly bagşy nähili? Jany sagmy? Ine, şu radiony oňa eltip beriň. Menden sowgat» diýip, şol ýerde işleýänleriň biri dükana gelen wagtlary, berip goýberibermesi bardy. Baýly bagşy şeýle sowgada örän hoşal bolýardy. Käte ol: «Ýusup dükançy eli boşasa, bir gelip gitsin» diýip, habar ýollaýardy. Kakamam bu çakylyga ozal garaşyp oturan ýaly, maňa ýüzlenerdi: — Oglum, ýaşulyny görüp gaýdaly. Bagşynyň sözem, sazam keramatdyr. On soňam şu türkmen sazynda bir jadyly gudrat bardyr. Baýly bagşynyň çalýan sazlaryny diňlesem, bedenim bekäp, taplanan ýaly bolýan. — Kaka, Baýly bagşy näme üçin köplenç ýeke özi ýaşaýar? Ýa-da ol oglundan öýkeläýdimikä? — Baýly bagşy asyl-ha öýkelek däldir. Sen sazanda diýlen adama düşünmersiň. Ol köplenç saz bilen ýaşamagy gowy görýär. Oňa şondan gowy içdöküşýän dost ýok bolsa gerek. — Kaka, «Baýly bagşy aýaly ýogalandan soň, dymma bolupdyr» diýen gürrüňem-ä bar il içinde. — Bä-ä, og lum, men şoňa kän pitiwa bermändirin. — Ol aýalyny halaşyp alypdyr, özem oňa ýörite bagyşlap saz hem döredipdir. Ol saza-da Baýly bagşy «Dürjemal» diýip at goýupdyr. Aslynda, şol saz onuň öýlenmegine sebäp bolupdyr. Meniň bu sözlerimi eşiden agras kakam hezil edip güldi. Ol gülüp bolandan soň, şeýle diýdim. — Baýly bagşy aýaly dünýäden gaýdansoň, ýere-göge sygmandyr. Onsoň ol «Gaýyp» diýen sazy döretmekçi bolupdyr. Ýöne ol sazy döretmek oňa başartmandyr. Öýünde aýaly Dürjemal gelneje diri ýaly bolup ýörenmiş. Onsoň Baýly bagşy häzirki ýaşaýan jaýyny gurdurypdyr. Ol şonda-da häli-häzire çenli şol «Gaýyp» atly sazyny döredip bilenokmyş. — Oglum, sen-ä Baýly bagşynyň terjimehalyny özünden beter belet bolup gürrüň berdiň. Ýanyna baranymyzda welin, bular hakda agyz ýarmaweri! Göwnüne alaýmagy mümkin. Ýarym göwün adamdyr. — Kaka, ol tarapyndan arkaýyn boluň! — Berekella, oglum, gepden gep ýasamaýanlar il içinde-de abraýly bolar. — Kaka, ýene-de bir zady aýt sam bolarmy? — Iki zady aýt, oglum! — Aýtsam, Baýly bagşy ýaş wagty aýdym aýdypdyr. Soňra-da birden aýdym aýtmasyny goýup, sazanda bolupdyr. «Näme üçin sazanda bolduň?» diýseler, ol: «Bagşylykda sesimiň alyp bilmeýän belent heňleri bar. Sazandalykda bolsa, barmaklarym çakganlyk bilen howada aýlanyp-aýlanyp dutaryň kirişleri ne şabram kakybilýär. Jadyly sazlaryň owazyny howadan gapyp alyp, dutaryň kädisine gapgaryp bilýär. Onsoň men öz başarýan zadyma baş goşmagy müwessa bildim» diýipdir. — Bu-da biläýmeli zat welin, oglum, Baýly bagşynyň ussatlygyny ýörite sazşynaslar açmasa, biz onuň şirin dilli saz öwrümlerine aňryýany bilen düşünerden ejiz. Ýüregimiz welin, onuň çalýan sazlarynyň teşnesi. — Onda näme, kaka, şol teşneligi gandyrmaga gideli Baýly bagşynyň ýanyna! — Gideli, oglum − diýip, kakam ýerinden galdy. Şol arada onuň başy aýlanan ýaly boldy. Ol kellesini tutup, aşak oturdy. Men kakama hemaýat bermekçi boldum. Emma ol — Og lum, bu gan basyşynyň edýän derdi. Daňatar lukmany çagyraweri!—diýdi. Daňatar lukmn sanjym edenden soň kakama ýüzlendi: — Ýusup aga, gozganman ýatsaň, ýagdaýyň düzelişer gider! Kakam dymdy, göýä, lukmany diňlemeýän ýalydy. Oňa hiç zat diýmedi. Megerem, ol başga bir zadyň pikirini edendir. Kakam düşekde ýatmaly boldy. Ýöne welin, daňdanyň alaga raňkysynda kakam meni oýardy: — Oglum, ýör Baýly bagşynyň ýanyna gideli! Men sessiz-üýnsüz ulagy ýola taýynladym. Sebäbi kakamyň keýpiniň açylyp, derdini ýadyndan çykarmagyny isleýärdim. Kakam ýuwaşja ýöräp ulaga mündi. Ýola düş dük. Baýly bagşynyň jaýynyň golaýjygynda ulagdan düşüp, ýöräp gitdik. Bagşy dutarda belent bir mukamy çalýardy. — Oňa beýle belent mukamy perişdeler çaldyrýandyr — diýip, kakam ýuwaşja seslendi. — Kaka, çyndan hem şeýlemikä?! — Eýsem näme, hany, şu sazy diňläli, oglum! — diýip, kakam gulaga öwrülip, sazy diňlemäge başlady. Saz ýaňlanyp durdy. Ol sazy diňleýän kakam şeýle bir şatlanýardy welin, birhili,ýigdelen ýaly boldy. Belent ýaňlanan saz öz belentligi bilen-de tamamlandy. Kakam maňa pyşyrdap şeýle diýdi: — Ýör, oglum, öýe gaýdaly. Bu bize degişli däl. Bu sazanda nyň säheri. Görýäňmi, ol säheri mukam bilen oýarýar. Ol öz säheri bilen ýüzbe-ýüz bolup otyr. Ýör, oglum, biz bagşynyň mukamyndan, säheriň mährinden hezil etdik, indi öýümize gaýdaýaly. Biz yza dolanjak bolduk welin, bagşynyň ýüregi duýan ýaly, jaýynyň gapysyny açyp, daşaryk çykdy. Ol bizi görenden ýuwaşja ädip, bize golaýlaşdy. Men Baýly bagşa salam berdim: — Salawmaleýkim, bagşy aga! Kakamy siziň bilen görüşmäge getiräýendirin — diýdim. Kakamam bagşy bilen gadyrly görüşdi. Baýly bagşy kakamy ýitirip tapan ýalydy. — Ýörüň, öýe giriň! — diýip, ol mürähet etdi. — Bagşy aga, men-ä siziň çalan sazyňyzy diňläp, dogrusy, dünýä täzeden gelen ýaly boldum. Düýn azajyk gan basyşym galypdy. Ynha, indi welin, şol dert el bilen syrylan ýaly bolaýdy — diýip, kakam dillendi. — Bagşy aga, şol üýtgeşik belent heňli sazyňyzy ýene-de bir gezek çalyp beräýiňdä. Öz-ä ol ozal eşiden sazym-a däl — diýdim. — Bildiň, bu mukamy men täze, ynha, şu säherde döretdim. Onsoňam bu saza düşünişiň bilen sazdan başyň çykýandyr seň. Eger meýliň bolsa ugrukdyrmak meň bilendir. — Ol-a örän gowy bolardy, bagşy aga. Ýöne mende üşük bar-da, zehin ýok. Ynha, inim Ýurtamanda welin, şol bar. — Beýle bolsa, ertiriň özünde ony meniň ýanyma iber. Zehin bilen saz, dutar dogandyrlar. Zehiniň zarbyndan dutaryň saýraýşyny görseň, ýaýlalary doldurasyň geliberer onsoň. Baýly bagşy jaýyna girenimizde bize oturmaga ýer görkezip, guýy suwundan gaýnadylan gök çaýy hum çäýnekden naşyja käselere guýup, hödür etdi. Biz gök çaýdan bir-iki gezek owurtlanymyzdan soň, bagşy dutaryny eline alyp, çalyp başlady. Saz şeýle belent heňli bolansoň, ol açyk gapydan, äpişgeden daşaryk ganat baglap uçýan ýalydy. Kakam ikimiz sazyň täsin heň öwrümlerine ýüregimiz bilen berlip, daş-töweregi unudyp diňleýärdik. Saz tamamlanan da töweregimize aý berip oturan traktorçylary görüp, haýran galdyk. Säher salamy alşylandan soň, traktorçylaryň biri bagşa ýüzlendi: — Bagşy aga, eliň, ýüzüň dert görmesin! Bu saz ozal eşiden sazymyz-a däl. Eger täze döreden bolsaňyz, onda-da munuň adyny «Sazandanyň säheri» diýip goýsaňyz gowy bolardy. — Inim, Ybraýym, bu sazy säher perişdeleri meniň gursagyma saldy, seniň ýüregiňe bolsa, elbetde, perişdeler adyny salandyr. Goý, seniň diýeniň bolsun! Goý, munuň ady «Sazandanyň säheri» bolsun! Bagşy bu sözleri aýdanda onuň gözlerinden syrygýan şatlyk damjalary ýaldyrap gitdi. Biz ýerimizden turup, bagşy bilen hoşlaşdyk. Men bagşynyň ýüzünde ejizlik däl-de, durmuş halar ýüregiň keşbini gördüm. Durmuş belent owaz ýaly dowam edýär. Dürjemal gelnejäniň isleýşi ýaly, päkize säher ýaly durmuş çar tarapa ýaýraýar. Kakam bilen tirkeşip, ulaga münenimizde, säher hökümini ýöredip başlapdy. Bu sazandanyň säheridi... Şöhrat MÜLKIÝEW. | |
|
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 05.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |