HEÑÑAMLARYÑ OWAZY
Ýaz gijesiniň salkynlygy dumly-duşa ýaýrap, göýä ynsan ömrüniň şypaly melhemini ümsümlige garyp, dumly-duşa ýaýradýan ýalydy. Kel bagşy ýüreginiň teýinden eşidilýän heňdir owazlara üşerilip gulak asýardy. Bagşy bu böreňläp çykaýjak-çykaýjak bolýan owazlary özüne basalyk berip, zordan saklaýardy. Çünki ol häzirki salkyn gijäniň ümsümligini bar zatdan eziz görüp, oňa meýmiräp otyrdy. Dag eteginden öwüsýän şemal bagşynyň janyna hoş ýakýardy. Ol Yzgandyň keremli topragynyň üstünden gaýdyp, nähilidir bir gizlin heňdir mukamy dörediji bir güýji özünde jemleýän ýalydy.
Bagşynyň bu ýaz gijesiniň ümsümligine imrigip oturyşy juda geňdi. Ýogsam onuň dutaryny bir tyrňyldadyp goýbermek endigi-de bardy. Ýöne bagşy bu endiginden el çekip, dutaryna tarap öwrülmedem. Ýogsam ýürekdeş dosty, köňül owazlarynyň hazyna-mülki bolan dutary elýeterde durdy.
Bu ýaz gijesiniň ümsümligine çümüp oturyşyna Kel bagşy nazaryny penjirä dikip, sarsman otyrdy. Bagşy bu ahwala berlip, ep-esli wagt oturandan soň, biraz özüne geldi. Ol saz döretmegiň hupbatynyň hem höziriniň nähili-neneňsidigine örän beletdi. Ol sünnäläp döreden «Hatyja», «Jerenim», «Ak eşekli», «Ýusup — Owgan» ýaly sazlaryny döredişini ýadyna saljak boldy. Emma dek häzir ol ýatlamalar onuň golaýyna-da gelmän, gör, nirelerden aýlaw berip geçip gitdiler.
Gije ümsümligini janyna-tenine siňdiren bagşy üýtgeşik bir rahatlyk tapdy. Şol rahatlyk bilen hem ol gözlerini süzüp, meýmiräp, süýji uka gitdi. Şeýle ümsüm gijede parahat uklan bagşy adatdakysyndan örän ir oýandy. Alagaraňkyda dürli guşlaryň saýraşýan sesleri bagşyny oýaran bolmaly. Dagy etekläp oturan gadymy obanyň — Yzgandyň gijesiniň şypaly ümsümligini dünýä ýetirmek üçin, kiçijik ýüreginden çogup çykyp, bogazynda gaýnaýan owazlaryň hersi bir buşluk bolup seçilýän guşlaryň keýpi örän kökdi. Bu dürli owazlara gana-gana gulak asan Kel bagşy guş owazy bilen dutaryň owazynyň parhyny ara-çara etjek bolup, biraz oýa batdy. Guşlaryň birsydyrgyn heňleri onda känbir höwes döretmedi. Çünki dutaryň owazy, şirin mukamy onuň ömürlik hemrasy bolup, kalbyny halys eýeläpdi. Onuň ýüreginde dutaryň mukamyndan başga owaza asla orun ýok ýalydy. Şonuň üçinem onuň ýüreginiň teýinde dutaryň perdesine, taryna siňmeli owazlar ýaňlanjak-ýaňlanjak bolup durdy. Ýöne ol owazlar bagşynyň islegine görä, dünýä doljaga, daşyna çykyberjege meňzänokdy.
Kel bagşy selälikde çaý içmegiň aladasy bilen boldy. Ak öýüň töründe asylgy gazma dutaryna mähir bilen seredip, oňa diýseň guwandy. Müň bir dürli sazlary özünde gizlän dutar häzir bagşa: «Meni çal» diýip, asla azar berip duranokdy. Kel bagşy häzir özüni ezber sazanda däl-de, ýöne bir, häki, öýüňde dutar saklap, şoňa guwanyp ýörene meňzeýärdi. Bagşynyň dek häzir halypasy Amangeldi Göni-de, şägirtleri Mylly Täçmyrat-da, Täçmämmet Suhanguly-da, Pürli Sary-da ýadyna-da düşenokdy. Bagşa bar zady unutdyran haýsy güýçkä? Bu sowalyň jogaby gör, nirelerdekä?! Ony häzir bilmek juda çetin.
Daň mazaly atdy, töwerek säheriň aklygyndan doldy. Diýmek, gyzyl Günüň ýüzi görünjege meňzeýär. Häzir säheriň aklyga ýugrulan päkligi ak meňiz gelniň sülmüräp, özüni besläp oturyşy ýaly, öz aklygyny dumly-duşa ýaýradýar. Ak öýden daşaryk çykan Kel bagşy bu aklyga guwanyp, ep-esli wagt çar tarapyna işdämenlik bilen göz aýlady. Çünki bu aklyk bagşynyň ömre bolan teşneligini artdyryp, asudalygyň gadyryny bilmäge dartyp barýardy.
Şeýle aklyk içre aýlanmagyň, seýil-seýran etmegiň hem özi lezzetdi. Hemişe owaza berlip, dünýäni owazdyr öýdüp ýaşan bagşy säheriň ümsümligine, asudalygyna, päkizeligine şeýle bir köňül goýdy welin, öz ýanyndan: «Ýüregimdäki täsin, gudratly mukamlar şu asudalykdan hem päkizelikden dörän bolsa gerek» diýip oýlandy.
Ak öýünden sesýetim daşlaşan bagşynyň dik depesinde guş pysyrdysy eşidilen ýaly boldy. Säheriň aklygyna täze bir aklyk goşan goşa ak kepderi göge göterilip gitdi. Gitdi-de, ho-ol belentden ýene-de aşaklygyna gaýtdy. Özlerem des-deňje pessaýlap, ýere sary gaýtdylar. Ýerläp uçup gelişlerine-de bagşynyň alnynda, göýä, dagyň bagyş eden sowgady ýaly bolup duran uly gara daşyň üstüne gondular.
Ak säheriň nuruna eýlenen ak kepderiler diňe bir saba däl, eýsem, älem-jahana täze ak nur çaýan ýaly boldy. Bagşynyň göwnüne bolmasa, ol goşa ak nur, onuň ýüregine, ykbalyna, ömrüne çaýylan kibi bürgüt nazarly ýiti şöhleli gözleriniň görejine doldy. Ana, şonda bagşy bu ak kepderileriň asudalygyň aýdymydygyna düşünip galdy. Giň jahanyň gije salkynlygyndan gaýdyp, gündiziň şuglasynda şol asudalygy gorap saklamagy we ony dowam etdirmegi ündeýän ýaly, olar dört göz bolup, bagşa birenaýy seredýärdiler. Olaryň bakyşy — owaz, mukam, heň. Özleri-de şindi dünýäniň özüne-de mälim bolmadyk syrly mukamlar. Ol — mukamlar heňňamlaryň hemişelik heňi. Çünki ol mukamlar heňňamlaryň özi ýaly ebedi hem müdimi. Ol — mukamlar hem gadymyýetiň hem geljegiň belent mukamlary. Adamzat kowumy şol mukamlaryň mylaýymlygynda hem mähir ýylysynda bu dünýäde şol ýaşar ýörer, ýaşar ýörer...
Megerem, adamzadyň ýürek mähriniň ýylysy şu ak kepderilere siňendir. Bular mylaýym, jana ýakymly salkynlyk ýaly owaz ahyryn. Bu owaz, şeýle jana siňişli heň, ýeňişli owaz bolsa gerek...
Şeýle oýlara berlen bagşynyň ýüreginden ýokaryk birden güýçli dyňzan owazlary saklamaga rowgaty ýetmedi. Ol bu owaza gark bolmazlyk üçin, ak öýüne ýetmäge haýdady. Owaz ýürekden birden gaýnap çykanda, bogaz oňa darlyk eder ahyryn. Şonuň üçinem ol owazlary basym gazma dutaryň goşa taryna, on üç perdesine ýerleşdirmek lazym. Bu owazlary hemişelik göterjek, özünde heňňamlar boýy saklajak, ony hemişe adamzat kalbyna buşlajak ýeke-täk şu gazma dutardyr.
Kel bagşy ýüreginiň gatyndan daşyna dyňzap, böreňläp çykan owazlary, diwardan asylgy duran gazma dutary dessine goluna alyp, goşa taryna kakyp, perdelere gonduryp başlady. Ol owazlar örän mylaýymdy, näzikdi, olarda mähribanlyk, ýürekdeşlik bardy. Hawa, ol owazlar dünýä ümsümliginden, asudalygyndan, serginliginden habar berýärdi. Ol ümsümlik, asudalyk bolsa, ynha, ak kepderiler bolup, goşa tarda ganat kakyp, perdelerde owaz edýärdi. Bu owazlar hakyt owaz, mukam bolan kepderiler ahyryn. Ine, şeýdip bu dünýäde türkmen dutarynyň kümüş tarlarynda, syrly inip-çykyşly perdelerinde kepderiler ganat ýaýyp, dünýäniň çar künjüne uçmaga başladylar. Ol owaz «Kepderi» atly sazdy...
Şöhrat MÜLKIÝEW.
Hekaýalar