BELA-BETER
"Bela-beter!" diýilýän zadyñ nämedigini bilýäñizmi? Men-ä sataşyp görendirin şoña! Hernä sowuldygy bolsun! Gaýdyp, adam ogluna sataşmasyn şeýle zat!
Hemmesine özüm günäkär. Ene-atanyñ borjy ogly öý-işik etmek bolansoñ, meniñem ejem-kakam geçdi bir gün daşyma. Bir gowuja gyzyñ bardygyny ýañzytdylar. "Indi bir synla. Göwnüñe ýarasa, toýa başlajak" diýdiler. Gördüm. Ýok-laý. Maña mynasyp zat däl. Boýy deregimizden-ä uzyn onuñ. Aýagynyñ aşagyna zat goýmañ, jaýyñ depesine şifer çüýledibermeli. Ejem dagam aýak diräp durmady. Ýene bir gyz tapdylar. O-da göwnüme ýaramady. Boýy bedreden sähel saýlanýar. "Beýle gyza öýlenseñ, suwy-da ömrüñe özüñ daşap geçmeli bolaýmazmy?!" diýip, öz-özüme maslahat berdim. Ejem dagy gyz tapmaga şeýle bir ökdelediler welin, hee dynç günüm boş geçenokdy. Gyz synlamaga gidýärdim. Ýöne birem göwnüme ýaraberenokdy. Biri gaýkydy, biri küýki. Biri as ýaly ak, biri has gara. Şeýdip-şeýdip, aý-günleriñ neneñ ötenini, ýaşymyñ-da otuza ýetenini duýman galdym.
Ejem ahyry bir gün mañlaýyna ýumruklap, ses etdi:
- Biziñ mañlaýymyzda il ýaly, agtyga guwanma bagty ýok öýdýän!
Gohumyzyñ üstüne dostum Berdi geldi. Ol biziñ dawamyzyñ änigine-şänigine göz ýetirensoñ, ejeme göwünlik berdi:
- Daýza jan, heý, ogluñ gyz halamaýany üçinem aglarlarmy! Gowusyny tapýan dälsiñ sen. Men bir gyzy tanaýan. Myrada şony görkezeýin. Nädersiñ, ertiriñ özünde toýa başlabermeli bolaýsañ!
- Wah, janym, şeýdeweri. Özüñ kömek et. Öz dostuñ ahyry! - diýip, ejem begenip, gözýaşyny süpürdi.
Şol günüñ ertesi ýene gyz bilen duşmak üçin günortan arakesmede dostumyñ salgy beren ýerine bardym. Bir gyz dur. Boýy-ha hiç neneñ däl. Daşdan göräýmäge, göz-gaşam ýerinde ýaly. Ýöne ýakynlaşdygymsaýy, ýüregim endiräp, meni der basdy. Bütin synam bilen gagşadym. Bir üşütme tutan ýaly, birdenem gyzgynym galan ýalydy. Başym aýlanan dek boldy. Kürtdürdim öýdýän.
Erkek kişiniñki ýaly ýogyn ses eşidildi:
- Gyw, oglan, geliber-da! Nämä durduñ?!
"Ýany bilen doganynam alyp geläýdimikä?" diýip, içimi gepletdim. Töweregime seredýän, ikimizden başga yns-jyns ýok. Gorkymdan dilim dañlana döndüm. Salam bermäniñen ebeteýini tapman durun. Ýanyma gyzyñ özi geläýdi. Eşidilýän ýogyn ses hem şonuñky bolsa nätjek! Ol ýanjagazyma gelip:
- Seniñ adyñ Myrat gerek? - diýip sorady. - Maña Berdişka aýtdy. Men-ä saña Murik diýäýjek.
Men gepläp bilmämsoñ, baş atdym. Ol dowam etdi:
- Seni der basýa, Murik. Ýüzüñem ak tam. Diliñem tutulana meñzeýä. Men bilýän-ä. Bu zatlar söýginiñ alamaty. Sen meni göreniñden söýdüñ gerek?! Bolýa, jogap bermeseñem, men duýup durun. Çyn aşyklar şeýdip, gyzyñ ýanynda gürläbem bilmeýämişler. Sen-ä meniñ göwnüme gaty bir ýarabam barañok welin, aýn bolýa-da, beýle gaty söýýän bolsañ, men saña baraýmaly borun. Ertir ejeñi iber. Özüñem lal-a dälsiñ-dä, hernä?!
Men: "Ýok" diýen terzde başymy ýaýkadym.
Onuñ gözleri däli öküziñ gözleri mysaly, agyp-dönüp durdy. Gymyldasam mañlaýy bilen garnymdan gapy açjaga çalym edýärdi. Men ýuwaş-ýuwaşdan ökje ogurlap, gaçmaga taýýarlandym. Birdenem ýazzyny berdim. Şeýle bir ylgaýan, hut yzymdan janymy almaga Ezraýyl aga ýetip gelýän ýaly. Gaçyp barşyma-da ejem janyñ tapan gyzlaryny birin-birin göz öñüne getirýärin. Indi görüp otursam, asyl ol gyzlaryñ bary-da uçmahyñ perileri ýaly bolsa nätjek?! Duşuşyga baran çagym seslerini çykarman, sülmüreşip duruşlary-da müñ gyza degýär-ä-how olañ. Derek boýlusy-da gowy eken, bedre boýlusy-da, gözi ulusy-da gowy eken, gözi kiçisi-de. Özüm ulygöwünlik edipdirin-dä meniñ!
Demim demime ýetmän, iş ýerime özümi atdym. Gapymy ýapaýyn diýip, yzyma öwrülsem, ol gyz hem meniñ bilen bileje boýdaş bolup dur. Gözüme görünýändir öýdüpdirin. Essim aýylan ýaly boldy, özümi oturgyja goýberdim.
- Gow-a ylgaýan ekeniñ - diýip, ýogyn sesli gyz dişlerini syrtartdy. - Men ylgamakdan mekdepde birinjidim. Maña-da ýetdirmediñ. Yzyñdan näçe gygyrýanam welin, eşideñok. Zyýany ýok. Adam hakyky söýgä sataşanda şeýle bolýarmyş diýýärler. Gyw, oglan, ertir ejeñ bize baran çagy özüñ zagsyñ gapysyna bar. Nikalaşmaga razydygymyz hakda arza ýazarys. Adymam Maraljemaldyr, unudaýmagyn!
Otyryn, dilim tutulyp. Maraljemal zagsyñ gapysyny barman, aldaýsam, suda berjekdiginu aýdyp, ýene bir topar tabşyryklary berensoñ, çykyp gitdi. Suw baryny içe-içe, zordan özüme gelip, öýe jañ etdim:
- Eje! Haýsy gyz bolsa, şol bolsun, basymtak biriniñkä gudaçylyga ugra! Men toýa razy-y! - diýibem, gepimi soñlaman, trubka möññüriberdim.
Ejem añyrdan:
- Näme boldy, balam? Eýgilikmi? - diýip gygyrýar.
Sojap durşuma, ejeme hiç hili jogap berip bilmedim...
Ynanmarsyñyzam! Maraljemaldan gorkup, ylaýyjak kyrk gün kyrk gradus bilen ýatdym. Ölmän galanyma şükür edýän. Maraljemal gijeler düýşüme girip, ýatmaga-da goýmady. Ondan gorkyma agyzlarymyñ daşy dagy ýaradan dolaýdy.
Sag-aman gutulamsoñ, toýa başladyk. Gelnaljy gidip gelýärkäk, biziñ maşynymyzyñ toparyna ýene bir topar goşuldy. Swetoforly çatrykda olaryñ gelinli maşyny hut meniñ münüp barýan maşynymyñ gapdalynda saklandy. Men bezelen maşyna seretdim. Bir çetde oturan gelin başyndaky kürtesini galdyrdy-da, maña ilki dodagyny çöwürdi, soñ dilini çykardy. Yzyndanam ýumrugyny görkezip, dodaklaryny müñküldedip, bir zatlar-bir zatlar diýdi. Siñe syn etdim. Kürtäniñ aşagyndan bakýan Maraljemal bolsa nätjek! "Muny almaga ýürek eden ýigit kimkä diýip, içimi gepletdim. Göwnüme bolmasa, ol maşyndan çykaga-da, biziñ maşynymyza kürsäp urarly göründi.
Neden: "Waý, eje!" diýip gygyrypdym. Ýöne ýanymda oturan gelnimiñ birden: "Meñ barjak ýigidim däli eken" diýäýmesinden howatyrlandym.
Maraljemalyñ oturan maşyny çep tarapa sowuldy. Diñe şundan soñ ondan sag-aman sypandygyma ynandym.
Satiriki hekaýalar