08:03 Bagda barlygyñ bagty bar | |
BAGDA BARLYGYŇ BAGTY BAR
Ösümlik dünýäsi
Bagda barlygyň bagtyny gören ynsan hakda söhbet açmagyñ ekologiýa syýasatynyň çuňňur many-mazmunyna akyl ýetirmekde uly ähmiýeti bar. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Kelejar obasynda Muhammet Ataýew adyndaky 10-njy orta mekdepde biologiýa mugallymy bolup işläp, uly abraýyň eýesi bolan Baýry Orazberdiýewiň juwanlyk ýyllaryndan başlap, gojalyk ýaşyna çenli mugallym hem bilim, bag we bagban diýen jümleleri öz ömrüne siňdirendigini Baýry mugallymyň bu ugurdaky nusgalyk işleriniň häzirki günlerde-de dowam edýändigi bilen düşündirip bolar. Baýry mugallymyň özi dünýäden bakyýete gaýdan-da bolsa, onuň bagy-bossanlyk hakdaky garaýyşlary bagtyýarlyk döwrümiziň ýaş nesliniň ruhy gözýetiminde ýaşaýar. Baýry mugallymyň 1960-1980-nji ýyllarda eken bagdyr gülleri mekdebiň daş-töweregini täsin gözellige besländiginiň özi-de anyk durmuş hakykaty. Okuwçylara bilim hem zähmet sazlaşygyny öwreden mugallymyň bagçylyk, gülçülik hakdaky düşünjesi üýtgeşik bolupdyr. Baýry mugallym bagy-bossanlyga hünär hökmünde garap, şeýle diýipdir: «Bagçylyk hem gülçülik – ýörite, özbaşdak bir hünär». Şeýle garaýşa gulluk eden Baýry mugallymyň okuwçylara ýer işläp bejermegi, toprak düzümini, baglaryň, gülleriň häsiýetli aýratynlyklaryny, olary idetmegiň ýol- laryny ýörite suratly esbaplar bilen öwredendigi onuň ylym-bilim babatda düýpli çemeleşendigini görkezýär. Diýmek, bu ugurdan okuwçylara hünärlik derejede, bagçylygyň öz tehnologiýasy barada düşünje hem bilim beren mugallymyň arzuw-islegi uly bolupdyr. Baýry mugallymyň bu nurana arzuwlary 2017-nji ýylda ýurdumyzda ýokary okuw mekdebiniñ — Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyñ açylmagy bilen hasyl boldy. Institutda okuw usulyýet merkeziniň döredimegi bilen, bu ýerde ýokary derejeli, işbaşarjaň hünärmenleri taýýarlanylmagy-da gowlaşar. Ota mekdepde, biologiýa mugallymy hökmünde bu ugra yhlas eden Baýry Orazberdiýewiň okuw-tejribe bag hem ylym, bag hem ekologiýa, bag hem toprak, bag hem durmuş, bag hem saglyk ýaly möhüm ugurlary gurşap alypdyr. Bularyň bary bolsa Watan toragy, oňa bolan söýgüsi bolup, Baýry mugallymyň okuwçylarynyň her biriniň gursagyna siňipdir. Sebäbi mugallymyň öz ýüreginde Watan üçin çekilýän halal zähmetiň datly miweleri onuň döreden bagy-bossanlygynyň gözel keşbinde ömürlik möhürlenipdir. Baýry Orazberdiýewiň sapak okadyş usuly-da üýtgeşik bolupdyr. Ol döwürde orta mekdeplerde okuwlar interaktiw usullarynda multimedia tehnologiýalary ulanylyp guralmandyr. Baýry mugallymyň bu ugurda käbir gözlegleri amala aşyrmagyna getirip- dir. Ol bir ösümligiň özüne muwapyk bolan häsiýetlerine degişli dürli görnüşli diaflmleriň gerekli ýerlerini jaýdar ulanmagy başarypdyr. Diýmek, Baýry mugallym emeli usulda «multimediany» peýdalanyp, biologiýa sapagyny gyzykly, täsirli, şüweleňli geçirmegiň hötdesinden gelipdir. Mundan başga- da, Baýry mugallym bagbançylyga hem gülçülige degişli ylmy garaýyşly ýazylan kitaplary, makalalary okap, olaryň gerekli setirlerini okuwçylara okap beripdir. Haýsy ýurtda bagçylyga degişli täzeliklere ýüze çyksa, olary sapagyň dowamynda okuwçylara täsirli edip ýe- tiripdir. Bu bolsa okuwçylaryň bagçylyk hakdaky düşünjesini baýlaşdyrypdyr hem-de olarda bagçylyga döredijilik- li çemeleşmek endiklerini oýarypdyr. Netijede, Baýry mugallym ösümlikler dünýäsiniň täsinliklerini türkmen topragynda gözellik hökmünde ýerli howa şertlerine laýyklykda ösdürip ýetişdirmek üçin alada edipdir. Bu bolsa sada oba mugallymynyň bagçylyk babatda çylşyrymly oý-pikirlere berlendigine güwä geçýär. Şeýle hem Baýry Oraz- berdiýew dürli baglaryň ýapraklarynyň şekillerini okuwçylara tebigy görnüşinde ýörite albom etmegi tabşyrypdyr. Bu göräýmäge öňden gelýän usul ýaly bolup görünse-de, Baýry mugallym bu barada täzeçe çemeleşmelere ýykgyn edipdir. Ol bag ýapraklarynyň şekilleriniň gölleri, nagyşlary, şaý-sepleri döretmekde ruhy-duýguly kabul etmeli bolup durýandygyny aýdyp, okuwçylara olaryň arasyndaky şahyrana meňzeşlikleri tapmagy tabşyrypdyr. Bu bolsa okuwçylarda täsin çeper-duýguly oýlanmalary döredipdir. Şeýle anyk görkezme usulynda geçilen sapaklar okuwçylaryň ýadynda uzak wagtlap saklanypdyr. Baýry mugallym okuwçylary bag hem toprak bilen ýüzbe-ýüz etmek bi- len, topragy özleşdirmek ýaly endikleri edinmeklerini gazanman, eýsem, olaryň içki ruhy päkligini-de gazanypdyr. Ahlak arassalygyny çagalaryň kalbyna guýmak ata-baba gelýän milli özboluşly häsiýetlerimizi dowam etmegiň gönezligi bolup durýar. Ata-babalarymyzyň üzümiň dürli görnüşlerini döredendigini mugallym ol üzümleriň anyk mysalynda görkezip, dana pederlerimiziň ýagşylykly, päk niýetli häsiýetlerini olaryň juwan ýüreklerine guýupdyr. «Her gülüň bir ysy bar» diýlişi ýaly, her bir üzüm salkymynyň, hoşasynyň öz lezzeti, süýjüligi bolup. Ol islegleriň köpdürlüligini ýüze çykarýar. Şundan ugur alyp, Baýry mugallym okuwçylary üzümiň täze görnüşlerini döretmegiň tejribe ýoluna gönükdirip- dir. Diýmek, bilimiň gös-göni durmuş hem önümçilik bilen baglanyşygynyň gysga wagtda gowy we ýokary hilli netijelere getirjekdigine bolan ynam okuwçylaryň serini gurşap alýar. Şeýle bolansoň, okuwçylar eýýäm mekdep ýyllarynda hünär saýlamak endigine eýe bolýarlar. Ýaşlykdan hünär endik- lerini edinmek bolsa, häzirki zaman dünýäsinde iň bir zerur zatlaryň bi- ridir. Ylym-bilim bilen önümçiligi kä- milleşdirmek wezipesi hünärmenleriň baş maksady bolmak bilen, ol Baýry mugallymyň okadyş we okuw-tejribe işinde ymykly orun alypdyr. Baýry mugallym: «Bag ömrüň saýasydyr» diýmek bilen, bagda barlygyň bagtyny görüpdir. Bütin barlygy bagy-bossanlyga gurşamak, ýaşaýşy-durmuşy eşrete, gözellige, şypalylyga, sagdynlyga, ýagşylyga beslemek yn- sanperwer kişileriň göwün islegi. Bio- logiýa mugallymy bolup zähmet çeken Baýry mugallymy bagçylyga aýratyn üns bermeginiň ýene-de bir milli köki, ol-da bagbançylyk diýen söz bilen aňladylýan bag ekmek işiniň däp-dessur hökmünde dowam etmegidir. Bagçyly- gyň hem bagbançylygyň, hünär bolup, her bir okuwçynyň geljekki hünäriniň gapdalyndan goşulmagy üçin, Baýry mugallymyň okuwçylar bilen mekdep howlusynda ömrüni bagy-bossanlyga bagyş etmeginiň özi-de, soňra okuw- çylarynyň mellekde hem-de gaýry ýerlerde bol hasylly, datly miweli bag- lary ekip, ösdürip ýetişdirmegiň ylmy tejribesini öwredenligidir. Baýry mugallymyň okuwçylarynyň, gör, näçesi häzirki günlerde ençeme miweli baglary ekip, hözirini görüp, ýaşap ýörendirler. Megerem, olar her säher çagy goýry baglaryna seredip, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Rehmet Seýidowyň: Seň eken, seň ösdüren Almalaryň gül açdy. Gol salyp penjireden Üstüňe atyr saçdy — diýen setirlerini öz mugallymla- ryna hoşallykly alkyşa ýugrup gaýtala- ýandyrlar. Baýry mugallymyň ýurdumyzyň her bir daban ýerinden baglaryň, gülleriň bitmegini arzuwlap ýaşandygyny oba- daşlary aýdýarlar. Bu bolsa biologiýa mugallymy hökmünde orta mekdepde ýaşlara bilim beren Baýry Orazberdiýe- wiň ömür ýolunda hem-de ykbalynda diňe ýaşyl zümerret ýaly baglaryň, al şapak ýaly gülleriň reňbe-reň öwşün atandygyny göz öňüne getirýär. Şeýle ýaşyl ýaşaýşyň zemine dolmagynyň arzuwy bilen ýaşan kalby nurana mugallymyň dünýäde global meseleleriň biri bolan ekologiýa meselesine aýratyn üns berendigi diýseň geň galdyrýar. Tebigata aýawly çemeleşmegiň dünýälik garaýşy onuň mugallymçylyk käriniň çygryndan çykyp gidýär. Hatda Baýry mugallymyň ýüpek ýaly ýüreginiň, mahmal ýaly häsiýetiniň bolmagy-da, onuň tebigata öz köňlüniň töründen doly orun berenliginden nyşan. Tebigatyň tebigylygyny özüne siň- diren mugallym adamkärçilik babat- da-da, özüniň okuwçylara paýlan bilimi ýaly, asylly hem pespäl, mylaýym hem sypaýy, agras hem goýazy häsiýetiň eýesi bolupdyr. Okuwçylaryň bag hem gül ýetişdirmekde öwrenen köptaraply häsiýetleri baglaryň hem gülleriň ýürege hem göze ýakymly bolşy ýaly, olaryň durmuşda dowam edýän ömür ykballary-da, göze gelüwlidir, manylydyr. Gadymy ata-babalarymyz bag ekip ýetişdirmeklige sogaply iş hökmünde garapdyrlar. Olar baglar gül açyp, bag getirip, ile eçilende, özüniň eken, idedip ýetişdiren adama-da alkyş aýdýar diýip düşünipdirler. Pederlerimiziň baglara, bossanlara janly närse hök- münde garamagy, olaryň tebigat bilen ýürekden ysnyşandygyny görkezýär. Baýry mugallymyň hem bütin ömrüni bag bilen bossana bagyş etmegi, öz ömrüni baglar bilen uzaldyp, ykbalyny baglara saýaladyp ýaşandygy hut şonuň üçindir. Gökdepe etrabynda ýerleşýän Mar- kawyň damanasyny bagryna basyp oturan gadymy Kelejar obasynyň keşbi bagtyýarlyk döwründe täze gözellige beslenýär. Oba mekdebi dürli görnüşli baglar bilen nagyşlanan zynaty göwnü- ňi-de dokundyrýar. Bu döwrebap oba mekdebi-de gözel baglygy ýatladýar, seteran oturan ak öýler kalbyňy heýjana salyp, eşretli, bagtyýar ýaşaýşyň oba durmuşynyň, oba adamlaryny gurşap alandygynyň hakykatyny buşlaýar. Şeýle dürli görnüşli, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrylan baglaryň buýsançly başyny asmana çekip oturyşy Baýry mugallymyň köňül arzuwynyň wysala gowşandygy- nyň anyk subutnamasydyr. Bu ýaşyl zümerret ýaly, çal baganadan possun geýen kimin baglarda barlygyň bagty bar. Ýaşaýyşda bar bolup, bagta bes- lenmegiň özi-de bir uly bagtdyr. Baýry mugallym hemişe topraga hem baglara bagt hökmünde garamak bilen, bag ekip ýetişdirmek işine, bereket hümmeti, barlygy döretmek, ony ýaşaýşyň gözelligine öwürmek düşünjesinden ugur alyp çemeleşipdir. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky syýasatyñ netijesinde bagtyýarlyk döwrümizde bütin barlygy bar eýleýän baglaryň hem bossanlaryň gürlügi kalbyňda belent hoşallygy göge göterýär. Her gezek Kelejar obamyza baranymda, şeýle belent şatlykly duýgyny başdan geçirýän. Özüniň manyly ömrüni bag-bossanlara siňdirip giden Baýry Orazberdiýewiň ýagşylykdan pürepür ýüreginiň keşbini baglarda hem güllerde görüp, mähriban halkyny bagy-bossanlygyň içinde bagtyýar ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň eziz Watany, mähriban halky üçin nä- hili belent işleri amala aşyrýanlygyny bütin durkuň bilen duýup, köňlüňdäki dilegleriň nur-şugla bolup seçelýär. ● Saparmämmet KÖRHANOWYŇ gürrüňlerinden: — Men, 1971-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematika fakultetini tamamlap, Gökdepe etrabynyň Kelejar obasynda Muhammet Ataýew adyndaky 10-njy orta mekdebinde matematika mugallymy bolup zähmet ýoluma başladym. Işe başlan günlerimiň birinde mek- debiň şol wagtky müdiri Meret Ataýew çagyryp: — Saparmämmet, sen entek ýaş, tejribäň az. Şonuň üçin seni mekdebi- miziň iň tejribeli, abraýly mugallymlary- myzyň biri Baýry Orazberdiýewe şägirt hökmünde belleýäris. Işiň dowamynda dürli ýagdaýlaryň ýüze çykmagy äh- timal. Ana, şonda saňa hemmeden öňürti halypaň Baýry mugallym kömege ýetişer. Nähili sorag ýüze çyksa ýaý- danmagyn. Utanman ýüz tutubergin — diýdi. Şol günden başlap Baýry Orazberdiýew bilen has ýakyn işleşmeli boldy. Baýry mugallym hakykatdan hem halypalyga doly mynasyp eken. Ol dürli ýyllaryň dowamynda toplan tejribesini gysganman bagyş etdi. Şonuň üçin men oňa ömürboýy hoşaldyryn. Baýry mugallym hünäri boýunça biolog. 1975-nji ýylda mekdebimiz täze jaýa göçende mekdep howlusyny gök bag-bossanlyga öwürmekde öz zähme- tini gaýgyrmady. Ol baglara yzygider hyzmat edip, mekdep howlusyny çar baglyga öwürdi. Men 1977-nji ýylda mekdep müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarlygyna bellendim. Şonda-da Baýry mugallym okuwçylar we synp ýolbaş- çylary bilen, ata-eneler bilen işleşmegiň inçe syrlary barada maslahatlaryny gaýgyrmady. Onuň öz ýolbaşçylyk edýän synpy mekdepde iň tertipli, iň göreldeli synplaryň biri boldy. Men 1985-nji ýylda mekdep müdirligine bellendim. Baýry mugallymyň iş tejribesini, okuwçylaryň, mugallym- laryň, ata-eneleriň arasyndaky abra- ýyny göz öňünde tutup, ony mekdep müdiriniň başlangyç synplar boýunça orunbasarlygyna hödürledim. Mekde- biň kollektiwi, etrap bilim bölümi me- niň teklibimi goldap, ony şol wezipä bellediler. Ol şu wezipede tä hormatly dynç alşa çykýança işläp, ýaş mugallymlaryň baş halypasyna öwrüldi. Dürli ýokary okuw mekdeplerini tamamlap gelen ýaş pedagoglary uly alada bilen gurşap aldy. Başlangyç synplarda okadýan tejribeli mugallymlaryň göreldeli sapaklaryna ýaş mugallymlary gatnaşdyryp uly ösüşler gazandy. Baýry Orazberdiýew öz iş tejribesi barada nutuklar ýazyp, etrap bilim bölü- mi tarapyndan guralýan seksion işlerde yzygiderli çykyş edip, ýokary bahalara mynasyp bolup geldi. Ol işlän ýyllaryn- da çagalara talabalaýyk terbiýe we bilim bermek barada ata-eneleriň hem esasy maslahatçylarynyň biri boldy. Ýaşlaryň halypasy, kärdeşleriniň, obadaşlarynyň arasynda uly abraý bilen giňden tanalan Baýry Orazberdiýew mugallym adyna doly bahada mynasyp bolup geldi. Ýaşlar üçin aladaly, Eserdeňdiň kentleriňe. Hak ýalkasyn, halypamyz, Öwüt, ündew, pentleriňe. Köpümize sapak bolduň, Irmän, arman çeken işiň. Kalbymyzda baky ýaşar, Saldamlydan agras keşbiň. Hünäriňe köňül berip, Hiç kesi tutmadyň aýry, mugallym. Gazandyň il hormatyny, Hemmäň diliň tapdyň Baýry mugallym. Şöhrat MÜLKIÝEW, ýazyjy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |