20:37 Teke han kim bolupdyr? -3 / makalanyñ dowamy | |
Dowamy...
Taryhy şahslar
Ýöne, ors baknalygynyňam eýran baknalygyndan enaýy däldigine, asyl-ha baknalyk, garaşlylyk diýlen zadyň gowusynyň ýokdugyna, eden hereketleriniň bir aždarhanyň agzyndan sypyp, başga bir aždarhanyň agzyna girenden üýtgeşik bolmandygyna Teke han gaty bahym düşünen bolsa gerek. Çünki, on dokuzynjy asyryň aýagynda, 68-70 ýaşlarynda, ölmezinden on dört ýyl öň hanlygy öz boýnundan aýrypdy. Eýsem ol şuny hakykatdanam garrap tapdan düşündigi üçin şeýtdimikä? Babyr bagşynyň aýtmagyna görä, ol ömrüniň soňky ýyllary bir zat tapynan ýaly bolupdyr. Ýüregi howlap, öýüň içinde iki ýana urnupdyr. Taryhçy N. Rahymow Teke hanyň ak patyşanyň dikmeleri tarapyndan iňlisleriň içalysy hökmünde yzarlanandygyny, birnäçe ýyllap göz tussagy hökmünde saklanandygy baradaky maglumata duşandygyny aýdýar. Teke hana entek aýak üstünde gezip ýörkä hanlygyny tabşyrmaga mejbur edenem, onuň bir zat “tapynmagyna” sebäp bolanam belki, şol “ýiti gözli” dikmelerdir? Bolup biläýjek zat. Çünki, Marynyň, Pendiniň, Sarahsyň üsti bilen orslaryň Owganystan serhedine golaýlaşmagyna iňňän gabanjaňlyk duýgusy bilen garan iňlisler Türkmenistana yzly-yzyna öz adamlaryny iberipdirler. Mysal üçin, 1884-nji ýylda, Maryda we Ýolötende özüni Siýah-Puş diýip atlandyran ruhany sypatly iňlis agenti peýda bolupdyr. Ol ýerli ruhanylar bilen aragatnaşyga giripdir we din ugrundaky göreşi ündäpdir. Emma onuň ruhany däl-de Britan razwetkasydygy basym belli bolupdyr. Gökdepe urşunyň öň ýany, ruslara garşy iş geçirmek üçin, iňlis razwetkaçylary polkownik Stýuart we kapitan Jill Ahala gelipdirler. 1887-nji ýylda Hindistandaky iňlis kolonial häkimliginiň tagallasy bilen Ahal-teke oazisine kapitan Batler ýörite iberilipdir. Angliýanyň wekili Odonowan bolsa, Gürgen aýlalarynda bolup, ruslara garşy iş alyp barypdyr. Gökdepe galasy synandan soň iňlisler Tejene gaçyp giden türkmenleri aýaga galdyrmak üçin Sarahsa ofiserler toparyny iberipdirler. Olaryň hemmesem baran ýerlerinde? “Siz iňlise nöker bolsaňyz biz sizi orslardan gorarys. Biziň goşunlarymyz Hindistanyň üsti bilen Hyrada gelip, eýýäm taýyn bolup durlar. Ondan başga biz size altyn-kümüş bereris”, diýipdirler. 1883-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda, Tährandaky iňlis missiýasynyň sekretary Stiwensiň we iňlisleriň Maşatdaky içalysy Mürze Apbasyň 7-80 adamdan ybarat kerwen bilen Sarahsa gelendiklerini, Stiwensiň salyr kethudalary bilen, şol sanda Teke han bilenem gürrüňdeş bolandygyny, emma özleri üçin kanagatlanarly jogap alyp bilmändigini habar berýän arhiw dokumentleri hem bar. Ýöne, salyrlaryň Zurabatdan Sarahsa 1884-nji ýylda göçüp gelendiklerini nazara alsak, ýokarky maglumat wagt babatdan alanyňda gümürtigräk görünýär. Megerem, Stiwens bilen Mürze Apbas salyrlar Sarahsa göçüp gelenlerinden soň gelen bolsalar gerek. Elbetde, ýurdy hile hem-de ejizeganymlyk bilen alan ors hökümetiniň gaty bir halasgärem däldigine gözi ýeten türkmen taýpalarynyň ak patyşadan iňňän basym göwünleriniň geçendigini gark bolup barýanyň sypaldan ýapyşyşy ýaly indi üçünji birine- iňlislere-de haraý bilen garap başlandyklary, olar bilen kä ogryn, kä dogryn gepleşikler geçirendikleri çyn. Şeýle gepleşikleri hatda Güljemal hanam geçiripdir. Ak patyşanyň dikmeleriniň Teke hany iňlisleriň agenti hökmünde aňtamaklaram hut, ýokarky sebäpler bilen baglydyr. Bu çäre – Sowet hökümeti ýyllary içinde “halk duşmanlarynyň” garşysyna alnyp barylan tut-ha-tutlugyň has irkiräk görnüşidir. Basyp alan halkynyň iň edermen, iň akylly adamlaryny dürli ýollar arkaly ýok etmeklik bolsa islendik basybalyjynyň iň bir ýönekeýje edähedidir. Teke han iňlislere: “Biz ak patyşa wepaly raýat bolmaklyga kasam etdik şol kasamymyzy bozup bilmeris” diýipdir. Basyp alan ýerlerinde göz üçin, bir bada ýerli hanlary öz orunlarynda galdyryp, kem-kemdenem olary ors naçalnikleri bilen çalyşmaklygy ors häkimleriniň strategiki plan hökmünde göz öňünde tutýandyklaryny welin ýerli han-begler bilmeýärdiler. Olar: Kime bakna bolsagam biz öz hanlygymyza galarys, täze baýarlara gulluk edip, halka öňkümiz ýaly hökmümizi ýörederis, öz tertip-düzgünlerimizi dowam etdireris, diýip pikir edýärdiler. Pristawyň kömekçisi, milisiýanyň ştabs kapitany ýaly ikinji, üçünji derejeli diňe dikme baýarlaryň ýörelgesi bilen ýörelýän wezipelere bellenip, erk-ygtyýarlarynyň ellerinden alynmagyny bolsa olaryň hersi birhili kabul etdi. kimsi janynyň ýangynjyna hakykatdanam iňlisler bilen “hajyk-hujuk” edişdi, kimsi ak patyşa bilen öçli bolup, atymyna gelen güni ýaraga ýapyşdy, gozgalaň turuzdy, kimsi oňa ak ýürekden gulluk etdi, kimselerem derdini ýüregine sygdyrybilmän ruhy yzalar çekdi we şol yzadanam ýogaldy. Eýsem Teke han şol adamlaryň haýsy biriniň hilindenkä? Nuktaý-nazarymyzyň has töwerekleýin bolary ýaly, geliň, Teke han, Meňli han barada Söwet döwründe çap bolan materiallar bilenem tanyş bolalyň. Şol dokumentlerde köplenç, Teke handyr, Meňli hanyňam edil, beýleki türkmen hanlary ýaly ýerli häkimiýetlere daýanyp eden-etdiliklere ýüz urýandyklary barada aýdylýar. Mysal üçin, ýerli baýlara garşy çykyş edendikleri sebäpli ýerli häkimiýetler tarapyndan tussag edilen daýhanlary tussaglykdan boşatmak hakyndaky haýyş bilen, 1903-nji ýylyň 20-nji maýynda ýazylan arzada şeýle diýilýär: “Ýalawaç obasynyň ýaşaýjylary bolan biziň kime degişlidigi nämälim ýerimiz bardy /Bölünmedik we işlenip bejerilmedik obşina göz öňüne tutulýar. Düzüjileriň belligi/ Näme üçindir Meňli han we Teke han ol ýere ekin ekdiler; Pristawyň kömekçisi Teke hany biz ekin meýdanyna goýbermedik. Ol öý eýesi bolup durýan hem bolsa, bizi häkimiýete garşylyk görkezmekde aýpladylar. Käbirlerimizi tussag etdiler, häzir 24-imiz tussaglykda otyr, ekerançylyk işinden çetleşdirildi, iş hiç-hili seljerilenok. Tussaglykdan derrew boşatmak bilen işiň seljerilmegi çaltlandyryp ilaty goramagyňyzy siziň alyjenabyňyzdan haýyş edýäris, bugdaý bişýär – dänesiniň dökülmegi mümkin. 1905-nji ýylyň 21-nji iýunynda Meňli hana degişli suwy eýeländikleri üçin daýhanlaryň bir toparyny tussag etmek hakynda Saragt pristawynyň wezipesini ýerine ýetiriji, /tussag etmek hakynda/ ştabs – kapitan Karpinskiýniň çykaran kararynda bolsa şeýle diýilýär: “Zakaspiý oblasty boýunça 1903-nji ýylyň 6-njy iýunyndaky 181-nji buýrugyň 2-nji punkty esasynda 1905-nji ýylyň 21-nji iýun güni Saragtyň pristawy, ştabs-kapitan Karpinskiý Meňli hanyň bolmazlygyndan peýdalanyp, ekinleri nobatdaky suwaryş üçin onuň işçilerine suw bermändikleri barada we olary kowandyklary, suwdan bolsa özleriniň peýdalanandyklary üçin Saýat obasynyň ýaşaýjylary Sapartäç Abdy oglunyň, Annamät Tekemädowyň, Öwezmyrat Seýitjanowyň we Öwilýä Begjikowyň her haýsyny üç gün tussag etmegi karar etdi. Başga bir dokumentde ors hökümeti gelenden soň ýer-suw meselesinde köp-köp özgerişlikleriň bolandygy, “sanaşyk” düzgüniniň ýatyrylyp, her kime hemişelik mülkleriň bölünip berilendigi, ýöne barybir han-begleriň, molla-işanlaryň, baýlaryň has uly mülklere eýe bolandyklary görkezilýär. Mysal hökmünde ahal hany Magtymguly hanyň, Saragt hany Teke hanyň we Meňli hanyň atlary tutulýar. Ýaşuly daýhan Myrat Berdiýewiň beren gürrüňi mysal getirilýär. Myrat Berdiýewiň gürrüňi aşakylardan ybarat. Biz ony rusçadan türkmençä terjime edip siziň dykgatyňyza hödürleýäris. “Orslar gelmezinden öň salyrlar Eýranda ýaşaýardylar. Eýran hökümeti olary tekeleriň yzygiderli çozuşlaryndan goranmak üçin gala hökmünde saklaýardy. Şol wagt salyrlaryň iki hany bardy. Teke han we Meňli han. Teke hana Garaman obasy we Ýalowajyň bir bölegi, Meňli hana hem Ýalowajyň galan bölegi we Kiçi aga obasy boýun egýärdi. Sarahsa göçüp gelensoňlar Meňli han Tat ýaby, Teke han bolsa Han ýaby eýeledi. Ýeriňem gowusyny şolar eýelediler. Sakadan aldylar. Şeýlelikde, suw ol ikisiniň hojalyk harydyna öwrüldi. Şolardan artsa bar, bolmasa ýok. Ýagdaýdan peýdalanyp olar garamaýak halky suwdan gysmaga başladylar we ýerlerini deger-degmezine satmaga mejbur etdiler. Şeýlelikde, Oktýabr rewolýusiýasyna çenli Teke han 700 gektar, Meňli han bolsa 800 gektar iň gowy ýere eýe boldular. Emma hanlar gazy-haşar işlerine gatnaşmag-a beýlede dursun, gaýtam halky öz suw sistemalaryny arassalama-ga, gazma-ga mejbur edýärdiler. Ak patyşanyň agalygy döwründe Teke hanyňam, Meňli hanyňam hökmi örän güýçlüdi we şol hökmirowanlykdan olar ine-gana peýdalanýardylar. Üstesine-de her ýyl ekiş döwri ähli halk bolup olaryň ýerlerini sürüp, bejerip, ekip bermelidiler. Kim şol “kömekçilige” gatnaşmasa hanlar ony ýeke bir şol ýyl däl, indiki ýyllaram suwdan binesip edýärdiler. Netijede, ýene-de ýersiz, suwsuz galýan daýhanlaryň sany köpelýärdi. Ýer-suw bol-ekinçiliginden başga Teke hanyň 5.000 goýny, 300 gylýaly, 20 düýesi, Meňli hanyň 4.000 goýny, 30 düýesi bar ekeni. O zatlaryň üstesine Sarahsda bar bolan ýaşaýyş jaýlarynyň we kerwensaraýlaryň 50 ülüşi Teke han bilen Meňli hana degişlidi. Şol zatlardan alýan girdejileriniň hasabyna Meňli han bilen Teke hanyň hersi 10-12 sany galtaman saklaýardy. Galtamanlar ikä bölünip bir bölegi Eýranda, beýleki bölegi Amyderýa boýlarynda galtamançylyk edýärdiler. Amyderýa boýundan getirilen harytlar Eýranda, Eýrandan getirilen harytlar bolsa äkidilip Amyderýa sebitlerinde satylýardy. Galtamanlar Teke han bilen Meňli hana gazananlarynyň üçden bir bölegini berýärdiler. Käbir mal ýitirenleriň maly käte Teke hanyň ýa Meňli hanyň mal ýatagyndan çykaýýardy. Emma onuň üçin hanlaryň ýüzleri gyzmaýardy. Gaýtam mallary ýap-ýaňyja ogrularyň ellerinden alyp galan adamlar bolýardylar we üstesine çeken “zähmetleri” üçin olardan lomaýja “sylagam” alýardylar. Teke hanyň çopanlaryny hem hasap edeniňde 70 sany hyzmatkäri bardy. Meňli hanyňkam şonçarakdy . Myrat Berdiýew sözüniň soňunda Teke hanyň we Meňli hanyň degişli tireleri bolan “Begbölügiň” we “başarjanyň” ähli babatda ileri tutulýandyklaryny, ýeňilliklerden peýdalanýandyklaryny şonuň üçinem olaryň hemişe beýleki tirelere garanda has gowy ýaşandyklaryny terkarlaýar. G.I.Karpow hem özüniň işinde: Ýusup han, Teke han, Meňli han, Sary han ýaly türkmen hanlarynyň daýhanlara we çarwalara degişli iň ýagşy ýerleri, guýulary, otlaglary öz gollaryna geçirendiklerini belläpdir. Dokumentleriň senesi Oktýabr rewolýusiýasyndan öňki döwre degişli. Şonuň üçinem, maglumatlaryň içindäki mal-mülke, ýere-suwa, baýlyga, jaýa, işçi güýjüne, ýerli häkimiýete daýanmaklyga degişli faktlaryň hakykata golaýdygyny inkär etmek bolmaz. Şonça maly, mülki, işçi güýji bolmasa ol adamlaryň han saýlanmajakdyklaram, saýlamajakdyklaram düşnüklidir. Sebäbi bir ýüz, iki ýüz goýnuň seniň alty aý myhman gaýtararyna-da ýetmez. Han-begleriň, baýlaryň öýünde myhmanyň egsilmeýändigini, gapylarynda mal soýulmaýan ýekeje günüňem bolmaýandygyny köpi gören kişiler hemişede aýdýarlar. “Sarahsyň mal baýy Şalar baýyň öýi ýol ugrunda ýerleşýärdi. Mäne-Çäçä, Mara, Maşada barýanlar onuň öýünde düşleýärdiler. Pirimsguly diýen aşpezi bardy. Kä palaw, kä çekdirme bişirýärdi. Günde bäş-üç goýun soýulýarsdy” diýip, Şamman aga bize gürrüň berdi. Kemharjylygy sebäpli hanlykdan ýüz öwren adamlaryň bolandygyny hem taryh az bilenok. Orazmämmet hanyň öz hanlygyny Nurberdi hana berşini ýadyňyza salyň. Arza-şikaýatlar barada aýdylanda bolsa, iliň öňüne düşseň senden nägilesem tapylar, beýlekisem. Galyberse-de, iň gowy diýlen hanlaryňam hansyramany, hökmürowansyramany gowy görendigi hiç kime gizln däl. Han-begleriň täze düzgün boýunça ýerli häkimiýetlere daýanyp eden-etdilige ýüz urmaklaram, häkimiýetleriň olara arka durmaklaram, islendik sistemada horluga sezewar edilýän halk köpçüliginiň janhowluna häkimiýetiň ulularyna ýüz tutmaklaram bolup biläýjek zat. Teke han ýaly ýat ýurtda mysapyrçylyk çekip, ors häkimiýetini hossar tutunyp gelen adam hakda-ha gürrüňem ýok, hatda basybalyjylaryň garşysyna elleri ýalaňaç gylyçly göreşen han-beglerem ýeňilenlerinden soň ýeňiji gulluk edipdiler. Mysal üçin, Gökdepe galasyny goraýjylara ýolbaşçylyk eden Magtymguly han, soň ak patyşa tarapyndan milisiýanyň maýory diýen çin bilen sylaglanypdy we Tejen okrugynyň naçalnigi wezipesine bellenipdi. Soň ol sowet hökümedinem uly hormat we nyzam bilen garşylapdy. Milisiýanyň maýory diýen çin Dykma serdara-da berilipdi. Teke han bilen Meňli handa bolsa ştabs kapitany çini bardy. Öň orslara garşy iňlisler bilen gizlin gepleşikler geçiren Güljemal han hem 1884-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda, mary kethudalarynyň adatdan daşary maslahatyny geçiripdi we ähli han-begler bilen bilelikde ak patyşa ak ýürekden hyzmat etmek barada ant içipdi, onuň adyna hat ýazdyrypdy. Şol hatda: “Biz birnäçe wagt bäri siziň hökümetiňize tabyn bolmaklygy arzuw edýärdik. Emma hernäçe jan çeksek-de öz ogrularymyzy muňa boýun edip bilmeýärdik” diýip görkezipdi. Ol “ogrylar” diýip öz halkyny göz öňünde tutýardy. Görşümiz ýaly başda basybalyja garşy gan dökýänem, soň günäkär bolýanam garamaýak halk. Ýokarky gatlak islendik düzgünde-de özüne ýyljak ýer gazanmagy başarýar. Dagy näme, şolar ýalyda olara iki ýol galýar. Ýa-ha iň soňuna çenli mert durup, mertlik bilenem ölmeli, ýa-da isleseň-islemeseň ýeňijä gulluk etmeli. Elbetde, jan süýji zat. Şonuň üçinem, hanlygyna, mal-mülküne degmeseler, han-begler hemişe diýen ýaly şonuň ikinjisini saýlap alýarlar. Eger-de hanlygyna, mal-mülküne dalaş etseler, onda olar üçünji bir ýoly saýlap alýarlar. Ýagny, watany terk edip, maly-mülki bilen daşary ýurtlara aşýarlar. Bu barada Kemine şahyr: “Baýlar-a bähbidin arar, pukara hupbulwatan” diýip, örän jaýdar aýdypdyr. Iň soňky Horezmşa Jelaleddin Meňburun, Kyýat hanyň ogly ýagşymämmet ýaly, iň soňky demine çenli söweşmäni başarýan hakyky hupbulwatan han-begleri, şazadalary bolsa gojaman taryh häli-şindi dünýä inderip duranok. Teke hanam öz döwrüne umumyadamzada mahsus bolan nogsanlyklardan halas däldir. Onuň elmydama eli gamçyly gezendigini, gazap eden adamsyna ýüzugra gamçy çalandygyny, esasanam aýal maşgalalary şäher içinde ýa bazar jaýynda gördügi saýgylap kowandygyny hem Sarahsly ýaşulylar gürrüň berýärler. Salyr aýallarynyň düýn-öňňüne çenli bazara çykyp söwda etmäge milt edip bilmändikleri hem megerem, Teke hanyň şol zabun terbiýesiniň, berk düzgün-nyzamynyň netijesi bolsa gerek. Ýöne, her niçik hem bolsa Teke han barada halkyň aňynda diňe ýagşy ýatlamalar galypdyr. Halk hatda ýokarky gamçyly meselänem nämüçindir söýünç bilen ýatlaýar. Bu megerem sowet häkimiýeti ýyllary içinde birnäçe aýal-gyzlarymyzyň özlerine berlen hak-hukugy bihaýaçylykly maksatlar bilen ulanandyklary, aýal-gyzlardan uýat-haýanyň göterilip barýandygyny halk köpçüliginiň iňňän ýokuş görendigi bilen bagly bolsa gerek. Atasynyň ýetime-ýesire rehimli, ýüregi ýuka adam bolandygyny Şamman aga-da nygtaýar. Şeýle hem ol atasynyň daýhan saklamandygyny, bugdaý-arpasyny ht özüniň suwarandygyny, hatda bir at goşulýan paýtunynam hemişe özüniň sürendigini aýdýar. “Ulug babanyň töwerekleri atamyň ekin ýeridi. Obamyz bolsa şu wagtky Sarahs şäherçesiniň üç kilometr çemesi günortasynda ýerleşýärdi. Ekin ýerden oba bugdaý çekýänleri ýadyma düşýär” diýýär. Ýöne, ol atasynyň üç sany kerpiç bişirýän küresiniň, bäş-alty ýüz ýylkysynyň, üç-dört bölek goýnunyň, Ärsary hükgi diýen terjimeçisiniň bolandygyny hem aýdýar. “Çarwa göçerdik. Pulhatyn töwereklerine. Şol ýerde ak kerpiçden salynan, dört hanaly jaýymyzam bardy. Käte köprä baryp oýnardyk. Şonda jaýymyz ho-ol, ýokarda howalanyp görünýärdi” diýip, gözlerine ýaş aýlaýar. Şamman aga atasynyň hatda gandarynyňam ganyny geçip bilýän geçirimli adam bolandygyny-da aýtdy. Ýagny, Pendide otyrkalar Teke hanyň Haknazar atly inisini kimdir bir bukudan atyp öldüripdir we Eýrana geçipdir. Ol ýere baransoňam bir günä iş edipdir-de, zyndana düşüpdir. Şol zyndanda öňem bir topar salyr bendilikde oturan ekeni. Ine, şol bendileri boşatmak üçin alada etmegini sorap, salyr aýallary bir patada Teke hana agy bilen ýüz tutupdyrlar. Teke han şondan soň ýörite Eýrana gidip häkimler bilen gürleşipdir we bendileri azat edipdir. Şolaryň arasy bilen Teke hanyň gandaram boşapdyr. Emma Haknazary bukudan atandygy üçin ony hiç kim tanamaýan ekeni. Ine, onsoň ýaňky adam gelipdir-de, Teke hanyň aýagyna ýykylypdyr. Teke han ondan: “Bu nätdiginiň boldy?” diýip sorapdyr. O-da: “Bir çemçe ganymy geçseň aýdaýyn” diýipdir. Teke han: “Bar, geçdim”, diýipdirem welin ol: “Han aga! Men seniň gandaryň. Sen bolsaň meni zyndandan boşatdyň, ine, indi özüň nätseň şeýt, senem armandan çyk, menem günämden ýulunaýyn” diýipdir. Teke han: “Nähak gan ýulunylýan däldir, ýöne şu wagtjyk men seniň günäňi geçdim ahyry” diýipdir-de, örülip gidiberipdir. Teke hanyň köňli rehimli adam bolandygyny, 1992-nji ýylyň 24-nji marty güni beren maglumatynda, asly Seýistanly parslardan bolan, 67 ýaşly Dosmämmet molla hem tassyklady. Onuň gürrüň bermegine görä, Sarahsda Jelal owgan diýen bir adam ýaşapdyr. Ol gyzyl ýüzli, dolmuş, daýaw, başy hemişe çörege meňzäp duran tegelek selleli adam ekeni. Özem gürrüňçiligimizden ýaňy bir 4-5 ýyl öň, 104 ýaşynyň içinde aradan çykan ekeni. Ine, şol Jelal owgan ir döwür, bir sebäbe görä Owganystandan Sarahsa gaçgak bolup gelipdir we kömek sorap Teke hana ýüz tutupdyr. Teke han oňa ýer, suw beripdir. Aýaga galýançaň gerek bor diýip ep-esli pulam beripdir. Karz däl-de şeýle beripdir. Ýene näme kömek gerek bolsa geliber diýipdir. Soňam oňa häli-şindi elmaýyşlyk edip durupdyr. Ony ýatsyratMandyr, hiç kime kemsitdirmändir. Şonuň üçinem, Jelal owgan tä ölýänçä Teke hana alkyş aýdyp geçipdir. Ony hemişe ýagşylykda ýatlapdyr. Teke hanyň ýer-suw babatda hem ähli tirelere deň-derejede garandygy barada, Sarahsly ýaşuly Durdy Nury öz atasy Jumanazar Gurt oglunyň beren gürrüňine salgylanyp şeýle diýýär: “Zireweden gelnip, Salyrýap bejerilip başlan ýyllary, salyryň oba sany boýunça Salyrýaba gatla gurmak işi hem alnyp barlypdyr. Şonda Ýalowaç obasynyň bir böleginiň azlyk edýändigi sebäpli, onuň gatlasy beýlekilere görä kiçiräk goýlupdyr. Ýöne, şol ýabyň sakadan saga tarap burukdygy netijesinde suwuň okgunsyz akjakdygy we möçber babatda alanyňda ýalňyş boljakdygy göz öňüne tutulmandyr. Ýalowajyň ýaşulylary bu ýagdaýy Teke hana mälim edipdirler. Teke han şol pursatyň özünde gatla ussasyny çagyrypdyr we goýberilen ýalňyşlygy düzetmekligi buýrupdyr. Informatoryň Ýalowaç obasynyň bir bölegi azlyk edýän ekeni diýmesi dokument arkaly tassyk bolýar. Ýagny, “Обзор Закаспийской области” atly hasabatlar kitabynyň 1890-1895-nji ýyllar aralygyndaky maglumatlary beýan edýän sanynda, Garamanýaba 9 paý (rusça “часть” diýlip görkezilen), ýalowaçýana 6 paý, Kiçiaga ýaba 7 paý suw goýberilýär diýlip görkezilen. Garaman ýabyň 2 paýy şäher ilaty we harby garnizon üçin. Sebäbi ol ýap şäheriň içinden geçip gidýär. Şeýlelikde, hakykatdanam ýalowajyň ýaby 6 paý, beýleki ikisiniň hersi 7 paý bolýar. Aslyýetinde biz Teke han barada çeper eser ýazmakçydyk. O barada maglumat toplamak üçin il içine çykanymyzda hem hut şol niýet bilen çykypdyk. Şol niýetimizden biz henizem dänemizok. Ýöne maglumat çöpläp başlaýyşymyz ýaly, egnimize alan ýükümiziň bitaýdygyna bir tarapa agram saldygyň beýleki tarapynyň agjak bolup durandygyna göz ýetirdik we köp zady aýdyňlaşdyrmak maksady bilen Teke hanyň ady we ýaşy baradaky maglumatlaryň bilgeşländen ters yzyny çaldyk. Çöwürdik. Silkedik. Elgerip bilen dokumentlerimizi taryhy materiallar bilen deňeşdirdik. Degşirişdirdik. Il deňinde bizem bir zatlary aýdyňlaşdyrmak üçin ýyllar boýy garaşdyk. Şonuň üçinem, köp ýyllap gursaklarynda göterip gelen hekaýatlaryna, höwes bilen beren gürrüňlerine tankydy nukdaý nazardan garandygymyz üçin, has dözümli daraşandygymyz üçin, käbir zatlary düýpgöter ýalana çykarandygymyz üçin sarahsly akgalarymyz bizden gaty görmesinler. Ele düşen maglumatlaryň çäjini, harpygyny saýlamanan, köp zatlary emer-damar yzarlap ýüregiň üstünden süzüp geçirmezden magnitafon ýaly o ýerde eşiden zadyňyzy bu ýere gelip bolşy-bolşy ýaly gaýtalap oturmak döredijilikde, has beterem ylmy gözleglerde diňe gödek ýalňyşlyklaryň üstünden eltýär, has beterem adryny gaçyrýar. Edilýän howaýy gürrüňleri ile ýaýmanan öňürti çiş sokup ýelini çykarmasaň, ýazyljak eseriň süňňüni sagdyndan tutup binýadyny berkden gurnamak başartmaz. Halka hödürlejek iýmitiň çig bolar. Okyjynyň aşgazanyny agyrdar. Bir gram gyzyl almak üçin ençeme tonna gara gumy gerdeniňden agdarmaly. Bir goşawuç arassa däne almak üçin depe ýaly samany sowurmaly. Ençeme gezek elemeli. Öwdemeli. Soň ýene-de sowurmaly. Ýöne, käbir nukdaý nazarlarymyzyň çaklamalarymyzyň nädogrydygyny ylmy derňewler arkaly subut etseler, bizi dogry ýola gönükdirseler köp bilýän adamlardan iňňän hoşal bolardyk we bu kyn işde olary özümize ýardamçy hasap ederdik. Çünki, nätanyş tema ýüz uran wagty dörediji adam şol ugurdan işleýänleriň kömegine hemişe mätäçdir. Galybersede, taryham, edebiýatam, medeniýetem bir adamyňky däldir. Halkyňkydyr. Ony birek-birekden bukulyp öwrenibem, ösdüribem bolýan däldir. Ýene bir zat: Biz birini bir döwür-ä suwy çykýança öwüp, ýene bir döwürem küli çykýança döwmek edähedinden daşdadyrys. Han bolsun, häkim bolsun, şa bolsun, geda bolsun, birinji sekretar bolsun tapawudy ýok, hemmesem adamdyr. Adam ogluna mahsus bolan ähli gylyklaryň olarda-da bolup biljekdigi şübhesizdir. Gep adamyň ýagşysyny, ýamanyny terezä salyp göreniňde haýsy tarapynyň agyr gelýändigindedi r. Hanyň gowusy bolmaz ýa ähli garybyň göwni pukaradyr diýen düşünjä uýmagam nädogrudyr. Hemmesem adamdyr. Birine mahsus bolan zat beýlekisinde-de bardyr. O zatlar her kimiň öz kalbyndaky şöhlä baglydyr. Şu ýerde ýene bir zady ýatda saklamalydyrys. Ýagny, geçmişde bolup geçen wakalaryň ählisine taryhy hakykat hökmünde garamalydyrys. Pylan wagt pylan halk bilen pylan halk urşupdyr, pylan taýpa bilen pylan taýpa öç ekeni, biri-birini çapýan ekeni diýen ýaly düşünjeler bolmaly däldir. Geçmişde diňe türkmen halky agzala bolupdyr diýen düşünje hem halkymyzyň aňyndan ýok edilip taşlanmalydyr. Geçmişdäki agzalalygam, göç-hä-göçlügem ýeke bir türkmen halkynyň däl-de, tutuş adamzadyň tragediýasydyr. Orsyýetiň bir agza bakabilmän dürli knýazlyklara dargap ýörenem düýn-öňňündi. Mongol zulmyna-da olar hut öz dagynyklary zerarly, bir agza bakyp bilmeýändikleri sebäpli sezewar bolupdylar. Goňşy döwletimiz Eýranyňam hut, biziň şu makalada gürrüň eden döwrümizem ýagdaýy öwerlikli däldi. Hatda ala-böle Horasanyň Hywa hanlygyna ýa Buhara emirligine bakna bolan wagtlaram az däldi. Şeýbany han ölenden soň Buhara emirliginiň, Hywa hanlygynyň döremegi özbek halkynyň darka iki bölünendiginden habar bermeýärmi näme. Umuman biz her bir halkyň her bir taryhy şahsyýetiň şol sanda Teke hanyňam biderek mahabatlandyrylmanan ýa ýoýulmanan her taraplaýyn çuňňur öwrenilmeginiň öz döwrüne görä dogruçyl baha berilmeginiň tarapdary. Şeýtmesek barýarkak bir öwrümde ýene-de taryhymyza “ýaňadandan ser salmaly” bolarys. Hakyky taryh bolsa han-beglerdenem, garyp-pukaralardanam, ganly çaknyşyklardanam sowa düşüp bilmez. O zatlaryň barysy biziň ertirki günümiz üçin sapak bolmalydyr. Soñy. «Ýaşlyk–Юность» žurnaly. Aşgabat. 1993 ý. № 3 Bu gürrüň 1992-nji ýylyň 28-nji martynda, Sarahs posýologynda ýaşaýan, 75 ýaşly Ýagmyr Şiriň dilinden alyndy. Bu informasiýany bize 1992-nji ýylyň 23-nji mart güni, Sarahs posýologynda ýaşaýan 72 ýaşly Baýram Annaorazow aýdyp berdi. Ol hem öz gezeginde bu gürrüňi şondan bäşon ýyl öň, 96 ýaşap dünýeden öten Aganyýaz agadan eşidipdir. Aganyýaz aganyň aýtmagyna görä, Teke han şondan soň Kagana gelip gelip täjirlerden bir eşalon bugdaý satyn alypdyr we Petrburga ugrapdyr. Zurabat – Eýranyň Horasan welaýatyna degişli ýurt. Tejen derýasynyň ýokary akymynda. Çep kenarynda ýerleşýär. Salyrlar ol ýere iki gezek baryp, birinjide 12 ýyl /1859-1871/, ikinjide üç ýyl /1881-1884/ oturypdyrlar. Salyr şiwesinde oňa “Zirewe” diýilýär. Bu wersiýany biz, 1992-nji ýylyň 24-nji mart güni, Sarahs etrabynyň A.Tekäýew adyndaky obasynda ýaşan, 85 ýaşly Ýagmyr Ýazberdi oglundan ýazyp aldyk. “Täjik” dälde, Şajyk bolmagy mümkin. Sebäbi, başga bir ýerde awtorlar teke hanyň ogly Şajygyň adyny hem “Täjik” /Tädžik/ diýip görkezýärler. Megerem, awtorlary howul-hara ýazylan meýdan ýazgysyndaky “Ş” blen “T” bulaşdyran bolsa gerek. G.I.Karpow. P.P.Arbekow. “Salory” Türkmenowedeniýe. 1930. J. Hudaýguly. Teke han kim bolupdyr?, Ýaşlyk. 1998 ý. №3 Bu maglumaty Babyr bagşydan aldyk. Şeýle maglumat Karpow bilen Arbekowyň 6-njy bellikde görkezilen makalasynda hem bar. Ol ýerde Teke han: “...Meň oglanlarymdan baý çykar, ýöne han çykmaz” diýýär. A. Bekmyradow. Göroglynyň yzlary. “Türkmenistan” 1988ý. Itil – Wolga derýasy Ýaýyk – Ural derýasy Abylhan daglary – Balkan daglary M.Durdyýew. “Turkmeny Kitaýa/ salary/. “Turkmenskaýa Ahaltekinskaýa Assosasiýa. Aşgabat. 1992 ý. В.А. Годлевский. «Государство в Малой Азии» Москва. Из-до Восточной литература. 1960 г. A. Borns. Puteşetwiýe s Buharu. T.3.sah. 74 Seret: A. Garryýew we beýlekiler. “Türkmenistanyň we türkmen halkynyň taryhyndan oçerkler” Aşgabat. 1954 ý. Akademik Annanepesow, Hywada oturan döwürleri salyrlaryň diwan işine gatnaşyp, ýurdy dolandyrmakda uly rol oýnandyklaryny aýdýar. Akademik Annanepesow, Hywada oturan döwürleri salyrlaryň diwan işine gatnaşyp, ýurdy dolandyrmakda uly rol oýnandyklaryny aýdýar. 6-njy bellik. Şol ýerde. Makalamyzyň soňunda salgysy bilen, dolulygyna çap edýändigimiz üçin, tekstiň içinde käbir dokumentleriň salgysyny görkezmedik. Salyr ýaşulylary Sarahsy özleriniň müň ýylky mekanlary saýmaklary ýöne ýerden däl. Salyrlaryň baryp-ha VII asyrda hem şol ýerde oturandyklary barada seret: K.Nurmuhamedow. Salyr etnosynyň türkmen iliniň döremeginde tutýan orny. Sarahsyň 2500 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen ylmy maslahatdaky çykyşlaryň gysgaça mazmuny. Aşgabat. 1992 ý. ЦГВИА Ф. ВУА.д.6871. 161-162 1ЦГИА Груз. ССР.ф.521.оп.1д.214.лл.77-107. ЦГИА Груз. ССР.ф.545.д.1251.лл. 96-103. M. Orazow. Güljemal han iki ýüzli bolupmy? Syýasy söhbetdeş. 1991ý. Türkmenistanyň taryhy boýunça hrestomatiýa. Düzüjiler: N.Rahymow, S.Weliýew, P. Goýunlyýew. Aşgabat. Magaryf. 1992 ý. 197 sah. Şol ýerde. Е.Л.Штеньерг. Очерки истории Туркмении. Москва. Гос-ое сон. Эк-ое изд-во. 1934 г.стр.39. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |