00:00 Tekepbir, owadan gyzyñ sawça aýdanlary | |
TEKEPBIR, OWADAN GYZYÑ SAWÇA AÝDANLARY
Goşgular
(Bahar baýramynda okalan degişme goşgy) "Žiguli" hasabam däl, Hasap däl "Wolgañ" ady. Ah, "Çaýka-da" ýerde gezýär, Bolsun onuñ samolýoty. Özi uly işli bolsun, Agzy gyzyl dişli bolsun, Uzyn boýly, hem owadan, Başy akyl-huşly bolsun. Iliñ tüçjar baýy bolsun, Iki gat daş jaýy bolsun. Gerdenlek hem pälwansypat. Rüstem Zalyñ taýy bolsun. Kolhoz işde işlemerin, Gury çörek dişlemerin, Hiç kim almasyn badymy, Altyn etsin dişlerimem. Alan mata, haladyñyz, Ýaýlyp ýatsyn misli deñiz Umuman, ilde ýok zadam Maña tapyp berersiñiz. Gezelenje ibärsiñiz, Okuwa-da salarsyñyz. Umuman, men näme diýsem, Şonuñ bilen bolarsyñyz. Ýüzüme bir bakyñ ahyr, Mynasyp däl men her kime. Meni diñe töre eltip, Bakyp oturyñ görküme. • GYZLAR Çyn ýürekden söýenine, Gyýa-gyýa garar gyzlar. Ýigitleriñ için ýakyp, Saçlaryny darar gyzlar. Ak sähra çykarlar seýle, Görüpmidiñ görnüş beýle?! Ogrynçadan nazar aýla, Seýkin basyp ýörär gyzlar. Döwrebap hukukly, erkli, Akyllydyr, dogry gepli. Söýgä wepaly, edepli, Ýigitlere ýarar gyzlar. Şirin jany bolsa tende, Siziñ şanyñyza günde, Siz üçin şahyr kalbynda, Çyn goşgular dörär gyzlar. • AÝJEMALYÑ ZÜLPLERI Şat şemala ykjaýar, Aýjemalyñ zülpleri. Ýüregimi mynçgaýar, Aýjemalyñ zülpleri. Zülpi ýañagyn öpýär, Dünýämde harasat gopýar, Ah, aý ýüzüni örtýär, Aýjemalyñ zülpleri. Ýakasynda ak gaýma, Gaýmany sypar öýme, Saña bakyp ýok doýma, Aýjemalyñ zülpleri! Ony sypasym gelýär, Şirin jana ot salýar, Erkimi elden alýar, Aýjemalyñ zülpleri. Goşulyp göwün sazyma, Tarlañ şirin owazyna, Ýene näz goşýar näzine, Aýjemalyñ zülpleri. Bermen dünýäñ baryna, Tahyryñ Zöhre ýaryna, Meni baglapdyr taryna, Aýjemalyñ zülpleri. • SEÝIL EDIP GYZ BILEN Ýüregimi sözledim, Seýil edip gyz bilen. Sözleñ gowsun gözledim, Seýil edip gyz bilen. Jahyllygyñ döwri bu. Ýürek bökýär misli guw, Kalbymda müñläp arzuw, Seýil edip gyz bilen. Gara gözlim seretse, Goý, eretsin eretse, Meniñ söýgim arassa, Seýil edip gyz bilen. Ömrüñ güli bu günler, Çözülişýär düwünler, ...Ýakynlaşýar göwünler, Seýil edip gyz bilen. • SÖWER ÝARA Ökdem Eminowyñ äheñinde. Billeri inçe-inçe, Bildirer derrew synça... Waspyn ýetirip bolmaz, Ömür, ömür ötýänçä. Boýlary uzyn-uzyn, Saçlary ýogyn-ýogyn, Söýgüsine wepaly, Gylygy hoş söz kimin. Gözleri ala-ala Saldyñ meni ne hala?! Unudarsyñ dünýäni, Keşbi gelse hyýala. Dilleri şeker-şeker, Elleri çeper-çeper. Ony elden giderseñ, Göwnüñ müdimi çöker. Gaşlary gyýma-gyýma, Akyly guýma-guýma, Ak ýüzi mähir-mähir, Ýokdur özgäni söýme. Ýañagy enar-enar, Edebinden il tanar. Onuñ ýary bolanyñ, Walla, uly bagty bar. • DEPREKÇI GYZ (Mamam Ogulşadyñ beren gürrüñlerinden) Baýyñ ýakyn adamlary, Sawçylyga gelipdirler. Bu obada gözel gyzyñ, Bardygynt bilipdirler. Gyz syçyrap turupdyr-da, Depregiñ kakyp başlapdyr. Süýji owaz göge galyp, Töweregi nagyşlapdyr: "Men baýa barman, barman, Barsamam durman, durman. Bitin nanyn bölmen, bölmen, Ýarty nanyn iýmen, iýmen, Men baýa barman, barman. Içerin awy, awy, Guraryn özüme dary. Aýal bolandan baýa, Giderin ölüme sary. Içerin awy, awy. Törüne geçmen, geçmen, Suwuny içmen, içmen. Men ýanýan söýgi, söýgi, Hiç wagt öçmen, öçmen. Oñ ýüzün görmen, görmen, Çaga dogrup bermen, bermen. Eger-de zordan alsa, Çeker ol arman, arman. Tiz git sen sawçy, tiz git, Göwnüme sen misli it. Bar meniñ ýarym, ýarym, Daglarda şirim, şirim". Muny eşiden sawçylar, Turmak bilen bolupdyrlar. Nähak ýerden uzak ýerden, Gelendigin bilipdirler. Gyz depregin goýupdyr-da, Horkuldap, aglap başlapdyr. Şeýdip, deprek gyz ýüregniñ, Gussasyn zyñyp taşlapdyr. Eziz YKBAL. | |
|
√ Güljahana iberilmedik goşgy / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Bozajak seni / Goşgular - 22.05.2024 |
√ "Söýüň gül roý ajap enelerimizi" / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Gitseň / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Ynan, Läläm / Goşgular - 18.09.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Jojak zalym / Goşgular - 11.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |