14:30 Teke han kim bolupdyr? -2 / makalanyñ dowamy | |
* * *
Taryhy şahslar
Sarahsda Teke hanyň suraty babatda hem bulaşyk pikirler bar. “Syýasy söhbetdeş” žurnalynyň 1990-njy ýylyň 11-12 sanlarynda Güljemal hanyň, Magtymguly hanyň, Ýusup hanyň we Annamyrat dilmajyň bilelikde oturan suratlary çap edildi. Şol suratlaryň tekstinde düşürilen wagty 1905-nji ýyl, Güljemal hanyň gapdalynda oturan adam bolsa Magtymguly han diýlip görkezildi. 1991-nji ýylyň ýanwar aýyndaky sanynda şol žurnal ýaňky surat bilen bir wagtda aldyrylan başga bir suraty çap etdi. Ol suraty arhiwden alan we tekstini ýazan taryhçy N.Rahymow: Arhiwde “Türkmen delegasiýasy Peterburgda. 1913 ý.” diýip görkezilen hem bolsa şol suratyň Türkmeistanyň Russiýa birikdirilmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli ak patyşanyň huzyryna giden delegasiýa bolmagynyň mümkindigini, özüniňem suratda görkezilişi ýaly 1913-nji ýylda-da, öňki gezek žurnalda berilşi ýaly 1905-nji ýylda-da däl-de, 1910-njy ýyllarda düşürilen bolmagynyň ahmaldygyny belledi. Güljemal hanyň sag tarapynda oturanyňam Magtymguly han däl-de, Ýusup handygy, öňki gezek atlarynyň çalşyrylyp berilendigi düzediş hökmünde okyja ýetirildi. Şu ýerde siziň ünsüňizi başga bir zada çekesimiz gelýär. Pedogogika ylymlarynyň kandidaty, dosent, asly Sarahsly, Teke hanyň obadaşy Annamuhammet Ýazyýew, Leningradda okap ýörkä, şol ýerde Teke hanyň suratynyň bolmalydygyny birinden eşidendigini, şony gözläp ýörkä taryhy muzeýde MDA-nyň filialy/ şol gürrüňi edilýän suratyň üstünden barandygyny hem-de 1973-nji ýylda negatiwden kagyza geçirdip Aşgabada alyp gaýdandygyny, ony hem sarahsly Goçmyrat mugallymyň 1976-njy ýylda oba äkidendigini, şunuň içinde Teke han barmy, diýip, sarahsly ýaşulylara ýeke-ýeke görkezendigini, ahyram şol wagt 92-ýaşynda bolan Gylyç Penjuwaryň suraty alyp öýden çykandygyny, günüň ýagtysyna ep-esli synlandan soň Güljemal hanyň çep tarapynda oturan adamy görkezip: “Ine, şu Teke han” diýendigini aýdýar. Şondan soň sarahslylar şol suraty Teke hanyň suraty hökmünde kabul edipdirler we köpeldip birek-birege ýaýradypdyrlar. Şol surat Teke hanyň agtygy Nobat aganyň töründe häzirem asylgy dur. Dogrusyny aýtsak, şol surat Nobat aga juda meňzeş. Ilki görenimizde muňa bizem haýran galdyk. Onuň hakykatdanam Teke hanyň suratydygyna ynandyk. Emma şu işlere ulaşyp ýörşümize suratly mesele barada-da kän zatlaryň aýdyňlaşdyrylmalydygyna göz ýetirdik we Teke hanyň suratyna guwanyp ýören Nobat agany, onuň ogul-gyzlaryny, ähli dogan-garyndaşlaryny we külli sarahs ilini biçak gynandyrjakdygymyzy bilsek-de hakykaty aýtman oturmaklygy özümize uslyp bilmedik. Indi bolsa delillerimizi orta atalyň. Birinjiden-ä biziň pikirimizçe şol suratyň 1910-njy ýylda däl-de, hakykatdanam 1913-nji ýylda düşürilen bolmagy juda ahmal. Çünki, şol suratdakylar Türkmenistanyň Orsyýede birikdirilmeginiň 25 ýyllygy däl-de Romanowlaryň 300 ýyllyk toý dabarasyna giden bolsalar gerek. Muny türkmen deputasiýasy bilen bir wagtda Hywa hany Ispendiýar hanyň we onuň golaý-goltumlarynyň düşen suratynyň bardygy hem tassyklaýar. Diýmek, şol gezek ol ýere ýeke bir Türkmenistandan däl-de, eýsem tutuş Orta Aziýanyň, belki-de Orsyýediň ähli koloniýalaryndan uly bir gidişlik bolupdyr. Şol suratlaryň hemmesiniň annotasiýasynda: surata düşürilen ýeri Peterburg, 1913-ýyl, diýlip görkezilen. 1898-1899-njy ýyllarda hanlygyny tabşyran, garry, ýarawsyz adamyň 1913-nji ýylda Peterburga çagyrylmajakdygam, gitmejekdigem asla gidip bilmejekdigem düşnüklidir. Şamman aganyň aýdyşy ýaly ol 1912-nji ýylda ölen bolsa-ha o wagt Teke han eýýäm aşy-suwy sowulan adam bolýar. Bar, ol entek ýaş eken, dünýede bar eken, hanlygam tabşyrman eken diýäýenimizde-de, Romanowlaryň tagt toýuna Sarahs ýaly kiçi pristawlaryňk-a beýle-de dursun, hatda uezd hanlyklarynyňam hemmesi çagyrylan däl bolsa gerek. Ol ýere Zakaspi oblastynyň diňe Aşgabat, Mary, Kerki ýaly uly hanlyklarynyň hanlary giden bolmaly. Sarahsdan han gitmeli bolaýanda-da, ol gezek Teke han däl-de, Meňli han gitmeli. Çünki Teke han hanlygyny baryp-ha geçen asyryň aýagynda şoňa tabşyrypdy. Ikinjidenem, henize çenli Gylyç Penjuwardan başga şol suratdaka Teke han diýen adam ýok. Hatda şol surat öňürti Magtymguly hanyň, soň Ýusup hanyň ady bilen žurnalda çap bolandan soňam şu suratdakylary tanaýan adam bar bolsa seslensin, diýip redaksiýa uly ile jar çekenden soňam şol suratyň Teke hanyňkydygyny tassyklap, ne sarahslylardan, ne-de taryhçy alymlardan seslenenei bolmady. Üçünjidenem ol döwür Teke han segsenden geçen adam. Suratdaky bolsa ýaş. Onda uzak ýaşan adamyň ak sakgal-a baýaky, iň bärkisi sarahslylaryň aňyna uzyn boýly, gara çäkmenli Teke hanyň ýeke-täk nyşany hökmünde giren uzyn gara sakgalam-a ýok. Onsoňam suratdakynyň Ýusup handygyny, şondan başga adam däldigini ähli arhiw dokumentleri tassyklap dur. Muny akademik M. Annanepesowam, türkmen hanlary barada ylmy iş ýazan Muhammetgurban Orazow hem, beýleki alymlaram çürt-kesik tassyklaýarlar. Iň ýeser ýeri Ýusup hanyň özi ýüzüňe seredip otyr. Mahlasy, belli zat barada jedel edip oturmagyň geregi ýok. Elbetde, suratda 1913-nji ýylda türkmeniň iň uly taýpalarynyň hany hökmünde Peterburga, toý dabarasyna çagyrylan uly hanlar: Magtymguly han, Ýusup han, Güljemal han dagy otyrlar. Has takygy Güljemal han öz ogullary bilen otyr. Indi jedlli meseleleri bir tarapa süýşürip Teke hanyň bitiren hyzmatlaryna, taryhy hereketlerine we on dokuzynjy asyryň birinji ýarymyndan başlap tä, segseninji ýyllaryň ortalaryna çenli iň bir pajygaly wakalary başyndan geçiren salyr türkmenleriniň durmuşynda oýnan roluna degişli maglumatlar bilen tanyş bolalyň. Salyr türkmenleriniň Teke hana bolan söýgüsini segsen ýylyň howaýy aýralygam söndürip bilmändir. Ýerli halk onuň esasy edermenligini salyr türkmenleriniň iň soňky gezek Sarahsa ýygnandygy hasap etse, pähim-paýhaslylygyny öz ýerine han saýlamaly bolanda ogullarynyň hiç birini görkezmän, şo çaka çenli özi bilen jetleşikde ýören Kiçaga hany Meňli hany görkezendigi hasap edýär. Şonda käbir ýaranjaňlar özlerini orta oklaşyp: “Hanyň ýerine hanyň ogly han bor-da, ine, Mämmet ba, Şajyk ba, goý şulaň birini öz ýeriňe” diýipdirler. Teke han bolsa: Ýok, meň oglanlarymdan han bolmaz. Olayň bir-ä keýpi-sapa urdy, beýlekisiniňem eje tarapy ýaramaz, neriňem döli bolmaz diýipdirler, öňde-de halka kynçylykly günler garaşýar, il-halky abat saklamak üçin syh ýaly han gerek, şonuň üçinem öz-ä ogry ýaranydyr welin Gara ýüzi saýlaýyň, bu işi şondan başga başarjak bolmaz” diýip jogap beripdir. Teke hanyň Meňli hana Gara ýüz diýmeginiň sebäbi ol orta boýly, daýanykly, gözleri ýanyp duran, garaýagyz, golçapisint adam ekeni. Ogry ýaranydyr, diýmeginiň sebäbi bolsa – ol käte ogrulyklarada gol ýapaýýan ekeni. Goşluşaýýanam ekeni. Onuň ogry ýarany bolandygyny Teke hanyň ýerine geçenden soň halky kän çürkändigini Mollamurtyň “Gara ýüz”, “Meňli han” atly goşgularyndan hem aňmak bolýar. Şol goşgulardan mälim bolşy ýaly, Meňli han salyryň özüne degişi gaplaň hem-de arslan uruglaryna gol ýapyp, galan urug-tireleri gözden salypdyr. Arhiw dokumentleriniň salgy bermegine görä, Meňli han Sarahs pristawlygyndaky milisiýanyň ştabs-kapitany bolupdyr we ak patyşanyň düzgünine gulluk edipdir. Gürrüňçi Ýagmyr mola Durdyhajy oglunyň aýtmagyna görä, “bolşewik-menşewik” döwri başlanandan soň ak patyşanyň goşunlary serhetden gidipdir we ony Meňli han öz jigitleri bilen gorapdyr. Meňli han käbir kemçiliklerine garamanan hakykatdanam gaýduwsyz, edermen, Teke han ýaly agramly adamlar bilenem darkaş gurubilýän dogumly adam bolupdyr. Käbir maglumatlara görä, onuň özem, ogullary Baky handyr Baba hanam 1918-nji ýylda Eziz han tarapyndan atylyp öldürilipdir. Meňli han öňürti, Baky han bilen Baba han ikisi bolsa soňundan, bilelikde öldürilipdir. Meňli hanyň tutulyşy barada şular ýaly gürrüňler gulagymyza degdi. ...Gijäniň bir wagtlary Eziz hanyň nökerleri gelip Meňli hany turuzypdyrlar. Daşaryk çagyrypdyrlarda Eziz hanyň çagyrýandygyny aýdypdyrlar. Oňa hat-da öýe girip-çykmaga-da maý bermändirler. Rejäniň geň däldigini aňan Meňli han aýalyny çagyryp: “ýassygymyň aşagynda nas kädim bardyr, şony getir” diýipdir. Aýaly öýe girip çykypdyrda: o ýerde-hä ýok, diýipdir. Şonda Meňli han aýagy bilen ýer depip: “Nas kädimi getir diýýän men saňa!” diýip gygyrypdyr. Aýaly bolsa o gezegem: ýok ekeni, diýen jogap bilen gaýdyp gelipdir. Meňli han: “Häk, bolmady-ow”, diýip başyny ýaýkapdyr-da, sessiz-üýnsiz atlylaryň öňüne düşüpdir. Soň görüp otursalar Meňli hanyň ýassygynyň aşagynda nagany bar ekeni. Meňli hanyň ogly Baba hanyň Peterburgda okandygyny, rus dilini suw içen ýaly bilendigini özüniňem diýseň görmegeý ýigit bolandygyny aýdýarlar. Hatda ony Eziz hanyň atdyrandygy barada habar gelende ejesi ynanMandyr. “Ýok! Ýalandyr! Meň oglumy haýwanda-ynsanda oka dözjek ýokdur...” diýipdir. Ýöne, 1918-nji ýylda, Krasnowodskide aklar tarapyndan sud edilende Eziz hanyň: “Kimi öldürenem bolsam boýnuma alýan, ýöne, Meňli hanam onuň ogullarynam men öldüremok” diýendigi baradaky dokumente duşandygyny Türkmenistan YA-nyň Taryh institutynyň ylmy işgäri Juma Annaorazow aýdýar. Şol suda Meňli hanyň ogly Esen han hem şaýat hökmünde gatnaşypdyr we Eziz hanyň şol sözlerini eşidipdir. Juma Annaoraz, mundan iküç ýyl öň gürrüňdeş bolanda, Eziz hanyň “Owadan depede” ýaşaýan ogly Hommat aganyň, Meňli hany Eziz hanyň öldüren bolaýmagynyň ahmaldygy baradaky pikiri orta atandygyny hem aýtdy. Hommat aganyň aýtmagyna görä, Sarahsdan kimdir biri gelip Meňli hanyň üstünden Eziz hana arz edipdir. Şikaýat ar-namys ýoluna degişli bolupdyr. Eziz han şonda gazaba münüp, nökerlerine Meňli hany öldürmekligi buýrupdyr. Buýruk ýerine ýetirilen bolmaly. Çünki, birnäçe gün geçenden soň, Eziz hanyň gapysynda Meňli hanyň ogly Baba han peýda bolupdyr we: “Han! Çyk, gaýratyň bolsa! Men atamyň aryny aljak!” diýip, atyny bökdürip kän durupdyr. Emma Eziz han çykmandyram, Baba hany öldürmekligem buýurmandyr. Baba han barada birneme giňişleýin aýtsak bolsa, ol – Birinji jahan urşy döwründe patyşa goşunynda gulluk eden harby adam. Şol döwür çini unter-ofiser bolan. Polşanyň çäginde Germaniýa garşy, Günbatar Ukrainanyň çäginde Awstro-Wengriýa garşy söweşýär. Üç sany Georgiý hajynyň doly kawaleri bolýar. Onuň Wenada atly düşen suratyny we Meňli hanyň Eýrana geçen nebereleriniň köpüsiniň suratyny bir sebäp bilen ele salandygyny ýöne, Sarahsly Begmyrat Gandymowyň raýon gazetinde çykartmak üçin alyp gidip, ýitirendigini Juma Annaoraz gynanç bilen ýatlaýar. Atasynyň ady dakylan, häzir Eýranyň Törbet-Jam diýen ýerinde ýaşap ýören, 70 ýaşly Baba han şol suratlarda entek çagajyk ekeni. /Suratlary getirenem şol/. Juma Annaoraz ol suratlar Meňli hanyň ogly Esen hanyň Maşatda, iňlis konsullynda işläp ýören döwri alynandyr diýip çaklaýar. Ol Meňli hanyň ogly Baba hanyň Oraz Serdar bilen dost bolandygyny, Eziz hanyň bolsa Oraz Serdar bilen ters bolandygyny, Baba hanyň ölümine şol zatlaryň sebäp bolan bolaýmagynyň mümkindigini hem aradan aýyrmaýar. Seýit aga Meňli hanyň şejeresini şeýleräk görkezýär. Aňyrlygyna: Meňli han-Berdimyrat han. Bärligine: Meňli han – ogullary: Baba han, Baky han, Esen han, Sähet han. Baba handan ogullary: Aky han, Goşa han... şu ýerde şerejäniň yzy üzülýär. Seýit aganyň aýtmagyna görä, Berdimyrat han ýogalanda Meňli han 15 ýaşlaryndaky oglan ekeni. Kakasy ýogalandan soň, Meňli han öz obasyna desbi-dähel han bolýarmy ýa ýok, ony bilemzok, ýöne, ýokarky usul boýunça barlag geçirip hasap ýöretsek, şol sene salyrlaryň Pendiden gaýdyp birinji gezek Zurabatda (salyrlar oňa Zirewe diýýärler) oturan döwürlerine, ýagny, 1866-njy ýyla gabat gelýär. Şamman aganyň gep salgy boýunça Teke hanyň kakasy Nazarmuhammet hanam şol ýerde ýogalýar. Indi Teke hanyň salyrlary iň soňky gezek Sarahsa ýygnaýşy barada. Bu gürrüňiň düýp mazmunyny içgin açyp görkezmek üçin, biz salyr türkmenleriniň taryhyna ýüzlenmeli bolýarys. ...Salyrlaryň nesilbaşysy köpleriň çaklaýşy ýaly, Salyr Gazan däl-de, Oguz hanyň Dag han oglundan bolan agtygy Salyr handyr. Salyr Gazan bolsa, salyrlaryň köpelip, IX–X asyrlarda oguzyň iň güýçli taýpalarynyň biri hökmünde orta çykan döwürleri, şol taýpanyň içinden dörän alp ärdir. Onuň mekany Syr derýanyň aşak akymyndaky Gazygurt, Garajyk daglarynyň degresidir. Oňa “Garajygyň gaplaňy” diýilmegem şonuň üçindir. Onuň Gazan adynyňam şol lakam bilen baglanyşykly bolmagy ahmal. Çünki, “Gazanper” /gazanfer/ diýmek arap dilinde ýolbars, şir diýmekligi aňladýar. Salyr Gazan oguzlaryň arasynda yslamy ýaýradan, ömrüniň ahyrky ýyllary Mekgä zyýarata gidip gelen, Oguz han tarapyndan döredilen güýçli oguz döwletiniň, iki gezek gurlup, iki gezegem içki agzalalyk zerarly synan Beýik Türk hanlygynyň öňki şöhratyny täzeden dikeltmek üçin, Gorkut ata ýaly sowatly adamlar bilen bilelikde, oguz taýpalaryny birsyhly agzybirlige çagyran we bu ugurda uly-uly tagallalar eden adamdyr. Ol daşky hem içki oguzyň serdarydyr. Salyr Gazandan soň salyrlaryň öňüne düşen – Salyr Ogurjykdyr. Onuň taryhy gysgaça şeýleräk: Seljuklar imperiýasy döremezinden ep-esli öň, Diňli begiň ýolbaşçylygynda 10 000 öýli salyr Horasana göçüpdir. Ol ýerde ep-esli oturanlaryndan soň Yraga barypdyrlar. Soltan Sanjaryň kakasy Gazy Mälik şa Yragy basyp alandan soň salyrlar bilen oňuşMandyrlar. Netijede, salyrlaryň bir bölegi-hä şanyň gullugyna geçipdir, bir bölegem Yrakdan çykyp Maňgyşlak sary ugrapdyr. Birnäçe wagt geçenden soň, Yrakda galan salyrlaryň içinden Ogurjyk atly är döräpdir. Onuň döwründe Yrakda Baýandyr han häkimlik edýän ekeni. Salyr Ogurjygy professor Mäti Kösäýew Göroglynyň prototipi hasaplady. Alym B.Weliýew hem bu pikiri goldady. Edebiýatçy A. Bekmyradow hem bulara goşuldy. Ýöne, ol Ogurjyk Oguz hanyň – Üker – Ükür – Ugur – Ogur – Oguz görnüşindäki has irki ady bolaýmasyn diýen çaklamany ýüzüne tutdy. Elbetde bu zatlar alymlaryň öz işi. Olaryň jedellerine goşulara çakymyz ýok. Ýöne, S.P.Tolstowyň 1950-nji ýyly 3-nji fewralynda AGPI-niň ylmy konferensiýasynda eden çykyşyndan ugur alsaň, oguzlary baryp-ha ant eýýaminiň awtorlary hem hiç hili üker-ükür-ugur diýip däl-de “augasiler” diýen at bilen agzaýan ekenler. Salyr Ogurjygyň, ýagny, Ugurjygyň Ükürjigiň Göroglydygyny Şeýdaýy hem tassyklaýar. Körhan ogly Ugurjyk alp, Gezdi türk ilin at salyp, Görogly oňa at galyp, Paç alyp geçdi sag-soly. Bu taryhy şahs barada Abylgazy: “...Ogurjyk Baýandyr hana gulak asmady, duşman boldy, emma gaýtawul bererden güýji asgyn bolansoň bir müň öýli salyr bilen Şemaha geldi” diýýär. Onuňam ýüz öýlisiniň garkynlardandygyny aýdýar. Baýandyr handan ätiýaç edip Ogurjyk ol ýerdenem Kryma barypdyr. Ol ýerde-de uzak eglenmän, Itilden geçipdir we Ýaýyga gelipdir. Abylgazy şondan soň Ogurjygyň Maňgyşlaga, Abylhan daglaryna barandygyny aýdýar. Salyrlar şol ýerde ornaşypdyrlar we XIV–XVI asyrlarda, özlerinden başga-da saryk, ärsary, teke, ýomut taýpalaryndan ybarat bolan salyr soýuzyny, ýagny, taýpalar bileleşigini döredipdirler. XVIII asyryp ikinji ýarymynda, Nedir şa ölenden soň Maňgyşlak Balkan sebitlerinden gaýdyşlyk bolanda ähli türkmen taýpalary bilen bilelikde salyrlaram o mekany terk edipdirler. Olar ilki Buhara, Hywa, Köneürgenje, soň Hojambaza ondanam Pendi sebitlerinde mekan tutupdyrlar. Kem-kemdenem Sarahsa süýşüpdirler. Şu taryhy hereket barada salyrlaryň arasynda “Salyr soňy Sarahs, galyberse Köneürgenç, Maşady-Misirianam diýsemmikäm, diýmesem-mikäm” diýen ýaly söz bar. Olar: Bir zaman salyr ili Çyn-Maçyn ýurduna göç eýläpdir. Şonda onuň ujypsyzja bölegi bölünip galypdyr. Göçüp barýanlar serhede ýetiberenlerinde yzlaryna garap: “Häk, atyň depeli ýaly bölegimiz galdy-ow, diýipdirler. Şol galan bölegem ine, biz bolmaly”, diýibem aýdýarlar. Olaryň gidipdirler diýýän bölegi häzirem Hytaýda, Sary deňziň boýunda ýaşap ýören salyrlar bolmaly. Türkiýedäki Garaman oblasty hem salyrlaryň iň gadymy we güýçli şahasy bolan Garamanlar bilen baglanyşyklydyr. Garamanlar, olaryň seljuklar döwri Kiçi Aziýada oýnan rollary barada akademik W.A. Gordlewskiý hem iňňän köp maglumat berýär. Biziň söhbetimiziň üns merkezinde durýan Teke hanyň hem hut salyrlaryň garaman tiresindendigini biz başda belläp geçipdik. Umuman, türkmen halkynyň taryhynda aýgytlaýy rol oýnan salyr taýpasy dürli sebäplere görä kem-kemden dürli ýurtlara dargapdyr, ýowuz uruşlaryň, göç-gonuň netijesinde san taýdan azalypdyr, ysgyndan gaçypdyr we güýçli taýpa bolmagyny bes edipdir. Her nämede bolsa salyrlaryň Sarahsa gelen ujypsyzja bölegi entek-enteklerem ata-babalarynyň abraýyndan peýdalanypdyrlar we ähli türkmen taýpalary tarapyndana, Hywa hanlary tarapyndanam hormatlanypdyrlar. Şol döwür ýagny, XVIII asyryň aýaklary, XIX asyryň başlary olar ne Eýrana, ne Buhara emirligine, ne Hywa hanlygyna hiç kime garaşly bolmandyrlar. Ýöne ýol üstünde oturandyklary sebäpli Eýran bilenem, Hywadyr Buhara bilenem dil tapyşmaly bolupdyrlar. Şeýle-de bolsa, syýasy ýagdaýyň üýtgemegi bilen soňabaka olar Hywa hanlygyna paç töläp başlapdyrlar. Hywa hanyňam Sarahsda oturan salyrlar bilen aragatnaşygyny bozasy gelmändir we olary häli-şindi sylaglap durupdyr. Hatda, Horasan welaýatyndan basylyp alnan galalary salyrlara peşgeş beren wagtam bolupdyr. Emma 1828-nji 30-njy ýylda Orsyýet bilen Türkmençaý şertnamasyna gol çekişenden soň, tutuş Zakawazýe Orsyýete geçýär. Eýran tagtynyň mirasdüşeri Albas Mürze Horasandaky ýagdaýlara ünsi güýçlendirýär. Hywa hany Allaguly han bilen soýuzdaşlyk eden hanlaryň iň esasysy bolan Ryzaguly hany tutup Maşada iberýär we 1832-nji ýylyň oktýabr aýynda gyssagly suratda Sarahsa ýöriş edýär. Şol ýörüşiň öň ýany Sarahsa syýasat eden A. Borns şeýle ýazýar. “...Salyrlar oturymly we örän baý halk. Olaryň mes toprakly ýerleri, bol suwlary bar. Bu bolsa olara oba hojalyk önümlerini köp mukdarda öndürmäge mümkinçilik berýär. Olaryň süri-süri mallary, bedew atlary bar. Halyçylyk sungaty diýseň ösen. Olar düýe ýüňünden çäkmenler dokaýarlar”. Bu dokumenti nämüçin getirendigimiziň sebäbine häziriň özünde düşünersiňiz. Ýagny, Apbas Mürzäniň şol çozuşyny taryhçylar türkmen halkynyň taryhynda aýgytlaýjy rol oýnan salyrlaryň gününi ýaşyran, asyrlar boýy gazanan şan-şöhratlaryny aýak astyna düşüren, iň bir aýylganç we surnukdyryjy waka hasap edýärler. Şol gezek hakykatdanam uçursyz köp adam gyrlypdyr, diri galanlardan üç ýarym müň maşgala Eýrana ýesir edilipdir. Apbas Mürzäniň bir özi üç müň öýli salyry we 300 sany saýlama bedewi olja alypdyr. Ammarlardaky bugdaýlar syrylyp-süpürilip Maşada ugradylypdyr. Sarahs galasy ýer bilen ýegsan edilipdir. Uzak wagtlap zar-zelillikde, hot-homsylykda, kemsidilmekde geçjek agyr günleriň ilkinji sagatlary başlanypdyr. Şondan soň olar bu urgydan hakykatdanam hiç haçan aýňalyp bilmändirler we sansyz göç-hä-göçlükleriň, harby şowsuzlyklaryň netijesinde iň bir pes, üçünji derejeli taýpa öwrülipdirler. Munuň hakykatdanam şeýle bolandygyna göz ýetirmek üçin, elli ýylyň göç-gonundan soň, ýagny 1884-nji ýylda salyrlaryň Sarahsa iň soňky gezek ýygnanan döwürleri şol ýere syýahat eden P.M.Lessaryň “Günorta-günbatar Türkmenistan” salyrlaryň we saryklaryň ýurdy/ atly işinden bir jümle alyp göreliň. Ol Bornsyň agyz suwardyň öwen ülkesi we onuň ilaty barada şeý diýýär: “Salyrlar türkmen taýpalarynyň içinde iň ejizi hem garybydyr. Olaryň hatda gara öýlerem ýok. Palçyk bilen daşy suwalan gamyş kepbejiklerde we çatmalarda ýaşaýarlar. Goýun sürüleri ýok diýen ýaly. At, düýe käte bir göze ilýär.” Teke han salyrlaryň ine, şular ýaly ysgyndan gaçan, egbarlan we ykbalynyň jan gerekmi pyçaga dirän wagty orta çykan handyr. Ol han bolup hanlygyň hözürini gören adam däldir. Onuň hanlygy hanlyk däl-de jebirdir, jepadyr, zulumdyr. ...Howwa, 1832-nji ýylyň ýowuz gyrgynçylygyndan soň salyrlar aýňalMandyrlar. Olaryň ýesir düşmän diri galanlary ýene Ýolöten, Tagtabazar sebitlerine aşypdyrlar. Ol ýere baryp Şol ýerde öňden bäri oturan salyr garyndaşlary bilen bilelikde Ýolöten galasyny gurupdyrlar. Olaryň gidenine dört-bäş ýyl geçenden soň bolsa, Ahalyň “Bäşgala” diýen ýerinden, Oraz Ýaglynyň Hojam şüküriň ýolbaşçylygynda gaýdan we Mäne-Çäçeniň, Tejen topragynyň üsti bilen assa-ýuwaş süýşüp gelýän teke türkmenleri Sarahsa gelipdirler we şol ýerde ýigrimi ýyla golaý oturypdyrlar. Biziň pikirimizçe Kemine-de, Mollanepesem Sarahsa şol, Oraz Ýaglynyň getiren teke türkmenleri bilen gelen bolmaly. Sarahsa gelenlerinde Mollanepes 26 ýaşynda, Kemine şahyr bolsa 66 ýaşlarynda bolmaly. Muny bilmek üçin şeýleräk hasap ýöretmeli: Mollanepesiň doglan ýyly 1810-njy ýyl, Sarahsa gelen ýyly 1836-njy ýyl. 1836-1810=26. Keminäniň doglan ýyly 1770-nji ýyl. Diýmk ol Sarahsa ömrüniň iň soňky ýyllary gelipdir we ol ýerde bary-ýogy dört ýyl ýaşap ýogalypdyr. Okuw kitaplarynda Keminäniňem, Mollanepesiňem doglan ýeri Sarahs diýlip şu çaka çenli nädogry görkezilip gelinýär. A. Gürgeliniň baryp-ha 1940-njy ýyllarda orta atan ýalňyş çaklamasyndan nämüçindir henizem saplanyp bilenoklar. Sözümizi jemläp aýtsak, Keminäniň doglan ýeri Ahal, ýatan ýeri Sarahs topragydyr. Mollanepesiň doglan ýeri Ahal, jaýlanan ýeri Marydyr. Ýöne welin, Sarahsda mesgen tutan teke türkmenlerine-de parahat durmuş miýesser etmändir. 1855-nji ýylda Hywa hany Muhammet Emin han Sarahsa goşun çekip gelýär. Gowşut hanyň baştutanlygynda tekeler ýeňiş gazanypdyrlar. Hywa zulmyndan dynan hem bolsalar, olar Eýran tarapyndan abanýan howpdan halas bolup bilmändirler. Şonuň üçinem 1857-nji ýylda Mara göçýärler. Netijede, şondan öň Maryda oturan saryklar ýokaryk süýşüp başlaýarlar. Ýolötende oturan salyrlar bolsa Eýranyň Zutabat diýen ýerine göçüp gidýärler. Salyrlar Zurabatda on iki ýyl oturypdyrlar. Emma oturan ýerleriniň daglyk, ekin üçin ýaramaz bolandygy zerarly Gerurut–Tejen derýasynyň sag tarapyna goýbermeklerini Eýran häkimlerinden haýyş edipdirler. Eýran äkimleri olara: Eger-de saryklaryň we tekeleriň alamançylygyndan serhedi goramakdygyňyzy boýnuňyza alsaňyz goýbereli” diýipdirler. Salyrlar muňa bialaç boýun bolupdyrlar. Muňa gahar edip tekeler salyrlaryň tas, ähli mallaryny diýen ýaly sürüp gaýdypdyrlar we diňe hemmesi Mara göçüp gelen agdaýynda mallaryny dolap berjekdiklerini aýdypdyrlar. Şeýlelikde, salyrlar on ýyllap, ýagny, 1871-1881-nji ýyllar aralygynda Maryda, mejbury ýagdaýda oturypdyrlar. Olary bölüp-bölüp, her obanyň gapdalynda hemsaýa hökmünde saklapdyrlar. Şu ýerde bir zada siziň ünsüňizi çekesimiz gelýär. Ýagny, şol döwre çenli, 60-70 ýylllap salyrlaryň umumy hany bolmandyr. Olaryň esli wagtlap umumy hanlarynyň bolmandygyny şu aşakdaky maglumatlar hem tassyklaýar. “Salyrlar Sarahsa göçüp gelmezlerinden öň Daşhowuzda (Köneürgenç bolsa gerek) ýaşapdyrlar we Hywa raýat bolup oturypdyrlar. Salyrlaryň sany az ekeni we olar daş-töwerekden ynjydylýan ekeni. Şonuň üçinem olar Buhara göçmeli bolupdyrlar. Emma Hywa hanynyň olary goýberesi gelmändir. Şonuň üçinem kiçaga tiresiniň “başarja” urugyndan bolan Tenegiň ýolbaşçylygynda salyrlar Hywa hanyna garşy uruş edipdirler. Tenek “ýeýke” urugyndan bolan Öde Meňli hem-de Gurban Meňli diýen aga-inini özüne kömekçi edip belläpdir. Uzaga çeken göreşden soň, salyrlar Hywadan gitmäge mümkinçilik gazanypdyrlar we Buhara baryp, Buhara emirliginiň raýatlygyny kabul edipdirler. Buhara emiri olary saýatlaryň arasynda ýerleşdiripdir. Şol ýerde bolýan döwürlerinde Öde meňli bilen Gurban Meňli ikisi Tenege garşy pitne turzupdyrlar. Tenek olardan ar almak isläpdir we emirden ol ikisini jezalandyrmagyny haýyş edipdir. Buhara emiri onuň haýyşyny berjaý edipdir we pitnaçileri dardan asmaklygy buýrupdyr. Üç-dört ýyl geçenden soň, Şde Meňliniň inisi Işbaşy ýigit çykýar we agasynyň aryny alýar. Tenegi öldürip ýerine han blýar. Ganjaryşmanyň has ula sapmagyndan ätiýaç eden Buhara emiri Işbaşynyň baştutanlygynda salyrlaryň bir bölegini şol wagt Buhara emirligine garaşly bolan Sarahsa göçüripdir.” Aýdyjylaryň salgy bermeklerine görä şol gezekki göçüşlik 1780-nji ýyllarda bolupdyr. Ýöne, olaryň galan bölekleri Sarahsa XVIII asyryň aýaklarynda, XIX asyryň başlarynda gelen bolsalar gerek. Sarahsa gelenden soň Işbaşy uzak ýaşamandyr. Üç-dört ýyldan soň ýogalypdyr. Ine, hut şu Işbaşydan soň Sarahsda oturan salyrlarda umumy han bolmandyr we olar kyrk-elli ýyllap eýran tarapa alaman etmek bilen, baş-başdaklykda ýaşapdyrlar. Şol alamançylyklaryň netijesem, 1832-nji ýylyň pajygaly wakasyna getiripdir. Şol urşuň öň ýany Sarahsa syýahat eden A.Borns hem: “Salyrlaryň durmuşyny 12 sany aksakgal – kethuda dolandyrýar. Mysal üçin Dönmez atly aksakgal 300 maşgala ýolbaşçylyk edýär” diýip ýazýar. Şol wagt Hywa hanlygyna garaşlydygyna garamanan, Sarahsda han düzgünine degişli hiç hili administratiw döwlet strukturalary ýok ekeni. Zurabatda oturan döwürlerem, ol ýerden soňky gezek Sarahsa göçüp gelenlerinden soňam, salyrlaryň ýeke-täk, umumy hanlarynyň bolmandygyny, Teke hana Garamanyň we Ýalowajyň bir böleginiň, Meňli hahana-da Kiçiaganyň we ýalawajyň bir böleginiň boýun egendigini kiçiagaly daýhan Myrat Berdiýew özüniň otuzynjy ýyllarda beren maglumatynda ýatlaýar. Ýöne, Eýran raýatlygyndan çykyp, Orsyýede birikmek isleýändiklerini bildirip ýazan arzalarynda, Teke han salyryň umumy hany hökmünde gol çekipdir. Öz möhrüni basypdyr. Meňli hanyň bolsa umumy gol çekenleriň arasynda ady hem ýok. Diýmek, şol döwür salyrlarda umumy han, kazy, kethuda, molla diýen ýaly bir agza bakdyryjylyk elementleri ýüze çykyp ugrapdyr. Bu – raýat bolup oturan döwletleriniň täsiri bolmagam mümkin. Umumy han bellemek meselesi welin, gürrüňçileriň belleýişleri ýaly öňürti hakykatdanam Gowşut han tarapyndan amala aşyrylan bolmagam mümkin. Çünki, Gowşut düşünjeli, progressiw häsiýetli adam we güýçli serkerde bolupdyr. Agzalaçylygyň, böltekçiligiň türkmen halky üçin baryp ýatan betbagtçylykdygyna düşünipdir. Galyberse-de, “hemsaýaryny” göz astynda saklamak üçinem oňa ýeke-täk han zerur bolupdyr. Ýöne, biz Teke hanyň Zurabatda birinji gezek oturylan döwri Maşat hany /ýöne, ol wagt Alymerdan han däl/ tarapyndan umumy han hökmünde bellenen bolmagynyň mümkindigini hem aradan aýyrmaýarys. Çünki, şol on iki ýylyň dowamynda Teke han tamynan 28-40 ýaşlaryndaky adam bolýar. Şamman aganyň tassyklamagyna görä, Teke hanyň kakasy Nazarmuhammet hanyň ýogalan wagtam şol döwre gabat gelýär. Meňli han bolsa ömrüniň 8 –ýaşdan – 20-ä çenli bolan aralygyny şol ýerde geçirýär. Onuňam öz obasyna Zurabatda otyrkalar ýa-da Mara gelensoňlar han saýlanan bolmagy mümkin. Ýöne, nirede saýlansa-da, tä Teke han hanlygyny tabşyrýança, ol umumy han hökmünde ykrar edilmändir. Emma teke hana boýunam bolmandyr. Çünki, taryhyň gatlaryna siňe seredenimizde ol bize gara ýüzüni ýalpyldadyp Teke handan ýa gara görnüm yzda, ýa-da ýeňsesini tüňňerdip at gaýtarym öňde görünýär. Marydan Zurabada gidilende-de ol öz tiresini alyp öňürti gidýär, Zurabatdan Sarahsa gaýdylanda-da öz obasy bilen biraz soň göçüp gaýdýar. Howwa, salyrlar Maryda on ýyl oturypdyrlar we diňe Gökdepe söweşinden soň, Dykma serdaryň haýyşy boýnça Mary kethudalary salyrlary Sarahsa goýberipdirler. Bu mesele boýunça Dykma serdaryň ýanyna Teke hanyň hut özi gidipdir. Emma Horasan walisi salyr ýaşulylarynyň, han-begleriniň köpüsini para-peşgeş bilen satyn alypdyr, uly baýlyk, gönenç wada beripdir, jažyk-hužuk edipdir we olary bu gezgem Zurabada gitmeklige yrypdyrlar. Hususanam, Eýran häkimleri: “Derýanyň sag kenarynda biz öz halkymyzy ýerleşdirjek, siz Horasana degişli Zurabada baryň” diýýärler we şondan soň Tejen derýasynyň sag kenarynda Ruknabat berkitmesini gurdurýar. Emma ol berkitmäniň gurluşygyny olar ors hökümetiniň gysyşy boýunça bes etmeli bolýarlar. Indi ikinji gezek aldanyp Zurabada gidilmeginde Teke hanyňam günäsi ýok däldir. Ýöne, birbada onuň Orsyýede raýat bolmaklygy gümürtikgräk gören bolmagam mümkin. Her-hal, salyrlar şol gezek Pulhatyndan geçip, Gerurur derýasynyň çep kenary bilen ýene-de Zurabada tarap ýola düşüpdir. Şol wagt Teke han 50-51, Meňli han 30-31 ýaşlarynda bolmaly. Emma Maşat hany Alymerdan han olara bu gezgem ekin üçin gowy ýer bermändir. Çybyn-çirkeýli, gamyş, ot basan, şorlap ýatan ýer beripdir. Her dürli keseller ýüze çykypdyr. Ozaldan ezenegi agan halk açlykdan, horlukdan heläk bolupdyr. Köp adam gyrlypdyr. Ýaz çykansoň Eýran häkimlerinden karzyna tohumlyk bugdaý, işçi mal alyp ekin ekipdirler. Emma şor ýerde ekin bitmändir. Bitse-de hasyl bermändir. Olar hatda tohumlyk diýip alan karzlarynam üzüp bilmändirler. Üstesine ýerli halk bilen oňşuklaram o diýen öwerlikli bolmandyr. Olar-a bularyň üstünden agalyk etjek bolupdyrlar, bularam olara boýun bolmajak bolupdyrlar. Eýran häkimleri salyrlary göz astynda saklamak üçin Zurabatda Meňli hanyň öz obasy bilen aýratynlykda oturýan ýeri bolan Garadepede birnäçe berkitme gurup, harby garnizon döredipdir. Garnizonda edýän serbazlar “gelmişekleriň” her ädimini yzarlapdyr. Azar beripdir. Kemsidipdir. Aýdyjylaryň gürrüňine görä, Teke han şondan soň öz ýalňyşyna düşünipdir we salyr kethudalaryny ýygnap: “Oýunçy utulanyny bilse ýagşy” diýipdirler. Biz aldandyk. Eger-de bu ýerden günübirin göterilmesek halk heläk bolar, gyrylyp gutarar...” diýipdir. Emma Alymerdan han muny eşidip: “Bergiňizi üzmeseňiz gitmersiňiz” diýipdir. Şol ýyl “Garadepede” oturan kiçiaga obasynyň ekininiň düýbünden bitmändigini, şonuň üçinem Teke hanyň şol obany wagtlaýynça, girew galdyryp gaýdandygyny gürrüňçiler aýdýarlar. Umuman, salyrlaryň soňky gezek Zurabatdan Sarahsa gaýdyşlary barada hem iki hili maglumat bar. Biri howaýy gürrüň wersiýalary, beýlekisi dokumental maglumatlar. Her-hal, geliň öňürti şonuň agzeki wersiýalaryny garap göreliň. Ýagmyr Şiriň aýtmagyna görä, Teke han şol gezek girew galan kiçiagalylara: Biz size häli-şindi ölmez-ödi iberer durarys, ýöne, sizem her gije garaňka duwlanyp üç-dört hojalygy o tarapa ugradyň duruň” diýipdir. Sarahsyň Muhy Amanow adyndaky kolhozynyň ýaşaýjysy, 82 ýaşly Gullaş Mämek oglunyň 1992-nji ýylyň 23-nji martynda beren maglumatyna görä, salyrlaryň Garaman hem Ýalawaç obasy 1881-nji ýylyň ýazynda Teke hanyň baştutanlygynda derýanyň ileri ýüzüni syryp gelip, Pulhatyndan bäri geçipdirler we Tejen derýadan gözbaş alyp gaýdýan salyrýabyň sakasynda saklanypdyrlar. Bir bada ekin ekere iş gurallary, mallary, ýaplary, çilleri bolmansoň, derýa suwunyň çekilen ýerindäki gyrmançany açyp, çişläp gawun-garpyz ekipdirler. Ondan soň Badhyzyň etegindäki “kärizli” diýen ýere gelipdirler. Gurruga öwrülen käri z guýularynyň sudury ol ýerde henizem bildirip dur. Olary şo gezek Teke han gazdyrypdyr diýýänem bar, öň bar ekeni-de, Teke han ony arassaladypdyr, diýýänem bar. Şondan soň Teke han ýene-de tohumlyk karz bugdaý, iş mal sorap Eýran häkimlerine ýüz tutupdyr. Kömek alypdyr. Halk bugdaý, arpa, künji ekipdir. Mala, künde ýaly oba hojalyk gurallary bolmansoň, ekiljek ýeriň ýüzünden gyzgan süýräp dyrmapdyrlar. Alan hasyllarynyň ýarysyny Zurabatda galan garyndaşlaryna ugradypdyrlar. Karzlaryny welin bu gezegem üzüp bilmändirler we Alymerdan handan ýene-de goşmaça iküç ýyl puryja sorapdyrlar. Teke han Eýranda, Pendide, Çärjewde galan, Owganystana giden we başga-da dürli ýerlere dargan salyrlara adam iberipdir we olaryň aglabasyny “Kärizlä” ýygnapdyr. Şol ýerdenem hemmesini Sarahsa, häzirki oturan ýerlerine göçürip getiripdir. Şondan soň Teke han gadymky Salyrýap suw sistemasyny täzeden bejerdipdir, arassalapdyr. Ýeri bölmek üçin Salyrýapdan gaýdan esasy üç ýaby salyryň üç obasynyň arasynda bije atypdyr. Birinji bije: ýokarky ýap – Ýalowaja düşýär. Ikinji bije: ortaky ýap – Kiçiaga düşýär. Üçünji bije: ilerki ýap – Garamana düşýär. Ýaplaryň bije atylyşy barada şeýleräk gürrüň bar: ýagny, Mary bazarynda Sarahs ýurduna belet biri Sarahsdan gelen bir adam bilen söhbetdeş bolýar. Söhbetiň soňy Sarahsdaky ýap bölünişigine syrygýar. – Ýokarky ýap kime düşdi? – Ýalowaja. – Hä-ä... Ýalowaç ýere eýe boldy diýsene. A ortaky ýap kime düşdi? – Kiçiaga. – Ähä-ä.. Kiçaaga suwa eýe boldy diýsene. Eýse ilerki ýap kime düşdi? – Garamana. – Hm-m... Garaman pula eýe boldy diýsene. Bu hekaýatyň Manysy şeýleräk: Ýalowaç ýere eýe bolupdyr diýmeginiň sebäbi – oňa düşen ýer gowy. Mes. Giň. Tekiz. Kiçiaga suwa eýe bolupdyr diýmeginiň sebäbi – ol ýap göni. Gidişi pesaşak. Suwy akgynly. Garaman pula eýe bolupdyr diýmeginiň sebäbi, oňa düşen ýer Eýran bilen serhetdeş. Eýran Sarhasy, Maşat ýaly uly bazarly şäherleriň alkymy. Söwda üçin amatly. Üstesine-de Eýran bilen aralygy Weeňňämden başlap, tä Kindiklä çenli bir gezek suwaryp ekip bilseň, ähli ekin düme bitýä. Salyrlaryň baýy Garamandadyr diýilmegem şonuň üçin. Şondan soň Teke han: “Haýsy milletdendigine, türkmeniň havsy taýpasyndandygyna garamanan, kim hünärli bolsa, daýhan bolsa, mirap ýa söwdegär bolsa gelibersin, biz Sarahsda ýurt tutdyk, ýap gazdyk, çil çekdik, ýer kän, ýer diýene ýer, suw diýene – suw berjek” diýip, çar tarapa jar çekdirýär. Çaparlar gönderýär. Bu habary eşidip salyrlaryň Eýranda, Owganda, Pendide galan-gaçanlaryndan başga-da, dürli milletlerden kän-kän adam Sarahs topragyna ýygnanypdyr. Ýeri gelende aýtsak, 1885-nji ýylda, Ýolöten etrabynyň Dädeguly obasynda eneden bolan Molamurt şähyr hem şol göç-hä-göçlükde, has takygy ikinji gezek Sarahsa – Zurabada gidişlik döwründe Pendide galan Hojanyýaz atly bendäniň ogludyr. Onuň hossarlary salyryň Sarahsa ýygnanandygyny eşidip gelýärler. Indi bolsa salyrlaryň Zurabatdan Sarahsa göçüp gelişleri baradaky dokumental maglumatlara garap eçeliň. 1884-nji ýylyň başynda, Mary geňeşi Ak patyşanyň raýatlygyny kabul edenden soň, Eýran hökümeti Köne Sarahs topragy üçin ynjalyksyzlanyp başlaýar. Bu oazisi Orsyýetden öňürti “özleşdirmek” maksady bilen Horasanyň general-gübernatoryna gyssagly suratda görkezme berýär. Şu iş üçin hiç-hili çykdajydan gaçmazlygy buýurýar. Bu ýagdaý Orsyýediň Tährandaky ilçisi Melnikowa mälim bolýar we 1884-nji ýylyň 13-nji maýynda Zakaspiý o blastynyň naçalnigine telegramma iberýär. Şeýle hem Peterburga habar edip, parslaryň bu tutumyna päsgel berer ýaly, Sarahsy eýýäm Orsyýediň raýatlygyny kabul eden Mary tekelerinden we saryklardan doldurmaga rugsat sorandygyny mälim edýär. Kawkaz harby okrugynyň komanduýuşisi Knýaz Dondukowyň ýokarky telegramma beren jogabynda bolsa, 1884-nji ýylyň 28-nji maýynda, Maryda oturan salyrlardan iki ýüz öýlüniň eýýäm Sarahsa ugradylandygyny gorag üçin gapdallaryna her biri ýüz atlydan ybarat iki sany kazak ottýadynyň goşulandygy beýan edilýär. Marydan gaýdan iki ýüz öýlüni goraglap gelen otrýadyň komandiri podpolkownik Alyhanow özüniň atlylary bilen 31-nji maýda eýýäm Tejen derýasynyň sag kenarynda, ýerleşýän Gowşuthangala gelýär we kazaklary ol ýerde galdyryp özi milisionerler bilen pars berkitmesi bolan Ruknabada barýar. Ors atlylarynyň beýle duýdansyz peýda bolaryna garaşmadyk parslar Rukbadatda garawul hem goýMan ekenler. Diňe Alyhanowyň baran gününiň ertesi Eýran Sarahsyndan bir pars ofiseri iki sany serbaz bilen gelýär we girelgede garawul goýýar. Özi Alyhanowyň ýanyna gelip salamlaşýar. Täze Sarahsyň komendanty Haýdarguly handan salam gowşurýar. Nämüçin gelendiklerini soraýar. Alyhanow Orsyýede raýat bolan Merwiň bir bölegi hökmünde, Tejen derýasynyň sag kenarynyň tutuşlygyna özlerine degişlidigini aýdýar. Şondan soň pars ofiseri garawullaryny aýyrýar we sertibe ýetirer ýaly, ýaňky aýdanlaryny hata ýazyp bermegini Alyhanowdan haýyş edýär. Alyhanow onuň ol haýyşyny kanagatlandyrmaýar. Şondan soň ol göçürip getirmek barada gepleşik geçirmek üçin özüniň hat gatnadyjysy molla Sähedi Zurabatda oturan salyrlaryň arasyna iberýär. Şol günüň ertesi Teke han 20 sany salyr ýaşulysy bilen Gowşuthangala gelýär. Olar öňden bäri Sara hsa göçüp gelmek isleýändiklerini, şu mesele näçe çaltlandyrylsa şonça-da il-gün üçin gowy boljakdygyny aýdýarlar. Alyhanow olara: Sizi göçürip gaýmak maksady bilen derýanyň o kenaryna geçmäge biziň hakymyz ýok, ýöne, özüňiz ugruny tapyp bäri geçibilseňiz, gorarys, diýýär. Ýaşulylar ölýänem bolsalar mundan artyk aňyrda galmajakdyklaryny aýdýarlar we geläýenlerinde özlerine nirelerden ýer beriljekdigi bilen gyzyklanýarlar. Alyhanow Köne Sarahsdan tä, Gyzylgaýa çenli bolan aralykdaky ekin üçin ýaramly ýerlere olar bilen bile aýlanýar. Şol aralygy ikä bölýär we günorta-gündogar bölegini olara berýär, demirgazyk-günbatar bölegini bolsa Sarahsa indiki göçüp geljekler üçin goýýar. Bölünen ýerleriň her biri 10 000 öýlüni ýerläp, ekläp, saklap biljek ekeni. Şonda Alyhanow olara bu ýeriň bir ýyllyk möhlet bile n berilýändigini, adam köpelip zerurlyk ýüze çykan halatynda ýeriň täzeden, has dogruçyl, ýöne muňa görä az mukdarda, kanunalaýyk möçberde bölünjekdigini duýdurýar. Teke han şonda bu ýere ýeke bir Eýrandaky salyrlary däl, eýsem Meýmenede, Çärjewde we beýleki ýererde galan salyrlaram ýygnap, iliň sanyny basym 10 000 öýlä ýetirjekdigini aýdýar. Şondan soň Zurabatda oturan salyrlar derýanyň sag knaryna geçmek üçin gyssanmaç suratda göç urup başlaýarlar. Muny duýan Eýran hökümeti hem olara päsgel bermek üçin taýýarlyk işlerine girişýärler. Alymerdan han alty ýüz nöker we dört sany top bilen Maşatdan çykýar we Zurabada tarap ýola düşýär. Şol aralykda Alyanow Köne Sarahsy, Gowşuthangalany, Hangalany, Ruknabady doly gözegçilik astynda saklaýar. Agzalan galalaryň hersinde bir wzwod garawulçylyk çekýär we her üç günden bir gezek çalyşýar. Esasy güýç Köne Sarahsda saklanýar. 1884-nji ýylyň 5-nji iýun güni, Teke han ýüzlerçe öýli salyr bilen derýadan urup geçýär we Köne Sarahsyň garşysynda ýerleşýär. Salyrlaryň galan esasy bölegi Alymerdan han gelip ýetişmezden öň birgiden mal, goş-golam, çaga-çuga, aýal-ebtat bilen yzanda-çuwan bolşup, 8-nji iýun güni gyr-gyssag Gyzylgaýany nazarlap, Zurabatdan göterilýär. Olar kowgydan gutulmak üçin, “Pulhatyn” köprüsine barmaga-da howlugyp derýadan urup geçýärler. Daglaryň ýüzünden nägehan sil suwunyň inýän döwrüdigini ýada salsaň, joşgunly derýadan müňlerçe adamy birgiden mal-garasy bilen geçirmekligiň nähili güzaply bolandygyny, nijembir ýitgileriň çekilendigini göz öňüne getirmek kyn däl. Alymerdan hanyň kowgy gidendigi baradaky habar gulagyna degenden, Alyhanow hem iki ýüz atlysy bilen Ruknabatdan çykyp ýola düşýär we derýanyň çep kenaryny syryp, bosgunlary yzarlap gelýän Alymerdan hanyň we salyrlaryň arasyna girýär. Ýagdaýdan habardar edilen Eýran şasy Tährandaky ors ilçisi Melnikowdan Alyhanowyň otrýadyny ortadan aýyrmaklygy talap edýär. Emma kanagatlanarlykly jogap alyp bilmeýär. Alymerdan han hiç-hili uruş meýillerini ýüze çykarmaýar we assa-ýuwaş çep kenardan daşlaşmak bilen bolýar. Öz berkitmesine barandan soň ol Ruknabady orslara bermekde aýyplap, üç sany pars ofiserini tussag edýär. Alyhanow hem öz kazaklary bilen atynyň başyny Köne Sarahsa tarap öwürýär. 12-nji iýuna salyrlaryň galan-gaçan bölekleri hem gelip ýetişýärler. Şonda olaryň jemi sany 3250 maşgala ýa-da 16 000 adama barabar bolýar. Wakalaryň juda gyssagly hem dartgynly ýagdaýda ýaýbaňlanandygyna salyrlary Zurabatdan Köne Sarahsa göçürip getirmek meselesi ýüze çykandan soň bary-ýogy bir aýyň içinde amala aşyrylyp gutarylandygy hem şaýatlyk edýär. Salyrlaryň esasy böleginiň 8-nji iýunda, ýaňybir Zurabatdan göterilen güni, entek Alyhanow olara kömek üçin atyna-da atlanManka, Orsyýediň Tährandaky ilçisi Melnikow Kawkaz harby okrugynyň komanduýuşisine ýedi ýüz öýli salyryň Zurabatdan Sarahsa göçürilip getirilendigini nämüçindir eýýäm, öňünden habar berýär. Şeýle hem Sarahsy öz raýatlaryndan doldurandyklary barada Eýran hökümedine duýduryş berendigini aýdýar. 13-nji iýunda Alymerdan han öz sertibi Bagyr hany Alyhanowyň ýanyna – Ruknabada iberip onuň bilen duşuşmak isleýändigini habar berýär we duşuşyk üçin ors ofiseriniň haýsy tarapy amatly saýýandygyny soraýar. Alyhanow şol günüň ertesi Eýran Sarahsyna – Täze Sarahsa barýar. Ony Eýran diplomatiýasynyň ähli tertip-düzgünlerine laýyklykda hezzet-hormat we sypaýyçylyk bilen garşy alýarlar. Alymerdan han salyrlar bilen derýanyň sag tarapynda ýarpasyna eken bugdaýlarynyň ykbaly bilen gyzyklanýar. Alyhanow oňa ähli zadyň öň salyrlar bilen gepleşilişi ýaly boljakdygyny aýdýar. Ýöne, üç sany şert goýýar. 1. Täze Sarahsda bendilikde saklanýan üç sany teke türkmenini boşatmaly. 2. Ýanwar aýynda tekelerden nähak alynan ýüz sany düýäni dolap bermeli. 3. Salyrlara Zurabada baryp galan-gaçan zatlaryny almaga we ol ýerde eken ekinlerini orup, hasyldan öz ýetdik paýlaryny almaga eýran hökümeti bilen hasaplaşmaga mümkinçilik döretmeli. Alymerdan han bu şertleriň hemmesine razy bolýar. Şol günüň özünde ýesirleri boşadýar, düýeleri ýygnap Köne Sarahsa nökerlerine eltmegi buýurýar, ölen-ýitenleri bar bolsa, hersine derek 80 Manatdan pul tölemeklige söz berýär. Üçünji şerte degişlilikde, ýörite hat ýazyp, möhürläp berýär. Şol hat bilenem Alyhanow 60 sany salyry Zurabada oraga ugradýar. Ertesi Alymerdan han Köne Sarahsa, Alyhanowyň ýanyna jogap wiziti bilen barýar. Iki döwletiň arasyndaky goňşuçylyk gatnaşyklarynyň nähili bolmalydygy barada pikir alşylýar. Salyrlaryň Zurabatdan Sarahsa nämüçin we nahili ýagdaýda göçürilip getirilendigi bilen baglylykda islendik döwlet bilen düşünişmezlik ýüze çykan mahaly, salyrlaryň Eýran raýatlygyndan çykmak meýli bilen Eýran hökümediniň Horasandaky dikmesi Ruk-ed-Döwläniň adyna we Orsyýede raýat bolmak meýli bilen Zakaspiý oblastynyň naçalnigi Komarowyň adyna ýazan hatlarynyň esasy dokument bolup hyzmat etjekdigini Alyhanow Alymerdan hanyň dykgatyna ýetirýär. Salyr türkmenleriniň Ruk-ed-Döwläniň adyna ýazan hatyny Alyhanow Alymerdan hana ýa-ha şol gün, ýa-da şondan bir gün öň, Täze Sarahsda bolan resmi duşuşykda gowşuran bolmaly. Çünki, hatyň ýazylan wagty 13-nji iýun, 1884-nji ýyl. Salyrlaryň iň soňky öýlüsiniňem Zurabatdan aýagyny ýygnan wagty, has takygy olar şol arzany Zurabatda otyrkalar däl-de, Zurabatdan zir-zöwran bolşup Sarahsa göçüp gelenlerinden soň ýazypdyrlar. Mahlasy, maksadyny amala aşyrandan soň, Ors hökümeti dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde biabraý görünmezlik üçin, öz hereketlerini salyrlaryň hut öz adyndan dokument arkaly resmileşdiripdir. Ýöne, ýarym asyra çeken göç-gon, tozgunçylyk ol wagt salyrlaryň özlerinem bizar edipdi. Ata-watanyna gowuşmak, biminnet zähmet çekmek, eşretli durmuşda ýaşamak ýaly tebigy islegler, üznüksiz kemsidilmeler olary dinibir Eýran döwletiniň baknalygyndan çykyp, Orsyýet ýaly dinibaşga döwleti hossar tutunmaga müň mertebe kaýyl edipdi. Üstesine-de ol wagt eýýäm Türkmenistanda Orsyýediň raýatlygyna girmedik ýekeje-de türkmen taýpasy ýok diýen ýalydy. Bu – taryhy zerurlykdy. Durmuşyň şertidi. Iki tarapyňam islegidi. Rukn-ed-Döwläniň adyna ýazylan şol hatda salyrlar özleriniň Alymerdan han tarapyndan birsyhly kemsidilýändiklerini, hiç ýere arz edip bilmeýändiklerini, umuman gajar hökümedinden we onuň raýatlygyndan gören ýamanlyklary bolmasa-da, hal-ýagdaýlarynyň çekip-çydardan çökderdigini, ekere-dikere ibaly ýerleriniň ýokdugyny beýan edipdirler. Beýleki sünnüler ýaly özleriniňem Orsyýede raýat bolmak isleýändiklerini, şonuň üçinem özleriniň müň ýylky mesgenleri bolan Sarahsa aşmakçydyklaryny syzdyrypdyrlar. Hatyň soňuna salyr hany Teke han Nazar han ogly, kazy molla Oraz Gurbanmuhammet ogly, baş kethuda Beg Nazar ogly we başga-da on dört adam gol goýupdyr. Başky üçüsi öz atlarynyň gapdalyna möhür hem basypdyrlar. Hatyň asyl nusgasy pars dilinde ýazylyp, soň orsça terjime edilipdir. 1884-nji ýylyň 15-nji iýunynda Alyhanowyň bir aýlyk iýmit gory bilen üpjün edilen otrýady Köne Sarahsda, Tejen derýasynyň boýundaky bol biten ýylgyndan ýyglyp ýasalan ägirt uly çalmarda ýerleşýär. Iş bitiren adam – Alyhanow, otrýada komandirlik etmegi Kawkaz atly polkunyň ýüzbaşysy Fonçikowa tabşyrýar we oňa gerekli görkezmeleri berenden soň özi yzyna – Mara gidýär. Telegrammalardan soň özi yzyna görä, kazak otrýadlarynyň Köne Sarahsda tertip-düzgün doly ýola goýlup, göçüp gelenleriň arasynda ýer-suw bölünişigi amala aşyrylýança saklanjakdygy aýdylýar. Şeýle hem otrýadlaryň näwagta çenli ol ýerde galjakdyklary Eýran döwletiniň Sarhas meselesinde özüni nähili alyp barjakdygyna baglydygy görkezilýär. Zakaspiý oblast naçalnigi general-leýtnant Komarowyň Kawkaz harby okrugynyň komanduýuşisi Knýaz Dondukowyň hem-de Daşary işler ministrliginiň adyna iberen telegrammalarynda, salyrlaryň resmi taýdan tizden-tiz ors raýatlygyna kabul edilmelidigi agzalaryň döwlet derejesinde tassyklanmalydygy barada aýdylýar. Munuň salyrlar üçinem, Ors döwleti üçinem iňňän ähmiýetlidigi tekrarlanýar. Salyrlaryň arasynda eýýäm ors häkimiýetiniň saýlawly tertip-düzgünleriniň girizilendigi, olaryň bu tertibe boýun egýändikleri görkezilýär. 1884-nji ýylyň 4-nji awgustynda knýaz Dondukowyň Orsyýediň Daşary Işler Ministrliginiň Aziýa departamentiniň direktoryna iberen telegrammasynda hem şol äheň gaýtalanýar we salyrlary çaltrak raýatlyga almaklygyňam edil saryklaryň Owgan serhedinde möhüm rol aýnaýyşlary ýaly derwaýysdygy, şu faktyň şundan şu ýana parslaryňam, iňlisleriňem serhet meselesindäki iňňildilerinden Orsyýedi hemişelik dyndarjakdygy nygtalýar. Görşümiz ýaly salyrlaryň Zurabatdan Saraha göçüp gelmeginde esasy rol Orsyýediň kolonial-basybalyjylykly syýasaty oýnapdyr. Ýöne, ýeke bir Sarahs oazisi däl, umuman Türkmenistan, Türkmenistanyň tozap ýatan çöli, göçüp-gonup ýören çarwa halky ors hökümetine aslyýetinde nämüçin gerek bolduka? Geliň şu soraga birneme giňiräk we has takyk görnüşde jogap bermäge synanyşalyň. Bilşimiz ýaly, XIX asyryň ortalaryndan başlap, Hazarý deňziniň kenar ýakalarynda oturýan ýomut türkmenleriniň hany Kaýat han Ors hökümetinden otuz ýyllap birsyhly raýatlyk sorap gelipdi we hiç-hili kanagatlanarlykly jogap alyp bilmändi. Şonda ak patyşanyň hökümet ýolbaşçylary, hususan-da maliýe ministri, türkmenleriň yzagalak, medenýetsiz halkdygyny, eger-de raýatlyga kabul edäýseler, onda olara mekdep, keselhana, poçta, telegraf, dükan ýaly derwaýys desgalary, administratiw merkezleri, şeýle hem demirýol gurmaly boljakdygyny, o zatlaryňam ummasyz çykdajylara talap etjekdigini bahana edipdiler we raýatlyga kabul etmekden kes-kelläm ýüz öwrüpdiler. Ine, birdenem olar ýap-ýaňyja-da aýakbagy hasap edip oturan halkynyň üstüne sürnüp ugradylar. Öň parslara wehim salmak üçin Astrabatda guran gämi duralgalaryny ur-tut Şagadama /Krasnowodsk/ geçirdiler. Şol ýerde durup, tutuş türkmen sährasynyň üstaşyry tä, Guşga çenli göz dikdiler we äpet aždarha kimin agyzlaryndan ot saçyp, Garagumuň gyzgyn çägeleriniň üsti bilen günorta tarap süýşüp başladylar. Ýöne, türkmen sährasy boş däldi. Onuň üstünde entek Skobelew tarapyndan ruhy öldürilmedik sähraýy türkmen göçi agyp-dönüp ýördi. Onuň üstüni basyp ötübermek aňsat däldi. Garşylyga duçar boljakdyklaryna orslaryň özleriniňem gözleri ýetýärdi. Esasanam olar özlerine garşy Ahal hem-de Mary tekeleriniň garyndaşlyk esasynda birikmeklerinden ätiýaç edýärdiler. Şonuň üçinem baran ýerlerinde özleriniň basybalyjylykly meýillerini gizlemäge çalyşýardylar. Bu topraga ýagşy niýet bilen gadam basýandyklaryny, hususan-da Hazardan geçip şu toprak üzre, eýýäm öz raýatlygyny kabul eden Hywa hanlygyna tarap söwda hem-de diplomatik gatnaşyklary amala aşyrmak isleýändiklerini, şonuň üçinem bu ýoluň howp-hatardan halas bolmagyny üpjün etmek üçin bu ýurtda öz tertip-düzgünlerini ýola goýmak meýilleriniň bardygyny, ol çäräniň öňi bilen türkmenleriň özleri üçin bähbitli boljakdygyny, ýerli halkyň çapawulçylyk belasyndan dynyp, arkaýyn ýatyp-turjakdyklaryny öwran-öwran nygtaýardylar. Dumly-duşa hat ýollap, han-begleri duşuşyga çagyrýardylar, gürrüňçilik geçirýärdiler we köp halatda üstünlik gazanýardylar. Ýüz tapmadyk ýerlerinde welin güýç, ýarag, terror ulanýardylar. Düýn-öňňünem: sizi parslaryň alamançylaryndan goramaga geldik, diýip oturan hallaryna, türkmen obalarynyň üstüne hut öz görkezmeleri bilen alaman guraýardylar. Mysal üçin, Zakaspiý harby bölüminiň wagtlaýyn komanduýuşisiniň 1880-nji ýylyň 2-nji iýunynda Orsyýetiň Eýrandaky ilçisine iberen telegrammasynda şeýle diýilýär: “Kömegiňiz üçin sag boluň. Kuçanly we Büjnürtli tekeleriň üstüne çapawulçylygy häzirem, bütin güýzüň dowamynda-da bes etmeli däl. Çünki, biz özümiz-ä tyl işleri bilen başagaý. Ýagny, ülkäni Gökdepä çenli-hä tozdurdyk. Gökdepe bilen Aşgabat aralygyny tozdurmaga-da Horasanly kürtleri küşgürip bilseňiz iş bitirdigiňiz bolardy. Olara tabşyryň: tekeleriň gyş azyklaryny we öý goşlaryny ýaksynlar, mallaryny talasynlar. Şu zatlary birkemsiz berjaý edip bilseler, bizem öz gezegimizde kürtleriň gadryny bileris. Çapawulçylyk üçin Ýarmuhammet hana ok, däri, ýarag ýetmezçilik edýän bolsa aýdyň, kömek ederis ”. Şu hili ýollar bilen gidip baryşlaryna türkmenleriň başyna Gökdepe tragediýasyny salan, Gowşut hanyň, Nurberdi hanyň syrly ölümlerine sebäp bolan ors häkimiýetiniň ýaragly güýçleri sähelçe wagtyň içinde Krasnowodskiden Guşga çenli baryp ýetdi. Eýsem bu galagoplugyň, urdumşalygyň, eden-etdiligiň, şeýle howlukmaçlygyň aňyrsynda nämeler ýatyrka? Sebäbi nämedekä? Ýa ahyrsoňunda ak patyşanyň türkmenlere rehimi inäýdimikä? Ýa birdenkä Türkmenistanyň ýerasty baýlyklary böwürlerine dürtüberdimikä? Ýok! Olaryň ol wagt türkmenlere rehimem inenokdy, Garagumuň aşagyndaky ummasyz baýlygyň ýatandygyndanam habarlary ýokdy. Belanyň körügi başga tarapdady. Bu zatlaryň barsynyň aňyrsynda, Orsyýet bilen Ang;iýanyň arasynda duýdansyz dörän bäsleşik ýatyrdy. Ýagny, iňlisler Hindistanyň üsti bilen Owganystana dykylyp gelipdiler. 1878-nji ýylyň aýagynda Kabuly, Gandahary eýeläpdiler. eger-de Hyradam alaýsalar, onda olaram edil Orsyýediň öz edişi ýaly Orta Aziýa, şol sanda Türkmenistana hem süsňäp girjekdiler we netijede tä, Hazarý deňzine çenli bolan aralyk olaryň eline geçjekdi. Deňziň aňry ýüzi bolsa orslaryňkydy. Sähelçe haýal-ýagallyga ýol berdikleri iňlis şiri bilen ors aýysynyň hut, şol deňziň ortarasynda garpyşaýmagy mümkindi. Şonuň üçinem, olar iňlisleri türkmenleriň üstüni depeläp baryp, Owganystanyň serhetinde garşylaýýanlaryny kem görmediler. Iňlisleriň Orta Aziýada özleri ýaly güýç bilen däl-de altyn bilen hereket etjekdikleri, türkmenleri döwrebap ýaraglar bilen ýaraglandyryp öz garşylaryna taýynlajakdyklary baradaky gorky ors hökümediniň kalbyna hasam wehim salýardy. O zatlaryň üstesine ors hökümeti Türkmenistanyň üsti bilen Owganystany alkymlap, Hindistana-da öz täsirini ýetirmekligi we iňlisleriň ol ýerdenem gaýra tesmeklerini gazanmaklygy, Ýewropadaky hereketlerine päsgel bermekligi hem maksat edinýärdi. “Zakaspiý ülkesine ediljek harby hereketler” atly dokumentde bu barada şeýle diýilýär: “...Biziň serhetimiz Hindiguş sakasynyň we Paropamyz örküjiniň, Köpetdag gerişleriniň üsti bilen geçmelidir, ýagny, agzalan daglyklaryň göwsünden syzyp demirgazyga we günbatara tarap ugur alýan ähli çeşmeler, çaýlar birnäçe gollary bolan Amyderýa – bularyň barjasy biziňki bolmalydyr. Şu şekildäki serhet bizi hem-ä iňlislerden jugrafik taýdan aýratyn görkezer, hemem Owganystanda bolsalaram, Hindistanda bolsalaram olara birsyhly wehim salyp durmagymyza ýardam eder.1 Umuman, XIX asyryň aýaklarynda Orta Aziýada, hususan-da Türkmenistanda Orsyýet bilen baglanyşyklylykda dörän ýagdaýyň, ors hökümediniň Garagum üzre gyssanmaçlyk bilen ot sowrup, gylyç syryp gelmeginiň süýp sebäbi ine, şulardan ybarat. Sarahs wakalaram, salyrlaryň ol ýere gyssagly suratda göçürilip getirilmegem şol zatlar bilen baglanyşykly. Ýöne, Türkmenistana basybalyjylykly ýörüş guran ors häkimiýetiniň Sarahs oazisini özleşdirmekde hem özboluşly bähbidi bardy. Birinjiden-ä Sarahs oazisi giden bir tekiz meýdan bolup, özlerine garaşly halklary az sanly güýç bilen gözegçilikde saklamaga ors häkimiýetine mümkinçilik döretjekdi. Ýagny, gözegçilik punkty bolup hyzmat etjekdi. Ikinjiden, olar Sarahsy eýelemek bilen, pars serhedine eňek direýärdiler we öz güýç-kuwwatlaryny güjeňläp, olary hemişe gorky astynda saklamaga mümkinçilik gazanýardylar. Parslaryň Sarahs oazisine dalaş etmeklerini bolsa olar iňňän ýokuş görüpdiler we biri-birine iberen telegrammalarynda: “Sarahs ýaly tozap ýatan çöl gerek bolsa olaryň özlerinde ýokmuşynmy? Türkmenler tarapyndan tozdurylan ýurtlaryň Horasanda-dam-a hetdi-hasaby ýok. Gaýtam öz serhetlerini türkmenleriň çapawulçylygyndan dyndarýandygymyz üçin olar bizden minnetdar bolmaly ahyry. Ors ýaragynyň arkasyndan ýurt eýesi boljak bolmaga utanmaýarlarmyka” diýen ýaly teýeneli sözleri ulanypdylar. Orsyýediň Tährandaky ilçisiniň üsti bilen ýokarky äheňleri Eýran hökümediniň gulagyna ýetiripdirler. Ýöne her zadyň iki tarapy bolýar. Şonuň üçinem, hiç haçan öwezini dolup bolmajak maddy we ruhy ýitgileriň çekilendigine, iň ýamanam erkinligiň elden giderilendigine garamanan, Türkmenistanyň Orsyýede birikdirilmeginiň birnäçe bähbitli taraplarynyňam bolandygyny aýtmagymyz gerek. Ýagny, ol wagt ýurt dagynykdy. Bir agyza bakylmaýardy. Türkmen halky bütewi bir güýç däldi. Döwlet döredilmändi. Halky harby we ykdysady taýdan edara ediji belli bir gurluş ýokdy. Türkmen taýpalarynyň hersi bir tarapa bakýardy. Salyrlar Hywa, Buhara, Mary, Pendi, Zurabat bilen Sarahs aralygynda ygyp-tozup ýören bolsalar, tekeler kä Hywa hanlygyna, käte-de Eýrana elgarama ýagdaýda oturýardylar. Günbatarly ýomutlar ors raýatlygyny kabul eden bolsalar, olaryň Gazawatly garyndaşlarynyň aglabasyny general Golowaçew baryp-ha 1873-nji ýylda gylyçdan geçiripdi. Hatda şol döwür türkmen topragynyň esasy punktlarynyň biri bolan Ahalda hem bir hanyň agzyna bakmaýardylar. Iň uly teke taýpalarynyň sanyna görä, dört sany han saýlanýardy. Mysal üçin, 1876-njy ýylyň fewralynda, ahal tekeleri ilkinji gezek umumy han saýlamak üçin Gökdepä üýşüpdiler. Üç hepdä çeken şol saýlawda Hywa hanynyň tarapdary Hanmämmet Atalyk, bir tireden han saýlansa galan taýpalaryň oňa gulak asmajakdygyny bahana edip, asly teke bolmadyk bitarap birini han götermekligi teklip edipdir we üç aý bäri Ahalda takwasyrap ýören, ruhany, hywaly Musa Mürewweliniň kandidaturasyny öňe sürüpdir. Nurberdi han şonda syçrap ýerinden turupdyrda: “Men bolmasam hiç haýsyňyzam han bolmarsyňyz” diýipdir we öýkeläp çykyp gidipdir. Mütewweli bolsa uzak wagtlap teklipden ýüz öwrüpdir. Ahyram: “Men Hywa adamy. Hywa hanyndan bidin razylyk beribilmen” diýipdir. Oňa puryja beripdirler. Emma onuň özi gaty bir hanlyga ymtylMandyr we Hywa hanyna-da, eýýäm bir çetden dykylyp gelen we ýerli halklaryň syýasy durmuşyna burunlaryny sokuşyp ugran ors baýarlaryna-da Nurberdi handan başga adamyň tertip-düzgüni saklap bilmejekdigini, galyberse-de onuň eýýäm on ýyl bäri Hywa hanynyň beren hanlyk ýarlygyny göterip ýörendigini aýdýar we ikisindenem şony ykrar etmeklerini haýyş edýär. Bilşimiz ýaly Nurberdi han soň Mara-da han bolýar. Bu bileleşige beýleki türkmen taýpalaram ymtylyşyp ugraýarlar. Şeýlelikde, türkmen topragynda bütewi döwletlilige tarap ilkinji ädimler ädilýär. Şol wagt Maryda oturan salyr türkmenleriniňem şol bileleşigiň düzümine girendigini, temamyzyň obýektinde durandygyna görä agzap geçmelidiris. Emma külli türkmen halkyny doly manysyndaky bütewi bir döwlete birikdirip biljek agzybirlik, döwletlilik entek daşdady. Gözýetimden aňyrdady. Hatda Gökdepe söweşiň öň Nurberdi hanyň öldürilendigi sebäpli, tutuş Ahal ili baş hansyz, dört häkimlilik ýagdaýynda durdy. Orsyýetiň basyp almagy bilen türkmen halky bütewi bir döwletiň düzümine girdi. Ak patyşa olaryň hemmesini öz agzyna bakmaga mejbur etdi. Tertip-düzgün girizdi. Alamançylyk, çapawulçylyk, gul söwdasy galdyryldy. Demirýol geldi. Mekdepler, keselhanalar, poçtalar we beýleki administratiw merkezler peýda boldy. Halk gorkusyz-ürküsiz ýatyp-turmaga, belli bir ýerde ekin ekip hasyl almaga mümkinçilik gazandy. Elbetde, ors häkimiýeti şol zatlary türkmenlere gerek bolany üçin gurdy, ýa-da türkmen topragyny türkmenlere kömek etmek üçin basyp aldy diýsek ýalňyş bolar. Öz raýatlygyna almak bilen türkmen taýpalarynyň, han-begleriniň agzyny birikdirdi ýa-da şol ugurda aladalar etdi diýsegem dogry bolmaz. Ähli kolonizatorlar ýaly ors häkimiýetem diňe öz bähbidini araýardy we garamagyndaky halkyň üstünden agyzlaryny alardyp höküm sürüp bolýandygyny ýadyndan çykarmaýardy. Ýöne, her niçik hem bolsa, dagynyk gezip ýören sähraýy halk üçin şol zatlaryň özem az-küş däldi. Barybir öwrülişik şu halkyň içinde bolup geçýärdi, täsirini ýetirýärdi iň bolmanda barly adamlaryň çagalary sowat öwrenmäge, Peterburg ýaly uly şäherlere gidip bilimlerini artdyrmaga mümkinçilik gazanýardy. Oktýabr rewolýusiýasyndan soň bolsa, Zakaspiý oblasty resmi taýdan SSSR-iň düzümindäki Türkmenistan Sowet Sosialistik Resspublikasyna öwrüldi. Döwlet serhedi gurluşy emele geldi. Döwlet gimni, baýdagy, gerbi döredildi. Halk uçdantutma sowatly boldy. Orsyýetiň basybalyjylykly syýasaty agyr günde ygyp-tozup ýören salyr türkmenleriniň we Sarahs oazisiniň durmuşynda hem aýgytly rol oýnady. Ors hökümetiniň – goý öz bähbidi üçin bolsun – eden taryhy tagallasy netijesinde salyr türkmenleri öz ata-baba mekanlaryna gowuşdylar. Ähli garyndaş taýpalar bilen bilelikde bir döwletiň düzümine siňdiler. Şol taryhy wakada Teke hanyňam hyzmaty uludyr. Eger-de ol şol wagt halkyň öňüne düşüp, dogry ündewler etmedik bolsady, onda ýene bir türkmen taýpasy tutuşlygyna Türkmenistanyň çäginden daşarda galardy. Onuň salyrlary iň soňky gezek Sarahsa ýygnan adam hökmünde henize bu güne çenli mähir bilen ýatlanyp ýörülendigem hut şonuň üçindir. (Dowamy bar)... JUMA HUDAÝGULY | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |