TILKI NÄDIP ÖZÜNE DOST GAZANYPDYR?
Barlar bar eken, ýoklar ýok eken, gadym eýýamda bir tilkijik bar eken. Ol ýalançy hem mekir bolansoň onuň bilen hiç kim dostlaşmaz eken. Ýekelik ony halys irizipdir. Şonuň üçin hem ol mydama gamgyn bolup, gije-gündiz özüne dost tutunmagyň aladasynda gezer eken. Ine, şeýle günleriň birinde-de tilki tokaýda ýaşaýan haýwanlaryň üstüne goňşy obadan pilleriň çozjak habaryny ilki bolup eşidipdir. “Bu habary menden eşidäýseler-ä, hemmeleriň ynamyna girsem gerek. Şonda meni özlerine dost tutunaýmaklaram ahmal” diýäge-de, ol tokaýa bakan ýelk ýasapdyr.
--Üstüňize piller çozýandyrla-how, seresap boluň, goranmaga taýýýar boluňla-how! Birdenkä olar sizi güpbasdy edäýmesinler-how!—diýip, bar sesi bilen ýolboýy ylgap gelipdir. –Biler bolsaňyz, düýn siziň tokaýyňyzda pil çagalaryndan biriniň gözüne düýpli zeper ýetipdir, piller bu ýagdaýyň sebäbini siziňkilerden görüp, ar almak üçin gahar-gazaba münüpdirler, olaryň siziň üstüňize çozjaklary gürrüňsiz. Pilleriň gazaby köşeşýänçä bu ýerden gitseňiz ýagşy bolardy!—diýip, öwran-öwran gaýtalap aýdypdyr.
Asyl hiç kimiň bu mekir tilkiniň getiren habaryna gulak gabardasy gelmändir. Muňa bolsa tilkiniň gahary gelipdir. Şol pursat ol öz-özüni ýigrenipdir, mundan öňki eden işlerine ökünipdir. Ýöne welin tokaýda uly heläkçiligiň boljagyna, özüniň bolsa şol heläkçiligiň öňüni almaga güýjüniň ýetmejegine diýseň gynanypdyr. Oňa ynanmagyň deregine gaýta her kim oňa bir ajysyny pürküp galypdyr.
--Bizi öz tokaýymyzdan kowarça sen kim bolupsyň?
--Seniňem bir dogry gepiň bolarmy?
--Bar, oýnajagyňy daşdan gözle.
--Seň gepiňe ynanyp, tokaýdan gitjek tapylmaz.
Aý, garaz her kim tilkä agzyna gelenini aýdyp, oňa bu gezegem bir sapalagyny atýandyr öýdüpdirler. Tilki bolsa:
--Bilýän, siz meniň gepime ynanaňzok, ertir welin nämäniň-nämedigine göz ýetirersiňiz. Meniň-ä çynym. Hala ynanyň, hala-da ynanmaň! Muny men çagajyklaryňyza, garry-gurtularyňyza haýpym gelen soň aýtdym--diýäge-de, torsarylyp gidiberipdir.
Tilkiniň bu habary diňe köpügören bir ene ýolbarsy oýlandyrypdyr. “Tilkiniň barypýatan aldawçylygyna söz ýok. Ol bizi bir däl, telim gezek aldady. Ýöne “Däliniň müň gepinden bir gepi” diýilýän gürrüňem bar ahyryn. Piliň çagasynyň gözüne şikes ýeteni-hä hak. Belki onuň bu günki getiren habary dogrudyr. Şonda näme? Tutuş nesliňi gyrgyna beräýmek bormy? Çagajyklarymyzy her bir howp-hatardan goramak biziň borjumyz ahyryn”.
Töwerek garaňkylaberende, ene ýolbars öz çagalaryny yzyna tirkäp, tokaýdan gaýralygyna çykýan ýola düşüpdir. Oňa ýolda ilki gabat gelen hem goňurja aýy bolupdyr.
--Ýeri, goňşy, tilkiniň aldawyna gidibem bu ýerden göçmekçi bolýarmyň?—diýipdir.
--Ýok, aýy dost, bu meniň göçdügim däl, tilkä-hä o diýen bir ynanybam baramok, ýöne haýsydyr bir heläkçiligiň boljagyny welin ene ýüregim syzýar. Näme-de bolsa, balajyklarym bilen köne ýurda aýlanyp gaýtsam diýýän.
--Hany, seniň üstüňe çozjak bolup duran barmy, geläýenlerinde-de olara pil çagasynyň gözüniň nähili ýagdaýda kör bolanyny düşündirmek bor ahyryn.
--Wah, piliň çagasynyň gözüne agaç dürtülenini gözümiz bilen gördük. Oňa piljagazyň özi günäkär. Kimdir birine görkezjek bolup özüni agaçlyga urdy, jeňňellige urdy, birdenem... Onuň gözüne düýpli zeper ýetdi, belki onuň şol gözi görmekdenem galandyr.Ýöne men pillere beletdirin. Olar äpet, peläket bir haýwandyr, gazaba mündükleri, olary saklajak güýç bolmaz. Şeýle gazap bilen, özem süri bolup üstüňize çozulansoň, olaryň sen bilen sowukganly gürleşjegini-gürleşmejegini bileňokmy?
--Parahatlyk bilen düşünişmek islemeseler, onda bizem söweşeris.
--Bilmedim-dä. Eger size kömek gerek bolsa, erkek doganlarym bardyr, olar size kömege gelerler.Meni welin ýolumdan alyp galmaň!
Ene ýolbarsyň çagalaryny yzyna tirkäp gitmegine her kim biri hili garapdyr. “Saňa mekir tilkä özüni alladan, gorkak, nalajedeýin ýolbars diýerler”. ”Beýdip, çala eşidip, çatma ýykan bolmazlar”. Aý, garaz şol gün agşam bu tokaýlykda diňe ene ýolbarsyň gürrüňi edilipdir. Ene ýolbars bolsa olaryň gürrüňine gulak gabartman, gaýta özi bilen gitmäge höwesek çagalary hem yzyna tirkäp alyp gidipdir.
Şol günüň ertesem daňdanlar tokaýda uly bir başagaýlyk bolupdyr, heý goýaý, pil barysy dökülipdir. “Siz bir piliň gözüni kör etseňiz, biz siziň müňüňiziň gözüni kör ederis” diýäge-de, öňlerinden çykan haýwanlary basgylapdyrlar. Gögerip oturan agaçlara çenli holtumlary bilen goparyp taşlapdyrlar. Hiç haçan beýle zabunlyk bolar öýtmedik haýwanlar uly bir aljyraňňylyga düşüpdirler. Pilleriň garşysyna çykmakdan-a geçen, gaýta hemmeler biri-birleinden ozuşyp, basymrak tokaýdan çykmagyň alajyny edipdirler.
Pil sürüsi bolsa öňlerinden çykanlary paýhynlap, gelişleri ýaly çykybam gidipdirler. Diňe öýlänler tokaýa asudalyk aralaşypdyr. Birentekleri aýak astynda basgylanan jesetleri, maýym-müjripleri ýygnapdyr, başga birleri bolsa ýykylan we weýran edilen öýlerini dikeltmegiň ugruna çykypdyr. Olar özleriniň tilkiniň getiren habaryna, ene ýolbarsyň syzgyr ýüregine parh goýman uly hata goýberendiklerine ýürekden puşman edipdirler.
Ine, şol mahalam bu ýerde tilkidir ene ýolbars çagajyklary blen peýda bolupdyr. Ene ýolbarsyň yzyna düşüp giden çagalar eneleriniň gujagyna dolupdyr. Şol günden başlabam agyr günedüşen tokaý haýwanlary tilkini hem özlerine wepadar dost saýypdyrlar. Maksadyna ýeten tilki bolsa özüniň aldawçylygyny goýup, dostlary bilen ysnyşyklykda, rahat durmuşda ýaşaberipdir.
Ertekiler