18:55 Töhmet atmak gadym patyşalaryñ ganynda bar | |
TÖHMET ATMAK GADYM PATYŞALARYÑ GANYNDA BAR
Taryhy makalalar
Osmanly taryhyndan iki subutnamany siziñ dykgatyñyza ýetireýin. Patyşa Selim II Anadolydaky kazylara ugradan fetwalarynda alawylara agyr aýyplama bildirilmegini, töhmet atylmagyny we şeýdibem öldürilmegini buýrupdyr! "Töhmet atyñ, öldüriñ" diýen patyşanyñ adalatly bolandygyny kim aýdyp biler? Türkiýäniñ häzirki Amasýa welaýatynyñ Budaközi etrabynda Süleýman Fakihiñ ýolbaşçylyk edýän alawy kowçumyndan habardar edilen Selim II şobada Amasýanyñ häkimine perman ýollapdyr. 1568-nji ýylyñ 15-nji sentýabrynda çykarylan permanda patyşa Selim II şeýle buýruk beripdir: "Ady agzalanlary toprak kazysynyñ kömegi bilen uýgun biçüwde ele salyp we hiç kimsä duýdurman Gyzylyrmaga äkidip bogduryñ! Ýa-da amatyna garap başga biçüwde "ogurlyk ýa-da garakçylyk etdiler diýip, töhmet atyñ-da, hakyndan çykyñ..." Patyşa Selim II-niñ buýrugy belli: Alawylaryñ kimdigini anykla we hiç kime bildirmän güpbasdy et, Gyzylyrmaga äkit-de bogdur! Eger bu sessiz jeza amatsyz bolsa, alawylara töhmet at, bularyñ ogry, garakçydygy barada ýalan töhmet tosla we soñra äkidip öldür! Garşymyzda alawylary öldürtmek üçin ýalan-ýaşryklary toslamagy, töhmet atylmagyny teklip edýän osmanly patyşasy bar! Patyşa Selim II-niñ Anadolynyñ dürli ýerlerinde ýaşaýan alawylaryñ öldürilmegi üçin ýollan köp sanly permany bar. Selim II-niñ ölüminden soñ 1574-nji ýylyñ 25-nji dekabrynda Myrat III 28 ýaşynda tagta geçýär. Myrat III-iñ beren birinji buýrugy bäş doganynyñ şobada öldürilmegidir. Ol kakasy Selim II-niñ soñky ýoluna ugradylan güni yzyndan bäş doganyny hem ugratmaga dözüpdir. Myrat III bäş dogany üçin tutuş ýurtda kyrk gün ýas tutulmagyny buýrupdyr. Şu ikiýüzlilige seretseñizläñ, ilki bäş doganyny öldürdýär, soñam kyrk gün ýas tutulmagyny buýurýar! Ölen doganlar señki, doganlaryny öldürden seniñ özüñ, ýas tutmaly-da seniñ özüñ, halk näme üçin señ maşgalañ, siziñ tagt intrigalaryñyzyñ ýasyny tutmaly? Myrat III hem edil kakasy we atalary ýaly alawylaryñ ganym duşmany bolupdyr. Olam edil ata-babasy ýaly gerek bolsa başga etmişiñ töhmetini atyp, alawylaryñ hakyndan çykylmagyny buýrupdyr. Ine, Myrat III-iñ 1577-nji ýylyñ 9-njy oktýabryndaky permany: "Zülkadiriýe beglerbegine, Elbistan kazysyna hökmümdir ki: Sen ki kazy, Elbistan kazasynyñ Inaç obasyndan Ýitilmiş Abdal atly biri üçin "Gyzylbaş bolandygy üçin şerigatyñ düzgünlerine laýyklykda hakyndan gelmek lazymdyr" diýipsiñ. Şimdi ady agzalany ele salmagyñy buýurýaryn: Emrim baryp ýetende, ady agzalan gyzylbaşy başga günä ýöñkäp ele salyp we hereketlerini mukaddes şerigatyñ talap edýän biçüwinde, bu boýunça has öñ ugradylan uly permanyma laýyklykda soraga çekip, etmeli işiñi edersiñ. Hakykatdanam aýdylyşy ýaly gyzylbaşlygy we dinsizligi subut bolsa, geçmişde gyzylbaşlardyr dinsizler hakda ugradylan hökmi-humaýunyma laýyklykda munuñam hakyndan çykylsyn". Bu iki osmanly resminamasyny nämüçin dykgatyñyza ýetirdim? Düşündirmäge synanşaýyn. 2013-nji ýylyñ 29-njy maýynda "Taksim" seýilgähinde bolup geçen protest demonstrasiýasynda polisiýanyñ agyr hüjümine uçran ýaşlar Dolmabahçedäki "Walide sultan" metjidine sygyndylar. Ýere serilen ýaşlara ilkinji medisina kömegini şu ýerde bermäge synanyşdylar. Premýer-ministr Rejep Taýýip Erdogan bolsa, ine, şu metjitde şular ýaly ýagdaýda-da spirtli içgileriñ içilendini öñe sürdi. Aýdylýan zadyñ dogrudygyny tassyklamak üçin metjidiñ azançysy şaýat görkezildi. Şaýat garaşylan düşündirişi beren bolsa, "Taksim" seýilgähinde aýaga galan ýaşlaryñ abraýy halkyñ gözünde bir köpük bolaýmalydy. Emma garaşylşy ýaly bolmady, azançy metjitde içgi içilendigini görmändigini aýtdy. Hernäçe basyş edilse-de, ol beren görkezmesinden dänmedi. Premýer-ministr Rejep Taýýip Erdogan ýalan sözläpdi. Erdogan "eždadym" diýip ýere-göge sygdyrmaýan ata-babasynyñ ulanan taktikasyny ulanyp, aýaga galan ýaşlara töhmet atypdy. 2013-nji ýylyñ 11-nji iýunynda partiýasynyñ topar ýygnanyşygynda 'Taksim" seýilgähinde bolanlary gaýtadan gozgan Erdogan aýaga galan ýaşlary nyşanalap, "kellesi ýapynjaly gyzlarymyzy ýapynjalaryndan tutup ýerde süýrediler, bürenjekli bajylaryma topuldylar. Bir ýakynymyñ gelnini ýerde süýrediler, özüne we çagasyna el ýetirdiler" diýdi. Wakalaryñ bolup geçendigi aýdylýan ýerde wideokameralar barlananda, beýle zadyñ bolmandygy belli boldy. Premýer-ministr Rejep Taýýip Erdogan ýene ýalan sözläpdi. Erdogan "eždadym" diýýän osmanly patyşalary bilen birmeñzeş ýaradylyşdadygyny, birmeñzeş häsiýetdedigini ýene bir gezek subut edýärdi we garşydaşlaryna töhmet atýardy! Siz - siz boluñ, osmanla "eždadym", "ata-babam" diýenlerden, osmanly fanatlaryndan gaça duruñ! Çünki size nirede, haçan, nähili töhmet atjakdyklary hiç belli bolmaz! Ýylmaz DIKBAŞ. Facebook, 14.06.2014 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |