TOMZAGYŇ SAÝLAN GARPYZY
Bir bar eken, bir ýok eken. Bir şagal bilen bir tilki bar eken. Olar bir mes toprakly ýeri saýlap alyp, ol ýere şärikli gawun-garpyz ekipdirler. Soňam ýetişen hasyldan ýetdik paýlaryny alyp, özlerinden artanlaryny ýakyn dostlaryna paýlamagy makul bilipdirler. Şunlukda, oklukirpi, towşan, gurçuk, tomzak, kyrkaýak hem-de ýylan, syçan, garga, baýguş, serçe, gumry dagylar bu ýerikçagyrylypdyr. Oklukirpi şol ýeriň özünde gawun-garpyzlaryň birnäçesini parçalap ýetişipdir. Her kim ýetdik paýyny alypdyr, kimsi şol ýerde garnyny doýdurypdyr, kimsi-de ýany bilen göterip bilenini alyp gidipdir. Pyşdyl bir gawuny tirkegine alsa, towşan ikisinigöteripdir. Hasyl paýlanyşygyny eşiden tomzak bu ýere hemmeden öň gelen eken. Ol ullakan bir garpyzy baldagyndan ýolupdyr-da, öýüne bakan togalaberipdir. Basym maýmyn hem eşegi yzyna tirkäp,bu ýerde peýda bolupdyr. Ol eşegi gawun-garpyzdan mas ýükläp, üstünde-de joňkaryp oturypdyr. Soňy bilen bu ýere sygyr, düýe dagylar hem gelipdir. Olar hem şäriklik ekinden garynlaryny mazaly doýdurypdyrlar. Soňam ekiniň eýelerine sagbolsun aýdyp, indiki ýylyň hasylynyň mundan hem köp bolmagyny arzuwlap, öýli-öýüne dagapdyr.
Indi habary kimden alalayň. Geliň, öýüne bakan garpyz togalap barýan tomzakdan alalayň. Tomzagyň garpyz togalap gelşi gözgyny eken, sebäbi eňaňaşak ýer gelende garpyz ugruny üýtgedip, tomzaga başartmandyr. Tomzak garpyzy dogry ýola saljak bolup, halys ýadapdyr, gözleri töwereginde bolup, il-günden haraý isläpdir. Töwerekde bolsa janly-jemende görümändir. Garaňky mazaly düşüp, aýak sesi ýatansoňam öýüne ýeter ýerde ýetmändir. Ahyry, ol öldüm-öldüm diýlende, ýarygijeler töweregi gelipdir. Tomzagyňky şondan soňam paşmandyr. Haçanda tomzak getiren garpyzyny öýüne salmakçy bolup togalanda, garpyz işigiň agzynda galyp, ne aňryk, ne bärik, gymyldaman galyberipdir. Şonuň üçinem tomzak öýüne giribilmän daş işikde, aýazly howada daň atyrmaly bolupdyr. Ol üşäpdir, hatda soňy bilen gyzdyrybam başlapdyr.
Tomzagyň düşen halyny eşidip, goňşy-golamlar saba bilen oňa kömege eglipdirler. Olar garpyzy itip-itibem ýerinden gozgap bilmändirler.Gaýta ol öňküden-de dykyn alyp, bekäpdir. Alaka “işigiň agzyny köwmeli, ýykmaly, giňeltmeli bolar. Başga ýol ýok” diýipdir-de, işe girişipdir. Haýp, tomzagyň guran öýi galadanam berk eken. Näçe urunsa-da, oňa alakalaryňam dişleri ötmändir.
Hiç kesden kömek bolmansoň, hyşy-wyşy gürrüňler köpelipdir. Şonda kyrkaýak şeýle diýipdir:
--Tomzak goňşam nebsine haý diýäýmeli ekeni-dä! Kiçeňräjik garpyz saýlap alan bolsady, belki bu güne düşmese-de düşmezdi.
Pyşdyl:
--Hernä tomzak dostumyz garry gyz gawuny saýlamandyr, şoňa şükür etsin, bolmasa gyşy bilen öýüne-de girip bilmezdi.
Gurçuk:
--Dogry aýdýaň, pyşdyl dost, bu näme-de bolsa garpyz, ol bir aý çemesi dursa göwrümem kiçeler, daryşganlyk ýerde zaýalanybam ugrar. Şonuň üçin sen tomzagy myhman al, bir aý diýýäniň hä diýmän geçer.
--Bu bolmaz!—Syçan bu gezek zarply sesi bilen gygyrypdyr.—Indi şundan başga teklip ýokmy? Toba, toba, heý-de öz öýün barka, bir aýlap başga biriniň öýüne gitmek bormy?
--Ýylan dost, aramyzda senden akyllymyz, senden ugurtapyjymyz ýok, hany bir kelläňi işlet. Belki bir alajyny taparsyň. Ýogsam, tomzak dostumyz gyzdyryp ýatyr, görgülijik bu günem daşarda galsa, onuň neneň boljagy belli däl—diýip, ene zemzen hamsygmaga durupdyr.
Onýança belent başyny galdyran ýylan “Tapdym!” diýip, gygyrypdyr. Hemmeler ýylanyň töweregine üýşüp, onuň basymrak teklibini aýdaryna howlugypdyrlar.
Häziriň özünde bu ýere dostumyz oklukirpini çagyrmaly. Ol bu işiň hötdesinden geljek ýeke-täk kişi. Bular ýaly garpyzy dessine parça-parça edip taşlar.
--Berekella, ýylan! Akylyňa-paýhasyňa döneýin! Bu pikiriň meniň kelläme gelmeýşini--diýip, syçan hemmeden öň jedir-jedir edipdir.
Oklukirpi mähelläni kängaraşdyrmandyr. Garpyza agyz urandan, garpyz tarka iki bölege bölünip, bir bölegi öýüň törüne çenlitogalanyp gidipdir. Muňa hemmeler şatlanypdyr, tomzagy gutlapdyrlar. Özüniň şular ýaly dostlarynyň bar mahalynda kyn günde ýeke galmajagyna göz ýetiren tomzagyň gyzgyny peselip, basym derdinden saplanyp gidipdir.
Ýylanyň ugurtapyjy, parasatly hem akylly jandar hasaplanylmagyna belki tomzak bilen garpyzly waka sebäp bolandyr.Muňa hemmelerem şeýle düşünýär.
Ertekiler