09:56 Tomusdan pursatlar... | |
TOMUSDAN PURSATLAR...
Satiriki hekaýalar
Öý eýesi äpet hojaýyn bar güýjüni ulanyp, siňek öldürilýäni bilen tokarja siňegi ursa-da, urgy siňege degmedi. Siňek aňyrrak süýşüp, bu äpet jandaryň özi ýaly kiçijek jandary tutup bilmeýänligine gülüp-gülüp içi gyrylara geldi. Jaýyň dik ýokarsyndaky lýustranyň üstünde aýajyklaryny hallanladyp oturşyna wyzyrdap, öz dilinde aýdym aýdyp, äpediň has hem gaharyny getirdi. Äpet hum ýaly çişip, siňege ýumrugyny düwüp haýbat atdy... Äpet halys ýadap, gözüni süzüp, irkilip ugrandyram welin, gaýtdy ýokardaky oturan. Onuň burnuna bir gondy, gulagyny bir gyjyklady. Ukusy bozulandygyna gahary gelen äpedem düşdi söbügine. Başlandy kowalaşmaşak... Bu ýagdaý her tomus her öýde tanyş ýagdaý... Siňekler wyzyrdayar, diýmek tomus golaýlapdyr... Düýnki ösen güýçli, tozanly şemaldan soň, bu gün günortana çenli, öýi syryp-süpürip, pollary ýuwup, mebelleriň hem tozanlaryny süpürip, öýüni gül ýaly eden öý bikesiniň göwni hoşdy . Çagalaryny ýeke-ýekeden suwa düşürdi. Garynjyklaryny doýrup, ýatyrdy. Gap-gaçlar ýuwuldy. Ahyrsoňy bar iş gutardy. Sowadyjy daşarynyň ot ýaly yssysyny bildirman buz ýaly ýelini gaýgyrman üfläp dur. Öý bikesi hem dynç almak üçin başyny ýassyga goýanam şoldy welin, yşyk söndi. Ýarym sagatdan soň turdy bir başagaýlyk. Çagalar garader bolup togalanyşýarlar. Yssydan ýaňa durar ýaly dal... Yşyk sönmek hem tomus paslynyň bir aýrylmaz häsiyeti diýen yaly... Bazarda satylýan gawun-garpyzlar... Gaýnadylýan toşaplar... Öý haýwanlarynyň iň halaýan pasly... Şireli paçakdan gerk-gäbe doýýarlar. Goýunlar dagy has mesirgäp, gawunyň paçagyny iýmän, diňe garpyzyň paçagyny iyen bolýan wagtlary... Tomus gijeleri ýöne has şowhunly, has ýagty... Gijeler gysga bolanlygy sebäplimi has gyzykly. Üýşüp daşarda oturmalar, sekilerde çaý içilişik... Bular gündiz yssydaky yşyk sönmegi, siňekler bilen turýan uruşlary unutdyrýar... Hormatly okyjylar! Goý, siziňem öýüňize eli ýaragly äpet bilen kiçijek jandarjygyň kowalaşmasynda ýeňiş äpediň tarapynda bolsun, elektrik yşygy hem sönmesin, sönäýende-de çaltrak ýansyn... | |
|