23:49 Toýda okalan goşgy | |
TOÝDA OKALAN GOŞGY
Goşgular
![]() Özlerine ogul gerek bolaýsa, Gyz hem bolsa, Ogulgerek diýerler. Gundaglyja aglap ýatan bäbegi Ogulgerek, oglum, diýip söýerler. Şonuň üçin dünýä inen badyna, Ogulgerek dakypdyrlar adyna. Ogulgerek dakypdyrlar adyna, Tutar ýaly ogullaryň deregin. Wah, olar nireden bilsin ahyry Biziň Ussamyza gyzyň geregin ![]() Ogulhem gerekli, Ogulgeregem, Geliň dostlar, götereliň tosty biz. Hem-ä söýülýänleň, hemem söýýänleň – Aşyk-magşuklaryň söwer dosty biz. Gyzjagazlar bolsun ekiz-ekizden, Ogullarnyň her birisi ner bolsun. Bu dünýäde armanyň nä köpelseň, Esasy zat – agyzlary bir bolsun. Bulaň bary bolar gider kem-kemden, Ir entekler bu barada oýlanmak. Ilkinji tost çyn söýginiň saglygna. Ýaşasyn dünýäde söýüp öýlenmek. Halyl KULYÝEW. | |
|
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |