14:45 Tupandan soñky tüweleý | |
TUPANDAN SOŇKY TÜWELEÝ
Taryhy makalalar
• ýa-da Jelaleddiniň soltanlykdaky ilkinji ädimleri Taryhyň örüsi ýeňişleriň we ýeňilişleriň, üstünden ençeme asyr geçenligine seretmezden inkär edilmesi mümkin bolmadyk wakalaryň guraksy sene ýazgysynyň möçberinden aşa giňdir. Taryh özboluşly bir dünýädir. Taryh hereketdäki ömrüň belli bir pursatlaryny hakydasynda doňduryp bilýän surat kysmydyr. Islendik suraty birnäçe adamyň dykgatyna ýetirileninden soňra, olaryň şol suratdaky pursat barasyndaky pikirlerini sorasaňyz, pikirleriň biri-birine gabat gelenem, golaýlaşanam, düýbünden gabat gelmedigem bolar. Jelaleddin soltanyň ömri hakynda taryhda saklanyp galan maglumatlar, nämüçindir, tupandan soňky tüweleýi ýatladýar. Ynha, taryh şeýle gürrüň berýär. Beýikligini dünýäniň boýnuna goýmagy başaran seljuk türkmenleriniň yzysüre, 1097-nji ýylda düýbi tutulan Horezmşalar döwleti dünýäni tupan bolup baglan Çingiz hanyň zarbasyna pytrap gidýär. Bolany. Jelaleddin bolsa, mongollar gelmeziniň öňüsyrasyndaky döwürlerde dabarasyna dünýede taý tapylmaz saýylýan soltan Muhammediň ogullarynyň biri. Bu günki gün, üstünden asyrlar geçeninden soň, bu şahslar hakynda taryhyň sowuklanç sene ýazgysyna üýtgeşme girizip bilen tapylmasa gerek. Taryhçylaryň dürli döwürde ýazan, biri-birine çalymdaş sene ýazgylary bilen tanyş okyjylar, eýýäm Muhammet soltanyň, onuň depseň deprenmez döwletiniň, ejesi Türkan hatynyň, oglanlary Jelaleddiniň, Kutbetdiniň, Kyýasetdiniň, Ak şanyň, Rukhetdiniň we ýene-ýeneleriň ömür tanaplarynyň üzülmeginiň baş sebäbi bolup gelen Çingiz hanyň kimdigini bilýändirler. Taryhyň saralan sahypalary bilen ýitip giden maglumatlary tapasy gelýänem, okasy gelýänem, bilesi gelýänem kändir. Olar hakdaky gürrüňleriňde, ulanan seneleriňde goýberen sähelçejik ýalňyşlygyňy düzetmäge taýýar okyjylaram bardyr. Türkmen ynanjyna görä, «Owalam Alla, ahyram Alla», «Alladan bidin çöp başam gymyldanok». Adamzat kowmunyň aňyrsy Beýik Biribaryň ýaradany, düýp pederimiz Adam ata direýär. Kowumlar haçan, nire-de aýrylaşyp, nirede birigipdir. Haçan dogan, haçan dost, haçan duşman bolupdyr. Kim kimi näme sebäbe görä duşman saýypdyr. Kim ýeňipdir, kim ýeňilipdir. Olar hakynda jikme-jik gürrüň etmek hiç kime-de başartmaz. Emma biziň bu günki gürrüňimiz welin, taryhy seneler bilen däl-de, taryhy häsiýetler bilen taryhy şahslaryň gatnaşygy, häsiýetiň we paýhasyň netijesinde emele gelýän ýollar, ýörelgeler, netije çykarma ukyplary hem-de şular bilen aýrylmaz bagly bolan söweş sungatlary barasynda bolar. • BIRINJI HEM-DE IKINJI ISGENDER Birinji Isgender, ýagny Aleksandr Makedonskiý tagta geçen gününden başlap, tagt we döwlet işine burnuny sokmagyndan ätiýaç edip, öz ejesini hökümdarlygyň merkezinden hem-de hökümdar oglunyň golaýyndan çeträkde saklanyny kem görmeýär. Ol şeýle-de edýär. Ikinji Isgender, ýagny paýtagty öz döwründe dünýäniň iň güýçli ylmy ojagy saýylan Gürgenç şäheri bolan Horezmşalar döwletiniň hökümdary, özüne ikinji Isgender (Aleksandr Makadonskiý) dýilmegini gazanan soltan Muhammet, näme üçin muňa üns bermedikä?! Eýsem, asyl nusganyň ähli ukybyny özleşdirmän, onuň mertebesini gaýatlap bolarmy?! Bu sowalyň jogabyny hiç kim bermez. Ony biziň özümiz özümizçe çözmeli. Hemmämiziňem netijämizem çalymdaşrak bolar. Islendik zenan üçin öz ogluň soltanlyk derejesine guwanmak, buýsanmak duýgusy ýurdy dolandyrmagyň çylşyrymly meselelerini çözmek garamatyny öz gerdeniňe aljak bolmakdan ýeňil bolsa gerek. Çünki, tagt – maslahatçysy näçe köp bolsa-da, ýurduň ykbalyna dahylly meseleleriň, aýgytly netijesini ýeke bolup çözmegi talap edýän dolandyryş. Teklipleriň süňňündäki mazmunyň ýalňyşlyklaryna düzediş bermek, ykrar etmek ýa-da düýbünden ret etmek hukugy diňe tagt eýesine berlendir. • AŇYŇDAN ÇYKMASA, GANYŇDAN ÇYKMALY Türkmeniň düýp arkasyndaky, oglanlarynyň adyna Asman bilen Zeminiň aralygyndaky alty gudratyň adyny dakan, Oguz hanyň söweş usullarynyň soltan Muhammet tarapyndan özleşdirilmändigine onuň reňki taryh sahypalaryna tegmil bolup siňen ýalňyşlyklaram subut edýär. Mysal üçin: 1. Oguz han ýetişen oglanlaryny söweşe ýany bilen alyp gidýär. 2. Söweş tärlerini özleşdirmegi mümkin bolan belli bir döwürden soň, olary üç-üçden iki topara bölüp bir wagtyň özünde her topary bir ýurdy: a) Gün, Ýyldyz we Deňiz handan düzülen birinji dokuz müňlik goşun bilen Rumy; b) Aý, Gök we Dag handan ybarat ikinji bir topary şonça goşun bilen Frank diýaryny boýun egdirmäge ugradýar. Eger oglanlary nähilidir bir ýalňyşlyk goýberäýse, onda arkalarynda olary dolandyryp biljek Oguz han bar. Ýeňişlerden soň Oguz han olaryň hersini bir altyn tagta mündirip, olaryň hanlyk wezipesine ýetişenligini ykrar edýär. Emma ýurdy welin özi dolandyrýar. • SOLTANYŇ SOŇKY TÜÝKÜLIGI Ýurduny giňeltmek hem häkimýetidir hökümini berkarar etdirmek islegleriniň süýt kölünde ýüzýän soltan Muhammet welin ýurduň ykbalyny ele almaly oglanlarynyň hökümdarlyk we goşuny dolandyrmak mümkinçiligine gözegçilik etmeýär. Yklym eýesi mümkinçiligi bilen, elbetde ogullaryna eýelenen ýerlerden hökümdarlyk paýyny sowgat edýär. Ýöne ýurt dolandyrmak – ýurt dolanşyk işleri bilen tanyşlygy, werzişligi talap edýär. Duşman – Çingiz han goşuny geleninde-de, soltan ýaş dogumly ogullarynyň başyny jemlemegiň hyýalyna münmeýär. Jelaleddiniň, Kutbetdiniň, Rukhetdiniň ýa-da Pir şanyň haýsy-da bolsa biriniň ýanyna barmaýar. Olar bolsa, soňra uly duşmany goýup bir-birine azm urýarlar. Şeýdibem, agzalalygyň pidasy bolýarlar. Elbetde, bu ýagdaý Gürgenji basyp almaga goýberilen Çingiz oglanlarynyň arasynda-da bolup geçýär. Emma, Çingiz ony derhal düzedýär. Şowsuzlyga büdrän soltan Muhammet, dogrusy, Çingiz handan däl-de, maşgala agzalalygyndan gaçýar. Duşmanynyň dumana çalymdaş dowulynyň aşagynda galan hakykat bilen çyny saýgaryp ýetişmedik soltan Muhammet Jelaleddine tagtyň hem-de ýurduň ykbalyny gaty giç geçirýär. • BETLAGAM ÝOLDAŞDAN, ÝAMAN GOŇŞUDAN ÝUWAŞJA AÝRYLYP GAÇAN ÝAGŞYDYR Jelaleddine tagtyň we ýurduň ykbaly soltan Muhammediň hut özi tarapyndan geçirilenem bolsa, ol doganlarynyň dildüwüşiginden gaçmaly bolýar. Ol ownuk agzalalykdan gaçýar. Oňa tagtdan ötri kakasyny adada ölmäge mejbur eden Çingiz bilen garpyşmaga uly güýç gerek. Uly goşun gerek. Başarjaň serkerdeler gerek. Söweş usullaryny we mümkinçiliklerini döretmek hem-de durmuşa geçirmek üçin şert gerek. Şonuň üçinem ol ömrüni, garabaşyny, ykbalyny haýsydyr bir wagt böwrüňe sünjülesi gelip duran dönük pyçagynyň aşagyndan duşmanyň gylyjynyň aşagyna tarap alyp gaçýar. • GURDY AÝAGY EKLÄR, IÝMITI ÝOLLARDADYR Jelaleddin kakasy tarapyndan boýnuna goýlan uly ykbaly gerdeninde göterip, ar gylyjyny çalmaga zerur bolan goşunyň gözlegine çykýar. Emma mongol goşuny ýurdy tupan bolup syrypdy. Jelaleddin 300 atlyny yzyna tirkäp ýören göçme soltandy. Goşun toplamak üçin oňa birje ýol bardy. Soltan Muhammediň ýele uçuran ynamyny ýene-de halka gaýtaryp bermelidi. Ýöne nädip... Jelaleddiniň ýoly Çingiz hanyň Gürgenji terk eden soltan ogullarynyň ýoluna petik bolsun diýip, ýaýradan goşunlaryndan 700 atlysynyň üstünden düşýär. «Hudaý berse guluna getirip goýar ýoluna» diýleni. Jelaleddin öz gözläp ýören şöhradyny – ogurladylan ynamy arslanyň agzyndan almalydygyna göz ýetirýär. Şeýlelikde, Jelaleddiniň mongol goşuny bilen ilkinji çaknyşygy Nusaý galasynyň alkymynda bolup geçýär. Ýadaw halda sütüni süýnen türkmen ýigitleri dynç alyp, söweş küýsäp ýatan, özlerinden iki esse artyk güýji bolan mongollara olaryň isleýän söweşlerini sowgat berýärler. Ar gylyjynyň ezber ussadyna dönen goçaklar aç börä dönýärler. Olara gurt oýnuny görkezýär. Çingiz goşunlarynyň arasyna ýeňilmezeklikleri hakyndaky ynama urlan ilkinji zarba, türkmenlere öz ynamlaryny gaýtaryp beripdi. • HAL IKI ÝANDAN Jelaleddin Nusaýdan soň Nişapura baryp, özüni dürsäninden soň Gürgençden baş alyp çykan az sanly ýigitleri ýanyna alyp, uly ýygynyň islegi bilen ýola çykýar. Ol tatarlaryň ýörite özi üçin ýygyn ugradylanyny eşidip, Al-Kahyr atly galany penalajak bolýar. Emma kiçijik galanyň hökümdarynyň «Sen gala girseň, mongollar soltany ele salmak üçin galanyň ilatyny gyryp diwarlaryny ýumrarlar, bu gala soltana gaçybatalga bolup bilmez» diýen ajy hakykaty onyň garamat ölçeginiň derejesinden we duşman üçin gaty uly hem-de esasy nyşany bolup duranlygyndan habar berýär. Ýaranjaňlyk etmezden hakykaty ýüzüne bazyrdadyp bilen, gala hökümdaryndan Jelaleddin kitüw saklamaýar. Ol bu ýerde özüniň bireýýäm göz ýetiren hakykatyny eşdipdi. Soltan soltanlygyny ykrar etdirmelidi. Heniz türkmenleriň özi tarapyndan doly ykrar edilmese-de, Çingiz han tarapyndan ykrar edilen soltan Jelaleddin Gazna tarap süýşmeli bolýar. Birküç günden soň golaýlarda soltanyň doganoglany, Hyradyň häkimi hem muktasy, Jelaleddiniň gaýnatasy, gaňly taýpasynyň serdary Emin el-Mülkiň bardygyny habar berýärler. Taryhy çeşmelerde onuň yrgyldap duran Hörezmiň dargajagyny aňanyndan soň, Çingiziň tarapyna geçip, oňa hyzmat edip, ygtyýar hatyny alandygy, aralaryndaky şertnama degişlilikde Jebe noýon bilen Sübuteý Emin el-Mülkiň häkimlik edýän ýerine degmändigi beýan edilýär. Emma Emin el-Mülkiň özüne göwni ýetýip, talaňa başlan Togaçar noýony güýçli garşylyga uçradanlygy, edilen talaňçylyk hereketleri we onuň bilen baglanşyklylykda bolup geçen garşylyklar hakynda Çingiz hana hat ýollaýar. Emma ýagdaýlar Emin el-Mülke Çingiz hana bil baglap bolmajakdygyny mälim edýär. Çingiziň gullugyndan ýüz dönderip, gelýärkä-de Jelaleddiniň ugradan hatyny alýar. Taryhy çeşmelere maglumat bolup giren hatyň ýazgylary bize mälim bolmasa-da, Jelaleddin soltan hatynda ýerleşen ýerini we duşmana ediljek çozuş hakyndaky pikirlerini ýazýar. Emin el-Mülkiň ýanynda soltan Muhammediň goşunundan bolan ýolbarsyň äňini ýazdyryp bilýän, arslana gaýra dur diýýän saýlama 10 müň türkmen goşuny bar eken. Şeýlelikde, ilkinji gezek aga-ini, Gandagary basyp alan tatarlara garşy aýgytly söweşe girýärler. Özlerinden ezberiň ýokdugyna kemsiz ynanan tatarlar, ýene-de bir gezek, garaşylmadyk, özem has ulurak garşylyga sezewar bolýarlar. Gorkusyna atlanyp ýetişen ýek-ýarym mongolyň yzy bilen Çingiz hanyň huzuryna olaryň söbügini sydyrdadyp gelýän dowulam girip ýetişýär. Çingiz han üstünligiň açarynyň üstünde uly dawanyň turjagyna ynanýar. Özüni tutmaga maý berseň, Jelaleddinden eýgilige garaşmaly däldigine, onuň soltan Muhammet däldigine göz ýetirýär. Ony özüni tutmanka ýok etmeli diýen karara gelýär. • ÇAKYLYKLY GELEN ÇAPAR Jelaleddiniň görkezen jeňinden sypyp, Çingiziň huzuryna özlerini zordan atan mongol esgerleriniň yzyna düşüp gelen dowul, Çingiz han üçin garaşylmadyk myhmandy. Ol ony birnäçe ýyl mundan öň Horezme ugradypdy. Emma Jelaleddin ony yzyna ugradypdyr. Bu myhman uzak saklasaň, dünýäňi sarsdyrýar. Ony ýok etmegiň ýekeje ýoly bar. Ony gelen ýerine ugratmaly. Jelaleddiniň ýeňşi hakyndaky bu habar Çingiz han üçin Jelaleddinden söweş çakylygy bolup eşdildi. Jelaleddin ýeňişleriň badyhowalygynda meýmiräp ýören Çingiz hanyň hakydasynda tüweleý turuzdy. Tejribeli ýolbarsa dönen Çingiz ol tüweleýiň yzyny gözläp, Gazna bilen Gürgenjiň arasyny juda gysga wagtyň içinde elek etdi. Emma öz turuzan tupanynyň çalam-çaşlygyndan başga zady welin görmeýär. Ýürekleri atyň kellesi ýaly iki sany serdar bir-birini görmäge, sataşmaga, garpyşmaga howlugýar. Islegler meňzeş, arzuwlar çalymdaş. Oýunçy iki, oýyn bir. Bu oýunda-da, ykbal edil beýleki oýunlardaky ýaly, ýalňyz arzuwyň hyrydary bolup oýna giren iki sany serkerdäniň öňüne ýelden ýaryljak bolup duran ýeňiş atly pökgini oklapdy. Hawa, oýun birdi, oýunçy weli ikidi, ýöne netije-de bir bolmalydy. Aşyrmät GARLY. | |
|