20:37 Türkçi şygyrlary ýazandygy sebäpli atyldy... | |
TÜRKÇI ŞYGYRLARY ÝAZANDYGY SEBÄPLI ATYLYPDY...
Edebi makalalar
Ýokarda: Ahmet Jewatyñ kitaby. Aşakda çepde - Şükriýe Jewat, sagda Ahmet Jewat Türk milliýetçileri (nasionalistleri) "Çyrpynardyñ Garadeñiziñ" awtoryny tanaýarlarmy? Munuñ iñ ýeri-de AK partiýanyñ Stambul boýunça welaýat bölüminiñem Türkiýe bilen Azerbaýjanyñ arasyndaky "dost-doganlyk gatnaşyklarynyñ" çuñlugyny görkezmek üçin "Çyrpynardyñ Garadeñiz" aýdymyny ulanypdy. Hawa, tapawudy näme, açyk konsert merkezlerinde ýa-da ýapyk zallarda geçirilýän ýygnanyşyklaryñ jemleýji böleginde eller asmana galgap, barmaklar "bozgurt" yşaratyny eden badyna "Çyrpynardyñ Garadeñizi" aýtmaga başlaýar. Ülküji, ýagny nasionalist-idealist (soñky ýyllarda käte syýasy yslamçy) düşünjäniñ aýrylmaz bölegine öwrülen bu aýdyma nasionalistleriñ eýe çykmagy işçi-zähmetkeş gatlagyndakylaryñ gaharyny getirýär. Şonuñ üçin ýakyn wagtlarda "Çyrpynardyñ Garadeñiz" işçi-zähmetkeş çykyşlarynda aýdylyp başlansa geñ görüp oturmagyñ hajaty ýok. Ülküji jemagatyñ nukdaýnazaryndan munuñ iñ geñ ýeri "Cyrpynardyñ Garadeñiziñ" awtorynyñ adyny aglaba köpüsiniñ bilmeýänligi bilen birlikde aýdymyñ sazyny ýazanyñam kimdiginiñ hiç kimi gyzyklandyrmaýanlygydyr. Milliýetçi Hereket Partiýasynyñ (MHP) ýolbaşçy düzümindäki ketdeleriñ gaharyny getirjegimi bilip duranam bolsam, aýtman geçip biljek däl, idealist (ülküji) ýaşlaryñ "Çyrpynardyñ Garadeñiz" şygrynyñ awtoryny we aýdymynyñ kompozitoryny bilmezligi örän uly masgaraçylyk we asla bagyşlap bolmajak nogsanlyk. Aýdymçy Azeriniñ şygryñam, sazynyñam asla we aspa ruhuna kybap däl görnüşde aýdýan "Çyrpynardyñ Garadeñiz" bilen joşmk idealist ýaşlaryñ medeniýetden, sungatdan nähili daşdadygyny görkezýän ajy mysallaryñ biri boldy. Aý-how, başyñyza-gözüñize döneýin, heý size ýol-ugur görkezen biri çykyp, Ýaragly Güýçleriñ Mehteriniñ (Harby gimniniñ) şygryñam, sazynyñam ruhuna kybap görnüşde aýdýan "Çyrpynardyñ Garadeñizini" diñläp joşmagy kelläñize getirmediñizmi? "Çyrpynardyñ Garadeñiziñ" awtorynyñ we kompozitorynyñ kimdigi sizi gyzyklandyrmadymy, heý? Oña-da ýok diýýäñizmi ýa? Geliñ, onda bu barada gysgaça ýazyp geçeýin... "Çyrpynardyñ Garadeñiz" şygrynyn awtory Ahmet Jewat Ahundzada 1892-nji ýylyñ 5-nji maýynda şol wagtlar Patyşa Russiýasunyñ çäklerindäki Azerbaýjanyñ Genje welaýatyna degişli Şemkir kazasynyñ (etrabynyñ) Aşakgy Seýfeli obasynda dünýä indi. 1898-nji ýylda kakasy aradan çykdy. Başlangyç mekdebiñ üç ýylyny obasynda okandan soñ ejesi bilen bile Genjä göçüpdir. Çaga ýaşlarynda arap-pars dillerini içgin özleşdiren Ahmet Jewat 1906-njy ýyldan başlap "Şa Apbas" metjidiniñ garamagyndaky mekdepde bilimini dowam etdiripdir. Sapaklaryna ýetişiginiñ gowy bolandygy üçin Haýyr-sahawat jemgyýeti oña her aý ýedi altyn pul goşmaça stipendiýa töläpdir. 1912-nji ýylda mekdebi tapawutlanan bahalar bilen tamamlan Ahmet Jewat geljekki ýyl Genjede Kawkazyñ şeýhulyslamy Muhammedaly Pişnamazzadanyñ ekzameninden geçip, "Türk we pars dilleri boýunça hormatly mugallym" titrine alypdyr. Azerbaýjan Milli-Azat edijilik göreşiniñ synmaz şahsyýetlerinden bolan Kawkaz şeýhulyslamy Muhammedaly Pişnamazzada milli buýsanjyñ, şeýle-de milli döwlet düşünjeleriniñ orta çykyp bekemeginiñ yzysüre 1918-nji ýylyñ 28-nji maýynda Azerbaýjan Respublikasynyñ yglan edilmegine getiren müddetde deñsiz-taýsyz rola eýe bolandygyny-da nygtaman geçip bilmeris. 1912-1913-nji ýyllarda ýañy ýigrimi ýaşlarynyñ başyndaka birküç sany egindeşi bilen Balkan uruşlaryna gatnaşan Ahmet Jewata Osmanly imperiýasynyñ başdan geçirýän kynçylyklary ýiti täsirini ýetiripdir. 1914-nji ýylda Birinji jahan urşunyñ başlanmagy bilen Mämmedemin Resulzadanyñ eýelik edýän "Açyk söz" gazetiniñ korrespondenti bolup işlän Ahmet Jewat Batumi, Ardahan, Kars sebitlerinden gazete habarlar, ýagdaýlara degişli zarisowkalar, şygyrlar ýollapdyr. Şol döwürde Baku gazetlerinde Jewadyñ nasionalistik ruhly şygyrlary çap edilipdir. Nebit milliarderi Hajy Zeýnelabidin Takizadanyñ synanyşyklary bilen 1917-nji ýylda bary-ýogy bir nomeri çykan "Gardaş kömegi" žurnalyndan gelen girdejiniñ Batumi, Kars, Ardahan, Erzurum sebitleriniñ ýaşaýjylaryna paýlanyp berilmeginde Ahmet Jewatyñ uly hyzmaty boldy. "Çyrpynardyñ Garadeñiz" şygryny bolsa, Ahmet Jewat Kasym 1914-nji ýylda Genjede gezip ýörkä osmanly harby flotyna degişli "Hamidiýe" söweşjeñ gämisiniñ Odessa portunda iki rus gämisini gark etmehi baradaky eşiden habaryndan täsirlenip ýazypdyr. 1918-nji ýylyñ 28-nji maýynda Musulman Gündogarynyñ ilkinji garaşsyz respublikasy bolan Azerbaýjan Respublikasynyñ jar edilmegini uly joşgun bilen garşylan Ahmet Jewat "Çyrpynardyñ Garadeñiziñ" gazetdäki neşirine türk nasionalizminiñ atasy Hüseýin'ada Ali beýe gol çekdiripdir. Osmanly goşunlarynyñ baş komanduýuşisi Enwer paşanyñ dogany Nury paşanyñ serkerdeligindäki Kawkaz Yslam goşunynyñ 1918-nji ýylyñ 15-nji sentýabrynda Azerbaýjanyñ paýtagty Bakuny azat etmegini Ahmet Jewat iki günden soñ "Azerbaýjan" gazetinde çap etdiren "Bismillah" şygyry bilen gutlapdyr. 1919-njy ýylda Bakuda çap edilen "Milli nagmalar" ("Milli Nağmeler") atly kitapda Ahmet Jewadyñ "Watan gimni" atly şygyry ýerleşdirilipdir. Ynha, şol şygyram Şarkyñ (Gündogaryñ) ilkinji operasynyñ kompozitory Üzeýir Hajybeýli tarapyndan Garaşsyz Azerbaýjan Respublikasynyñ döwlet gimni hökmünde kabul edilendigine garamazdan, 1920-nji ýylyñ 27-nji aprelinde döwleti aradan aýran Russiýa tarapyndan bir gyra zyñyldy we döwlet gimnliginden çykaryldy. Tä ol 1989-njy ýylda Azerbaýjanyñ azatlyksöýüji adamlary milli azat-edijilik göreşi üçin aýaga galanlarynda sözleri Ahmet Jewada, sazy Üzeýir Hajybeýlä degişli Garaşsyz Azerbaýjanyñ döwlet gimni köçeleri we meýdanlary ýañlandyrjak günlerine çenli... "Çyrpynardyñ Garadeñiz" aýdymy-da Üzeýir Hajybeýli tarapyndan 1918-nji ýylyñ sentýabrynda Kawkaz Yslam goşunynyñ Bakuwy azat etmeginiñ şanyna ýazyldy. Bakuwyñ azat edilen gijesi Genjä premýer-ministr Fethaly han Hoýpa telegramma ugradan Nury paşa hökümetiñ haýal etmän Genjeden Bakuwa gelmegini talap edipdir. Hökümet Bakuwa gelenden soñ Döwlet Geñeşiniñ başlygy Mämmedemin Resulzadanyñ türk goşunynyñ hormatyna beren zyýapatynda Mosartyñ "Tûrk gimniniñ" yzynbilen Üzeýir Hajybeýliniñ sözleri Ahmet Jewada degişli "Çyrpynardyñ Garadeñiz" aýdymy ýañlandyrylypdyr. Garaşsyz Azerbaýjan döwletiniñ ýaşan 23 aýlyk döwründe Ahmet Jewadyñ Türkiýä bildiren söýgüsiniñ we goýan hormatynyñ nusgasy-da Enwer paşa bagyşlap ýazan şygyrydy. Ine, şular ýaly progressiw-nasionalist pozisiýasy we Türkiýe bilen ýygjam gatnaşyklary ýola goýmagyñ tarapdary bolmagy Azerbaýjanyñ 1920-nji ýylyñ 27-nji aprelinde Sowet Russiýasynyñ golastyna düşmeginden soñ Ahmet Jewatyñ başdan geçiren horluklarynyñ we ahyrsoñunda atylmagynyñ sebäplerini düzüpdir. Sosialistik sistemanyñ getiren diýdimzorlogy, edýän basyşlary, gorky we ölüm endişesi Ahmet Jewadyñ döredijilik işleriniñ üstünden edil "Demoklyñ gylyjy" ýaly sallanyp durupdyr, bulam az bolýan ýaly täze ideologiýanyñ ornaşdyrylmagy üçin "bazara çykarylan" galam batyrlary türkçi-nasionalist-yslamçy pozisiýasyndan el çekmedik ýazyjy-şahyrlara töhmet atma kampaniýasynyñ başyny çekipdir. Ahmet Jewatyñ 1928-nji ýylda Stambulda çykan žurnalda şygyrlarynyñ çap edilmeginden soñ sosialistik režimiñ lýumpen ýazyjysumaklary muny amatly pursat hasaplap, oña garşy edýän hüjümlerini soñky derejesine çykarypdyrlar, hatda 20 ýaşly ýazyhy Mir Jelal "Hüşgär bolmalydyrys" diýip, Ahmet Jewaty we onuñ bilen pikirdeş beýleki galamdaş ýoldaşlaryny didiwana mündüripdir. Otuzynjy ýyllaryñ ortalaryna gelinende täze režimiñ basyşlaryndan sypmajagynyñ görnüp durandygyna garamazdan Ahmet Jewat ýigrimi ýaşlaryndan bäri gyşarman gelen pozisiýasyndan el çekmändir. 1937-nji ýylyñ iýun aýynda tussag edilipdir, onuñ aýaly Şükriýe hanyma: "Äriñiziñ Türkiýäniñ içalysydygyny aýdyp ýüzüne duran ýagdaýyñyzda sizi boşadyp bileris" diýlen teklip edilendigine garamazdan, Şükriýe hanym: "Ahmet asla içaly däl. Garşysyna görkezme bermegiñ onuñ üçin ölümden has çökder ölüm jezasy bolar" diýip, bu naýynsap teklipden ýüz öwrüpdir. 1937-nji ýylyñ 13-nji oktýabrynda bary-ýogy 15 minut dowam eden sud mejlisiniñ netijesinde atuw jezasyna höküm edilen Ahmet Jewat birnäçe sagatdan soñ atylypdyr. Şükriýe hanym Gazagystana sürgün edilipdir, çagalary-da ýetimler öýüne tabşyrylypdyr. 1956-njy ýylda sowet häkimiýetiniñ sud edaralary bigünä atylan millionlarça adamy aklanda, Ahmet Jewata berilen jeza-da ýatyrylypdyr we Şükriýe hanym Azerbaýjana gaýdyp gelipdir. Ynha, 1930-1938-nji ýyllarda türmä salynan, sürgün edilen, atuw jezasy berilen müñlerçe azerbaýjanly intelligentden biri bolan Ahmet Jewadyñ yzynda şygyrlary, makalalary, terjimeleri we elbetde ýaş wagtlary oñlan türkçi-milliýetçi pozisiýasy miras galypdyr. "Çyrpynardyñ Garadeñiz" aýdymyny özlerine simwoliki aýdym edip alan türk nasionalistperi şol aýdymyñ kompozitoryny we sözüniñ awtoryny bilsinler diýip, şu gysgajyk makalamy ýazdym. Ahmet Jewatyñ ähli eserleriniñ girizilen kitaby bolsa meniñ terjime etmegimde 2022-nji ýylyñ ýanwar aýynda Stambulyñ "Nestor" neşirýatynda çap edildi. Neşirýatyñ başlygy, hormatly işewür we neşirýatçy tanşym Taleh Bagiýewe, kitaba sözbaşy ýazan Baku uniwersitetiniñ mugallymy professor Wagıf Sultanly agama we kitabyñ redaktory Şefika Babaýewa minnetdarlygymy bildirmek bilen kitapdan saylap alan iki şygyrymy siziñ dykgatyñyza ýetiresim gelýär: • SEN Ruhum gözedürtme tümlük içinde Çyrpynanda haraýyma ýetişdiñ. Gaý-tupanlar umydymy boganda, Hydyr bolup perýadyma ýetişdiñ. Döwük ganat bilen çykmyşam ýola, Ýüzleşdigim ýeri görmedim asla. Argynlyk çökende ganata, gola, Rowgat bolup ganatyma ýetişdiñ. Azaşypdym ýoldan, garşymda ölüm... Ýaslara batypdy gülüm... Bilbilim. Ölemde emelim solupdy gülüm, Gözleñ bilen sen dadyma ýetişdiñ. 1913 ý. • GYZYMA Mejalym bolsady, ýazybilsedim, Kagyzyñ ýüzüne bu derdi, gyzym. Seniñ musybatyñ meniñ derdimden Neýläýin, gatba-gat beterdir, gyzym. Kim diýrdi ki, muny bir saba çagy, Tarymar ediler ömrümiñ bagy, Ýüpek tarlarynyñ gelse soragy, Kalbynda ne güller biterdi gyzym. Meniñ musybatym gelmez ki, başa, Dur diýdim, durmady, gözümde ýaşa. Aýtsadym derdimi gabyrda daşa, Olam dil-dil bolup öterdi*, gyzym. Süzülip, bir kere gelebilsediñ, Ýekeje gezeklik gülebilsediñ. Ýa-da ynjalykly ölebilsediñ, Bütin gam-hasratym ýiterdi, gyzym. Mekdep ýoldaşlaryñ gördüler näden, Jan beren sen bolduñ, jany çykan men. Sen çykyp gideñde täze älemden, Meniñ alnymdaky ne derdi®, gyzym? Köllerim gurady, sonam aglady, Ses berip sonama enem aglady. Toýa diýip alan hynam aglady, Maba gara daşlar gül berdi, gyzym. Senden bir ýatlama galaýsyn diýe, Wahh.. ýazybilsedim saña mersiýe. Biçäre kalbymy seleñletmäge, Ynan, tutuş ömrüm ýeterdi, gyzym. 1924 ý. Maýis ALIZADE. Ýekşenbe, 18.08.2024 ý. __________________ *ötmek - saýramak | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |