17:35 Türkiýe-Orta Aziýa gatnaşyklarynyň ugry hanjak? | |
TÜRKIÝE-ORTA AZIÝA GATNAŞYKLARYNYŇ UGRY HANJAK?
Publisistika
Fotosurat: AA Türkiýäniň Orta Aziýadaky türki respublikalary bilen gatnaşyklary ýola goýanyna 31 ýyl geçdi. Turgut Özally ýyllary hasaba almanyňda, iň hereketli geçen döwür 2022-nji ýyl boldy. ABŞ-dyr ÝB-den daşlaşan Türkiýe alternatiwa hökmünde Hytaýyň we Russiýanyň ýany bilen Orta Aziýadaky türki respublikalaryna has-da ýakynlaşmaga başlady. Türkiýäniň Prezidenti Erdogan 2022-nji ýylda ilki Şanhaý Hyzmatdaşlygy guramasynyň (ŞHG), yzyndan türki respublikalaryň döwlet ýolbaşçylarynyň Samarkantda geçirilen ýygnanşygyna gatnaşdy. Yzyndanam şeýle gatnaşyklary pugtalandyrýan ýaly Hazaryň boýundaky Awaza dynç-alyş şäherçesinde Türkmenistanyň we Gazagystanyň prezidentleri bilen duşuşdy. Iki tarap üçin üçinem saýlanyp alynan wagt düşümli boldy. Sebäp Russiýanyň Ukrainanyň üstüne çozan wagtyndan bäri türki respublikalar üçin Türkiýe arkadaýanç ýalydy. Prezident Erdogan bilen Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Şeýle-de Türkiýe iki supergüýç Russiýadyr Hytaýyň arasynda gysylyp galan Orta Aziýa üçin alternatiwa bolup görünýärdi. Türkiýäniň Daglyk Garabagda başyny dik tutup görkezen pozisiýasy we amala aşyran üstünligi türki respublikalaryň göwnüni şat etdi. Hemmeler ýaly olaram Türkiýäniň harby w syýasy goldawy bolmazdan Häzirbegjanyň Daglyk Garabagy gaýdyp almagynyň mümkin däldigini bilýärdiler. Türki respublikalary heýjana salan başga bir zat bolsa, Türkiýäniň soňky ýyllarda goranmak senagatynda ýeten sepgitleridi. Türkiýede öndürilen uçarmansyz dolandyrylýan bombalaýjy istrebitelleriň (UDBI) gazanan üstünligi soňky ýyllarda dillerden düşenokdy. Onlarça ýurt türk UDBI-lerini satyn almak üçin nobata durdy, Gyrgyzystan, yzyndan Gazagystan bu nobatda ýer aldylar. Şeýlelikde, elmydama bir supergüýjüň öňlerini çekmegine mätäçlik duýýan türki respublikalar üçin Türkiýe ilkinji gezek düýpli alternatiwa bolup orta çykdy. Orta Aziýalylary ýüreklendiren başga bir zat bolsa, hemişe gorkuzyjy güýç hökmünde sypatlandyrylan rus goşunynyň ukrain urşunda pyrryk çykmagydy. Ahyrynda adamlar “Russiýadan şolar ýaly gorkup ýörmegiň geregi ýok eken-ä!” diýmäge başladylar. Hatda Orta Aziýanyň iň kiçi we iň gowşak ýurdy Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonow ýylyň ortasynda Putin bilen geçiren duşuşygynda oňa “Bize golastyňyzdaky ýurt ýaly garamaga hakyňyz ýok!” diýip gatyrgandy. Rahmonowyň nägileligi köpleri geň galdyrşy ýaly, ýüreklenmeklerine-de sebäp boldy. Şeýle-de, ýylyň başynda Gazagystanda emele gelen halk gozgalaňyny Russiýanyň kömegi bilen basyp ýatyran prezident Kasymjomart Tokaýew Russiýanyň basyp alan iki oblastyny rus topragy diýip ykrar etmek babatda Putinden gelen towakgany ret etdi. Russiýa bolan garşylyklar şeýle bir artdy welin, düýnki güne çenli rusça geplemegi özüne dereje bilýän we şäherlileşen medeniýetli adam bolmagyň görkezijisi hasaplan Orta Aziýadaky intellektuallar resmi ýygnanşyklarda rus dilinde çykyş edilmegine nägilelik bildirmäge başladylar. Ýakynda Gyrgyzystanyň Mejlisinde gyrgyz ministrleriniň biri rusça söz sözlemäge başlady welin, mejlisiň başlygy “Rusça gürlemek üçin kimden rugsat aldyňyz, gyrgyzça gepläbersene!” diýdi. Gazagystanda öý eýeleri goşundan gaçan rus esgerlerine kireýne öý berenlerinde “Krym kimiň ýeri?” diýip soramaga başladylar. Eger “Russiýaňky” diýip jogap berseler, olara kireýne öý bermeýärler. Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Japarow bilen Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Elbetde, bularyň barsy Türkiýe we türki dünýäsiniň aman-esenligi üçin juda oňyn üýtgeşmeler. Orta Aziýadaky rus täsirini gowşatmak üçin otuz ýyllap jan eden we bu boýunça dile çolar ýaly iş bitirip bilmedik Türkiýe ahyrynda bu maksadyna Russsiýanyň Ukraina çozmagy arkaly ýetene meňzeýär. Diýmek, bir musybat müň nesihatdan gowy eken. Garaşsyzlyklaryna gowşany bäri geçen otuz bir ýylyň dowamynda garaşsyzlyklaryny pugtalandyrmak üçin oňly iş etmedik we islendik howp-hataryň garşysynda Russiýa bil baglan we ony howandar güýç hasaplan Orta Aziýa respublikalary Moskwanyň özüne iň ýakyn slawýan doganlaryna edýän zulumyny görüp, ýüzüp ýören düýşlerinden howpurganyp oýandylar. Olary oýandyran ukrain şäherlerine düşýän bombalar, parçalanan jesetler, gözi ýaşly ukrain eneleri, çagalary, aýal-gyzlary boldy. Düýnki güne çenli Russiýa diýilse, atasyna sögen ýaly gaty görýän gyýyk gözli, bugdaýreňk kowumdaşlarymyz “Putin öz ganybir doganyna, babadaşyna şeýdýän bolsa, bize nämeleri etmez” diýmäge başladylar. Merhum türkmen ýazyjysy Abdylmejit Turan Orta Aziýada şertler şular ýaly peýdamyza bolup durka, Türkiýe ilkinji nobatda Orta Aziýa respublikalarynda hyzmatdaşlyga we adamlaryň gatnawyna rugsat berýän erkin bazar ykdysadyýetiniň kemala gelmegi üçin olary höweslendirmeli. Munuň üçin birinji nobatda bu bäş respublikanyň arasyndaky araçäk, suw we etniki problemalar haýal etmän çözülmeli. Şu meseleleriň biri-de duşuşyklar we gepleşikler ýoly arkaly çözüp bolmajak meseleler däl. Täjikler hernäçe pars dilinde gürlese-de, Täjigistan ýurduň ýerleşişi taýdan alanda türki dünýäsiniň ýiti täsirine eýe ýurt. Bu kiçijik respublikanyň ilatynyň ýarysyna golaýynyň asly türki milletden. Täjikleriň özünde-de özbekleriň we özbek medeniýetiniň ýiti täsiri bar. Ýurtda täjik we özbek maşgalalarynda täjikçe-de, özbekçe-de gürlenýär. Şonuň üçin Täjigistany türk dünýäsiniň daşynda tutmak akylsyzlyk bolar. Orta Aziýanyň bäş respublikasy öz aralarynda hakyky manyda ykdysady we syýasy blok emele getirse, Häzirbegjandyr Türkiýe hem muňa daşyndan goşulsa, şol wagt sözüň doly manysynda türk blogy dörär. Ýogsam bolmasa, göräýmäge bar ýaly, emma hiç hili täsiri bolmadyk kagyz ýüzündäki türk dünýäsi we blogy dowam eder gidiberer. Edil aram-aram gulaga ilýän we hiç zada ýaramaýan Arap Ligasy ýaly. Esedulla OGUZ. Şenbe, 31.12.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||