08:15 Türkiýedäki sosialistler Russiýa-Ukraina urşunda kimiñ tarapynda? | |
TÜRKIÝEDÄKI SOSIALISTLER RUSSIÝA-UKRAINA URŞUNDA KIMIÑ TARAPYNDA? KIMLER PUTINÇI, KIMLER NATO-çy?
Publisistika
Russiýa-Ukraina urşy çep ganatda bulaşyklyk döretdi. "Vatan" partiýasy we HKP Russiýany goldaýar. EMEP, Sol, TKP, ESP bolsa, NATO-ny-da, Russiýany-da ýazgarýar. Çepçi intellektuallar we partiýa ýolbaşçylary bu ýagdaýa düşündiriş berdiler. Russiýa-Ukraina urşy çep ganatda (ýagny, sosialist gatlakda) çekişmeleriñ döremegine getirdi. Türkiýe sosialistleriniñ käbir syýasy toparlarynda bulaşyklyklar bolup geçýär. Toparlar we partiýalar bir-birlerini aýyplap we garalap çykyş edýärler. Käbir partiýalar Ukraina çozan Russiýany açyk goldaýan bolsa, käbiri "bitarap" görünmek üçin hem Russiýany, hem NATO-ny ýazgarýar. Russiýanyñ Ukrainanyñ üstüne çozmagynyñ yzysüre sosialistik partiýalardan bu babatdaky beýanatlar gelip ugrady. Sosialistleriñ Russiýany goldaýandyklary baradaky sosial mediýada ýaýran pikirleriñ tersine "Vatan" we Halkyñ Azat ediş partiýalaryndan başga Orsyýete açyk goldaw beren sosialistik partiýa bolmady. Sosialistik partiýalaryñ beren beýanatlarynda Russiýanyñ, hususanam Putiniñ ýazgarylýar, ýöne munuñ bilen bir hatarda NATO, ABŞ we häzirki ukrain hökümeti-de tankyt edilýär. • "NATO imperialist jeñbazlaryñ guramasydyr" Zähmet partiýasyndan (EMEP) berilen beýanatda Doneskiñ we Luganskiniñ gelejegini şol ýerde ýaşaýan halklaryñ özüniñ kesgitlemelidigi aýdyldy. "Garaşyp, tomaşa edip durmalyñ... Imperialistik urşa garşy parahatçylygyñ ýañyny güýçlendireliñ!" sözbaşyly beýanat beren EMEP şeýle diýdi: "Imperialistik uruşyñ we basybalyjylygyñ geriminiñ giñeme ähtimallygy bar. Bir ýandan amerikan, iñlis hökümetleri we NATO, beýleki bir ýandan Russiýanyñ we ony goldaýan Hytaýyñ imperialistik hökümetleri halklaryñ biri-birleri bilen gyrlyşmagyna ýol açýan syýasatlaryny ädimme-ädim durmuşa geçirýärler. NATO imperialistik jeñbazlaryñ uruş turuzmak üçin niýetlän betpäl guramasydyr. Imperialistler regiondan el çeksinler. Doneskiñ we Luganskiniñ gelejegini şol ýerde ýaşaýan halklaryñ özleri kesgitlemelidir". • Sol (Çep) partiýasy ABŞ-ny we NATO-ny, hem-de Putini ýazgardy Sol partiýasy bolsa "imperialistik ekspansiýalara we uruşa garşy durmalydyrys" diýip çykyş etdi. Partiýanyñ beren beýanatynda "Ukrainanyñ bähbidi garaşsyz, özbaşdak we bitarap ýurt hökmünde territorial bitewiligini saklamakdadyr. ABŞ we NATO Ukrainadan ellerini çekýändiklerini mälim etmeli, ýurda ýarag we beýleki serişdeleri getirmegi gyssagly goýbolsun etmeli. Putinem Leniniñ "Halklaryñ öz ykbalyny özi kesgitleme hukugy" prinsipine-de eýermeýän, Ukrainany we Belorussiýany Orsyýete birikdirmegi kanuny hak hasaplaýan aşa şowinistik taryh takallaryny okamagy bes etmeli, Ukrainanyñ gepsiz-gürrüñsiz ykrar edýändigini aýtmaly" diýildi. • TKP: "Ukraianyñ yzagalak syýasy güýçleriniñ ulanylmagyny ýazgarýarys" Türkiýäniñ Komministik partiýasy (TKP) bolda Ukrainada bolup geçýän wakalaryñ "faşist" ve "milletçi" güýçleriñ işleridigini aýdyp, muña "antikommunizm" we "kommunistlere garşy zulum" hökmünde baha berdi. "Rus dilli gürleýän ilata garşy diskriminasiýany, ukrain hökümetiniñ Donbasdaky halka garşy ýaragly hüjümlerini ýazgarýarys" diýlen sözleriñ ýer alan beýanatynda şeýle diýildi: "Faşist toparlaryñam dahylly bolan Ukrainanyñ yzagalak syýasy güýçleriniñ, Ýewropa-Atlantik güýçleri tarapyndan meýilnamalarynyñ ýerine ýetirilmegini ýazgarýarys. Aýratynam, Russiýanyñ ýolbaşçylygynyñ sebitde strategik meýilnamalaryny hakly görkezmek üçin Lenine, bolşewiklere we Sowet Soýuzyna ýüzlenip aýdan sözleri bilenem ylalaşmak mümkin däl". • TIP: "Russiýanyñ çozuşyna-da, NATO-nyñ giñelmesine-de "Duruñ!" diýýäris" Türkiýäniñ Işçiler partiýasy (TIP) bolsa, Russiýanyñ çozuşyna-da, NATO-nyñ giñemesine-de garşydygyny mälim etdi. Partiýanyñ beren beýanatynda iki tarapy-da ýazgarýan tankydy bellikler bar. "Moskwa hökümetiniñ giñelmäge gönükdirilen synanşyklaryna käbir taryhy delillere arka tutunsalaram, ylalaşmaýarys" diýlen beýanatda şeýle diýildi: "Dünýä halklarynyñ asudalygyny ganly basybalyjylykly we milletparazçylykly mirasy öñe tutmak bilen däl-de, parahatsöýüjilikli ädimleri ätmek bilen gazanyp bolar. Rus goşunynyñ hereketi haýal etmezden togtadylmaly we dessine parahatçylygy üpjün edip biljek köpugurly gepleşikleri geçirip başlamaly. Diñe Russiýa-Ukraina halkasyny däl, ýer togalagynyñ birnäçe sebitini durnuksyzlaşdyrýan iñ esasy faktorlaryñ biri-de NATO-nyñ özidir we giñelme meýilleridir. Köpugurly gepleşikleriñ birinji maksady NATO-nyñ giñelme perspektiwasyny we giñelme syýasatyny ara alyp maslahatlaşmak bolmalydyr". • Perinçek: "Russiýanyñ ýaragy parahatçylyk we agzybirlik getirýän ýaragdyr" Russiýa gönüden-göni we aç-açan goldaw berenleriñ biri-de "Vatan" partiýasy boldy. Çep ganatda "Vatan" partiýasynyñ we onuñ lideri Dogu Perinçegiñ şeýle ideologiýa eýe bolup-bolmazlygy uzak ýyllara çekjek çekişmäniñ gürrüñi. Antiamerikan pozisiýasy bilen tanalýan Perinçek Russiýanyñ ýaragynyñ parahatçylyk we agzybirlik getirjekdigini öñe sürdi. Russiýanyñ TASS habarlar agentligine interwýu beren Perinçek "Hormatly Putin amerikan howpuny beýanatlar arkaly saklap bolmajagyny gowy bilýär. Hawa, Russiýanyñ harby operasiýasy ýaragly operasiýa, emma Russiýanyñ ulanýan ýaragy edil häzir parahatçylyk we agzybirlik getirýän ýaragdyr. Edil Azerbaýjanyñ Garabagy halas edende ulanan ýaragy ýaly. Putin parahatçylyk we agzybirlik getirjek modeli durmuşa geçirýär. Russiýanyñ kararlylygy Gündogar Ortaýer deñzinde Türkiýäni arkaýynladýar" diýdi. • ESP: "Urşuñ günäkärleri ABŞ-nyñ we Russiýanyñ imperialistleri hem-de faşistik ukrain režimi" Ezilenleriñ Sosialistik partiýasynyñ (ESP) Merkezi dolandyryş bölüminden berilen beýanatda bolsa, üç tarapa-da tankydy bellikler edildi. ESP üçin bu uruşyñ birinji derejeli günäkärleri Russiýa, ABŞ we partiýanyñ "faşist" diýip aýyplaýan ukrain režimi. "Häzirki prosesiñ okkupasiýa we uruş derejesije gelmeginiñ düýp sebäpkärleri ABŞ-dyr Russiýa imperialistleri bilen milletçi-faşistik ukrain hökümetidir. Imperialistik bähbitler we giñelişçi basybalyjykly syýasat bu prosesiñ düýp iteriji sebäpleridir. Garşylyklaýyn güýçler tarapyndan öñe sürülen "garaşsyzlyk", "territorial bitewülik", "döwlet howpsuzlygy", "terrorizm", "döwlet bähbitleri" ýaly sözler uruş syýasatynyñ imperialistik häsiýetimi gizlemäge niýetlenen boş sözlerdir". Çepçileriñ arasynda Russiýany goldaýanlaryñ bolşy ýaly, garşy çykanlaram, Günbatara gözüni gyrpýanlaram bar. Bu ýagdaý "putinçi" we "NATO-çy" aýyplamalarynam öz ýany bilen alyp geldi. • Oguzhan Müftüoglu: "Türkiýe çepi etmeli işini edýär we urşa garşy çykýar" Bolup geçýän zatlaryñ biriniñem halka hiç hili peýdasynyñ ýokdugyny aýdyp, urşa garşy çykýan SOL partiýasynyñ PM-niñ agzasy Oguzhan Müftüogly şeýle diýdi: "Türkiýäniñ çep ganaty bir bitewi göwrä öwrülip, urşa garşy çykýar. Ukrainany dolandyrýan döwlet syýasatyny, NATO-nyñ, ABŞ-nyñ we beýleki imperialist ýurtlaryñ syýasatlaryny, aýratynam Russiýanyñ syýasatyny ret edýäris. Bolup geçýän zatlar halkyñ peýdasyna däl. Turjak urşuñ sebit halklary we dünýä üçin hiç bir tarapdan peýdasy ýok. Habar beriş serişdeleriniñ meçew beriji işiniñ ýalñyş bolşy ýaly, Putiniñ reaksioner syýasaty-da ýalñyşdyr. Bolup geçýän zatlar adamzada gaýgy-hasratdan başga zat getirmez. Putiniñ bolşy bilen imperialistik ýurtlaryñ bolşunyñ arasynda nuans bar. NATO ýurdy bolmadyk ýurduñ gižželeýji pozisiýa geçendigi hakdyr. Muña garşy Russiýanyñ agressiw syýasaty-da deñ derejede ýazgarylmalydyr. Gysgaça aýdanda, türk çepi etmeli işini edýär we urşa garşy çykýar. Türkiý3 çepiniñ urşa garşy çykýan umumy pozisiýasyny bitewilimde dogry we hakly hasaplaýaryn". • HKP başlygy Ankut: "Açgöz imperialist şagallar, Putin Ukrainada baryñyzy dyza çökerdi!" HKP-nyñ başlygy Nurullah Ankut ABŞ-ny gödek sözler bilen ýazgardy. 2022-nji ýylyñ 23-nji fewralynda "Açgöz imperialist şagallar, Putin Ukrainada baryñyzy dyza çökerdi!" diýen Aýkut şeýle beýanat berdi: "Nätdi? Orsyýete dişiñiz ötmedi gerek? Bihaýa, namart hem hilegärsiñiz. Ukrainany "Biz siziñ ýanyñyzdadyrys, ýeke dälsiñiz" diýip, ilki gižželediñiz. Emma Russiýa aýgytly we hüjüm edijilikli pozisiýa geçip, ilatynyñ öz tarapdary bolan Donbas oblastyny we bu ýerde ýerleşen iki respublikany, Doneski we Luganskini ganatlarynyñ aşagyna alyp, ýagny ol ýerlere harby operasiýa geçirdi welin, eliñiz-aýagynyz ysman galdy... Hany, uruş turuzjakdyñyz-a, eger Russiýa muny edäýse? Ine, etdem-dä, hany, çykyñ-da orta, gaýratyñyz çatýan bolsa... Çatanok gerek?" • "Russiýanyñ operasiýasynyñ Türkiýe üçinem bähbitli tarapy bar" SCP-niñ başlygy Gültekin çep ganatda çekişme bolmagynyñ bolaýmaly zatdygyny öñe sürýär. Her kesiñ öz metbugat serişdesinde pikirini beýan edýändigini aýdan Gültekin "Hawa, epeý gyzgyn çekişmeler-a bolýar. Russiýany we Putini hakly hasaplaýanlaryñ bolşy ýaly, nädogry hasaplap, tankyt edýänlerem bar" diýdi. Şu günki Russiýanyñ geçmişdäki sosialistik döwlet bilen hiç bir ýakynlygynyñ ýokdugyny aýdan Gültekin "Aýratynam öñki sowet döwletine bolan simpatiýamyz bilen Orsyýete garamak ýaly pikirimiz ýok. Bu ýerde düýp mesele Russiýanyñ nämäni näme maksat bilen edýänligidir" diýip geçdi. Gültekin bir tarapdan-a Russiýanyñ ýazgarylmalydygyny aýtsa, bir tarapdanam onuñ edýäniniñ dogrudygyny öñe sürýär. Ol bu sözüne Türkiýäniñ Yrakda we Siriýada geçiren operasiýalaryny mysal getirip, rus tarapynyñ "dogry" we "kanuny" herekete girişendigini öñe sürýär. Mehmet Bedri Gültekin şeýle diýdi: "Amerikadan başga birnäçe ýurt Türkiýäniñ serhetden daşarda geçiren operasiýalarynyñ dogrudygyny aýtdy. Şeýle ýagdaý Russiýanyñ Ukraina meselesinde-de gaýtalandy. Ýagny ABŞ Ukrainada pyrtykal rewolýusiýa amala aşyrdy. Bu işde hyzmatdaşlyk eden mafiýa toparyny-da Kiýewde häkimiýet başyna getirdi. Beýleki bir tarapdan ýaraglandyrdy. Maksat - Russiýany gysaja salmak. Russiýa özüne gönükdirilen howpuñ öñüni almak maksady bilen operasiýa geçirýär. Dolulygyna dogry hasap edip boljak operasiýa we bu Türkiýäniñem bähbidinedir. Ukrainanyñ NATO-nyñ hataryna goşulmagy Garadeñiziñ NATO howdanyna öwrülmegini añladýar. Bu bolsa Türkiýäniñ ABŞ tarapyndan gababa alynmagy operasiýasynyñ tamamlanmagyny añladýar. Şonuñ üçin muña Türkiýe üçinem bähbitli operasiýa hökmünde baha berýärin". • Taş: "NATO jeñbazçylykly guramadyr, onuñ giñelme syýasatyna garşy çykylýar" Azatlyk we raýdaşlyk partiýasynyñ (ÖDP) öñki başlyklaryndan Alper Taş bolsa, sosialistik ganatyñ esasy böleginiñ Russiýa-Ukraina urşuny Moskwanyñ ekspansiýasy hökmünde görýändigini we muña garşy çykýandygyny nygtady. Russiýanyñ ýazgarylýandygyny, emma NATO-nyñam giñemegine garşy çykylýandygyny aýdan Taş "NATO jeñbazçylykly guramadyr. Tebigy taýdan harby guramanyñ gündogara tarap giñemegine ünsi çekmek bilen bir hatarda, imperialistik giñelmä garşy çykýandygymyzy mälim edýäris" diýdi. "Türk çepçileriniñ tutumy belli" diýen Taş sözlerini şeýle tamamlady: "Türk çepçileri wagtynda Owganystanyñ basylyp alynmagyna-da garşy çykypdy. Biz häzir "Russiýanyñ Ukraina garşy basybalyjylykly operasiýasyny goldaýan we rus ýaraglary bilen parahatçylyk üpjün ediler" diýen pikirde däl. Çünki Russiýanyñ goldanýan prinsipleri-de oligarhlaryñ kapitalynyñ giñemegine esaslanýar. Ukrainadaky uruş täzeden paýlaşma dawasynyñ bir şahasy. Netijede biz uruşa garşy. Russiýa ukrain topraklaryndan çekilmeli. Russiýa Ukrainanyñ territorial bitewiligine hormat goýmalydyr. Emma Ukraina hem öz gezeginde NATO girmeli däl, özüni Orsyýete garşy söweşjeñ baza öwürjek imperialistik syýasatlara ýol bermeli däl". • "Adamlar Russiýanyñ ýa-da NATO-nyñ arasynda belli birini saýlap almaga borçly däl" Syýasatşynas alym Ufuk Uras bolsa oýlanşykly hereket etmegiñ gerekdigini aýtdy. Uras munuñ üçin iñ oñyn çözgüdiñ hem-ä NATO-nyñ giñelme syýasatyna, hem-de Russiýanyñ başga ýurduñ hökmürowanlyk hukugyny depgileýän syýasatyna nägilelik bildirmekdigini belläp geçdi. "Netijede birini goýup, birini saýlap almagyñ deregine Russiýanyñ agressiýasyny-da, NATO-nyñ giñelme syýasatyny-da ýazgarmak gerek" diýen Uras sözlerini şeýle jemledi: "NATO-nyñ giñelme syýasatynyñ hiç hili garşylygy ýok. Russiýanyñ NATO-nyñ gözünde howp abandyrmaýandygy köre mälim. Emma Russiýanyñam belli bir derejede slawýan milletçiligini agitirlemeginiñ adamzadyñ parahatçylygyna ýetirjek howplaryny görmek we urşa garşy bolmak gerek. Adamlar Russiýanyñ ýa-da NATO-nyñ arasynda belli birini saýlap almaga borçly däl. Howplary görüp, şoña görä hereket etmek, meñ pikirimçe iñ dogrusy bolsa gerek." Adem DEMIR. adem.demir@independentturkish.com 01.03.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |