21:00 Türkmen döwletleri: Anuşteginogullary döwleti | |
ANUŞTEGINOGULLARY (HOREZMŞALAR) DÖWLETI
Taryhy makalalar
Horezmdäki Anuşteginogullary dinastiýasynyñ nesilbaşysy oguzlaryñ begdili taýpasyndan bolan Anuştegindir. Begdili Oguz hanyñ Ýyldyz han diýen üçünji oglundan bolan agtygydyr. Anuştegin ýaş wagtynda seljuk emiri Bilge tegin tarapyndan gulluga alnypdyr. Ol seljuk soltany Mälik şanyñ hyzmatynda bolupdyr. Oñat hyzmatlary üçin Anuştegin Mälik şa tarapyndan Horezmiñ häkimi edilip bellenilipdir. Şol wagt Horezm seljuklara garaşlydy. Anuştegin ölenden soñ onuñ ogly Kutubeddin Muhammst (1097-1128) "Horezmşasy" derejesini alyp, Horezmi dolandyryp başlapdyr. Bu derejede oña seljuk soltany Berkýaruk tarapyndan berlipdir. Merwde oñat bilim alan alymlara, din wekillerine goldaw beren Kutubeddin Muhammet seljuk soltany Sanjara (111-1157 wepaly gulluk edipdir. Horezmşalar imperiýasynyñ kuwwatly imperiýa bolmagynyñ hakyky başlangyjyny goýan Kutubeddin Muhammediñ ogly Aleddin Atsyz (1128-1156) bolupdyr. Ol ilki bilen Horezmden demirgazykda ýaşaýan çarwa gypjak taýpalaryny we Mañgyşlyk türkmenlerinj Horezm tabyn edipdir. Atsyz ýazyr, gaýy, gañly, baýat ýaly türkmen taýpalaryndan goşun düzüpdir. Syrderýanyñ aşak akymlaryndaky ýerleri Mañgyşlyk ýarym adasyny boýun egdiripdir. Atsyz we onuñ mirasdüşerleri Horezmiñ Seljuklar döwletindsn garaşsyzlygyny gazanmak üçin tagalla baryny edipdirler. Özbaşdaklyk meýilleri üçin Soltan Sanjar 1138-nji ýylda Garagumyñ üsti bilen Horezme ýöriş edip, Atsyzy jezalandyrypdyr. Emma gaçyp gutulan Atsyz ýene bir ýyldan Horezm baş bolupdyr. Bu döwürde Seljuklar döwleti gowşapdy. Gündogardan çozup gelen garahytaýly döwleti seljuklara garaşly Garahanlar döwletini boýun egdiripdir. 1141-nji ýylyñ 9-njy sentýabrynsa Soltan Sanjaryñ we Garahanlaryñ hökümdary Mahmydyñ birleşen güýçleri bilen garahytaýlylaryñ goşunlarynyñ arasynda aýgytly söweş bolupdyr. Samarkandyñ golaýyndaky Katwan düzlüginde bolan bu söweşde seljuklaruñ we garahanlaryñ goşuny derbi-sagyn edilipdir. Garahytaýlar Buharany we Mawerennahryñ merkezi bölegini eýeläpdir. Soltan Sanjaryñ Termeze çekilenini eşiden Atsyz Marynyñ üstüne çozupdyr, Nişapuryñ alkymyna gelipdir. Hatda ol 1142-nji ýylyñ 29-njy maýynda Nişapurda öz adyna hutba hem okadypdyr. 1153-nji ýylda Balhda ýaşaýan oguzlaryñ gozgalañ turuzmagy we olaryñ Soltan Sanjary üç ýyllap ýesirlikde saklamagy ýykylyp barýan Seljuk döwletiniñ dargamagyny çaltlandyrdy. Atsyz emele gelen bu ýagdaýdan peýdalanyp, öz eýeleýän ýerlerini giñeltmäge çalşypdyr. Amul, Merw, Sarahs, Nusaý etraplaryna ýöriş edipdir. Emma oguzlaryñ berk gaýtawulyna duçar bolup, yzyna dolanypdyr. Atsyz 1156-njy ýylda Türkmenistanyñ günorta sebitlerine iñ soñky ýörişini geçirende, Nusaýyñ golaýynda aradan çykypdyr. Iki bäsdeş ~ Atsyz 1156-njy ýylyñ 31-nji iýulynda 61 ýaşynda aradan Horezmiñ seljuklardan özbaşdaklygyny gazanmaga synanşyp, özbaşdaklygyny alyp bilmän aradan çykypdyr. Soltan Sanjar bolsa 1157-nji ýylyñ 9-njy maýynda 73 ýaşynda Seljuk döwletiniñ öñki durkuny dikeldip bilmän ölüpdir. Atsyzdan soñ Horezm tagtyna 1156-njy ýylyñ 23-nji awgustynda onuñ ogly Il-Arslan (1156-1172) çykypdyr. Ol Horezmi garaşsyz döwlet diýip resmi taýdan yglan edipdir. Akademik I.I.Bartold "Il-Arslan musulman dünýäsiniñ gündogar böleginiñ güýçli patyşasy bolupdyr" diýip belläpdir. Il-Arslan ilki Gürgeni we Dehistany boýun egdiripdir. Ýazyrlaryñ baştutany Ýagmyr goñşuçylykda ýaşaýan beýleki türkmenlere ýüz tutup, Horezmşalaryñ Etrek-Gürgende goýup giden dikmesi Ygtyýar ed-Dine garşy bilelikde çykyş etmäge çagyrypdyr. Netijede ýazyrlary goldan birleşen türkmen taýpalarynyñ güýji üstün çykypdyr. Diñe köp gan döküşlikden soñ Il-Arslana ýazyrlary özüne tabyn etmek başardypdyr. Il-Arslan garlyk taýpasy bilen Mawerennahryñ Garahanar hanlarynyñ özara dawasyna goşulypdyr. Horezmşasy 1158-nji ýylda horezm goşunlary bilen Mawerennahra ýöriş edipdir, garlyklaryñ Samarkandy we Buharany eýelemek ugrundaky söweşine gatnaşypdyr. Il-Arslan horasanly oguzlara garşy göreşde käbir üstünlikeri gazanypdyr. 1165-nji ýylda ol Nişapura ýöriş edipdir, emma üstünlik gazanyp bilmänsoñ Horasana yzyna dolanypdyr. Ol diñe 1167-nji ýylyñ aprelinde Nişapurda öz adyna hutba okadyp bilipdir. Ýurduñ içersindäki gapma-garşylygyñ ýitileşmegi sebäpli Il-Arslan garahytaýlaryñ çozmak howpundan goranmak üçin çäreleri geçirmäge mejbur bolupdyr. 1171-1172-nji ýyllarda Horezme tarap ýörişe ugran garahytaýlaryñ çozuşyndan Il-Arslan diñe Syrderýadaky bendi ýykyp dynypdyr. Il-Arslan aradan çykansoñ Horezmşalaryñ tagtyna onuñ kiçi ogly Soltanşa geçipdir. Il-Arslanyñ uly ogly Alaeddin Tekeş şol wagt Horezmiñ Jend welaýatynyñ häkimi eken. Ol öz inisinden häkimiýeti basyp almaga kömek etmegini sorap, garahytaýlara ýüz tutupdyr. Onuñ öwezine salgyt tölemäge borçlanypdyr. Tekeş şol ýyl olaryñ kömegi bilen Horezmi eýeläpdir. Horezmiñ hökümdary bolansoñ Tekeş garahytaýlaryñ salgyt ýygnaýjysyny öldürdipdir. Mundan peýdalanan Soltanşa öz gezeginde agasy Tekeşi agdarmak üçin garahytaýlara ýüz tutupdyr. Horezmden salgyt ýygnamaga gyzyklanýan garahytaýlar muña razylaşypdyr. Emma Tekeş ýollary suwa basdyryp, duşmanyñ öñe süýşmegine päsgel beripdir. Öz pirimi başa barmadyk Soltanşa Merwe we Sarahsa çekilip, bu ýerde tä ölýänçä (1193) hökümdarlyk edipdir. Tekeş öz häkimligini berkidip, Horasana we Mawerennahra üstünlikli ýörişler edipdir. 1187-nji ýylda Nişapury we Merwi eýeläpdir. Ol Eýranyñ içerki syýasy işlerine hem goşulypdyr. Abbasy halypasy Nasyr (1180-1125) döwleti dolandyrmagy öz eline alyp, halypalykda dini häkimiýeti galdyrmak isleýän seljuk soltany Togrul ikinjä göreşde kömek bermegini sorap, Horezmşa Tekeşe ýüz tutupdyr. Tekeş Togrulyñ goşunyny derbi-dagyn edip, 1194-nji ýylda Hemedany eýeläpdir. Tekeş 1194-nji ýylyñ 26-njy iýunynda Yrak tagtynda oturypdyr. Abbasylar Horezmşalaryñ seljuklara garanda hem howpludygyna tiz düşünipdirler. Şonuñ üçin Nasyr halypa Tekeşiñ boýnuna dini we adminstratiw işlerde halypalyga tabyn bolmalydygy hakdaky şertnamany dakmak isläpdir. Tekeş oña gol çekmekden boýun towlapdyr. 1196-njy ýylda Horezmşanyñ goşunlary bilen halypalygyñ harby güýçleriniñ arasynda bolan gazaply söweş Horezmiñ peýdasyna tamamlanypdyr. Tekeşiñ dolandyran soñky ýyllarynda Bagdat halypasy bilen gapma-garşylyklar ýitileşýär. Tekeş Horasanyñ üsti bilen Bagdada täzeden ýöriş edipdir. Emma ol ýöriş wagty 1200-nji ýylyñ 4-nji iýulynda keselläp aradan çykypdyr. Tekeş Anuşteginler dinastiýasynyñ kuwwatly imperiýa öwrülmeginde uly hyzmat bitiren hökümdardyr. Onuñ döwründe döwletiñ tutýn meýdany Syrderýanyñ aşak akymlaryndan tä Yraga çenli giñelipdir. Tekeşiñ ogly Mälik şa entek kakasy dirikä, 1197-nji ýylyñ baharynda aradan çykypdy. 1200-nji ýylyñ 3-nji awgustynda Horezmşalaryń tagtyna Tekeşiñ ikinji ogly Muhammet geçýär. Ol kakasy ölmänkä Kutubeddin lakamyny göteripdir. Soñra ol Alaeddin lakamyny alypdyr. 1203-nji ýylda Horezmşa Muhammet garahytaýlaryñ goldamagynda Horasany doly eýeläpdir. Kakasynyñ döwründe Gur döwletine (Demirgazyk Hindistan we Owganystan) garşy başlanan urşy dowam etdiripdir. 1204-nji ýylda gurlar derbi-dagyn edilip, Balh we Gazna Horezme goşulypdyr. Gur döwletiniñ mülkleri we Gazna Muhammet şanyñ uly ogly Jelaleddin Meñburna berlipdir. Hyradyñ töwereklerini hem boýun egdirip, Muhammet şa 1207-nji ýylda Ürgenje gaýdyp gelipdir we Mawerennahry basyp almaga taýýarlanyp başlapdyr. Şol ýylda ol Buharany eýeläpdir. Mawerennahryñ ilaty Muhammede tabyn bolmak bilen "dinsiz" garahytaýlar kowlansoñ, öz ýagdaýynyñ gowulanjakdygyna, din-imanly horezmşalaryñ häkimiýetiniñ ýola goýuljakdygyna ynam bildiripdirler. Horezmşalaryñ dikmesiniñ edýän sütemine çydamadyk Samarkandyñ ilaty 1212-nji ýylda gozgalañ turzupdyr. Muhammet şanyñ özi haýal etmän Samarkanda gelip, gozgalañy basyp ýatyrypdyr. Özüniñ Mawerennahrdaky ýagdaýyny pugtalandyrmak üçin ol Garahan hökümdarlaryny jezalandyrypdyr. Samarkantda we Uzkentde Muhammet şanyñ adyndan pul zikgelenmegi (1213) Garahanlar neberesiniñ hökümdarlygynyñ ýok edilendigini añladýardy. Garahytaýlylar neberesini bolsa mongollaryñ naýman taýpasynyñ hökümdary Kuçluk ýok edipdir. Samarkandy özüne täze paýtagt edinen Muhammet şa bu ýerde şa köşgüni we metjit gurdurmaga girişipdir. Ol örän şöhratparaz adam bolupdyr. Resmi dokumentlerde onun ady "Isgender ikinji" diýlip tutulypdyr. Onuñ möhürinde "ALLANYÑ ÝERDÄKI SAÝASY" diýen ýazgy bolupdyr. 1216-njy ýylda Horezmşa Muhammet Bagdat halypasy Nasyryñ tagtdan düşürilýändigini yglan edýär. Termeziñ ulamasy Seýit Aly al-Mülki halypa bellemäge synanýar. Emma Bagdadyñ ruhanylary we täsirli adamlary muña razy bolmandyrlar. Muhammet şanyñ 1217-nji ýylda Bagdada eden ýörişi şowsuz tamamlanypdyr. Horezmşa Muhammediñ häkimiýeti berk däldi. Ol halk köpçüliginiñ goldawyndan mahrumdy. Hakyna tutma goşun onuñ tabynlygyndan çykypdy. Ruhanylar Horezmşa duşmançylykly seredip, onuñ häkimligini çäklendirmäge çalyşýardy. Horezmşalar döwletiniñ içinden gowşaýan şu ýagdaýynda gündogardan täze bir howp ~ mongol çozuşy abandy. Horezmşalar bilen mongol döwletiniñ arasynda ilkibada parahatçylyk gatnaşyklary saklanypdyr. Çingiz hanyñ Hytaýy basyp alandygyny eşiden Muhammet şa Mongoliýa ilçi iberipdir. Çingiz han olary hormat bilen kabul edip, özüni Gündogaryñ hökümdary, Horezmşany Günbataryñ hökümdary hökmünde ykrar edýändigini, olaryñ arasynda parahatçylygyñ bolmagyny, täjirleriñ bir ýurtdan beýlekisine arkaýyn gelip-gidip durmagyny isleýändigini oña ýetirmegi tabşyrypdyr. Horezmşanyñ ilçilerine jogap hökmünde Çingiz han asly horezmli täjir Mahmyt Ýalawajyñ ýolbaşçylygynda ilçileri we söwda kerwenini ugradypdyr. 1218-nji ýylyñ ýazynda Horezmşa ilçileri Mawerennahrda kabul edipdir. Ilçiler Çingiz hanyñ Muhammet şanyñ güýjünden we ýeñişlerinden habarlydygyny, oña parahatçylyk şertnamasyny baglaşmagy teklip edýändigini aýdypdyrlar. Çingiz han hatynyñ ahyrynda "Muhammet şany edil öz ogullarynyñ biri ýaly görýändigini" aýdypdyr. Bu sypaýyçylyk Gündogat diplomatiýasynda "Sen maña garaşly" diýmegi añladýardy. Bu barada ýazan taryhçy Muhammet an-Nesewi Horezmşanyñ resmi kabul edişlikde ilçilere näme jogap berendigi hakda ýarmaýar. Ýöne Muhammet şa gije gizlinlikde ilçi Mahmydyñ bir özüni ýanyna çagyryp, oña horezmlidigi sebäpli öz Watanyna gulluk etmelidigini ýatladyp, Çingiz hanyñ ýanynda öz içalysy bolup galmagy teklip edipdir. Mahmyt soltandan gorkusyna Çingiz hanyñ goşunyny Horezmiñki bilen deñeşdirip bolmajaldygyny, ýagny azdygyny aýdýar. Şuña esaslanyp Muhammet şa Çingiz han bilen ýaraşyga razylaşypdyr. Özüniñ Horezm bilen gatnaşygynda doly kanagatlanýandygyny bildirip, Çingiz parahatçylyk şertnamasyny baglaşmak maksady bilen 1218-nji ýylda 500 düýeden we 450 adamdan ybarat kerweni we ilçileri Horezme ugradypdyr. Özüniñ güýjüne aşa baha beren Muhammet şa Çingiz hany äsgermezlik edipdir. Syrderýanyñ kenaryndaky Otrar şäherinde Horezmşanyñ nökerleri mongol kerwenini talapdyrlar. Bu wakanyñ Horezmşadan bidin bolmandygyna göz ýetiten Çingiz han onuñ ýanyna ilçi ýollap, Otrar şäheriniñ häkimini ibermegi, beýleki günäkärlere-de jeza bermegi talap edipdir. Muhammet şa bu talaba gödek jogap berip, ilçiniñ sakgalyny kesip kowup goýberipdir. "Otrar gyrlyşygy" adyny alan bu waka Çingiz hanyñ Orta Aziýa çozmagyna bahana bolupdyr. Abanyp gelýän howpy duýan Muhammet şa Ürgençde harby geñeş çagyrypdyr. Duşmany nähili garşylamalydyhy hakda birnäçe teklip orta atylypdyr. Ýeke-täk dogry maslahat Horezmşalaryñ köşgünde wekil hyzmatyny eden Şyhabuddin Hywaky tarapyndan aýdylypdyr. Ol ähli goşuny birikdirip, mongollaryñ öñünden çykmagy, uzak ýoldan aryp gelen mongol goşunyny Syrderýa boýunda garşylap, baş söweşi olaryñ boýnuna dakyp, duşmany bir zarbada çym-pytrak etmegi teklip edipdir. Emm Muhammet şa bu teklibi kabul etmän, öz diýenini gögerdipdir. Ol goşuny bölüp, olary aýry-aýry şäherlere ýollamagy, her şäheriñ özbaşyna goranmalydygy barada perman beripdir. Bu passiw garşylyk görkezmegiñ, has dogrusy tabyn bolmagyñ planydy. Çünki, Muhammet şanyñ özünden ätiýajy bardy: ol gypjaklardan düzülen goşunyna ynanmaýardy. Bardy-geldi goşuny birleşdiräýse gypjaklaryñ dildüwşik arkaly özüni tagtdan agdaraýmagyndan heder edýärdi. Şu ýerde Muhammet şany çendenaşa gorkaklykda, züwwetdinlikde aýyplamagyñ ýerlikli däldigini bellemelidiris. Ol ýagdaýa we öz mümkinçiliklerine görä hereket edipdir. "Halklara diñe bir sütem etmän, eýsem adamlary gana çaýkamak arkaly özleriniñ pidasy bolan halklaryñ mertebesini depeläp, olaryñ ruhuny öçürýän" mongol goşuny barha günbatara süýşüp başlapdyr. 1220-nji ýylda Mawerennahryñ esasy şäherleri ~ Otrar, Buhara, Samarkant mongollaryñ eline geçýär. Çingiz han goşunyny birnäçe bölege bölüp, Orta Aziýanyñ uly şäherlerini eýelemäge ugradypdyr. Özüniñ serkerdeleri Jebe noýony we Subudaý batyry Muhammet şany tutup getirmäge ýollapdyr. Muhammet şa 1220-nji ýylda Hazar deñzindäki adalaryñ birinde aradan çykypdyr. Ölmeziniñ öñ ýanynda ol öz ogullary Jelaleddine, Ozlag şa, Ak şa özüniñ "Horezmşalaryñ tagt mirasdarynyñ Ozlag şa bolmalydygy baradaky öñki wesýetini üýtgedip, ony Jelaleddine geçirýändigini" yglan edipdir. Jelaleddin Horezmşalar döwletiniñ iñ gaýduwsyz, hyjuwly soltanydyr. Türkan hatyn Durun sebitlerine ol, ol ýerdenem Eýrana gaçyp gidensoñ, Ürgençde gypjak serdarlary öz hökmürowanlyklaryny ýöredipdirler. Olar täze gelen soltana - Jelaleddine garşy pitne turzupdyrlar. Bu ýagdaýda Ürgenjiñ mongollardan goranmagyna ýolbaşçylyk edip bilmejekdigine göz ýetiren Jelaleddin özüniñ kiçiräk ýygyny bilen Horasana gaýdypdyr. Onuñ mongollar bilen ilkinji çaknyşygy 1221-nji ýylda Nusaýyñ golaýynda bolupdyrm özüniñ 300 atlysy bilen Nusaýyñ golaýynda 700 adamlyk mongol otrýadyny ýeñmegi Jelaleddiniñ mongollaryñ üstünden gazanan ilkinji ýeñşidi. Bu ajaýyp ýeñiş hakynda Muhammet an-Nesewi: "Jelaleddiniñ gylyjy mongollaryñ ganyna boýalan, olaryñ göwrelerini para-para edip oýnan ilkinji musulman gylyjy boldy" diýip ýazypdyr. Bu ýeñişden soñ Jelaleddin ilki Nişapura, ol ýerdenem kalasy tarapdan özüne dolandyrmaga berlen Gazna (Owganystan) gidipdir. Murgabyñ ýokary akymlarynda oña Merwiñ öñki häkimi türkmen Han Mälik 40 müñ adamly goşuny bilen goşulypdyr. Gaznada bolsa Jelaleddine iki doganoglany Emin al-Mülk we serkerde Timur Mälik birigipdir. Garlyklaryñ hany Azam Mälik we owganlryñ goşunbaşysy Muzaffar Mälik hem Horezmşa wepalydygyny kasam edipdirler. 1221-nji ýylyñ tomsunda Toharystanyñ Waliýan galasynda Jelaleddiniñ goşunlary mongollardan üstün çykypdyr. Soñra Jelaleddiniñ goşuny Gazna şäheriniñ golaýyndaky Perwana galasynda mongollaryñ 45 müñ adamlyk goşunyny çym-pytrak edipdir. Ýeñişden soñ gazanylan oljany paýlaşmak ugrundaky dawa Jelaleddiniñ goşunyny gowşadypdyr. Çingiz han garşydaşynyñ bu uly ýeñşini jogapsyz galdyryp biljek däldi. Ol Jelaleddin bilen boljak bu aýgytly söweşe taýýarlanýardy. Şol söweş 1221-nki ýylyñ 24-nji noýabrynda Hind derýasynyñ boýundaky Nilýap geçelgesiniñ ýanynda bolupdyr. Dar ýerde bolan gazaply söweşde mongollar Jelaleddiniñ goşunlaryny derýanyñ kenaryna gysyp getiripdirler. Mertlerçe ýeñlen Jelaleddin maşgalasynyñ namysyny depeletmejek bolup aýalyny, ejesini, maşgalasynyñ beýleki agzalaryny kert gaýadan derýa okladýar. Emma onuñ ýedi ýaşly oguljygy duşmanyñ eline düşüpdir. Çingiz han ony derrew öldürdipdir. Jelaleddin atyny derýa urup, sag-aman ahyrky kenaryna geçipdir. Şundan soñ Jelaleddin üç ýyllap Hindistanda, soñra demirgazyk-günbatar Eýranda mongollara garşy göreşini dowam etdiripdir. 1227-nji ýylda ol Reýiñ we Yspyhanyñ golaýynda olary ýeñipdir. Onuñ mongollara garşy göreşi ýerli halk köpçüligi tarapyndan goldaw tapypdyr. Şonuñ üçin hem taryhçy Öwez Gündogdyýew Jelaleddiniñ hereketlerine awantýuristik öwüşgin bermek isleýän awtorlaryñ kän bir mamla däldigini adalatly bellleýär. Jelaleddin 1225-nji ýylda Ermenistanyñ paýtagty Dwin şäherini basyp alypdyr we birleşen gürji-ermeni goşunyny derbi-dagyn edipdir. Jelaleddin mongollara garşy birlikde göreşmegi teklip edip, gürjülere ilçi ýollapdyr. Emma gürji şazada aýaly Rusudan Horezmşanyñ teklibini ret edipdir. Jelaleddin 1226-njy ýylyñ 10-njy martynda Tbhis (Tbilisi) şäherini basyp alypdyr. Ibn al-Asiriñ şaýatlyk etmegine görä, şäherde yslamy kabul eden we "Alladan başga iläh ýokdur, Muhammet onuñ Ýerdäki wekilidir" diýip, iman getirenlerden başgasy gyrlypdyr. 1227-nji ýylda Jelaleddin iki frontda: Günbatar Eýranda mongollara, Zakawkazýede gürjülere we ermenilere garşy göreş alyp barypdyr. 1228-nji ýylda Horezmşanyñ garşysyna rum soltany (Anadoly Seljukly türkmen döwletiniñ -t.b.) Aladdin Keýkubat, Müsür soltany Eşref, kilikiýa-ermeni patyşasy Getum birinji birlikde çykyş edipdirler. Ýewropanyñ golaýynda bolan söweşde Jelaleddin ýeñlipdir. Taryhçy H.Gurbanow Horezmşanyñ mongollara garşy bilelikde göreşmek üçin gypjak hanlaryna hat ýazandygyny belleýär. Ýöne ol diñe 1220-nji ýylda Juçy hana ýesir düşen we ondan ogly bolan öz uýasy Hansoltandan hat alypdyr. Uýasy öz soltan agasyna mongollaryñ Jelaleddine özleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge razy bolsa oña Amyderýa boýlaryny berjekdigini aýdypdyr. Muña gahary gelen Jelaleddin haty jogapsyz galdyrypdyr. Daş-töweregi duşman bilen gurşalan Jelaleddin olara garşy ölerini-galaryny bilmän söweşipdir. Emma mert, gaýduwsyz soltanyñ ömür tanapy 1231-nji ýylyñ awgustynda Gürjüstanda kesilipdir. Muhammet an-Nesewiniñ ýazmagyna görä, "soltanyñ ölümi bütin Älemi ýetim galdyrypdy". Jelaleddin Horezmşanyñ ölüminden soñra Horezmşalar döwleti ýok bolup gitdi. Jumamyrat GURBANGELDIÝEW, taryhçy. # "Esger" gazeti, 2000. https://www.altayli.net/anusteginogullary-horezmsalar-dowleti.html | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |