23:57 Türkmen ruhunyñ öwüşgini / poema | |
TÜRKMEN RUHUNYÑ ÖWÜŞGINI
Poemalar
▶ ÖKÜZ I Salam, Öküz, Şöhrat-şanyñ, Ýakynymda-daşymdadyr. Saña tagzym - Oguz hanyñ, Beýik kowmy-hyşdyndadyr. Hereketiñ güýji-täri, Bereketiñ sebäpkäri. Gudratyñ döräliñ bäri, Gara dag deý döşüñdedir. Menzillerde medet, merdem, Sypatyñ togabym her dem. Hasyl alyp ene ýerden, Halal zähmet başyñdadyr. Saçagymda rysgalymyñ, Berdiñ iki esseligin. Başarnyga nusgalygyñ, Il-günümiñ işindedir. Işjeñligiñ geñ rejesi, Iñ ýokary derejesi. Saña türkmen şejeresi, Sežde edip, hoşuñdadyr. Başdan adyl ýoly geçdiñ, Göterlip, Ruhuma geçdiñ, Bu gün dünýä dolup keşbiñ, Şahlaryñ naý başyndadyr. Gara daşa edip höküm, Has çuñluga gitdi köküm. Ýer göteren, Sary Öküz, Beýik Köşgüñ gaşyndadyr. II Dag ýaly gaýduwsyz, Deñiz deý dyzmaç, Öküz hyjuwyny saýladym-seçdim. Haýra ýardam edip, Halala hyzmat, Ellerimi çermäp işe girişdim. Ýola düşdüm, garma donuñ üstünden, Ýelbegeý atynyp agar çäkmeni. Medet tapyp atalaryñ kesbinden, Geçdim asyr-asyr araçäkleri. Eý, meniñ Öküzim, Eziz Öküzim, Gadyrdanym, Gara dagym, Garawym. Ýüregime ornsp beýik hökümiñ, Okgunlt maksadyñ ýakdy alawyn. Ruhuñ belent bolmagyna nep edip, Ýaşaýşy özgerden kesbiñe, tagzym! Asyrlardan aşyp, Altyndepeden, Tapylan gaýsuwsyz keşbiñe tagzym! ▶ BÖRI I Güýjüñ şirr başa-başdyr, Ýyldyrym deý badyñ, börim. Düýrüger depede saçlar, Eşitseler adyñ, börim. Nesilleriñ ekdi bolmaz, Kapasada bekli bolmaz. Hiç jandaryñ hetdi bolmaz, Deñäre zürýadyn, börim. Erkinligi eý görüpsiñ, Şirin janyñ deý görüpsiñ. Berk kanuna eýgeripsiñ, Mertlik-göwün şadyñ, börim. Halal lukma nesibäñdir, Nesibäñ hiç kes iýmändir. Rysgalyñdan kesilmänsiñ, Hakdandyr owkadyñ, börim. Owal-ahye jebis orda, Gulluk etdi beýik borja. Awa çyksañ öñe-arda, Hüşgär añyñ-ýadyñ, börim. Gören ýok ejiz pursadyñ, Heýkele dönüp dursadyñ; Ýakardy gijäñ gursagyn, Gözde ýakan oduñ, börim. Eñipsiñ, öñe eñipsiñ, Duşmanyñy mert ýeñipsiñ. Şeýdip, ruhuma siñipsiñ, Bakydyr şöhradyñ, börim. II Ruhum kenaryndan daşyna agyp, Dünýä içre giñäp gitdi örüsi. Söküp sährañ ýolun, Kertini dagyñ, Süýnüp barýar Oguz hanyñ börüsi. Merdana möjege, Gaýduwsyz gurda, Gök gürleden şirleñ güýçleri ýetmez, Börim kesekini goýbermez ýurda, Özgäñ Watanyna ol dawa etmez. Hem el gatmaz ejizleriñ awuna, Ozaldan mertlige köñül berendir, Aşyk bolup, arşa galan çawuna, "Gurt ýüzi-mübärek" diýdi görenler. ▶ BÜRGÜT Al-asmandan şaglap inen, Ýene şaglap galan bürgüt. Ýetişmänkä girip hine, Awun gola salan bürgüt. Erkinligi bagtyñ saýyp, Giñişlikden uçduñ gaýyp. Hak sylamyş ykbal paýyn, Galkynyşdan alan bürgüt. Asman-zemin arasynda, Baky söýgi barasynda, Owaz edip ganatynda, Täsin mukam çalan bürgüt. Uçup-gonup kertden-kerte, Uýgunlaşdyñ ähli şerte. Şeýledir ykbal göterse, Boldy periñ galam bürgüt. Gök asman taýa sygyndyñ, Gün bilen Aýa sygyndyñ. "Gulatynyñ saýasyndan, Ýeg penjäñde galan" bürgüt. Howalanyp, galkyp pesden, Dag başyndan tutduñ mesgen. Ganatlaryñ tutup des-deñ, Ruhum ýada salan bürgüt. Okýetmez gaýada ýaşap, Belentlikden bakyp aşak, Mert ruhumy eýlediñ şat, Göterdiñ ykbalym, bürgüt. II Bürgüt bolup al-asmana göterlen, Mert ruhuma günüñ mähri siñendir. Belentlige galyp, bela-beterleñ, Ýollaryny kesip, Güýjün ýeñendir. Gök gümmürdäp, süýnüp gaýtsa ýyldyrym, Ol bürgüt ruhumyñ merdem sedasy. Siz şonda buýsanyp, gamsyz ýylgyryñ, Bolsun ünji şatlyklaryñ pidasy. Köñül howalanyp, galyp belende, Ýaşaýyşa söýgi bilen bakyñ siz. Säher ojagñyza döwlet gelende, Çagañyza bürgüt adyn dakyñ siz. Körpe beýik türkmen mekdebin geçip, Goşulyp-garylar agras aslyna. Belki, şahyr bolup, Sözleri seçip, Beýik nama ýazar bürgüt waspyna. ▶ SÖZ Geçmiş bilen baglanşygy üzülen, Dumana garylan geljege ýoly. Garabagry hasrat bilen ezilen, Ruhum perwaz urdy perwana ýaly. Herhal ýan bermedi, Ýatmady busup, Ýagty nur gözledi, Güzer gözledi. Halkyñ arzuwlaryn kalbynda susup, Magtymguly bolup, Tili sözledi. Sözi goşgy bolup, gana gatyldy, Işläninde öküz bolup işledi. Ýow gününde bürgüt bolup atyldy, Duşmanyny böri bolup dişledi. Ruhum ýitmän, Dönül dartyş meýdana, Eziz erkinlige güýç aldy sözden, Boldy gaýrat alyp, hasam merdana, Toprakdan, Asmandan, Dagdan hem düzden. ▶ ÝANARDAG I Çapyp barýañ ýelden ozup, Maksada sary, Ýanardag. Bu pursady bilmen ýazyp, Çeksem-de zary, Ýanardag. Ruhum boldy öwsüp keşbiñ, Gara dagy böwsüp geçdiñ. Ulus-iller adyñ eşdip, Buýsandy bary, Ýanardag. Çekmersiñ ýadyñ minnetin, Aldyñ erenleñ hümmetin. Owaldan nurly milletiñ, Namysy-ary, Ýanardag. Zer topragyñ örki sende, Gül Watanyñ görki sende. Menzilleriñ erki sende, Sabryñ karary ~ Ýanardag. Göge galşyñ hyýalymdyr, Arzuw edilýän halmydyr. Gerşiñi ýapan ýalmydyr, Ýa göwnüñ tary, Ýanardag. Has añyrdan güýjüñ, hiliñ, Ýada salyp dagyñ silin ~ Bagty çüwen gözel iliñ, Dosty hem ýary, Ýanardag. Döwletli bagtyma deñsiñ, Köşgümde tagtyma deñsiñ, Türkmenimiñ ruhy sensiñ, Arassa-ary, Ýanardag. II Türkmen atyn heýkel edip serinde, Jennete deñedi onuñ ýüzlerin, Toý bolarmyş at agynan ýerinde, Şol bagtyñ mesgeni boldy düzlerim. Şabaz atlar ýaly goşa ganatly, Bagtymyñ gözbaşy bäşinji eýýam, Halkyñ howandary, Hakdan halatly, Beýik Serdar bilen täjimsiñ, eýýam! 2004. Ilmät GURBAN. | |
|
√ На Хиву! / поэма - 28.07.2024 |
√ Kyssa / poema - 12.06.2024 |
√ Rowiýa / liriki poema - 14.09.2024 |
√ Kyssa -2: poemanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Sygan bagşy /poema - 14.09.2024 |
√ Gözleg / sonetler çemeni - 14.09.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024 |
√ Esger guýusy / poema - 19.08.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessanyň dowamy - 03.03.2024 |
√ Jeñnama / poemanyñ dowamy - 05.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |