■ KIM BERÝÄR?
Bir diwana her gapa gelende:
Diwana geldi işikden,
Bela çykdy deşikden.
Diwana bir suw beriň,
Gara gylly meşikden-
diýer eken.
Ol patyşanyň köşgüne gelende hem şeýle diýer eken. Soňra diwana onuň beren zadyny alyp:
Ber diýdi Subhan,
Berer erdi soltan-
diýip, gidiberer eken.
Bir gün patyşa: «Gel, şuňa kimiň berýänini görkezeýin-le» diýip oýlanypdyr-da, diwana hiç zat bermändir. Onsoň ol diwana:
Berme diýdi subhan,
Nädip bersin soltan? -
diýip gidiberipdir.
■ ŞUNY ÝANYMDAN AÝRYŇ
Bir patyşa bir şahyry ýanyna çagyryp:
— Meniň şanyma dessan ýaz - diýýär. Şahyr onuň diýenini etmändir. Soňra patyşa wezirini çagyryp, oňa maslahat salýar. Wezir aýdýar:
— Ony bir samsyk bilen bir tama salaly. Şahyryň akmagyň gepine içi ýanyp, ýüregi gysyp, şony ýanyndan aýyrsak, islän zadymyzy eder.
Olar şeýle hem edýärler. Ýanyndaky akmagyň gürrüňine içi ýanyp, şahyr goşgy goşup ugraýar. Akmagyňam içi gysyp, «Ýarowjana» gygyryp başlaýar. Şahyr ahyry patyşany çagyryp:
— Şu akmagy ýanymdan aýyrsaň, men diýen dessanyňy düzeýin - diýipdir.
■ EDIŞIME SERET
Biri bir ussanyň ýanyna hapa atylýan pilini bejertmäge getiripdir. Ussanyň ol pile göwni ýetmän, ony eliniň tersi bilen zyňyp goýberipdir. Piliň eýesi piliniň ýanyna baryp, ony ondanam aňryk zyňypdyr. Ussa onuň beýtmegine geň galyp:
— Getir şo pili - diýipdir.
Ol pili getiripdir welin, ussa:
— Bu pili edişime bir seret - diýip, gahary ýatyp, ony bejermäge durupdyr.
■ INDI EŞEK BOLARSYŇ
Bir adamyň ogly bolsa-da, bolany durmaýarmyş. Onsoň ýaňky adam bir gezek ogly bolanda, yrym edip, onuň adyna Kürre dakypdyr. Ýyllar geçip, ol oglan ulalyp, uly adam bolup ýetişýär. Ol öz adyny halaman: «Heý, şu adymy üýtgedip bolmazmyka?» diýip, adamlary öýüne ýygnapdyr. Adamlar hem oňa:
— Adyňy üýtgedip bolar, sebäbi her bir zat hem ulalsa, ady üýtgeýär. Meselem, senem ulalypsyň. Indi seniň adyň Kürre bolmaly däl-de, Eşek bolmaly - diýipdirler.
■ IT GUÝRUGYNY BULASA ...
Sarahsyň obalarynyň birinde Muhat Han diýen bir gazet paýlaýan: «Gazeti kimlere berýäň?» diýenlerinde:
— Nirede it guýrugyny bulasa, şol öýe beräýýän, sebäbi it guýrugyny bulaýan ýerde nahar bişýär - diýipdir.
■ KIM AKMAK?
Bir gezek han Ýigrenseçene:
— Şol uçup barýan gamaklardan habar alyp gel - diýipdir.
Ýigrenseçen agyldan hol beýleräk çykyp gelipdir-de:
— Gamak: «Göçenimi ýel biler, gonanymy gol biler. Ýügüre-ýügüre bogaz boldum. Daýanmaga dyzym ýok. «Sora» diýip, ugradan han akmakmy ýa-da sorap gelen akmakmy?» diýdi diýip, jogap beripdir.
■ IRGE GOÝUN GUZLANDA
Han Ýigrenseçeniň gelniniň tarypyny eşidip, ony synamakçy bolupdyr. Bir gezek ol Ýigrenseçeniň öýüne gelip, oňa şeýle buýruk beripdir:
— Men saňa iki ýüz irge goýun berjek. Şolaryň her birini ekiz-ekizden guzladyp, ýedi günde dört ýüz edip, maňa gaýtararsyň.
Ýigrenseçen aňka-taňka bolupdyr. Han bolsa onuň jogabyna-da garaşman, şol bada öz ýoluna gidipdir.
Han gidensoň gelni Ýigrenseçene garap:
— Sen goýunlary elli-elliden üç adama paýla, özüňe-de ellisini goý - diýipdir.
Soňra olar özlerine alan elli goýunlaryny ýedi günde soýup, dost-ýarlaryny çagyryp, iýdiripdirler. Wadaly güni han bulara gelipdir. Han gelmezinden öňürti tutynyň aňyrsynda düşek salyp, gelni Ýigrenseçeni ýatyrypdyr. Han gele-gelmäne:
— Hany Ýigrenseçen? - diýip gygyrypdyr.
Onda gelin:
— Ýigrenseçen hol tutynyň aňyrsynda çaga dogurjak bolup ýatyr - diýip, jogap beripdir.
Onda han gelne:
— Hi erkek adamam çaga dograrmy? - diýen.
— Näme, irge goýun guzlanda, erkek adam çaga dogurmazmy? - diýip, gelin hana jogap beripdir.
Han içinden: «Bu ikisi biri-birinden beter, bular meniň başyma gelen bela eken» diýip, süzüberipdir.
■ INDI ÝÖNE AGZYNY AÇAÝÝAR
Öňem bir gulagy gapylan adam:
— Beý, walla, öňler goýunlar mäleýärdi welin, indi ýöne agzyny açaýýar - diýip geňirgenipdir.
■ BUGDAÝ BOLAÝÝAŇ-DA
Bir adam segsen kilo bugdaýy göterip, araba ýüklejek bolupdyr, emma ol-a götermek ekeni, ýerindenem gozgaýsa nätjek. Ol maňlaýyndan akýan deri syryp durşuna:
— Häýt, bugdaý bolaýýaň-da, saman bolaýsaň-a, ol-a segsen kilo ekeni, ýüz segsen bolaňda-da, gördümem etmän götererdim - diýip zeýrenipdir.
■ UZAK ÝOL
Öňem biri märekede:
— Hol arada Sarahsdan Mara iki sagatda geldim - diýip öwnüpdir.
— Haý, pylany, şü sapar-a ýaman gaty jypdyraýdyň öýdýän - diýip, märekede oturanlaryň biri oňa garşy çykan. Ol bolsa:
— Aý, halypa, jypdyraýmasaň, ýol ýaman uzak ahyryn - diýip, jogap beren.
■ TÜFDAN EDINÄÝJEK
Bir biderek lakgyldap ýören ýaňra bolan. Ol bir gün adatdakysy ýaly şama-şaýyrdany urup otyrka, oturanlaryň biri:
— Heý, pylany, şu agzyň-a sataýmarsyň? - diýip, ondan soran.
— Be, walla, meň agzymy nätjek? - diýip, ýaňra geň galan.
— Şu dişleriňi döwäge-de, tüfdan edinäýjek, ýaraman-a durmaz - diýip, ol adam jogap beren.
■ SUWDAN SUWUK, GOWURGADAN DUZSUZ
Bir ýaňra bir gün bir ýaşulyny oýnajak bolup:
— Pylany aga, suwdan suwuk, gowurgadan duzsuz näme bar? - diýip, sorag beripdir.
— Suwdan suwuk, gowurgadan duzsuz zat seniň şu lakgy, boş gepleriňdir. Olarda ne duz bar, ne goýulyk - diýip, ýaşuly jogap beripdir.
■ GEŇ ZAT
Bir çopan şähere gezmäge gelen. Ol rus dilini bilmeýän eken. Ol şadyýan wijirdeşip ýören rus çagalaryny görüp:
— Be, walla, bularyň çagalaram orsçany gowy bilýär eken-aýt - diýip, başyny ýaýkap, içini gepledipdir.
■ IKI ÝUMUŞ
Bir ýaşuly ilden öz gelni hakda: «Ol her kimem bolsa, bir ýumuş buýurýarmyş» diýen habary eşidip, gelnini synamak üçin oglunyň öýüne ugrapdyr.
Ol gelende gelni içerde saçyny darap oturan ekeni. Gelin onuň aýak sesinden biriniň gelýänini bilip:
— Aýu, kimem bolsaň, telärde çagamyň arlygy serilgi durandyr, şony bir getireweri - diýip gygyrypdyr.
Ýaşuly telärden arlygy nälaç alyp, içeri ätlände:
— Wiý, gaýyn, sizmidiňiz, bilmän aýdypdyryn. Kyn görmänjik öňki ýerinde goýaýyň - diýip, ýaňky gelni ile bir ýumuş buýursa, oňa ikini buýrupdyr.
■ ÝATYP IÝMELI ÝER
Bir ýalta köp wagtlap, ýatyp iýmeli ýer gözläpdir, ýöne hiç tapyp bilmändir. Ahyry ol bir baýyň ýanyna baryp:
— Baý aga, men şu ýatyp iýmeli ýer gözleýän welin, hiç tapyp bilemok, şony nädip tapmaly? - diýip, ondan maslahat soran.
— Ýatyp iýmeli ýer gerek bolsa, öňräkden meň ýanyma geläýseň bolmaýamy? Ondan aňsat näme bar? - diýip, baý onuň eline bir jüp öküz berip, uzyn gün ýer sürdüren. Ýaltanyň beýle iş haçan gören zady, ol halys surnugansoň baýyň öýüne gelen. Ýalta öňünde goýlan nahary-da oturyp iýmäge ýaraman, ýatyp iýmäge başlan. Şol wagt baý oňa:
— Pylany, ine, şuňa ýatyp iýilýän ýer diýerler, neneň? - diýip, loh-loh gülüpdir.
■ ON TOWŞAN
Bir awçy uzyn günläp gezip, aw tapyp bilmändir. Şo barmana onuň öňünden bir towşan çykan. Olam towşany kowalap başlan. Şol wagt oňa obadaşy duşup:
— Ýeri, pylany, näçe towşan tutduň? - diýip soran.
Awçy:
— Şu kowalap barýanymdan başga dokuzysyny tutsam, on bolýar - diýip, içiniň ýangyjyna aýdypdyr. Ol adam bolsa ters düşünip:
— Bäý, awçy diýip, şuňa aýdaýsaň, eýýäm on towşan tutaýypdyr, ýa bu ýerde towşan bolmuka? - diýip, geň galypdyr.
■ GIJESINE IŞLEÝÄRIN
Bir adam:
— Menem goşgy ýazdym - diýip, öz ýazan goşgusyny ýoldaşyna görkezipdir. Ýoldaşy onuň goşgusyny okap görüpdirde:
— Boljak welin, ine, şu ýerde sen düýpden ters ýazypsyň - diýip: «Gündiz düýşümde sen, gije huşumda» diýýän setirleri görkezipdir.
— O nähili ters bolýar, men gijesine işleýän ahyryn - diýip, goşgynyň eýesi jogap beripdir.
■ GÜNÜŇ DOWAMYNDA IKI GEZEK
Bir adam ýoldaşyndan:
— Sagadyň dogry işleýärmi? - diýip sorapdyr.
Ol bolsa:
— Sagadym günüň dowamynda iki gezek dogry işleýär - diýen.
Ýoldaşy bolsa: «Be, bu nähili sagatka?» diýip, içini gepleden. Onuň sagadynyň döwlendigini aýdýanyna ol düşünmändir.
■ IÇIŇ ÝANYP BARÝANDYR
Biri köpçülikde arak içip otyr ekeni. Ol bir stakan aragy içäge-de, haýdap çörek iýip başlapdyr.
— Baý, arak işdäňi açýar-a - diýip, ol agzyny şapbyldadypdyr. Oturanlaryň biri bolsa:
— Heý, inim, ol işdäňi açýan däldir-de, içiňi ýakyp, alyp barýandyr. Hany onsoň iýmäbilseň iýme, aňryň ot alansoň iýýänsiň - diýipdir.
■ IŞLÄŇDE IL BILEN ...
Öňem bir ýaltanyň biri:
— Işläňde köplük bolup işläp, iýeňde ejeň bilen iýäýseň - diýip, göwün ýüwürdipdir.
■ KAGYZYŇ BILEN...
Bir çilimkeşiň biri:
— Halypa, bir mahorkaň bilen kükürdiňi al, kagyzyň bilen dolaly - diýip, ýoldaşyna ýüzlenipdir.
■ PULUNY BASYMRAK IBERIŇ
Bir ýazyjynyň biri redaksiýa hekaýa ýollap, aşagyna-da: «Çap edip, puluny çaltrak iberiň, gyş ýetip gelýär, palto edinmeli» diýip ýazypdyr.
■ KYRK BIR DÜÝE
Bir wagtlar bir baý otuz dokuz düýäni zatdan ýükläp, Hywa argyşa ugran. Kyrkynjy düýä bolsa özi münüp, agyr kerweniň başyny çekipdir. Ol orta ýola baranda, düýelerini sanap görse, bir düýesi ýetmän duruberýär. Ol öz gözlerine ynanman, gaýta-gaýta sanaýar, ýöne şol biriniň kemligimiş. Baý ýiten düýesini gözlemek üçin kerweni yzyna öwürýär.
Ýolda onuň öňünden bir eşeklije ýaşuly çykýar. Nebsiniň ýesiri baý salam-helikden öňürti bir düýesini ýitirendigini aýdýar. Soňam şony görenini, görmänini, soraýar.
— Düýäň näçedi?
— Kyrkdy-la. Indi otuz dokuz...
Ýaşuly düýeleri sanap görýär-de:
— Düýäňä 41 sany, gaýta biri artygam - diýýär.
— O nädip kyrk bir?
— Sen düýeleriňi sanaňda öz münüp oturan düýäňi sanamagy ýatdan çykarypsyň.
— Wiý... Wah, şeý diýsene - diýip, baýyň ýüregi ýerine gelipdir.
— Wah, oň ýalak zat meň kelläme-de gelmese nätjek. Ol... Neme-le... O nädip kyrk bir düýe bolýar? Sen ýaňy kyrk bir diýdiň. Düýeleriň bary kyrk sany ahyryn.
— Ol şeýle. Kyrk birinji düýe özüň.
— Meniň ýaly uly baýy düýä deňemäge nädip seň diliň bardy?
— Öz münen düýäňi sanamany bilmän, şondan yzyňa gaýdan bolsaň, seňem şu düýelerden hiç tapawudyň ýok - diýip, garry eşeginiň böwrüne depip ötägidipdir.
■ TÄZE TELPEK
Gözi kör bir garyp ýaşula bir jomardyň rehimi gelip, täzeje silkme sowgat beripdir. Ýaşuly ondan gaty hoşal bolupdyr-da, begenjini aýalyna-da duýdurýar. Aýaly oňa:
— Gaty gowy bolupdyr, kakasy, büýä. Köne telpegi bolsa ütüp, tüýüni geljek ýyl etjek keçämize goşaýarys, şu gara günde olam esli ýetne - diýýär.
Şeýle diýip aýaly çykyp gidensoň, goja çaýyny içmäge başlaýar. «Derlänimde kirläýmesin» diýip, ol täze telpegini aýap, beýle ýanynda goýýar. Çaýyny içip gutaransoň, ütmek üçin köne telpegini gözläp başlaýar. Sermenip otyrka ahyry eline bir telpek ilýär. «Köne telpegim bolsaň gerek. Ahyry elime düşäýdiň öýdýän» diýip, ol telpegi ütüp başlaýar. «Köne-de bolsa, tüýleriniň berkdigini-aýt» diýibem içini hümledýär.
Bu telpegi ütüp bolup, derisini beýläk oklanda, körüň eline ýene bir telpek ilýär. «Täze telpegim bolsaň gerek» diýip, ol telpegi sermeläp, oňat barlap görse, köneje telpegi ekeni. «Wah, garybyň agzy aşa ýetse, burny ganary şu boldy-ow» diýip, kör goja özüni lampa aşak goýberipdir.
■ ILIŇ TERSINE
Bir adam bir gün akar ýabyň boýuny syryp, akymyň tersine ylgap barýan ekeni. Şeýdip barýarka biri duşup, ondan ylgap barmagynyň, onda-da akymyň tersine barmagynyň sebäbini soraýar. Ylgap gelýän:
— Aý, halypa, meni saklama, meň aýalym suwa akypdyr, şony gözläp barýan - diýip, öz ugruna gidibermekçi bolupdyr.
— How, dost, seň kelläň bir ýerindemi? Aýalyň akan bolsa, suwuň akym ugrundan gözlärler ahyryn. A sen bolsa akymyň tersine barýarsyňla?
— Wah, halypa, kelläm gaty ýerinde-le, ýöne meň aýalymyň ýagdaýy şeýleräkdi. Ol mydama iliň tersine bolansoň, menem suwa akanda-da iliň tersine akandyr diýip, «Aýalyň suwa akdy» diýip, aýdan batlaryna pikir etdim. Ine, häzirem şu suwuň tersine barşym. Sen meni saklama, dost - diýip, akymyň tersine baka ýumlugaýan.
Ol adam bolsa:
— Belki onuňky dogrudyr - diýip, içini hümledip, ýoluny dowam eden.
■ ÇIG GAÝMAK
Bir adam ýanyna alty-ýedi ýaşly oguljygyny hem alyp, sygryny satmak üçin bazara ugran. Onuň sygry örän hor hem süýtsüz ekeni. Şonuň üçinem eýesi ondan dynmak isläpdir. Ol adam bazarda sygryny öwüp, ýerde-gökde goýmandyr:
— Haý, seniň sygyr bolaýşyňy. Uzynly gün sag-da dur, özüň ýadaýmasaň, süýt berer durar. Bu tohum mal. Bi janaweriň ýuwaşlygyny bir diýsene. Bu bir tapylgysyz mal-dyr-la.
«Sygryň hor» diýjek bolana bolsa:
— Heý, halypa, sen munuň horlugyna osma. Muň ata-babasy şeýledi. Büýem şolara çekipdir. Wah, sen munuň süýt berşine seret - diýip, çyna berimsiz çypdyran.
Sygryň hyrydary köpelipdir. Olaryň mekirräginiň biri osmakladyp ýaňkyň oglundan:
— Jijim, sygryňyz şoň ýaly gowumy? - diýip soran.
— Gowy näme işlesin - diýip, oglan ýüregindäkini aýdan. — Uzyn günde bir käse süýt berenok. Onsoň kakam: «Muny eýdip-beýdip satyp, başga sygyr alaly» diýip, şu gün bazara getirişi şu.
Oglunyň gürrüňini diňläp duran kakasy birjik-de özüni ýitirmän:
— Häý, bedasyl, şu ejeň ikiňiz şu sygryň irdenki bir jam çig gaýmagyndan aýrylmajak bolup, her zat etjeksiňiz welin, menem-ä şu sygry sataryn - diýipdir.
■ IKI BOLAÝJAK EKENI
Bir aýal lotereýa biledini satyn alypdyr. Olam haly utaýypdyr.
Şonda ol aýal:
— Wah, edenim bar bolsun diýsene. Şonda ikisini alan bolsam, şu wagt iki halym bolaýjak ekeni, şonda-ha dula keçe ýazmazdym - diýip jibrinipdir.
■ NIREDE ÝATARKAM?
Bir gysganjyň öýüne bir kişi myhman bolýar. Öý eýesi aç myhmana çaýdan başga zat bermändir. Çaýdan halys julk bolan myhman ahyrsoňy:
— Myhman nahar iýip, nirede ýatarka? - diýip osmakladypdyr.
■ GÜJÜK ÇAGANY NIREDE IÝDIMKÄM?
Biri myhman ýerinde serhoş bolup, daş çykyp: «Ö-ö» harpyny gaýtalap ugran. Onuň gaýtaryp duran ýeri ýaňy bolan güjük çagalaryň ýatan ýeri eken. Serhoş esli wagtdan soň gözlerini süzgekledip, aşak seretse, güjük çaga barmyş. Ol: «Bu hyýary, o ýatan kolbasany, pomidory iýenim ýadymda, ýöne şu güjük çagany nirede iýenim hiç ýadyma düşenok» diýip, geň galan.
■ PYRZYDUM
Kolhozyň ilkinji gurlan ýyllary obada kolhozçylaryň umumy ýygnagy bolan. Şol ýygnakda Ýazly diýen daýhan ýigidi ýygnagyň prezidiumyna saýlapdyrlar. Muňa Ýazlynyň keýpi göterilipdir. Ol özüni başlyk bolmasa-da, başlygyň bäri ýany bolan emeldarlyga saýlandyrlar öýdüpdir. Ýygnakdan soň ol öýüne ruhubelent ýagdaýda gelen.
— Heleýhan, şu gün biz-ä uly bir emeldarlyga saýlandyrlar - diýip, ol aýalyna-da öz begenjini duýdurypdyr.
— O nähili emeldarlyk, kakasy?
— Pyrzydum diýýärler oňa, heleýhan.
— Beý diýdigiň näme boldy, ýa olam başlyk dagymy?
— Men-ä heleý, şol başlykdanam ulumyka diýýän, sebäbi diýseň, hemme kişiň gözi mende boldy-da...
— Oň ýaly bolsa, nesip etsin, kakasy.
Ýazly şol günüň ertesi gazy gazýan ýerlerine-de pilsiz baran.
— Ýeri, Ýazly han, bu nä boluş? Hany pil?
— Haý, halypalar, indi ele pil almarys öýdýän - diýip, Ýazly geň galan ýoldaşlaryna söz gatan. — Halypalar, düýn ýygnakda meni pyrzydum saýladylar, pyrzydum.
Nämäniň nämedigine göz ýetiren daýhanlar hezil edinip gülşüpdirler.
■ SEN ŞEÝLE OKAMANY BAŞAR
Bir sowatsyz ýaşuly gözüne äýnek dakynyp, gazet okan bolup oturan ekeni.
Şol wagt bir ýetginjek gelip:
— Pylany aga, gazet okaýarmyň? - diýip soran.
— Hawa, gazet okaýan, ýaman gyzykly eken-aýt.
— Wiý, näme onda gazeti ters tutupsyňyz?
— Düzüw tutup okamany hemme başarýar, ýöne ters tutup okamany başarmakda iş bar, han - diýip, ol oňaýsyz ýagdaýdan aňsat baş çykaran.
■ ÝEDI AÝYŇ AZABY
Bir ýaşuly çäç alyp duran eken. Bir gedaý gelip:
— Munyň (gyzylyň-hasylyň) kelemäniňkimi (hüşür zekatmy)? - diýen.
Ýaşuly:
— Bul-a kakyp (tokmaklap) alanyňkyny tölemäniňki - diýip, jogap berýär.
Gedaý durýa - durýa-da:
— Ýaşuly, biz-ä bir gezip ýören gedaý - diýýär.
Ýaşuly bolsa:
— Biziňem şuňa azap edenimize ýedi aý - diýip sugşurypdyr.
■ ÜÇ PELTEK
Biriniň üç sany gyzy bar eken. Üçüsem peltek, akyllaram kelteräk ekeni. Özlerem şeýlediklerini gelen-gidene-de bildiräýýän ekenler. Eneleri:
— Iliň ýanynda bir geplemäň - diýip tabşyrypdyr. Gyzlar, göräýmäge, görmegeý ekenler.
Bir gün gyzlaryň ulusy öýden çykyp barýan syçany görüp:
— Waý, gyz, o sysany - diýip seslenen.
Ortanjysy:
— Enem bize geplemän otuzyň diýmändimi? - diýipdir.
Iň kiçisi bolsa:
— Biz-ä sysanam diýjek gäl, pysanam, geplemän otuzybezjek - diýenmiş.
■ ARPA BIŞENDE
Açlyk günleri eken. Obada bir wagyzçy:
— Krepostnoýçylyk düzgüni haçan ýatdy? - diýip, diňleýjilere ýüzlenipdir. Onda Şirhan başlyk:
— Bizde-hä arpa bişende ýatdy - diýipdir.
■ DÖW ÇALANDYR
Biriniň ogly süýrgünortanlar ýarym litr aragy urup, öýlerine gelýär. Ejesi:
— Waý, balam, näm boldy-leý?
Ogly wazzyk-wuzzuk edip:
— Aý, eje, pylanylaň ýanyndaky tuduň aşagyndan geçdim, al kakaýan bolmasa.
Ejesi heýkelmi, Gurhanmy, pyçakmy, nanmy-onuň başujyna üýşürýär. Ogly bolsa şol iňňildäp ýatyrmyş. Şol wagt oglanyň kakasy gelýär.
Görse, aragyň ysy aňkap dur. Ol:
— Aýryl, heleý, o zatlaňňam aýyr, muny hiç jynam urmandyr. Muny Akmämmet diýen döw çalypdyr.
■ NIRÄ GITDIKÄ?
Ejesi oglundan:
— Dogtorçylykda näme geçýäňiz? - diýip soran.
Ogly:
— Adam süňküni.
— Kakaň pahyryňam süňküni görýäňmi?
— Şol-a ýog-aýt.
— Ilden çykyp nirä gitdikä ol maňlaýygara?
GÜNI GELDI
Bir garyp aýal ärine çäkmen dokamakçy bolup, ýüpüni äriniň boýuna deňeýär. Ärem muňa seredip, monça bolup, ýyrşaranmyş.
Onda aýaly:
— Seret-le, ýyrşaran bolşuny, guluň syrty bitdi-dä - diýen.
■ ÝEKE GULAKLY BARMY?
Biri erbet gargynyp oturanmyş. Onda başga biri gelip:
— O-how, halypa, edip oturan gürrüňiňi iki gulakly eşider ýaly däl-le-diýen.
Ol:
— A men nireden tapaýyn ýeke gulaklyny?-diýip, jogap beren.
Taýýarlan: Orazgylyç ÇARYÝEW.
Degişmeler