08:22 Men şeýdip heläk bolaryn... | |
MEN ŞEÝDIP HELÄK BOLARYN...
Goşgular
Ýyllar geçer, ýollar ýiter, ýöne meni bir söýeniň Köňlüniň ýaşy kepemez, jany üçin eder yhlas. Ýananymy iller görer, özgä bildirmez sönenim, Men şeýdip heläk bolaryn, men şeýdip bolaryn halas. Bar zat Hudaýyň elinde, üýtgedip bolmaz täleýi, Belki indi görjegimiz häzirkiden gowudyr has. Bir gün Ýaradan uzadar syryndan püre-pür meýi, Men şeýdip heläk bolaryn, men şeýdip bolaryn halas. Başyňy belent tut, gorkma, yzy neneň bolar diýip, Janymyz çykyp-çykmanka ýygnar toprak atly hannas. Seret, men aýdym aýdýaryn ýaraly kalbymy dilip, Men şeýdip heläk bolaryn, men şeýdip bolaryn halas. Bar zat öň saýhal tapandyr, bardyr her zadyň öz ýeri, Kyýamat hasaby başga, kyýamata galmaz kasas. Dert başyma düşen çagy günäm agyrdyr diýerin, Men şeýdip heläk bolaryn, men şeýdip bolaryn halas. Hudaýa ýakyn çagajyk, içgin seretme gözüme, Onda hasrat kän. Entämde jahanda tapmadym hasa. Düşünenler dymyp oňar, köpler düşünmez sözüme, Men şeýdip heläk bolaryn, men şeýdip bolaryn halas. Orazgylyç ÇARYÝEW. | |
|
√ Derdi-halym hezretiňde, Rebbena... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Ugrukdyrma / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Altymyrada bagyşlanan goşgular / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Söý meni / Goşgular - 01.08.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Oýnam setirler / Goşgular - 08.06.2024 |
√ Ýapdym aýnaň tutysyn / Goşgular - 30.08.2024 |
√ Ynsabym – adyl sudum! / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Aşyk we yşk / Goşgular - 12.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |