05:31 "Men seniň şahyryň, halkym..." | |
"MEN SENIŇ ŞAHYRYŇ, HALKYM..."
Goşgular
Men seniň şahyryň, halkym. Ýalan söz geçginli wagty, Ýalan sözlemekden gorkup, Gürlemän gysdym dişimi. Niçe ýyldyr gyra çykyp, Maýda bähbidime bakman, Etdim etmeli işimi. Men seniň şahyryň, halkym. Derdiňe ýaranjak bolup, Döwrüm bilen boldum men jet. Diýdim: “Men ýalan sözlesem, Ol çyna berimsiz bolup, Il-gün ynanaýsa nätjek?" Bir zada ýetip dur gözüm: Bary-ýogy oýnam sözden Ýasalypdy bar aždarha. Men seniň şahyryň, halkym, Şoňa ynanýaryn, daşym Çolaryp barsa-da barha...� Orazgylyç ÇARYÝEW. | |
|
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |