SYRLAR DÜNÝÄSINIŇ BEÝANÇYSY
Feridetdin Attaryň dünýä inen we aradan çykan ýyllary barada dürli çeşmelerde tapawutly maglumatlara duş gelýäris. Onuň «Tezkiretül-ewliýä» atly kitabynyň 2003-nji ýylda Stambulda «Timaş yayinlari» neşirýatynda türk dilinde çap edilen nusgasynyň «Girişinde» şeýle diýilýär:
"Feridetdin Abu Hamid (ýa-da Abu Talyp) Muhammet ibn Ybraýymyň doglan we aradan çykan ýyllary anyk belli däl. Emma onuň hijri ýyl hasaby boýunça 540–618-nji ýyllaryň aralygynda ýaşap geçendigini çaklamak mümkin. Öz ýazan gazal we kasydalarynda käte Feridetdiniň gysgaldylan görnüşi bolan Ferid tahallusyny ulanan hem bolsa, köplenç, Attar tahallusyndan peýdalanypdyr...
Attaryň kakasynyň ady Ybraýym, künýesi bolsa Abu Bekir bolupdyr. Köp ýaşan Abu Bekir Ybraýym dermanhana işi bilen meşgullanypdyr. Attar Nişapuryň golaýyndaky köne obalaryň biri bolan Ketgende dünýä inipdir. Onuň kakasynyň mazary hem şu ýerde ýatyr..."
«Mejälisul-Uşşak» atly eseri ýazan kişi Attaryň Nişapuryň golaýyndaky Kandişnan obasynda doglandygyndan çöz açýar. Attar «Mazharül-Ajaib» atly eserinde çagalygynyň Tünde geçendigini habar berýän hem bolsa, bu eseriň, hakykatdan hem, oňa degişlidigi anyk belli däl.
Döwletşah «Tezkiresinde» Attaryň hijri ýyl hasaby boýunça 513-nji ýylda doglandygyny habar berýär. Şonuň ýaly-da, onuň 537–538-nji ýyllarda doglandygy barada-da maglumatlar duş gelýär. Emma Attaryň hijriniň 540-njy ýylynda doglandygy barada umumy bir pikire gelnendigi üçin, biz hem şonuň tarapyny çalýarys»1. Ýewgeniý Bertels «Feridetdin Attaryň «Bilbilnamasy» atly işinde şeýle ýazýar: «Feridetdin Attaryň ömür ýoly barada örän az zat bilýäris. Ol, takmynan, 1150-nji ýyllarda «beýik seljuk» Soltan Sanjaryň zamanynda Nişapurda dünýä inýär. Onuň kakasynyň dermanhanasy bolup, ol hem şol ýerde işläpdir. Dermanhana soňra oňa kakasyndan miras galypdyr. Onuň «Esrarnama» atly poemasynda habar
bermegine görä, ol eserlerini dermanhanada ýazypdyr. Bu ýere bolsa maslahatdyr derman sorap, günde bäş ýüz adam dagy geler eken. Şonuň ýaly-da, ol musulman Gündogary boýunça köp syýahat edipdir, hatda Müsüre we Hindistana hem barypdyr, soňra bolsa dogduk mekany Nişapura dolanyp, bu ýerde ornaşypdyr. Ylymlar akademiýasynyň Aziýa muzeýinde golýazmasy saklanylýan we «Bilbilnama» poemasynyň ýanyna çatylan «Mähriban ogluma maslahat» atly kiçeňräk poema şol döwre çenli onuň öýli-işikli bolmaga ýetişendigini we oglunyň dünýä inmegine garaşyp ýörendigini çaklamaga mejbur edýär. Çünki poemanyň başynda:
Täze Aý ýene otuz günden dogýar:
Sen maňa ýüzüňi altmyş ýyldan soňra görkezdiň – diýen setirlere duşýarys.
Attaryň ýaşan döwri baradaky maglumatlaryň biri-birinden tapawutlanýandygyna
garamazdan, olaryň arasyndaky ýyl tapawudynyň beýle bir uly bolmazlygy, Bertelsiň hem belläp geçişi ýaly, onuň XII asyryň ortalarynda dünýä inendigini aýtmaga mümkinçilik berýär.
Feridetdiniň çagalygy Nişapuryň golaýyndaky Şadýah obasynda geçip, ol bu ýerde kakasynyň dermanhanasynda onuň kärini öwrenmek bilen birlikde ylym öwrenmäge-de erjel ýapyşypdyr. Onuň eserleri bilen tanyş bolanyňda, arap dilini örän gowy bilendigi, tefsir, hadys, kelam, fykyh ýaly dini ylymlary öwrenendigi, hikmet, pelsepe, astronomiýa, farmakologiýa ýaly akyl we tejribe bilen bagly ylymlardan hem baş çykarandygy aňlanylýar. Onuň bu bilimleri nirede we haýsy alymlardan öwrenendigi belli däl. Şol döwürde Nişapuryň ylym merkez bolandygyny göz öňünde tutup, onuň bu ylymlary öwrenmek üçin uzaklara sapara çykmaga mätäç bolmandygyny aýdyp bolar. Feridetdin heniz kiçi ýaşlarynda tasawwuf bilen, sopular bilen içgin gyzyklanmaga başlapdyr. Ýaşynyň kiçidigine garamazdan, sopularyň mejlislerine we söhbetlerine goşulyp, olardan ylham alandygyny aýtsak, asla ýalňyş bolmasa gerek.
Jamy «Nefahat» atly eserinde Attaryň sopuçylyga baş urşuny beýan edipdir. Feridetdin bir gün dükanynda hysyrdanyp ýörşüne, durşy bilen işe berlipdir. Şol wagt bir derwüş gelip:
– Allahyň razylygy üçin bir zat ber! – diýip, birnäçe gezek gaýtalasa-da, iş bilen gümra bolup, dünýäni unudan Attar, oňa barmysyň hem diýmändir. Şondan soňra derwüş onuň golaýyna dykylyp baryp:
– Ependi, sen nädip öljegiňi bilýäňmi? – diýip sorapdyr.
– Sen nähili ölseň, men hem şeýdip ölerin-dä.
– Sen meniň ölşüm ýaly ölüp bilermiň?
– Munuň hiç gürrüňi bolmaz.
Bu jogaby eşiden derwüş elindäki agaç golçany ýerde düňderip goýup, oňa başyny goýupdyr we: «Allah!» diýäge-de, jan beripdir. Bu bolan işi gören Attaryň tüýsi üýtgäpdir. Şondan soňra ol dükanyny satyp, sopuçylyga ýüz urupdyr.
Attaryň sopuçylyk ýolunda batyrgaýlyk bilen öňe ilerländigine Gaýybynyň:
Hakykat çyn aşyklar, girgil ýola merdana,
Rehnemadyr bu ýolda şyh Attar diwana –
- diýen setirleri hem şaýatlyk edýär. Bertels «Feridetdin Attaryň «Bilbilnamasy» atly makalasynda bir gyzykly rowaýatdan söz açýar. Bu rowaýatda Attaryň garran çaglarynda şol wagt bäş ýa-da alty ýaşyndaky Jelaletdin Rumy bilen gabatlaşyşy barada habar berlipdir. Bertels şeýle diýýär: «Garry şahyr öz öňünde duran çaganyň kimdigini bada-bat aňlapdyr we oňa «Syrnama» atly eseriniň golýazmasyny sowgat beripdir. Şu hereketi bilen hem onuň öz ýoluny dowam etjekdigini ýaňzydan ýaly edipdir. Elbetde, bu rowaýat taryhy häsiýetli maglumata daýanmaýar we şahyryňterjimehalyny ýazanlaryň biri tarapyndan döredilene meňzeýär. Muňa garamazdan, onuň Attar bilen Jelaletdin Rumynyň arasyndaky baglanyşygy örän gowy açyp görkezýändigini hem inkär edip bolmaz. Biz Rumynyň döredijiliginde onuň ruhy halypasy Attar tarapyndan başlanylan işiň tamamlanyşyny görýäris. Rumynyň «Mesnewi» atly meşhur poemasy hem, edil Attaryň poemalary ýaly, sapaga düzülen mahaly belli bir ýordum, anyk maksat esas edilip alynmandyr. Ol diňe ýüzugra peýda bolan pikirler arkaly baglanyşýan, ýüze çykyş tertipleri tötänleýin ýaly bolup görünýän hekaýatlar hataryndan ybarat. Başga bir tarapdan, Attaryň çabrap duran otlukly duýgulary, möwç urýan joşguny hem şägirdine geçipdir. Attar bilen Jelaletdin Rumy bir bitewüligiň iki bölegidir, prizmanyň içinden geçip, iki ekrany ýagtyldýan şöhledir. Has ýakynda duran ekranda onuň ýaýrawy beýle bir giň bolmasa-da, uzakdakysynda örän uly ýaýrawa eýe bolýar. Eger-de Attar diňe pars dilinde eser döreden şahyr hökmünde tanalan bolsa, Jelaletdin dünýä möçberindäki şahyra öwrülýär».
Feridetdin Attaryň aradan çykan ýyly barada-da dürli maglumatlara duş gelinýär. Olaryň käbirinde onuň mongollaryň Nişapura eden çozuşlary döwründe, ýagny 1221-nji ýylda wepat bolandygy aýdylsa, käbirinde 1229-njy ýylda dünýäden ötendigi mälim edilýär. Onuň ölümi bilen baglanyşykly bir rowaýatda bir mongol esgerine ýesir düşüşinden söz açylýar. Ýaňky esger onuň lukmandygyny bilip, gara başyny satyn almagy teklip edipdir. Şyh Attar adam bejereni üçin hiç haçan pul almandygyny aýdypdyr. Esger onuň aýdanyna ynanmandyr. Töwerekdäki adamlar şyhyň aýdanynyň dogrudygyny tassyklapdyrlar we öz aralarynda pul ýygnap, ony satyn almak kararyna gelipdirler.
Şyh Attar muňa garşy çykyp: «Adamlar, men Allatagalanyň beren uzyn ömrüni ýaşadym, indi ömrüm ahyr bolana meňzeýär. Meniň üçin pul çykaryp, garyp düşmäň» diýýär. Bu sözleriň manysyny aňlan mongol esgeriniň ondan peýda görüp bilmejegine gözi ýetip, elindäki gylyjy bilen şyhyň başyny kesenmiş. Feridetdin Attaryň jaýlanan ýeri barada iki hili düşünje bar.
Halkymyz ir döwürlerden bäri onuň Magtymguly etrabyna degişli Könekesir obasyndaky kümmedine zyýarat edip gelýär we şu ýerdäki mazaryň oňa degişlidigine ynanýar. Nişapur şäherinde-de onuň adyna bir kümmet galdyrylypdyr. Bu geň bir hadysa däldir, çünki dinimizi ýaýmakda uly iş bitiren şahslaryň adyna dünýäniň dürli ýerlerinde hatyra kümmedini galdyryp, oňa zyýarat etmek arkaly goýýan hormatyňy mälim etmek musulmanlara mahsus aýratynlykdyr. Emma, biziň pikirimizçe, onuň Könekesirde jaýlanandygy hakdaky pikiriň dogry bolma ähtimallygy has güýçli. Mysal üçin, Feridetdin Attaryň ýigrimi dokuz ýyl Nişapurda ýaşanyndan soň, Şadybah obasyna göçüp baryp, ömrüniň agramly bölegini şol ýerde geçirendigi, ömrüniň ahyrynda-da köpçülikden çete çekilip, diňe ybadata berilmek kararyna gelendigi hakda bir maglumat bar. Onuň Könekesirdäki kümmediniň ýerleşýän ýeriniň töwerekleriniň çolalygy onuň, hakykatdan hem, şu ýerde ybadata berlip, ömrüni-de şu ýerde tamamlandygyny çaklamaga doly mümkinçilik berýär. Bu ýeriň Nişapurdan beýlebir uzak bolmazlygy hem bu çaklamany tassyklaýana meňzeýär. Elbetde, bu mesele has içgin öwrenilmegine mätäç. Biz bu ýerde diňe oňa ünsüňizi çekmek bilen çäklenýäris.
Attaryň ýazan eserleriniň ählisi bize gelip ýetmändir. Onuň «Musybatnama», «Ilahnama», «Hysrownama», «Pentnama», «Esrarnama», «Jewahyrnama», «Muhtarnama» ýaly eserleri ýazandygyny bilýäris. «Bilbilnama» eseri barada bolsa ýokarda agzap gecipdik. Kasydalar we gazallar diwany, «Mantyk-et-taýr», «Tezkiretülewliýä» kitaplary bolsa Attaryň iň möhüm eserleridir.
Geliň, indi Feridetdin Attaryň eserleriniň biri – «Bilbilnama» poemasy bilen ýakyndan tanyş bolalyň. Çünki ol okyjylaryň dykgatyna hödürlenýän «Tezkiretül-ewliýä» eseri bilen bir hörpden gopýar. Bu eseriň heniz türkmen dilinde ýokdugy, asyl dilinde okamak mümkinçiligine hem eýe däldigimiz sebäpli, onuň bilen Ý.E.Bertelsiň «Sopuçylyk we sopuçylyk edebiýaty» atly kitabynyň esasynda tanyşdyrýarys. «Bilbilnama» poemasynyň göwrümi beýlebir uly bolmasa-da, onda göräýmäge, şüweleňli wakalaryň üsti bilen çylşyrymly meseleleriň uly bir ýumagy çözlenýär.
Poemanyň ýordumy örän ýönekeýdir.
Bilbil güle aşyk bolýar. Onuň iňňildisi, zaryn-zaryn saýramasy beýleki guşlaryň mazasyny alýar. Olar ony bu edýän işi üçin jogap bermäge Süleýman patyşanyň huzuryna çagyrýarlar. Süleýman patyşa bolsa, Gurhany Kerimde habar berilmegine görä, diňe bir adamlara däl, eýsem, guşlara, haýwanlara we jynlara – bularyň ählisine hökümdarlyk edipdir. Bilbil özüni goramak bilen, öz garşydaşlaryny ýiti tankydyň astyna alýar, emma ahyrsoňunda hüýpüýpigiň – Süleýman patyşa örän ýakyn we öňdengörüji bolan bu guşuň degerli gaýtawul bermegi netijesinde dymmaga mejbur bolýar. Elbetde, poemanyň düýp özeni bu bolup geçýän wakalaryň aňyrsynda gizlenýär. Bu ýerde bilbil terkidünýälige baş urup, «ylahy yşkyň» şerbedinden içip, ýekelikde «ýeke-täk Dosty» wasp edýän sopy şahyry aňladyp gelýär. Şahyr daşyny gurşap alan adamlaryň bu dünýäniň işine aşa gyzygyp, ahyretini unudaňkyrlaýandyklaryny, dinlerine-imanlaryna yhlaslarynyň azalyp, Allaha bolan söýgüleriniň bolmalysy ýaly däldigini görýär. Ol özüniň hem şolaryň biri bolup gitmeginden gorkup, kalbyny päklemek, yhlasyny artdyrmak üçin sopuçylyga baş urýar. Emma sopuçylygyň hem kötel ýollary bar. Sopy Allahy zikr etmegiň keramaty bilen öz kalbynyň çuňunda baslygyp ýatan her hili duýgularyň oýanyp, öz ruhunyň ýaradylan pursadyndan bäri başyndan geçiren hallarynyň özünde gaýtadan peýda bolýandygyny aňlaýar. Ol şol duýgulary, şol hallary gaýtadan ýaşap, bu gezek kalbyny olardan ymykly arassalamaly. Ol hallaryň bolsa köpüsi musulmana gelişmejek hallar. Olary ýeňip geçmek üçin uly güýç gerek. Sopy öz güýjüniň munuň üçin ýeterlik däldigini duýýar. Onuň öz saýlap alan mürşidine – öň bu ýollardan geçip görüp, hakykata eýeren pire baş urup, oňa sygynmakdan başga çäresi ýok. Ýöne ol sopy bolmak bilen birlikde, başyndan geçirýän ruhy ahwalatlaryny şygyr bilen beýan edip biljek derejede şahyrçylyga-da eýe. Ine, ol kalbynda müňzeýän duýgulary, başyndan geçýän hallary şygra salyp, piriniň müritleri üçin guraýan mejlislerinde şol şygyrlary okamaga, ýagnyonuň öňünde özboluşly hasabat bermäge başlaýar. Piri hem onuň tarykat ýoly bilen ilerläp barýarka, haýsy päsgelçilige uçrandygyny öz tejribesi boýunça kesgitläp, şol päsgelçiligi ýeňip geçmäniň ugruny salgy berýär we öz hümmetiniň güýji bilen oňa goltgy bolýar. Sopy şahyr haldan hala geçýär we şol hallary şygra salyp, pirine habar berýär. Şeýdip, ol piriniň ýardamy bilen şol hallardan kalbyny tämizläp, ruhy kämillige alyp barýan ýol bilen öňe ilerlemegini dowam edýär. Emma şygryň owazy, bilbiliň owazy ýaly, onuň gatnaşýan mejlisleriniň çäginden daşary çykmaga, beýleki adamlaryň gulagyna ilmäge başlaýar. Olary eşidip, adamlar ör-gökden gelýärler. Olar öz kalplarynyň teýinde-de şol şygyrlarda beýan edilýän duýgularyň, hallaryň baslygyp ýatandygyny, özleriniň yhlaslarynyň kem bolmagyna, bu dünýä aşa ähmiýet bermeklerine hut şolaryň sebäp bolýanyny aňlaman, bu şygyrlaryň näme maksat bilen ýazylandyklarynyň magadyna-da ýetjek bolman, aňlarynyň berýän buýrugy esasynda olary ret edip, sopy şahyry-da ýazgarmaga başlaýarlar. Şeýdip hem ony kazyýetde süýreklemäge çenli baryp ýetýärler. «Bilbilnama» poemasynyň gahrymany bilbil hem şol kysmaty paýlaşýar.
Bertels soň bir öwrümde «Bilbilnama» poemasynyň gysgaldylmadyk görnüşiniň hem üstünden barypdyr. Bu barada ol «Feridetdin Attaryň eserlerinde dünýäniň gelip çykyşy hakyndaky sopuçylyk düşünjesi» («Суфийская космогония у Фарид ад-Дина Аттара») makalasynda şeýle diýýär:
«Attaryň «Bilbilnamasyny» Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Aziýa muzeýinde saklanylýan golýazma esasynda terjime edip ýörkäm, Jemgyýetçilik kitaphanasynda bu poemanyň ýene bir nusgasynyň bardygyny bildim. Bu golýazmany gören mahalym meni ilki geň galdyran zat onuň maňa öňden tanyş bolan golýazmadan göwrüm taýdan has uly bolmagydy. Jemgyýetçilik kitaphanasynda saklanylýan golýazmadaky poema Aziýa muzeýindäkiden dört esse diýen ýaly galyňdy. Elimdäki ýeke nusga esasynda poemany terjime edip başlamak üçin taýýarlanyp ýörkäm, onuň geň bir şekilde tamamlanyşy ünsümi çekipdi. Bilbil özüniň berýän jogaplary bilen guşlaryň ählisini masgara edeninden soň, hüýpüýpik öňe çykýardy we bilbile ýüzlenýärdi (onuň aýdanlaryny ýokarda beýan edipdik. – O.Ç.). Ol sözüni doly tamamlap ýetişmänkä hem poema duýdansyz soňlanyp, soňra-da: «Attar, neneň ajap, diliňden bal dökülip, ömrüňden ýerlikli peýdalanmak miýesser etsin!» diýen jemleýji setirleriň gezegi gelýärdi. Bu setiriň yzysüre meýdan we tokaý syçanlary hakdaky onuň bilen asla baglanyşmaýan kiçeňräk hekaýa we «Eziz ogluma maslahat» diýlip atlandyrylan mesnewi şygyr görnüşinde ýazylan kiçi göwrümli eser ýerleşdirilipdir. Tapawutly goşgy görnüşinde ýazylanyndan hem belli bolşuna görä, onuň «Bilbilnama» dahylly ýeriniň bolmagy mümkin däldi. Poemanyň şunuň ýaly geň şekilde tamamlanmagynyň sebäbini düşündirmek üçin özüňden bir zatlary toslamaga mejbur edýän bir duýgy, birhili kanagatlanarsyzlyk kalbymy gaplap alýardy. Poemanyň başynda adaty hamdu-senalaryň, salawatlaryň we beýleki bagyşlamalaryň bolmazlygy bolsa,
bu duýgulary has hem körükdirýärdi. Pars dilinde ýazylan poemalaryň birinde-de şunuň ýaly ýagdaýa gabat gelinmeýärdi. Mysal üçin, Jelaletdin Rumynyň «Mesnewisi» bu kadanyň daşynda galýan ýaly bolup görünýän hem bolsa, onuň başyndaky sözbaşysy şol bagyşlamalaryň ýerini tutýar».
Bertels Jemgyýetçilik kitaphanasyndaky bu golýazmany ilkinji
gezek eline alanda, gözüne ynanmajak bolupdyr. Çünki onda Aziýa muzeýinde saklanylýan nusganyň dowamynyň bardygyny görüpdir. Onda hüýpüýpigiň soňky sözleriniň yzysüre «Birlik hakyndaky birinji sorag», «Wagtlaýyn we baky zatlar baradaky ikinji sorag», «Musulmançylyk hakdaky üçünji sorag» ýaly sözbaşylar ýerleşdirilip, soňra-da bu sözbaşylardaky soraglara aýry-aýrylykda jogap berlipdir.
Jogaplar «Birlik hakda», «Zatlaryň gelip çykyşy hakda», «Musulmançylyk hakda: musulmançylygyň bäş esasynyň jikme-jik beýany» diýlip atlandyrylypdyr.
Poemanyň başy hem Aziýa muzeýindäki nusgadakydan tapawutly eken. Bu nusgada poema Allatagalanyň adyna aýdylýan adaty hamdu-senalar bilen başlanylyp, soňra dogalary, Muhammet alaýhyssalamy şöhratlandyrýan sözler, dört çaryýarlaryň wasp edilişini öz içine alýan bap, bu kitabyň ýazylmagynyň sebäbini düşündirýän bap, Mälik şanyň adyna bagyşlama, şahyryň Izzetdin we Fahrul-älem diýip atlandyrýan piriniň görkezen on keramatynyň beýany ýerleşdirilipdir. Diňe şondan soňra bu golýazmanyň ýazgysy Aziýa muzeýindäki nusga laýyk şekilde dowam etmäge başlapdyr. Bu golýazmanyň başky böleginde gysga nusgadakydan 364 beýt (728 setir) artyk eken. Aziýa muzeýinde saklanylýan golýazmada gürrüňiň hörpünden üzňe bolup görünýän we poemanyň iň soňunda ýerleşdirilen hekaýa (onda syçanlardan söz açylýar) bu ýerde öz ýerinde – bilbiliň laçyna berýän jogabynyň düzüminde duş gelip, bu bapda gürrüňi edilýän kanagat adalgasyny düşündirmek üçin ulanylan adaty we düşnükli hekaýatyň hyzmatyny ýerine ýetiripdir.
Bertelsiň kellesine ilkibaşda Aziýa muzeýindäki golýazmanyň kemçiliklidigi, onda diňe poemanyň sudurynyň galandygy, Jemgyýetçilik kitaphanasyndaky nusganyň bolsa poemany dolulygyna öz içine alýandygy hakdaky pikir gelipdir. Emma soňra poemanyň Uniwersitetiň kitaphanasynda we ýene Jemgyýetçilik kitaphanasyndan tapan iki golýazmasynyň onuň gysgaldylan görnüşine doly gabat gelýändigini görüpdir. Uzyn nusgadaky goşmaçalar olarda hem ýok eken. Ol günbatar ýurtlaryndaky uly kitaphanalaryň kataloglaryny gözden geçirip, poemanyň: a) India ofis kitaphanasyndaky 4 golýazmasynyň käbirinde 4, käbirinde-de alty waragyň bardygyny;
b) Bodleýanyň toplumyndaky 4 golýazmasynyň käbirinde 4, käbirinde-de bäş waragyň bardygyny;
ç) Şprenger tarapyndan ele salnan golýazmasynda başga bir ýazgynyň 20 waragynyň gyrasynda ýer alandygyny;
d) Brounyň ele salan golýazmasynda 16 waragyň bardygyny;
e) Bankipurda saklanylýan golýazmasynda 6 waragyň bardygyny;
f) Şeferiň ele salan golýazmasynda bolsa 22 waragyň bardygyny anyklapdyr. Bertels golýazmalaryň ýazylan kagyzlarynyň ölçeginiň ululygyny, kiçiligini, sahypalardaky setirleriň sanyny, inini göz öňünde tutup, bu golýazmalaryň ählisinde diýen ýaly, sahypalaryň sanynyň Aziýa muzeýindäki nusgadaka deň gelýändigini anyklapdyr (5 warak). Olaryň ählisi hem şu nusgadaky ýaly başlanýar eken. Diňe Şeferiň toplumynyň düzümine girýän golýazmadaky waraklaryň sany Jemgyýetçilik kitaphanasyndaky uzyn golýazmanyň waraklarynyň sanyna deň gelipdir. Emma katalogda bu golýazmanyň başlanyşynyň we tamamlanyşynyň görkezilmändigi üçin, alym bu barada belli bir netijä gelmäge çekinipdir. Emma şu gysga nusgadan hem asyrlaryň dowamynda sopuçylyk babatda ýüze çykan jedelleriň, oňa ýöňkelen aýyplaryň, şol aýyplamalara berlen jogaplaryň düýp mazmuny bilen tanyş bolmak mümkin.
Feridetdin Attaryň «Mantyk at-taýr» («Guş dili») atly möhüm eseri hem, beýleki eserleri hem terjime edilmegine, düýpli öwrenilmegine garaşýar. Geljekde bu işiň amala aşyryljakdygyna ynanýarys.
Feridetdin Attaryň «Tezkiretül-ewliýä» atly kitaby has hem meşhurlyk gazanypdyr. Ol bu kitaby döretmek bilen öz öňünde goýan maksadyny şeýle düşündirýär: «Allatagalanyň weli gullarynyň ömür ýoly bilen bagly maglumatlary özünde jemleýän bu uly ýygyndyny düzmek bilen Hakykaty gözleýän kişilere uly sopularyň kalplarynda alawlap ýanan güýçli ymtylyş hakda gürrüň bermegi maksat edindim. Olar tarykat ýolunda toplan tejribelerinden söz açmak bilen, Hakykata akyl ýetirmegiň iň bir inçe we iň ýönekeý ýoluny görkezip gidipdirler. Mundan başga-da kitap gözlegdäki kişä bu ýolda garaşýan kynçylyklardan gaça durmagyň ýollaryny düşündirýär». Ol bu kitaby düzmäge girişmeginiň beýleki sebäplerini rowaýatlaryň üsti bilen mälim edipdir.
«Pirleriň biri aradan çykan Ýahýa Ammary düýşünde görüp, ondan Allatagalanyň özüni nähili garşy alanyny sorapdyr. Ammar şeýle jogap beripdir: «Allatagala günälerimi bir ýönekeý zat: musulmanlara sopularyň ömür ýoly barada gürrüň berip eden wagyzlarym üçin geçdi. Bir gezek Allatagalany jany-teni bilen söýýän meşhur pirleriň biri menden örän razy bolup, meniň üçin haýyr dogasyny etdi. Şol doganyň berekedi bilen jeza çekmekden gutuldym».
Aby Aly Dakkak hezretlerinden: «Allatagalanyň weli gullaryny görmek nesip etmän, diňe olar hakdaky gürrüňleri diňlemek biziň üçin ýeterlik bolarmy?» diýip sorapdyrlar. Ol: «Ýeterlik bolar. Siz olar hakdaky gürrüňi diňleýän mahalyňyz Allatagala gowuşmak islegiňiz öz-özünden güýçlenýär we wagtyň geçmegi bilen sizi men-menlik, tekepbirlik ýaly duýgular terk edip, olaryň ýerini tabynlyk duýgusy eýeleýär» diýip jogap beripdir.
Jüneýit hezretleri: «Bu hekaýatlar gamgyn ýüreklere teselli berýär» diýipdir.
Muhammet alaýhyssalam: «Allatagala maňa: «Ýa, Muhammet! Men saňa gadymy pygamberleriň durmuşynda bolup geçen wakalar barada seniň ejiz kalbyňy kuwwatlandyrmak, ruhy açlygy başyňdan geçirmäge mümkinçilik döretmek we saňa teselli bermek maksady bilen gürrüň berýärin» diýip ýüzlendi» diýipdir.
Hezreti pygamberimiz ýene şeýle diýipdir:
«Welileriň ömür ýoluny öwrenýänleriň kalbyna Allatagalanyň merhemeti inýär».
Abu Aly Sina: «Diňe iki sany islegim bar. Men diňe weliler hakdaky gürrüňi diňlemek isleýärin we diňe Allatagalanyň halan pirleri bilen duşuşmak isleýärin» diýipdir.
Feridetdin Attar soňra şeýle diýýär:
«Pirler hakdaky gürrüňleri diňleýän kişilerde Allatagalany tapmak we dünýäni kalbyňdan çykarmak islegi peýda bolýar, Allatagala bolan yşk güýçlenýär hem-de adamyň ýany bilen o dünýä alyp gidip biljek zerur häsiýetlerine eýe bolmak islegi artýar. Iň esasy-da ölümi ýatlamak olaryň durmuşynda möhüm orun eýelemäge başlaýar.
...Özlerini görmesek hem mydama ýanymyzdan aýrylmaýan uly pirler hakdaky ýatlamalary öz içine alýan bu kitaby döretmek bilen olaryň haýyr dogasyna mynasyp bolmak isleýärin. Sahabalaryň Allatagala hakda pikirlenmek üçin iliň gözünden gizlenýän öýleriniň bosagasynyň öňünde ýatan ite şepagatçy boluşlary ýaly (dogrusy, men özümi itden hem pes hasaplaýaryn), kyýamat gününde olaryň maňa şepagatçy bolmagyny isleýärin. Bu islegimi Jemal Müsli hakdaky rowaýat has hem güýçlendirýär. Ol ömrüni çile çekip geçiren hem bolsa, garyplara sowgat baryny berer eken. Jemal Müsliniň bir islegi bolupdyr. Ol özüni Pygamberimiziň (s.a.w.) aýagujynda jaýlamaklaryny we mazar daşyna: «Seniň itiň bosaganyň öňünde ýatyr» diýip ýazmaklaryny arzuw edipdir».
«Tezkiretül-ewliýä» kitabynyň nusgalary örän köp bolup, olaryň köpüsi göwrüm taýdan biri-birinden tapawutlanýarlar. Bu eseriň tankydy neşirini hasyl etmek geljegiň işi. Biz terjimämize esas edip, kitabyň 2003-nji ýylda Stambulyň «Timas ýaýinlari», 2005-nji ýylda Moskwanyň «САМПО», 1998-nji ýylda Tähranyň «Zäwwer» neşirýatynda çap edilen nusgalaryny aldyk. Elbetde, bu işiň diňe başlangyjy bolup durýar. Ony kämillige ýetirmek bolsa hemmämiziň wezipämizdir.
Orazgylyç ÇARYÝEW.
Edebi makalalar