05:52 "Göýä, bir azaşan gämi..." | |
"GÖÝÄ, BIR AZAŞAN GÄMI..."
Goşgular
![]() Göýä, bir azaşan gämi, Jahanda ýok belli ugrum. Bu hem hiç, Ýöne göwrämi Ýok etmekçi bolýar ruhum. Ol diýýär: “Saňa dynçlyk ýok, Baş goşduň peýdasyz işe. Seni öňe äkidýän ýol Hiç haçan gowşurmaz ile. Seni söýüp idäp gelen Soň galmak islär ganyňa. Owal-ahyr şatlyk bilen Dolanmarsyň mekanyňa. Özgäniň çekýän ezýeti Saňa ötere ýol bermez. Dünýäniň aýşy -eşreti Gamgyn köňlüňi bejermez. Özüňe tapmarsyň orun Gämisinde goja Nuhuň...” Şu zatlary aýdyp her gün Maňa azar berýär ruhum. Orazgylyç ÇARYÝEW. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |