04:48 Bakyýet | |
BAKYÝET
Goşgular
![]() Men müň ýyl ýaşadym. Ýok, ondan hem kän! Bu gün ony hasap etmek hem çetin. Men bardym Oguz han atam dirikä. Uly-uly söweşleriň bir çeti Maňa degip, saldy tenime ýara. Eý, sen Parfiýanyň gyzgyn sährasy, Ýadyňdamy gara başy goýara Ýer peýlänim bir daş ülkäniň şasy Üstümizi gapyl basan halaty? Indi ýadym kütelişýär, kimdir ol Şonda köňlümize baglan ganaty? Hernä kyn pursatda galmandyk osal. Kesip geçse Arabystan çölüni, Menden nyşan tapar ýürekden idän. Pygamberimiziň aljyran güni Mekgeden ugrapdym men hem Medinä. Maru-şahu-jahan ahu-jahana Öwrülende ýandy köňlümiň peri. Hiç goýmandy ýaşamaga bahana Çingiz hanyň gana suwsan leşgeri. Ýöne güle dönüp galdym men külden. Aý, ýyldyzlar tutmadylar ýasymy. Bakylygyň keşbin saklap köňülde Durmuşa sarp etdim bar yhlasymy. Göz öňüm müňlerçe wakadan doly. Men kän ýyl ýaşadym, ýitdim ýitsem-de Her gün agşam Günüň öçüşi ýaly Görnüşe aldanýan göreçlerimde... Orazgylyç ÇARYÝEW. | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |