▶ KER BIR ÝANA, KÖR BIR ÝANA
Bir adam bugdaý ekip ýör eken welin, biri gelip:
— Armaweri - diýipdir.
Bugdaý ekýän oňa jogap bermän gidiberipdir. Ol adam ýene:
— Armaweri - diýýär.
Onda daýhan oňa:
— Ýeri, ýoluňdan galma, arpa eken bilen ne işiň bar, bugdaý eken bilen ne işiň bar - diýipdir.
Ötegçi agşam öýüne gelende bu wakany aýalyna gürrüň edip beripdir welin, aýaly:
— Keteni alsaň hem özüň bil, sowsany alsaň hem özüň bil - diýýär.
Soňra ol adamyň aýaly gyzynyň ýanyna baryp:
— Kakaňa keteni alsaňam özüň bil, sowsany alsaňam özüň bil diýdim - diýip, habar berýär.
Onda gyzy ejesine:
— Boýa berseňem özüň bil, dula berseňem özüň bil - diýipdir.
▶ SAMSYGYŇ SÖWDASY
Bir samsyk adam bar eken. Bir gün bir aýal dolak dokap, bazara barýan ýaňky samsykdan dolagyny satmaga iberýär hem-de şeýle diýýär:
— Dolagyň bahasynyň ujundan iki gyzymyň her haýsyna bir köwüş al, özüme-de mawut al, ärime-de-janymyň azary bolan bu sakgaly kesilene-de, bir don al-da, galanja puly özümejik getirip ber.
Samsyk bazarda dolagy ogurladypdyr. Ol soňra ondan-mundan sorap ýörşüne ogryny tapyp, dolaga derek ondan ýüz tylla alypdyr. Şeýdip, aňsat ýerden pullanan samsyk aýalyň sargan zatlarynyň hemmesini alyp, galan otuz ýedi tyllany hem oňa getirip beripdir.
Aýal samsygyň getiren zatlarynyň bahasynyň üstüne otuz ýedi tyllany goşup görse, dogry ýüz tylla bolaýypdyr. Ol oýlanypdyr, kelle döwüpdir, ýöne nätse-de, dolagyň bahasy çykmandyr. Ondan soň ol aýal dolagy üç tylla bahalap, ony hem samsygyň özüne töledýär. Şeýdip, ol aýal oturan ýerinden birtopar zat bilen kyrk tylla gazanýar.
▶ DIÝSEŇ-DIÝMESEŇ BIÇEME DÄL
Bir gyz bir guýynyň başyna baryp, aglamaga başlapdyr. Enesi onuň yzyndan baryp:
— Balam, nämä aglaýarsyň? - diýip sorapdyr.
Onda gyzy:
— Aý, ene, meni äre berseňiz, mendenem ogul bolup, size gezmäge gelemde şu guýa gaçar diýip aglaýaryn - diýipdir.
Enesi:
— Akylly, dana balam, diýseň - diýmeseň, şu aýdýanyň biçeme däl - diýip, özi hem aglamaga oturan. Bularyň yzyndan gyzyň atasy barypdyr.
Ol:
— Ýeri, heleý, nämä aglaýarsyňyz? - diýip sorapdyr.
Heleýi oňa gyzynyň sözlerini aýdypdyr welin, ol hem ses etmäge başlapdyr.
▶ PIRIŇE GUÝRUK ELTIP BER
Bir sopy bir goçy südenekledip, pirine eltip bermek üçin alyp ugrapdyr. Ýolda oňa bir gassap duşup:
— Goçy nirä alyp barýarsyň? - diýip sorapdyr.
Sopy:
— Pirime alyp barýaryn - diýip, jogap beripdir.
Onda gassap:
— Goçy maňa satyp, piriňe onuň guýrugyny eltip berseň, ýagşy bolar - diýipdir.
Sopy onuň aýdanyny unap, goçy sekiz gyrana satyp, guýrugyny dokuz gyrana satyn alyp, piriniň ýanyna barypdyr. Piri bolan işi aňyp, şeýle diýýär:
Türküm, türküm türkümdir,
Türküm meniň görkümdir.
Köňlümde meniň gümanym bar.
Türkümde meniň aýanym bar.
Goçgaryn satar sekize,
Guýrugyn alar dokuza.
▶ NURNYÝAZ ŞAHYRYŇ MASLAHATY
Nurnyýaz şahyrdan biri:
— Ýaşuly, näme kär edýärsiň?— diýip soraýar.
Şahyr:
— Seýisdirin - diýip, jogap berýär.
— Seýis bolsaň, meniň bir atym bar, şony görüp ber.
Ol adam soňra on bäş ýaşly aýagy döwük ýabyny getirip:
— Diýýänim şu at bolmaly - diýýär.
Nurnyýaz aty görüp:
— Köp ýagşy atyň bar eken, emma aýagy harap bolupdyr - diýen,
Onda ýaňky adam:
— Seýis aga, muňa näme em etseň gutularka? - diýip sorapdyr.
— Aý, inim, munuň dermanyny menden sorama-da, öňkiň ýaly münüber-diýip, Nurnyýaz şahyr öz ýoluna gidiberipdir.
▶ ATALY OGLUŇ AŞ IÇIŞLERI
Ataly ogul unaş içmäge oturypdyrlar welin, ilki ogly aşy içip görüp:
— Eje, seniň şu gylygyň gursun, hemişe nahary buz ýaly edip, soňra öňümde goýýarsyň - diýipdir.
Atasy oglunyň gepinden çen tutup, aş sowukdyr güman edip, çemçäni dolduryp içipdir. Aş gyzgyn bolansoň, onuň agzy, bogazy ýanypdyr, gözi ýaşarypdyr. Ogly:
— Ata, näme gözüň ýaşarypdyr-la? - diýip sorapdyr.
Onda atasy aýdan:
— Ýeke ogly bolan hem aglaman durup bilermi?
▶ ŞOL SYRKAWYŇ ÖLEN BOLSA GEREK
Iki sany adam Hywa barypdyr. Olaryň öňlerinde bişirilen mäşli tabagy goýupdyrlar. Ilki bilen olaryň biri mäşden çemçäni dolduryp içip, ýokaryk seredipdir welin, beýlekisi:
— Näme gözüňi ýaşardyp, ýokaryk seredýärsiň? - diýip sorapdyr.
— Aý, hiç, yzymda bir syrkawym bardy. Şol ýadyma düşdi - diýip, mäş içen jogap beren.
Ondan soň beýleki hem mäşden içipdir welin, gyzgyn mäş onuň hem agzyny ýakypdyr. Onuň tabakdaşy:
— Seniň gözüň nämä ýaşarýar? - diýip soranda, ol:
— Seniň şol syrkawyň ölen bolsa gerek - diýipdir.
▶ ÇYK SAÇAKDAN
Biri hemişe tötek iýýär ekeni. Ol bir gün döwek döwüşip, bugdaý edinip, ondanam çörek bişirinipdir-de, tötegiň gyrasyndan tutup:
— Çyk saçagyň eýesi, gir myhmany - diýipdir.
▶ DÄLIJE IÝIP GITDI
Bir gün Dälije bir gazana suw guýup, aşagyna ot ýakýar-da, obanyň ýaşulularyny çagyrmaga gidýär. Bir ýaşulynyň adyna Weýsek diýer ekenler. Dälije oňa-da aýtmak üçin barsa, ol çorba içjek bolup oturanmyş. Dälije:
— Tur, Weýsek aga, ýaşulular bizde saňa garaşyp otyrlar - diýýär-de, ony ugradýar. Özi bolsa yzynda onuň jama guýulgy çorbasyny iýýär-de gidiberýär.
Ýaşulular:
— Dälije häli geler, şindi geler -bolşup, esli oturýarlar. Ahyr bir ýaşuly aýdýar:
— Munuň gazanyny açyp görüň, heý bir zat barmy ýa-da boşmy?
Baryp, gazany açyp görseler, zat ýokmuş. Weýsek aga öýündäki çorba ýetişjek bolup, ylgap baryp heleýine:
— Çorbany guý - diýse, heleýi:
— Ony-ha häli Dälije içip gitdi - diýip, jogap berýär. Weýsek aga, şeýdip, aç galyberipdir.
▶ GÖZÜŇ AÝDYŇ
Bir gün biri:
— Pylanyň baýtaly at getirse, biz alarys - diýýär.
Ýene biri aýdýar:
— Ol gulan çykar welin, men seýislärin.
Üçünji aýdýar:
— Men ony pylan baýyň aty bilen çapyşdyraryn.
Dördünjisi bolsa:
— An-ha, atyňyz çykdy-ha, gözüňiz aýdyň - diýipdir welin, ýaňkylaryň kelleleri göçüp, telpeklerini ýokaryk zyňýarlar.
▶ ÄR-HELEÝIŇ PIŞIKLERINE AT DAKYŞLARY
Bir aýalyň gizlin gatnaşyk edýän adamy äri barka gelipdir welin: «Ärim bir zat duýdumyka?» diýip, ertiri turup ärine:
— Aýu, pylany, şu pişigimiziň çagalaryna at hem dakamyzok, gel, şulara at dakaly - diýip, dört sany pişik çagany alyp, äriniň eline ikisini berýär, özi hem ikisini alýar. Ol soňra ärine:
— Ýeri, ilki sen at goý - diýen.
Äri hem:
— Ýok, ilki sen at goý - diýýär.
Şeýdip, ilki heleý at goýmaga başlan. Ol elindäki pişik çagalaryň birini ýerde goýup:
— Munuň ady Bildimikä bolsun - diýýär. Äri hem pişik çagalarynyň birini ýanynda goýup:
— Munuň ady Bilmese-de-bilmedi, bilse-de bilmedi - diýýär.
Heleý beýleki pişik çagany ýerde goýup:
— Munuň ady Toba-toba bolsun - diýipdir.
Äri hem elindäki pişik çagany ýerde goýup:
— Goý, munuň ady Öwrenilen gylyk örkleseňem durmaz bolsun - diýen.
▶ HAÝSY OGLUŇA DAKARSYŇ?
Bir gyzy äre berenlerinde enesi:
— Balam, baran ýeriňde geplemän oturgyn - diýipdir.
Gyz gaýynlaryna baransoň, görse, iller gürrüň edip otyrmyşlar. Ol:
— Biz-ä geplemerisem, sözlemerisem, igimizi saradar oturarys - diýipdir.
Onda gaýyn enesi:
— Sen hem gepläber, balam - diýýär.
Gelin aýdýar:
— Ejem: «Baran ýeriňde geplemegin» diýipdi.
— Ýok, balam, geple, diliňe guwanaly.
Gelin:
— Onda, gaýyn, aýt, ärim ölse, meni haýsy ogluňa dakarsyň? - diýipdir.
Gaýyn enesi bu sözleri eşidip, «Wiý-wiý» diýip, ýakasyny tutaýypdyr.
▶ KÖPEN SOÝAN ADAM
Bir adamyň käri gabyr gazyp, ölen adamlaryň köpenini soýup ýörmek ekeni. Ol adam bir gün hassa bolup ýatan wagty aýdan:
— Men ölenime gynanamok welin, ýöne, arman, ölemsoň il meni ýagşylykda ýatlamaz, şoňa birneme gynanýan.
Ol adamyň bir ogly bar eken. Ol aýdan:
— Eý, ata, sen öljek bolsaň, arkaýyn ölüber. Men saňa il alkyş okap ýörer ýaly ederin.
Soň bir gün ol adam ölen welin, adamlar ony ýuwup-ardyp, jaýlap gelenler. Şol gün agşam onuň öz ogly baryp, atasyny gabryndan çykaryp, köpenini alan, özüni hem ýoluň ortarasyna getirip, garnyna bir uly gazyk kakyp giden.
Ertesi ony gören adamlar:
— Beterinden sakla, Hudaýym, bizde ozal bir gabyrman bardy. Ol ýöne bir öleniň köpenini alardy. Indi täzeden biri döräpdir welin, ol öýi ýykylan, diňe köpeni alyp hem goýmaýar. Ol öleniň başyna-da oýun salýar - diýip, ölen gabyrmandanam razy bolup, täze gabyrmana gargapdyrlar.
Şeýdip, gabyrmanyň ogly öz sözünde tapylypdyr.
▶ AKYLLY GUŞ
Bir adam bir guş tutupdyr. Ol guş oňa aýdan:
— Eý, adamzat, sen meni öldürme. Men saňa müň tümene degýän akyl bereýin.
Onda ol adam aýdan:
— Hany, akylyň bolsa ber, göreýin.
Guş aýdan:
— Eý, adamzat, sen başyňa bir iş gelip-geçende, oňa ökünme. Bolup-geçen işden saňa peýda bolmaz.
Ol guş şeýle diýip, ol adama akyl beren welin, ol adamam onuň gepini makul bilip, guşy goýberen. Guş ondan sypyp, uçup gidip, daşrakda gonup aýdan:
— Sen meni näme üçin goýberdiň? Sen meni öldürip, garnymy ýaran bolsaň, meniň içimde ýumruk ýaly gyzyl bardy. Sen şony alan bolsaň, baý bolardyň.
Onda ol adam aýdan.
— Arman, men bilmändirin.
Onda ol guş:
— Eý, akmak adam, men ýaňy saňa akyl berdim geçen işe gynanma diýip. Sen oňa gulak salmadyň. Men bir gezip ýören guş bolsam, meniň içimde ýumruk ýaly gyzyl näme işlesin. Meniň özüm ýumrukdan uly däl ahyry - diýip, uçup gidiberen.
▶ ÇOPAN BILEN BAÝ
Bir baý öz çopanyna her ýyl:
— Eý, çopan, sen seçim wagtyna çenli meniň goýunlarymy aýagyňdan çarygyňy çykarman bakyp, seçim wagty bolanda çarygyňy çykaryp, alybilen dowaryň özüňki bolsun - diýer eken.
Ol çopan her ýyl seçim wagty bolýança goýny bakyp, seçim wagty bolanda çarygyny aýagyndan sypyryp, soňam aýagyny gaşap, goýunsyz galar eken. Bir gezek bu bolýan işleri ýaňky çopan başga bir çopana gürrüň berýär. Onda ol çopan:
— Sen, akmak, baý ýene şeýle şert etse, hemişe suwa girip gezgin, şeýtseň, aýagyň gaşalan ýaly bolar - diýip, maslahat beren.
Çopan onuň diýenini edipdir. Soňra seçim wagty bolanda, çopan öňküleri ýaly aýagyna güýmenmän, goýun-guzulardan gujaklap, beýlesine atyp duran.
Şol wagt onuň ýanyna baýyň gyzy gelýär-de, bir goýny tutup:
— Şu goýna degme - diýýär.
Onda çopan ol gyzy hem gujaklap, öz hasabyna geçirýär. Baý bilen çopan gyzyň üstünde dawalaşyp, kazynyň üstüne barýarlar. Baý kaza:
— Men muňa gyzy beýläňe at diýmedim - diýýär.
Onda çopan:
— Baý aga, sen beýläňe atanyň özüňki diýdiň - diýip, baýdan üstün çykypdyr.
▶ UNY GUTARANDYR
Bir oglan mollada okaýan eken. Oglanyň ejesi örän owadan eken. Her gezek okamaga gelende molla ýaňky oglana:
— Gel, owadan heleýiň ogly - diýip, ýüzlener eken.
Bir gün oglan ejesine:
— Men indi okuwa gitjek däl - diýýär.
Onda ejesi:
— Ýeri, oglum, näme üçin okajak däl? - diýip soraýar.
Onda oglan:
— Men okuwa barýan welin, molla: «Gel, owadan heleýiň ogly» diýýär - diýip, jogap beren.
— Oglum, bar, sen şu gün hem okuwa git. Okuwyňa bar-da, molla: «Ejem çagyrýar» diýip aýt. Oglanyň ejesi şeýle diýip, ogluny ugradýar-da, ärine:
— Men mollany çagyryp, nahar zat bererin welin, sen şol wagt gelgin - diýip tabşyrýar.
Oglan baryp, ejesiniň sözlerini ýetirýär. Molla-da olara gelip, çaý-çöregini iýip, aýala golaýlaşmaga hyýallananda, aýalyň äri daşardan ardynjyrap gelýär. Molla ony eşidip:
— Indi nätsekkäk? - diýýär.
Onda ol aýal:
— Muny özüm oňararyn - diýip, mollanyň başyna bir köne don atyp, öňünde-de bir çuwal bugdaý bilen el degirmenini goýýar.
Äri gelip, aýalyndan:
— Ýeri, heleý, bu aýal näme? - diýip soraýar.
Onda aýaly:
— Bi goňşymyzyň gelni, biraz un üwemäge gelipdir - diýip, jogap berýär.
Molla öňünde goýlan bugdaýy üwäp oturmakdan başga alaç galmandyr. Ol gijäniň bir wagtyna çenli un üwäp, öý eýeleri uklansoň, gaçyp gidýär.
Bir gün hälki aýal ogluna:
— Şu gün mollaň gelip gitsin - diýip, mollany çagyrdýar. Onda ol molla:
— Hanym, barsaň, ejeňe aýt, onuň uny tükenendir - diýipdir.
▶ IÇLIGINI KIM BERER?
Bir adamyň işi adamlary gülüşdirip ýörmek eken. Bir gün oňa:
— Sen toýy bileňok, ýasy bileňok, ili gülüşdirip ýörsüň. Şu gün biz pata gitjek. Bizi pata ýerinde gülüşdirmeseň, onda saňa bir zat bereli - diýipdirler. Onda ol aýdypdyr:
— Näme berseňiz, beriberiň, şu gün sizi gülüşdirmäýin.
Oňa bir ýorganýüz beripdirler. Adamlar soňra gülüşdiregen adamy hem ýanlary bilen alyp, pata gidipdirler. Pata ýerine baran adamlar:
— Janym aga m-eý, janym doganym-eý - diýip aglap, ýüzlerini ýere beripdirler.
Güldüregen adam hem iň yzyndan baryp:
— Daşlygyn-a sen berdiň, içligini kim berer? - diýip, aglap ýykylypdyr. Pata baranlaryň hemmesi onuň gepine gülüşipdirler.
▶ DIŞIŇE GATY BOLMASA
Bir ker adam bir näsagy soramaga gidipdir. Ol gidip barýarka ýolda içinden: «Men bir ker adam. Näsagyň näme diýenini eşitmen. Ine, men baryp: «Pylany ýagşymysyň?» diýerin. Olam elbetde: «Ýagşydyryn» diýer. Garaz, ol näme diýse: «Örän oňat» diýibereýin» diýip, pikir edipdir.
Ker adam näsagyň ýanyna baryp:
— Ýeri, ýagşy bolýarsyňmy? - diýipdir.
Bitap adamam:
— Aga, hiç hezilim ýok - diýip, jogap berýär. Onda ker:
— Örän oňat - diýýär.
Birnäçe wagtdan soň ker ýene-de sorapdyr:
— Işdäň barmy?
Bitabam aýdypdyr:
— Işdäm zat alanok.
Kerem öz gezeginde:
— Örän oňat - diýýär.
Ker ýene sorapdyr:
— Iýip-içýän zadyň bir barmy?
Onuň soragyna bitabyň gahary gelip, indi bir eşitsin diýip, keriň gulagyna gygyrypdyr:
— Işdäm almasa, belaň sapyny iýeýinmi?
Onuň sözleri keriň gulagyna: «Paltaň sapyny iýýärin» diýen ýaly bolup eşidilipdir. Ol:
— Dişiňe gaty bolmasa, paltaň sapyny iýseňem, örän oňat bolar - diýipdir.
▶ ÇUKUR GAZAMDA NIREDEDIŇ?
Seýti ýuwnuksyz diýen biri ýigit çykansoň ýatdan-ýakyndan iki sany adam oňa garyndaş çykan bolup, oňa uzak bir ýerden gyz alyp berjek bolupdyrlar. Seýti ýuwnuksyzam muňa razy bolupdyr. Olar Seýti ýuwnuksyzyň tarapyndan sawçy gidip, guda bolup gelipdirler.
Şondan birki gün geçenden soň, gyzyň garyndaşlaryndan bir degerlirägi Seýti ýuwnuksyzyň öýüni görmäge gelipdir. Seýti ýuwnuksyzam şol sebäpli ýaňky garyndaşlarynyň birini öýüne çagyrýar. Myhman gelensoň garyndaşy aýdýar:
— Seýti, bu adam seni synamaga gelendir. Senem abraýy elden berme-de, bakyp oturan baggoýnuňy ýatakdan çykaryp, soýjak boluber. Men şonda: «Goý, goý, myhman howlukmaç» diýip, goýny soýdurmaryn. Şonuň bilen hem myhmanyň göwni biter, hem saňa uly abraý bolar.
Seýti ýuwnuksyz bulara çaý-nahar berenden soň, goýny ýatakdan çykaryp, aýaklaryny güýlüp, çukur gazan bolup, hallyň-sallyň edip, oturanlara tarap näçe göz aýlasa-da, olar oňa barmysyňam diýenoklarmyş. Ondan soň Seýti ýuwnuksyz öýüne girip, pyçagyny çykaryp, eşidiläýer ýaly edip, çaluw daşyna çalsa-da, oturanlar eşitmezlige salýarmyşlar. Ol ýene öýüne girip, bir tabajyk, ýene az salymdan öýüne girip ýüpjagaz, soň bir gezek öýüne girip, gerekmejek bir zat çykaryp, köw-söw edip ýör diýýär. Ol şeýdip ýörşüne gün öýlä sanypdyr. Seýti ýuwnuksyz pyçagyny täzeden çalan bolup, gaty-gaty üsgürip, garyndaşyna duýdurjak bolsa-da, ol şol bilmezlige salyp otyr diýýär. Indi başga güýmenere işem galmandyr. Ahyr Gün batmaga naýza boýy galanda Seýti ýuwnuksyz goýnuň damagyna birki ýola pyçagy süýkäpdir. Şonda-da oňa tarap hiç kim garamandyr. Soňra ol pyçagyň arka ýüzi bilen goýnuň damagyna batlyrak süýkäp, öz agzy bilen damakdan ganyň akyşyna meňzedip: «Pyh-pyh» edip gören. Şeýdip myhmanlara göz aýlasa, olar öz gürrüňleri bilenmiş. Alajy näme? Eger goýny soýman, yzyna-ýataga salsa-ha, abraýy döküljek, soýsa-da, iki ýyldan bäri bakyp oturan ýekeje goýnuny bir myhman üçin öldürip, esasy üýşmeleňini nädip sowsun? Kellesinde şular ýaly pikirler at salýan Seýti ýuwnuksyz gün batara ýakynlanynda nälaç pyçagy goýnuň damagyna çyny bilen süýkäpdir. Goýun hem janhowluna «har-har» edipdir welin, goýnuň soýlanyny bilip, garyndaşy:
— Seýti, bu nä boldugy? Köp oturdyk diýip, myhmanam gyssanýar. Şu aralykda goýun soýmak nämä gerek? Bu nätdigiň? - diýipdir.
Seýti ýuwnuksyzam:
— Bu-zäher etdigim. Goýny güýlemde, pyçak çalamda, çukur gazamda niredediň? - diýip, garyndaşyna azgyrylypdyr.
▶ ARMAŇ
Seýti ýuwnuksyz ymam bolan ýyly birki sany garyp-gasary çagyryp, özüne tam salynjak bolupdyr. Onuň tam saljak ýeri ýoluň üsti ekeni. Ol tamy kybla bakdyryp saljak bolup, binýadyny özi goýmakçy bolupdyr. Şol gün hem bazar güni eken. Ýoldan her bir öten adam Seýti ýuwnuksyzyň tam salýanyny görüp:
— Armaň, armaň - diýýärmiş.
Gün gijigip, bazarçylar yzlaryna geçip başlapdyr. Her geçenem ýene:
— Armaň - diýip geçýärmiş.
Seýti ýuwnuksyz bularyň her haýsyna: «Bar boluň» diýjek bolup, iş edip, öndüren zady bolmandyr. Ol halys ýadap, keýpsiz halda durka, bir nätanyş adam gelip:
— Armaň - diýipdir.
Seýti ýuwnuksyzyň birden gahary gelip:
— Aramda näme? Aranym-armanym saňa galdymy? - diýip, işini taşlap gelip, ol adamyň ýakasyndan tutup, kepje bilen ýaplaberipdir.
▶ PEÝDA BOLSA, ÝENE PYHLA
Bir gün Seýti ýuwnuksyz bir oba baryp, bir adam bilen gürrüňdeş bolup, yzyna gaýdyp gelýär eken. Gürrüňdeş bolany onuň at münüşini osalrak görüp, atdan ýykyp, hezil etjek bolupdyr. Seýti ýuwnuksyzyň ýoly ol adamyň jöwenliginiň gyrasyndan geçýär eken. Ol adam şol jöwenlikde gizlenip oturypdyr. Seýti ýuwnuksyz gabadyna geliberende ol birden:
— Pyh-edip, onuň atyny ürküzipdir.
Seýti ýuwnuksyzam atyny jöwenlige baka sowupdyr-da, jöweniň hemme ýerini aýlanýança, atynyň böwrüne hymsyklap, ondan-oňa aýlap ýörüpdir. Jöweniňem gowy bişen wagty eken. Ondan zat galman, atyzyň içine dagap gidipdir. Ondan soň Seýti ýuwnuksyz ýoldan çykan ýerine gelip, ýaňky adama:
— Peýdaň bolsa, ýene pyhla - diýipdir.
▶ BIZE-DE ÝAMAN DÄL
Iki adam ýoldaş bolup, bir ýana gidenler. Ikisi gidip barşyna öňlerinden bir derýa çykan. Oraza aýy bolansoň bularyň ikisiniňem agyzlary bekli eken. Olar esli wagt derýanyň gyrasynda jedel edip durýarlar. Özleri-de örän suwsapdyrlar. Şunlyk bilen bu ikisi biri-birinden ogryn suw içjek bolup, hile agtaryp başlaýarlar. Olar ahyry:
— Kim derýanyň düýbüne çümüp, ol ýerde kän ýatýar - diýip, jedel edipdirler. Şeýdip, öňürti olaryň biri suwa çümmeli bolupdyr. Ol çümüp, derýanyň düýbünden suw içip, ýagşy ganypdyr-da, suwuň ýüzüne çykyp:
— Wah, jan, şypa kerdem - diýipdir.
Onda ýoldaşy suwa çümende eňegini suwa basan beýleki adam:
— Maňa-da kemje-kerdem bolmady - diýipdir.
▶ IKILIK ÖZÜŇDEN
Bir ýolagçy bir öýe myhman bolan. Myhman ýeri muňa bir suwuk nahar bişirip beren. Ondan soň myhmandyr öý eýesi ikisi bir çemçäni deň salyşyp, nahar iýip başlanlar. Ahyry myhman nahardan çemçe bilen yzly-yzyna iki ýola owurtlapdyr. Ondan soň öý eýesi hem çemçäni salyşman, nahary ýeke özi içmäge başlapdyr. Myhman pahyr öý eýesini göz astyndan synlap otyrmyş. Onda öý eýesi:
— Myhman, maňa göz astyndan gözleme, ikilik özüňden çykandyr - diýen.
Taýýarlan: Orazgylyç ÇARYÝEW.
Degişmeler