■ BALAGYŇ ZAÝALANAR ÖÝDÝÄŇMI?
Bir çopan sürüsini sürüp gelýärkä, sygyrlar köprä gelip, hümerlenişip duruberipdirler. Onda çopan:
— Ýeri, ýöräberiň-dä, siziň nä prawaňyzy aljak gümanlary barmy? - diýen.
Şol wagt Daşkent gapdalyndan gelýän otly geçip giden. Sygyrlar otla keýerilişip garanlar. Çopan:
— Ýeri, otlaberiň-dä, Daşkentden geljegiň ýokdur ahyry - diýipdir.
Ana, onsoň bir sygyr sürüden yza galýar-da, sakga durup, siýmäge durýar. Çopan gaharlanyp:
— Ýeri, ýöräp barýarkaň şol işi edäýeňde balagyň zaýalanaýar öýdýäňmi diýsene - diýipdir.
■ KIÇI PETDE
Bir gün biri pagta meýdanynyň gyrasyndaky ýandagy çapyp ýören eken. Onuň ýanyna brigadir gelip:
— Näme bisorag ýandak çapyp ýörsüň? Kim rusgat etdi? Bu kolhozçylaryň ýandagy ahyry - diýip, alarladyp ugran.
Onda ýandak çapýan:
— Agşam başlyk ýanyna çagyryp: «Meniň üçin şu ýerden çapgyn» diýip tabşyrdy - diýen.
Onda brigadir:
— A onda näme petdeleňňi kiçi edýärsiň, häk, adam saňa-da ýumuş ynanaýýa-da - diýip hüňürdän.
■ MYDAMALYK KÖWÜŞ
Bir gün Gurbandurdy aga gyzyna köwüş alyp gelipdir.
Gyzy bolsa oňa:
— Papa, papa, papoçka, bu tapoçkaň näçe wagt bor öýdýäň, ýaman ýuka-la - diýen.
Gurbandurdy aga oňa:
— Ýeri-le, aýagyň ýere degjek gümany ýok-la, ömürem bor - diýip, jogap beren.
■ KÖWÜŞSIZ GELEN
Ata Köpek dagy Gurbandurdy agalara myhmançylyga baran. Nahardan öň ýazylmaga gitjek bolanlarynda, Gurbandurdy aga myhmanlaryň köwüşlerini alyp berýär. Ata Köpek her gezek:
— Ol meňki däl - diýip duran.
Onda Gurbandurdy aga:
— Haý, köpek ogly, saňa köwüşsiz gelen pyýada diýerler - diýipdir.
Ata Köpek rejäň gowy däldigini bilip, çem gelen köwşi geýip ötägidipdir.
■ ÖLENIM ARZAN DÜŞJEK
Bir tebip nähoşa ýüzlenip:
— Sen her gezek meniň huzuryma geleňde on tylla aklyk berersiň. Özüňem iki aýlap her gün meň huzuryma gelip dursaň, sagalyp gidersiň, bolmasa ölersiň - diýen.
Onda nähoş:
— Tebip aga, sagalanymdan ölenim arzan düşjek ýaly-la - diýip ötägidipdir.
■ ESASY PERDE
Aýaly adamsyna:
— Aýu, ýanýoldaşymyz, iller-ä dutar çalanlarynda ellerini bir ýerde goýanoklar. Sen bolsaň, eliňi bir perdede goýup, şony tutup otyrsyň - diýen.
Onda adamsy:
— A-how, iller şu perdäni gözläp, tapyp bilenoklar - diýip, jogap beripdir.
■ ÖZÜMIZ IÝERDIK
— Gyzym, goýnumyz diýen etmänsoň, ony möjek iýäýipdir.
— Ol diýen eden bolsa, özümiz iýerdik, hä, eje?
■ ÖZÜMEM ŞEÝDERDIM
Bir ýola Baýram dodak bir ýerde küşt oýnap oturanmyş. Şol wagt ýagyş ýagyp, derrewem goýupdyr. Yzyndanam bulut syrylyp, Gün çykypdyr. Şonda Baýram aga Hudaýa ýüzlenip:
-Özümem ýeriňe goýaýsaň, edäýjegimdi - diýip, oturanlary gülüşdiripdir.
■ KIM AGLATMASA
Bir gün bir erkek adam eli oglanly bir aýaldan:
— Nirä barýarsyň? - diýip sorapdyr.
Onda hälki aýal:
— Şu elimdäki oglany kim güni bilen aglatman saklaýan bolsa, şonuň ýanyna barýaryn - diýip, jogap beripdir.
■ AGZYŇ ÝYGNANMAÝAR
Oba ýaşulylarynyň biri Gurbanmämmet şahyra:
— Şahyr, bu näme seniň hiç agzyň ýygnanmaýar? - diýip ýüzlenipdir.
Onda şahyr:
— Hä, näme, meniň agzym seniň üçin içi bugdaýdan doly haltadyr öýdýäňmi, turup agzyny bogaýar ýaly - diýip, jogap beripdir.
■ YZYNDAN ÇEKIPDIMEM
Bir awtoinspektor sürüjiden:
— Ýaşuly, içäýipsiň öýdýän? - diýip sorapdyr.
Onda sürüji:
-Be-ýe, üstüni bassyn diýip, yzyndan çekipdimem-ä - diýenmiş.
■ SINGARMONIZM
Amannazar sazanda okuwy gutaryp gelenden soň (ol Türkmenabat mugallymçylyk institutynyň taryh fakultetini gutarypdyr), birbada oňa ene dilinden sapak bermegi tabşyrypdyrlar.
Günleriň birinde ol singarmonizm düzgünini okuwçylara öwretmeli bolupdyr. Ol:
— Sözleriň ýogyn ýa inçe çekimlilere boýun egmegine, ýagny boýdan-başa sazlaşygyna singarmonizm diýilýär - diýip, mysallar arkaly sapagy düşündirdim edensoň, bir okuwçy elini galdyryp:
— Ýoldaş mugallym, «Stalin» sözi o kada boýun egenog-a? diýip, sorag beripdir.
Onda Amannazar:
— Kada boýun egmese, Stalini, gör, nähili berk tankytladylar? Siz bilýärsiňiz ahyry ony? - diýip, jogap gaýtaranmyş.
■ ŞKAFDAN ALYP OTYRYN
Amannazaryň gürrüňlerini diňläp oturan bir ýigit haýran galyp:
— Amannazar, bu gürrüňleri nireden alýaň? - diýipdir.
Amannazar birbada näme diýjegini bilmänsoň, töweregine seredişdiripdir welin, görse, bir ullakan şkaf duran. Ol bada-bat şol şkafy görkezip:
— Men-ä, inim, gürrüňimi şundan alyp otyryn - diýip, jogap beripdir.
■ ÖÝÜŇI SUW ALDYRMAJAK BOLSAŇ
Biri bir ýere myhman bolupdyr welin, öý eýesi çaý getiripdir. Onuň bolsa içi eljuk diýýär eken. Şonuň üçinem ol getirilen çaýy tamyň burçundaky syçan hinine guýup oturypdyr. Öý eýesi myhman içýändir öýdüp, ýene çaý getiripdir. Sabyr-takady tükenen myhman ahyrsoňy:
— Öýüňi suwa aldyrmajak bolsaň, indi çaý çekmäňi bes et-haw, - diýipdir.
■ HYTAÝA GELDIK
Amannazar dagy otluda gelişlerine Jojukly menziline ýetipdirler.
Görseler: «Džu-džu-klu» diýip ýazylan eken. Amannazar:
— Oglanlar, nirä geldi-gaý? - diýip sorapdyr. Ýoldaşlarynyň biri ýaňky ýazgyny zordan okap beripdir welin, Amannazar:
— Be-ýe, biz Hytaýyň bir ýerlerine geläýen bolara çemelimiz-ow - diýipdir.
■ GÄMIKLÄP ÖTÄGITMESINLER
Amannazarlaryň obasynyň -Muhadow adyndaky kolhozyň adamlary gök ekine gaty köp üns berýärler. Ana, onsoň günleriň birinde dostlarynyň biri Amannazar bilen mellegara çilden ýöräp barýarka, büdräp,peliň içine ýykylaýypdyr. Şol wagt Amannazar oňa garap:
— A-how, häzir bol-ow, birden gämikläp ekip ötägitmesinler - diýipdir.
■ HEÝ, ÜSTI BOŞY ÝOKMUKA?
Öň zamanda biri bir öýe gelip:
— Heý, myhman alyp bilmezmisiňiz? - diýende, öý eýesi:
— Wah, ozalam myhmanlar üsti-üstine bolup ýatyrlar - diýen.
Onda ýaňky:
— Heý, birde-ýarymda üsti boşy ýokmaý? - diýip özelenipdir.
■ BIR PYÇAK GETIRIP GOÝ
Amannazar bir ýere myhman bolupdyr welin, gaty hor çekýän adam bilen bir jaýda ýatmaly bolupdyr. Gije ýatylansoň ol hor çekip başlaýar. Ep-esli wagtdan soň öý eýesi Amannazardan habar tutmaga gelipdir.
— Sag-aman ýatyrmyň? - diýip, öý eýesi oňa ýüzlenipdir. Onda Amannazar:
— Wah, ýatmasyn-a ýatyryn welin, şu ýoldaşym haram öläýjek öýdýän, pyçak dagy getirip goýaýmasaň - diýipdir.
■ ATY TERS GOŞUPSYŇ
Gowaça çöpüň arabaly çekilýän döwri eken. Ana, onsoň biri gowaçadan mas ýükläp, arabasyny sürüp barýarmyş. Şol barşyna bir ýapy ýokara gabat gelende, araba agdarylyp, at janawer hem hol asmanda asyl-asyl bolup duranmyş. Onsoň arabakeş aljyrap, bir ýoldan geçip barýany kömege çagyrypdyr. Ol gelip, esewan etse, heý, bolar dagy eder ýaly dälmiş. Onsoň dagy näme diýjegini bilmän:
— Aty araba goşaňda ters goşupsyň ahyry - diýip gidiberenmiş.
■ ADYMYZY DAKMALY EDÄÝME
Bir gezek Amannazar biriniň maşynyna münüpdir. Sürüji diýseň gaty sürýär ekeni. Amannazar oňa garap:
— Haý, ýigit, bu sürüşiňe bir kiçiräk köçä adymyzy dakmaly edäýmeseňem biridir-ow - diýipdir.
■ GAR AWUSY BAR
Bir gezek tüp yssyda bir ýere barýarkalar, ýoldaşlarynyň biri:
— Bä-ä, şu gün gaty yssy-maý? - diýipdir welin, Amannazar:
— Hawa-laý, diýseň-diýmeseň, tüýs gar awusy bar-aý - diýip, onuň gepini ýaňsylapdyr.
■ SENIŇ-Ä ÝAPYŞALGAŇ BAR
Bir gezek bir oturyşmada bir sürüjä arak hödürläpdirler welin, ol:
— Ýok, men içip biljek däl, men rul tutmaly - diýipdir.
Onda Amannazar degşip:
— Inim, seň-ä ýapyşalgaň bar ekeni, biz nätsekkäk? - diýenmiş.
■ ÝAGTYDA ÝATYP BILEMOK
Dälihanada bir däli dogtora:
— Gije meni ýatyranok - diýip, başga bir dälini ýamanlapdyr.
Dogtor ondan:
— Näme üçin ýatyranok? - diýip sorapdyr.
— Ol gije bir elini rozetkä diräp, beýlekisini hem kelemenledip:»Men torşer»diýýär-ä ol.
— Diýende näme? Ünsem bermezler.
— Aýtdym ahyry, men gije, çyra bolsa, ýatyp bilemok diýip...
■ GURULTAÝ TOKLUTAÝDAN ULUMY ÝA KIÇI?
Bir gezek bir awçyny gurultaýa delegat saýlanmyşlar. Ol mydama çöl içinde gezip ýörensoň, kellesinde awdan başga pikir ýokmuş. Ana, onsoň oňa:
— Mergen aga, sen gurultaýa gitmeli - diýipdirler. Ol:
— Be-eý, allajanlarym, gurultaýyň toklutaýdan ululygy-kiçiligi nähilikä? - diýip, habar getirene ýüzlenenmiş.
■ AGYRMAÝAN GAPDALYŇA GEZIBER
Öňem biri bir tebibiň ýanyna baryp, biliniň agyrýanlygyndan zeýrenipdir. Tebip oňa garap:
— Nähili bolup agyrýar? - diýip sorapdyr.
Ol:
— Wah, il ýaly dikelip ýöresem, ýöne şatyrdadyp alyp barýar - diýipdir.
— Eýse, nähili edeňde agyrmaýa?
— Bükdekläp, çep gapdalyma gyşaryp ýöresem, bir mydar berýär.
Onda tebip:
— Ana, şol agyrmaýan gapdalyňa gyşaryp gezibergin - diýip, oňa «degerli em» salgy beripdir.
■ EŞEK UÇÝANAM BOLSA...
Öňem bir diýseň dilenjeň naskeş bar eken. Ol her gün şu ýoldan gatnaýan bir ýaşuludan nas diläp alar eken. Her gezegem onuň eşegini öwüp, gep arasynda nas diläp, geregini ediner ýörer ekeni.
Günleriň birinde dilenjeň ýene şol ýaşulynyň öňünden çykypdyr:
— Essalawmaleýkum, pylany aga. Pahaý, diýseň - diýmeseň seň şunyň ýöne-möne janawer däl how. Bu bir duran bedew at-laý. Gulaklaryny keýerden bolşuna dagy bir seret ahyry. Haý, haý, zaluwat, Göroglynyň Gyraty bolgunyň-a. Hany, ýaşuly, nas kädini alla.
Ýaňky ýaşulynyň muňa gahary gelip:
— A-how, inim, şu eşek uçýanam bolsa, indi menden saňa nas ýok - diýip, eşejigini dikgirdedip, öz ugruna gidiberipdir.
■ BES EDEN-Ä DÄLDIRIN
Bir gezek bir serhoş ýoldaşynyň aýdanyna gulak asman, ýol ugrunda buşugmaga durupdyr. Şol mahal bir milisioner gelip:
— Bu edip duran işiň näme? Utanmaýaňmy? Bihaýa, hany, bes et - diýip, oňa berk käýýäp, indikile şeýle ýagdaýy gaýtalamazlygy tabşyryp, geçip gidipdir. Ol serhoş birhaýukdan soň ýoldaşynyň ýanyna gelip:
— Her zat etse-de, milisiýäniň-ä işini gördüm-ow - diýip, yraň atyp durşuna nakys gülküsini edipdir.
— Hä, nädip işini gördüň? - diýip, ýoldaşam sorapdyr.
— Ýygnansamam, bes eden-ä däldirin - diýip, ol öz wejeralygyny boýun alypdyr.
■ ARAMYZDA GÖZLI BAR
Bir gezek ýedi-sekiz sany kör bir ýere üýşüpdirler. Ondan-mundan gümür-ýamyr edip, olar esli oturansoňlar, ahyry biri:
— Geliň, bizem bir oýun oýnalyň-la - diýenmiş.
— Be, walla, näme oýnasakkak? - diýip, körler pikire batanmyş.
— Gowusy kesek zyňyşyp oýnaýalyň - diýip, olaryň biri teklip edipdir. Körler:
— Şol bolýar-da, şol bolýar - diýşipdirler.
Onsoň bular tegelenişip, çak bilen biri-birine kesek zyňyşyp ugrapdyrlar. Bularyň oýnaýan ýeri bir gumaksy ýer eken-de, ibaly kesegem ýok diýýär. Bolaýanda-da atan kesekleriniň köpüsi sowa geçip, awusyz-ynjysyz öz başlaryna gaý bolup, çyna berimsiz edip, oýnaşyp ýörler diýýär.
Şol mahal bir gözi abat adam hem bularyň deňinden geçip barýar eken. Ol birsellem bularyň oýnuny synlap durýar-da, bir ýerden çaklaňja-çaklaňja keseklerden ep-eslisini alyp, duýdurman baryp, bularyň oýnuna goşulýar. Ol gezek-gezegine körlere kesek zyňyp ugraýar. Gözli adam özüňe belli, onuň her gezekki zyňany körleriň haýsam bolsa birine şapylaşyp dur diýýär. Ilkibada nämäň-nämedigini aňşyryp bilmän, kesek degen kör bir üşerilýärmiş-de, ýene-de oýnuny dowam ediberýämiş. Soňabaka olaryň bary kesek «iýip» çykýar. Onsoň körleriň göwnüne gara gidip ugraýar. Onýança körleriň has ekabyrragyna yzly-yzyna gütüläp, kesek degýär. Ol bu ýerde bir zadyň barlygyny güman edip:
— O-how, duraweriň-haw, şu oýnumyzy goýalyň-la, ýogsam, aramyzda bir gözli bar-a, haw - diýip gygyrypdyr.
— Ýogsa-da şeýledir-le, asyl atylan kesek soňabaka gaty göni gelip degýärem diýdik-le - diýşip, oýny bes edipdirler.
■ URÝAN ÝERIŇI ÜÝTGET
Öňem bir uzyn bilen bir keltäniň sözi azaşypdyr. Ilki sene-meneden başlanan dawaň soňy sögüşe ýazypdyr. Munuň bilenem kanagat etmän, bular birdenem giripdirler gyzyl ýumruga.
Dyzmaç kelte uzynyň alkymyna dykylyp barypdyr-da, onuň garnyna, kükregine gelşirip ugrapdyr. Uzynam onuň süýr depesinden ýumruk indermäge başlapdyr. Şol barmana kelte:
— Urýan ýeriňi üýtget-haw, ýogsam başym aýlanýar - diýip, zowlatmaga durupdyr.
■ BIR MAŞYN-A AGDARYLYPDYR
Ors hatynyň ýaňy il içine ornaşyp ugran mahallary eken. Köp kişiler okap bilse-bilmese, özüne sowathon diýdirjek bolup, gazet geldigi ellerine alyp, ony okaýan kişi bolar ekenler. Günleriň birinde şo zeýilli sowathonlaryň biri eline gazet alyp, onuň eýlesine-beýlesine seredişdiren kişi bolup oturan eken. Şol mahal onuň ýanyna biri gelip:
— Ýeri, gazetde näme täzelik ýazylypdyr? - diýip sorapdyr.
Ol:
— Aý, başga bir ullakan täzelik ýok, ýöne, ynha, bir maşyn-a başaşak düňderilipdir - diýen.
Beýlekisi:
— O nähili beýle bolýar, hany göreli? - diýip, esewan etse, ýaňky sowathon gazeti tersine tutup oturan eken.
■ BAHASY NÄÇE?
Biri towuk ogurlamakçy bolup, bir towugyň aýagyndan tutan badyna, towuk eýesi duýdurman gelýär-de, onuň egnine kakyp:
— Ýeri-how, bu ýerlerde näme-näme işläp ýörsüň? - diýýär.
Ogry şobada tutan towugyny oňa görkezip:
— Şu towugyň bahasy näçe? - diýipdir.
■ BOKSÇYLAR
Boksçylar ýaryşa gidenlerinde öz ýanlary bilen bir ynamdar ýoldaşynam alyp gidýärlermiş. Bir gezek biziň bir boksçymyz şonuň ýaly ýoldaş edinip, özüniň et kombinatynda işläp ýören dostuny äkidenmiş. Ol ýumrugy bilen öküzi urup, ýykyp ýören bir daýaw pyýadamyş.
Ine, onsoň ýaryş başlanypdyr. Biziň boksçymyzyňam orta çykmaly gezegi gelipdir, emma ol birdenkä gürüm-jürüm bolupdyr. Içi towlapmy-nämemi, hiç tapylmandyr. Onsoň munuň tälimçisi boksçynyň ýoldaşyna ýüz tutupdyr:
— Sen, gaýrat et-de, orta çyk, çydajak bol, näme-de bolsa, nol alandan-a gowy bolar - diýip, ony yryp, orta çykarypdyr.
Ýaryş başlanypdyr. Garşydaşy muny gaýgyrman urupdyr. Bu hem dişini gysyp, çydamany başarypdyr. Ol şeýdip iki raundy geçiripdir.
Üçünji raundyň öň ýanyndaky arakesme mahaly ol tälimçiden:
— Menem ursam bolýarmy, ýa ýöne çydap durmalymy? - diýip sorapdyr.
— Wah, näsini aýdýaň, başarsaň ur - diýip, tälimçi oňa ýagdaýy düşündiripdir.
Üçünji raund başlanypdyr. Garşydaşy ýene hüjüme geçipdir. Ol asyl muny äsgermelidirem öýtmän, goranmagy dagy ýadyndan çykarypdyr. Şol wagt çemine salyp, ýaňky bir ýelmäpdir welin, garşydaşy çiň arkan gaýdypdyr. Emin ylgap baryp:
— Bir, iki, üç... - diýip, sanamaga başlapdyr. Uran ýigit bolsa:
— Aý, indi azara galyp oturmaň, ýerinden galasy ýok, arkaýyn hamyny alybermeli bolandyr - diýip, uranyny soýulmaga getirilen mal däldir öýtmändir, zaluwat.
■ ÝASYNAM ÇYKYP BEREÝIN
Öňem biri bir ýere myhman bolupdyr. Özem gaty ajygan ekeni. Öý eýelerem muňa ullakan hezzet-hormat etmän, öňüne gaty-guty çörek atypdyrlar.
Myhman biraz tamşanypdyrda, töwir galdyran mahaly ýöne elini eňegine ýetirip oňaýypdyr. Munuň bu bolşuny öý eýesiniň bir ýaşajyk ogly synlap duran eken. Ol myhmanyň ibaly töwir etmändigini görüp:
— Wiý, myhman-a töwirem galdyryp bilenok eken - diýipdir.
Muny eşiden myhman:
— Çekdirme bilen palaw getir, ol-a töwir eken, ýasynam çykyp bereýin - diýipdir.
■ «AMANMYSYŇ» DIÝJEGI ÝOKDUR
Biri bazara geçi almaga barypdyr. Görse, ynha, bir jellap daýaw geçini bazara salan eken. Alyjy geçini synlap durşuna satyja ýüzlenip:
— A-how, bu satyp duran geçiň ýaşy näçeräkdir?— diýip sorapdyr.
Onda satyjy:
— Aý, şu bazara gelen mallaň içinde-hä şuňa: «Amanmysyň?» diýjegi ýokdur, arkaýyn bahaladyber, ugurlaşybereris-how - diýip, ýüzugruna jogap gaýtarypdyr.
■ BAGRYNY ÝERE BERIP ÝATAN
— A-how, myhman ýeriň bakdymy? - diýip, biri myhmançylyga gidip gelen dostuna ýüzlenipdir.
— Aý, bak nirede, zat nirede, çemçä münüp, aýagyny sallap oturan bir zat berdi welin, aňryma näme düşenin-ä bilemok, ýöne başyma gaý etdi - diýipdir.
— Wah, o diýýäniň unaşdyr, ýöne olaň bagryny ýere berip ýatan bir zady bar. Şony beräýen bolsalar, günüň ýamanyny şonda görerdiň. Nädersiň, okaradan alyp bilmän, gara güne galaýsaň - diýip, ýoldaşy belkäni häsiýetlendiripdir.
Taýýarlan: Orazgylyç ÇARYÝEW.
Degişmeler