■ DURDY AGA WE GEDAÝ
Bir gezek Durdy aga şäherde ýaşaýan dostunyňka myhmançylyga baran eken. Dosty jaýyň üçünji gatynda ýaşaýan eken. Ine, onsoň, Durdy aga üçünji gatyň eýwanynda duran mahaly, bir gedaý aşakdan elini salgap, ony ýanyna çagyrypdyr. Durdy aga aşak düşüp:
— Ýeri, saňa näme gerek? - diýipdir.
— Eçileniňden bäş-on manat emläýseň diýýän - diýip, gedaý oňa dileg salypdyr.
Durdy aga hem:
— Ýör - diýip, ony yzyna düşürip, hälki duran ýerine, üçünji gatyň eýwanyna alyp çykypdyr. Soňam gedaýa ýüzlenip:
— Halypa, mende-hä saňa berer ýaly arta-süýşe zat ýok - diýipdir.
Gedaý:
— Beýle bolsa, aşakdakam aýdaýsaň bolmaýamy? - diýip, nägilelik bildiripdir.
Durdy aga:
— Senem dilegiňi aşakdan duran ýeriňden salaýsaň bolmadymy? - diýip, jogap gaýtarypdyr.
■ NÄME, GEPIMDE DURMADYMMY?
Durdy aga ozalam az-owlak bergisi bolan bir barjamly adamdan ýene karzyna zat sorapdyr. Ol:
— Aý, ýok, Durdy aga, berip biljek däl. Geçen ýylkynam: «Berjek däl» diýip, bermediň - diýipdir.
Durdy aga:
— Dogry-da, nä gepimde durmadymmy? «Berjek däl» diýdim, bermedim-dä - diýip, gülüpdir.
■ OL BURNUMY ÇAPAÝMASA
Durdy aga:
— Men öläýsem, üstüm galňaýança, özüň gum ataweri - diýip, obadaşlarynyň birine sargyt edenmiş. Ol:
— Weý, Durdy agaň aýdýanyny, ölseň, üstüňe gumy ilki bilen jan ýaly ogluň Hojaguly jan atar-da - diýipdir.
Onda Durdy aga:
— Ýok, ýok, oňa ynanmaweri, zaluwat. Ol bir ämärtdir, burnumy çaparmy, nädermi - diýip, gara çyny bilen sargyt edenmiş.
■ ARABADA NÄME IŞIŇ BAR?
Bir gezek irden turup, ogly Hojaguly:
— Kaka, öten agşam düýşümde araba münäýipdirin welin, o näme boldugy? - diýip, Durdy agadan sorapdyr.
Durdy aga:
— Ýeri, eşek ýa ýaby tapmadyňmy ahyry? Arabada nä körüň bar diýsene. Ol tabyt ahyry. Ýeri, özüň bilmeseň, maňa duýduraýsaň bolmadymy? O wagt men nirededim? - diýip janygypdyr.
■ BIZEM GÖLEGÇIDIRIS?
Bir ogry biriniň atyny ogurlap, ýaňy atlanan mahaly, at eýeleri muny duýupdyrlar. Olar birtopar dogan ekenler. Doganlar at ýatagynyň daşyny gallap duruberipdirler. Aljyran ogry:
— A-how agalar, men-ä ýolagçydyryn - diýipdir.
Onda doganlar:
— Aty ýerinde daňaýmasaň, bizem saňa gölegçidiris - diýip, jogap beripdirler.
■ SAZYŇ GÜÝJI
Bir ogry at ýatagyna baryp, usullyk bilen çözüp, aty alyp ugrapdyr. Şol mahal penjireden birtopar jahylyň üýşüp, saz çalyp oturanyny görüp, ogry biraz salym durupdyr. Ol sazy juda gowy görer eken. Ana, onsoň ol saz diňläp durşuna sazandanyň ýalňyşyny duýup:
— Dur, beýtme, dokuzynjydan al, o taýyny sekizinji perdeden al - diýip gygyrypdyr.
Oturanlar aňk-taňk bolup:
— Sen kim borsuň? - diýip, ondan sorapdyrlar.
Ol:
— Wah, men-ä şu atyňyzy alyp barýardym welin, hol ýigit bar zady bulaşdyrdy-da - diýip, sazda ýalňyşan ýigidi görkezipdir.
■ BOGALDAGY NÄTJEK?
Seýitguly aga öz agtygy bilen deňze nawly awa gidýär. Ýokardan uçup barýan guşy görüp, Esen:
— Baba, ýat, baba, ýat - diýip gygyrýar. Onda Seýitguly aga oňa;
— Han ogul, men-ä ýatdym, emma bu bogaldagy nätjek? - diýip, agtygyna ýüzlenýär.
■ JOGAP
Seýitguly aga bir gün çarwanyň şorta ýaşulularynyň üýşüp oturan ýerine barýar. Ýaşulular: «Elimize bir samsyk adam düşendir» oý edip:
— Tilkimisiň, gurtmysyň ýa awmysyň? - diýýärler.
Onda Seýitguly aga haýdan-haý:
— Lodkamysyň, taýmylmysyň, nawmysyň? - diýip, jogap berýär. Ýaşulular utanyp, dagaşmak bilen boluberipdirler.
■ NÄDIP SENIŇ ÝALY ÝÖRÄÝIN?
Seýitguly aga hemişe agsak ýoldaşynyň yzyndan ýöreýär eken. Bir gezek ýoldaşy oňa:
— Sen näme üçin mydama meniň yzymdan ýöreýärsiň? - diýýär.
Onda Seýitguly aga:
— Ýöreşiňe öýkünýändir öýdübä tama-da etme. Seniň basan ýeriňe basyp biljekmi men? - diýip, jogap berýär.
■ URŞA TAÝÝARLANÝARLAR
Obaly biri bir gün ilkinji gezek şähere gidip gelýär. Oba adamlary ondan:
— Şäherde näme habar bar? - diýip soraýarlar.
Şäheriň gohuny-galmagalyny geň gören ýaňky adam:
— Men-ä bilmeýärin welin, şäherliler bir ýerik çozjak bolmaga çemeli, çünki şäher adamlary atlaryny nallatmak, pyçak bejermek, gazanlary agartmak bilen başlaryna gaý bolup ýörler - diýipdir.
■ ÝEKELIK IRIZDI
Bir adam myhmançylykda otyrka iki aýallylygyň höziri barada agzynda aş gatyklapdyr. Onuň gürrüňini eşidip, bir adam oňa ýüreginden ynanypdyr. Soňam öňki aýalynyň üstüne ýene bir aýal alypdyr. Ol täze öýlenen gününiň agşamy täze aýalynyň ýanyna barmakçy bolupdyr. Barsa, gapy ildirilgi eken. Ol näçe ýalbarsa-da, ýaş aýaly gapyny açman:
— Baýry heleýiň ýanyna gidäý - diýip, jogap beripdir. Ahyrsoňy ol baýry aýalynyň ýanyna gitmeli bolupdyr. Äriniň soňky alan aýalynyň ýanyna öň baranyna gahar eden baýry aýaly-da ony öýe goýbermändir. Ýaňky adam gijäniň içinde näderini bilmän, ahyrsoňy ýakyndaky metjide ýatmaga gidipdir. Onuň baryp gyşarany hem şol ekeni welin, birden biriniň üsgürýän sesi eşidilipdir. Ol:
— Bu ýerde kim bar? - diýip sorapdyr. Nätanyş öz adyny aýdypdyr. Seredip otursa, ol şol iki aýallylygy öwýän adam ekeni.
— Sen näme üçin metjitde ýatyrsyň? - diýip, täze öýlenen geň galyp, ondan sorapdyr. Ol:
— Aýalym iki bolansoň, olar biri-birinden gabanyp, hijisi öýe goýberenok - diýip, jogap beripdir.
— Onda näme üçin iki aýallylygy beýle öwdüň?
— Bu ýerde ýeke özümiň kararym ýetmese, dagy nädeýin? - diýip, iki aýallylygy öwen jogap beripdir.
■ MANYLY GEP
Baba lakgy gepe-söze ökde, örän dilewar adam eken. Günlerde bir gün biri ony sözünde ýeňjek bolup, ondan:
— Baba aga, müň geplän ölermişin diýýärler. Şol dogrumyka? - diýip sorapdyr.
Baba lakgy:
— Dogrudyr - diýipdir.
— Onda size näme hiç zat bolmaýar: her oturanyňyzda müň dagy gepleýärsiňiz?
— Maňa hiç zat bolmaz, sebäbi men näçe geplesem-de, manyly gepleýärin. Many sözlerden ýüz müň gepleseňem ölmersiň - diýip, Baba lakgy jogap beripdir.
■ BAŞYMY NÄDIP GOÝAÝYN
Bahar eje ogluna ýüzlenip:
— Oglum, nirä gitjek? - diýipdir.
Ogly hem:
— Oýnamaga gitjek - diýipdir.
Onda Bahar eje:
— Oýun-soýun diýip, başyňy alyp ötägitmegin - diýipdir.
Şonda ogly oňa:
— Eje, men başymy goýup, nädip gideýin ahyry? - diýip ýüzlenipdir.
■ MEN-Ä BILEMOK
Mugallym:
— Haýsy sözleri biziň klasymyzyň okuwçylary köp ulanýarlar?
Okuwçy:
— Men-ä bilemok.
Mugallym:
— Gaty dogry.
■ ÖZ ÇAGAMY URÝAN
Segsen ýaşly ýaşulynyň altmyş ýaşlarynda bir ogly bar eken. Ogly käte eýläk-beýläk gidende, kakasyna aýtman-diýmän gidiberer eken. Onsoň ol ogluna garap:
— Sen nirä gidýäniňi, näme edýäniňi maňa aýt ahyry. Onsoňam nirä gitseňem wagtyragynda öýüňe dolanarlar - diýip, käýiner eken. Onda ogly:
— Ýa, kaka, men indi ýaş-ýuş däl ahyry - diýip, jogap berermiş.
Onda kakasy:
— Sen ýöne diýlenini edäý - diýer eken.
Günleriň birinde ýaňkyň ogly aýtman-diýmän bir ýerlere gidipdir. Ol wagty bilen yzyna dolanmandyr. Kakasy hem gaýgy edip, gaharlanyp oturan. Şo barmana-da ol giden ýerinden dolanyp gelipdir. Kakasy gaharyna baryp, ony ýençmäge başlan. Şol wagt bir geçip barýan adam bularyň ýanyna gelip:
— O-how, ýaşuly, utanmaýarmyň özüň ýaly aksakaly urup durmaga? - diýen. Onda ol:
— Wah, janym, nätjekdä diýen etmese? Aksakalam bolsa, bu meň çagam ahyryn - diýip, jogap beripdir.
■ HAJATHANANY HARAPLARDY
Bir nas atan nas kädisini hajathana gaçyraýypdyr. Onsoň ol:
— Şol nas kädiden nas atmak bolarmyka, bolmazmyka? - diýip, bir akylly adamyň ýanyna maslahata baranmyş.
Onda ol adam:
— Hajathana gaçanda nas kädiň agzy dykylymydy ýa-da ýok? - diýip soran.
— Wah, dykylylygyna-ha dykylydy.
Onda akyldar:
— Aý, şeýle bolawersin, ýogsam-a hajathanany harama çykarardy - diýipdir.
■ MEŇZEŞLIK
Baba lakgy iki sany ýoldaşy bilen bir öýe myhman bolupdyr. Şonda agşamara olar myhman ýerlerinden çykyp, ep-esli ýöränlerinde öňlerinden bir ýetişen gyz çykýar. Baba lakgynyň ýoldaşlarynyň biri:
— Men-ä şu gyzdan bir zat soran bolup görjek - diýýär.
Onda Baba lakgy:
— Iň gowusy lak atma, bular dilewar bolýandyr, petigulymyzy beräýmesin - diýýär.
— Aý, näme diýse, göräýjek.
— Diý, oň ýaly bolsa.
Ana, onsoň ol oglan gyza garap:
— Pylanylaryň öýi niredekä? - diýip, ýaňky turup gaýdan öýlerini soran bolýar. Gyzam onuň bilgeşleýin soraýandygyny bilip:
— Bir seretsem-ä begzada, bir görsemem ýagşyzada meňzeýäňiz, berýän soragyňyz welin, haramzadaň berjek soragyna meňzeýär - diýipdir. Ýaňky oglan bu sözlerden soň lal-jim bolaýypdyr.
■ WAÝ, MÖJEK GÖRJEK
Bir aýal aglaýan çagasyny diňdirjek bolup:
— Goý sesiňi, ýogsam möjek geler - diýen.
Onda çagajyk:
— Waý, meniň möjegi göresim gelýär-ýeý - diýip, öňküsindenem beter aglamaga başlapdyr.
■ ÜZÜMLI GÜRRÜŇ
Bir adam bir öýe myhman bolupdyr. Onuň myhman bolan öýüniň bişip oturan üzümi bar eken, emma ondan gelen myhmana bermändirler. Onda myhman:
— Biziň iller, biziň iller,
Biziň ilde üzüm iýrler - diýýär.
Onda öý eýesi myhman tizräk gitmezmikä diýip:
— Biziň iller, biziň iller,
Biziň ilde üzümi
Bu gün üzüp,
Ertir iýrler - diýen.
■ ONUSYNY IÝDIŇIZ
Bir adamyň öýüne myhman gelipdir. Myhmanyň öňünde piçek-gutap goýupdyrlar. Öý eýesi ýaman gysganç eken. Ajygyp gelen myhman gutaplaryň onusyny iýipdir.
Öý eýesi oňa:
— Ýene iýiň - diýipdir.
Myhman:
— Köp iýdim, ikisini iýdim - diýipdir.
Myhmanyň köp iýenini gysganyp, içinden sanap oturan öý eýesi:
— Onusyny iýdiňiz, iýseňiz, meýli, iýiň ýene - diýipdir.
■ GELŞIRDI
Bir gün garagalpagystanly türkmen Marydaky dostunyň öýüne barypdyr. Dosty hem dost-ýarlaryny ýygnap, uly hezzet-hormat edipdir. Ahyrda maryly türkmen:
— Hywaly jora, siziň ýurduňyzda «dym-syra» gymmatmy, arzan? - diýipdir.
Garagalpagystanly türkmen özüniň geplände, seýregem bolsa, «dym-syra» diýip aýdýandygyny, emma maryly türkmeniň «wallany» köp gaýtalaýandygyny aňypdyr-da:
— Halypa, gorkman baryber. Biziň ýurdumyzda siziň iki «wallaňyza» bir «dym-syra» berler - diýipdir.
■ HAÝSY GOWY
Açlyk ýylynda bir garyp adamyň öýüne goňşy tireden biri gudaçylyga barypdyr. Bu tiräniň işi-pişesi ogurlyk, samsam geplemek eken. Özleri-de gyryň eteginde üç-dört öýli bolup ýaşaýan ekenler. Gyzyň atasy sawça ýene bäş-alty günden gelmekligi, şonda belli jogap aýtjagyny duýdurypdyr.
Gyzyň atasy sawçyny ugradyp, ol tiräniň golaý-goltumyndaky öýlere myhman düşüp, ol tiräniň ýigitleriniň gylyk-häsiýetlerini sorapdyr. Oňa bu tiräniň ýigitleriniň kesp-kärlerini edil bolşy ýaly edip aýdypdyrlar. Şonda ol:
— Bu tiräniň ýigitleriniň haýsysy gowy? - diýip sorapdyr.
Oňa:
— Haýsyna nazaryň düşmese, şol gowy - diýip, jogap beripdirler.
■ OGRYNYŇ GAHARY
Bir ogry Porsudan eşek ogurlap, ony: «Ara daş bolsa, hiç kim duýmaz» diýip, Goňrada eltip satýan ekeni. Günleriň bir güni hyrydarlary köpeltmek hem-de eşegi gymmadrak satmak üçin ýaňky ogry eşek bazarynda gygyrmaga başlapdyr:
— A-how, hyrydarlar, eşek alsaňyz, meniňkini alyň. Bu eşek şeýle bir ýorgadyr. Çymbaýa gitseňem, Hojailä gitseňem ýarym sagada goýman eltäýýändir...
Eşegiň Porsudan ogurlanyp getirilendigini duýan biri:
— Ýaşuly, eşegiň Porsa näçe sagatda elter? - diýip, kinaýa bilen ýylgyrypdyr.
Ogrynyň ýüzi boz-ýaz bolupdyr. Ol az salym dymandan soň, ýaňky adamyň gulagyna pyşyrdap:
— Aý, inim, Dörtgüle git, Köneürgenje git, Porsu-da nä körüň bar? - diýipdir.
■ IÇIN-Ä ÝAKANDYRYN
Bir adam birini günlükçi tutup, ýerine dökün dökdüripdir. Günlükçi Gün batýança ýüz araba dökün dökmegiň ýerine segsen araba dökün döküpdir. Ertesi ol hakyny sorapdyr, emma dökün dökdüren adam her dürli bahana tapyp, oňa hakyny bermändir. Günlükçi hem: «Hakymy bermeseň, berme, seniň bir içiňi ýakaýyn» diýip, döken dökünleriniň hemmesini çar tarapa pytradyp çykypdyr.
Ýolda onuň öňünden günlükçi ýoldaşy çykypdyr. Bular hal-ahwal soraşypdyrlar. Dökün döken günlükçiniň ýoldaşy:
— Meniň günlükçi duran adamym barypýatan akmak eken. Ol maňa jöwen otamagy tabşyrdy. Ol ösüp oturan jöwenlerden birini görkezdi-de:
— Ine, şular ýalysyn-a degme, galanlaryny otaber - diýdi. Menem uly atyzyň içinde ýekeje jöwen goýdum-da, galanlaryny otap çykdym. Jöweniň eýesi:
— Bä-ä, sen-ä atyzda jöwen goýman otap çykaýypsyň-a - diýdi. Men hem:
— Ýaşuly, seniň öz aýdyşyň ýaly edip otadym ahyry - diýdim. Soň ol hakymy bermän, kowup goýberdi. Ine, şondan gelişim. Sen nätdiň? - diýen.
Onda ýoldaşy:
— Aý, dost, meniňem hakymy bermediler. Men-ä gaharyma döken dökünlerimi pytradyp taşlaberdim. Şeýdip, onuň için-ä bir ýakandyryn - diýipdir.
■ BIR DÜÝE HUDAÝ ÝOLUNA
Bir adam düýe sürüp gelýärkä, batgadan geçmekçi bolupdyr. Ol:
— Eý, Hudaýym, düýelerim batga batman geçse, Hudaý ýoluna bir düýe bolsun - diýipdir.
Düýeleriň ýarysy batgadan geçiberende ol:
— Be, Hudaýy hem aldasa bolaýjak eken-ow - diýipdir.
Ol şeýle diýip, yzyna seretse, iki düýesi batga batjak bolup duran eken. Şonda ol adam:
— Baý-bow, Hudaýam bir çaga ýaly eken-ow - diýipdir. — Bir düýe bereýin diýdim, berjek ahyry. Nä men ýalan sözlär öýdýäňmi?
■ KÖPRÜSI-DE BARDYR
Bir düýekeş düýesine:
— Çüw, janawer - diýipdir. Ony Meret perreň eşidipdir.
— Ýaşuly, şu barýan ýoluň dogrudyr.
— Men senden ýol soramok, how.
— Hawa, hawa. Ho-o-ol ilerräkde köprüsi-de bardyr.
■ DILIŇ DUZLY AHYRY
Bir adam aýaly kesellände nahar bişiripdir welin, duz atmagy ýadyndan çykaraýypdyr. Ol nahar guýup, aýalynyň öňünde goýanda, aýaly dadyp görüp:
— Öýde duz ýokmudy? Nahara näme üçin duz atmadyň? - diýen. Onda adamsy:
— Wah, keýwanym, nahary iýjek sen bolsaň, bişiren men bolsam, oňa duz atmak nämä gerek? Bolmanda-da seniň diliň duzly ahyry - diýen.
■ BEKI ÝALTANYŇ ÇAKYLYGA BARŞY
Muhammet diýen adam öz deň-duşlaryny öýüne çagyrypdyr. Oňa on bäşe golaý adam hatar gurap ugrapdyr. Kaka diýen biri ýoldaşynyň gulagyna çawuş çakyp: «Muhammediň öýüne ýetiberenimizde men saňa:
— Öz-ä gaty agyrdyr-ow - diýerin. Senem:
— Sen-ä hiç, men näderkäm? Birki günden bäri bilimem agyryp dur - diýgin, ýöne ikimiziň şu gürrüňimizi Beki ýalta eşitsin» diýipdir.
Ýoldaşy hem: «Bolýar» diýip, baş atypdyr.
Bular çagyrylan öýlerine golaýlaberende Beki ýalta eşider ýaly edip, ýaňky gürrüňleri gaýtalapdyrlar. Adamlar öýe giripdirler, emma öý eýesi olaryň arasynda Beki ýaltany görmändir. Ol gelenlerden:
— Ýigitler, Bekä aýtmadyňyzmy? - diýip sorapdyrlar.
Gelen adamlar bolsa:
— Ýaňyja-da bardy, häzir geler - diýşipdirler.
Beki bolsa Kaka bilen onuň ýoldaşynyň özara gürrüňlerini eşidip, öz içinden: «Muhammet bizi aldap, öýüne çagyryp, täze jaýynyň üstüne agaç çykartjakdyr» diýip, öýe girmän, hiç kime-de görünmän, çöp-çalama bukup, gaçan eken.
■ PARAHORLYGY GALDYRMAK
Hywa hanlarynyň biriniň döwründe köşk emeldarlarynyň arasynda parahorlyk möwç alyp ugrapdyr. Muňa jany ýanyp ýören garyplaryň biri ölümini boýnuna alyp, dogry hanyň huzuryna barypdyrda:
— Hormatly hökümdarym, nähili edeniňde ýurtdaky parahorlygy galdyryp bolarka? - diýipdir.
Onda ol:
— Eger parahorlygy galdyraýsam, onuň üçin sen maňa näme berersiň? - diýip sorapdyr.
Bu sözleri eşidip, ýaňky adam öňki aýdanlaryna köp ötünç sorap, çykyp gaýdypdyr.
■ BALYGYŇ GARYNDAŞY
Bir adam ömrüne gurbagany görmän eken. Ol çölden oba gelipdir, soňam akar suwdan balyk tutmakçy bolupdyr. Ol suwa girip, süzüp ugrapdyr. Şol barmana balyk diýip tutany bir gurbaga bolup çykypdyr. Gurbaga onuň elinde «warryk-wurruk» ses edipdir. Ol adam oňa az salym seredip durupdyrda:
— Gözüň balygyň gözüne meňzeş, ýüzüň balygyň ýüzüne meňzeş. Sen balygyň ýa inisi bolmaly ýa-da agasy. Seni warryldasaňam iýerin, parryldasaňam - diýipdir.
■ AGA KWADRAT
Matematika mugallymlarynyň maslahatyna gatnaşýanlar-dan biri Aga diýen mugallymyň ýanyna barypdyr-da:
— Ýaşuly, ýaman görmeseňiz, men sizden bir zat soramakçy. Siziň öz adyňyz Aga. Ýaşyňyzyň hem elliden agandygyny göz öňünde tutup, hormat üçin size ýene «aga» diýmeli bolýarys. Şeýlelikde biz size iki gezek «aga», ýagny Aga aga diýmeli bolýarys. Munuň özi, birhili, gelşiksizräk dälmi? - diýipdir.
Gapdalda bu gürrüňleri diňläp duran bir mugallym:
— Eger «Aga aga» diýmekligi gelşiksiz hasaplasaň, onda indiden beýläk «Aga kwadrat» diýäýmeli bor-da - diýipdir.
■ RADIODAN DYNAN KEMPIR
Bir kempir şäherçeden örän daşda ýaşaýan eken. Ony şäherçä göçürip getiripdirler. Öýüne bolsa radio çekip beripdirler.
Kempir agşamara palaw bişirmek üçin gazana tüwini salyberen çagy radioda: «Palawa gel, palawa gel» diýen ses eşidilipdir. Kempir nätjegini bilmändir. Ol radiony ýapmagy ýadyndan çykaryp:
— Palaw häli bişenok, palaw häli bişenok - diýip, gygyrmaga başlapdyr.
Radioda: «Palawa gel, palawa gel» diýen sesler ýene gaýtalanypdyr. Kempiriň gaty gahary gelipdir we kepgiri bilen radiony batly urupdyr. Radio-da döwlüpdir.
Şeýdip, kempir radiosyz galypdyr.
■ TELPEGI ÝANYP BARÝAR
Agamyrat diýen bir adam bazara barypdyr. Ol kisesine elini soksa, puly ogurlanypdyr. Agamyrat bada-bat:
— Haýt, ogry, başyňdaky geýmiňe ot düşdi. Adamlar, kömek ediň, ogrynyň telpegi ýanyp barýar - diýip, gygyryp başlapdyr. Şol wagt ogry başyndaky papagyna birden elini degripdir. Muny onuň özi-de duýman galypdyr. Adamlar ogryny tutupdyrlar. Soňam ondan ogurlan puluny alyp, Agamyrada beripdirler.
■ NAS KEÝPI
Gultak aga derýanyň aňyrsynda durup, bärisinde duran bir adamdan nas diläpdir. Ol adam hem:
— Men naskädini nädip ýetireýin? Ony saňa zyňsam, suwa gaçar ahyry - diýipdir.
Alajyny guradan Gultak aga-da:
— Onda meniň üçinem bir nas ataweri - diýip gygyrypdyr.
■ KEMPIR
Bir garry kempir adamsyna:
— Men agşam düýşümde gyz bolupdyryn - diýip, gürrüň berip otyrka, äri:
— Haý, samsyk, şol wagt meni oýarmazlarmy - diýip gygyrypdyr.
■ SUWSUZ HORLANÝAN GURÇUK
Bir etrabyň daýhanlarynyň üstünden aýlanýan wekil bir ýola oba gelende gurçuk tutulýan möwsüme gabat gelipdir. Ol gurçuga tut berlenine gabat gelse-de, oňa suw berlenine duşmandyr. Ol ahyrynda kolhoz emeldarlarynyň ýygnagynda:
— A-how, başlyk, sen köpçülik işine sowuk-sala seredýärsiň. Sen kimiň näme bilen meşguldygyny bilmeýärsiň. Men näçe gündür siziň obaňyzda gurçuklara aýlanýan weli, oňa suw bermegi ünsden düşürýändiklerini aňladym. Suwsuz gurçuk saklap, ýene ýüpek plany doljak bolsaňyz, size ýeňil düşer öýdemok.
Başlyk wekiliň gurçugyň ýagdaýyny bilmeýänini bilip, hemem onuň bilen harçaňlaşmajak bolup:
— A-how. ýoldaş, sen dogry aýdýarsyň, ýöne gurçuk diýen janawer suwy diňe gije içýär. Oňa seredýänler hemişe oňa suwy gijesine berýärler - diýip, jogap beripdir.
Taýýarlan: Orazgylyç Çaryýew.
Degişmeler