■ BOLJAGY BOLUPDYR
Daýysy ýegenine:
— Ýegen, aragy köp içmegin. Aslynda neşäniň gowusy bolmaz. Arak içip, serhoş bolanyňy biljek bolsaň, bir zat gözüňe iki bolup görner. Ine, h-ol iki eşegi görýärmiň, eger şolar gözüňe dört bolup görünse, serhoş boldugyňdyr - diýipdir.
Ýegeni näçe seredip, iki eşegi görjek bolýar welin, ýeke eşekden başga eşege gözi düşenok. Ol:
— Bow, daýymyň-a boljagy bolupdyr - diýip, ony egnine göterip, zordan öýüne eltipdir.
■ HIÇ HAÝSAM ÝOK
Üç sany adam tirkeşip, naharhana baranlar. Üçüsem kelle getirmegi buýranlar. Iýip bolansoňlar hyzmatkär gelin gelip hasaplaşanda, birinden iki manat, ýene birinden manat ýarym, beýlekisinden bir manat alypdyr. Soň olaryň biri:
— Biziň hemmämiziň iýenimiz birmeňzeş nahar welin, näme üçin nyrhlary dürli-dürli? - diýip soran.
Onda hyzmatkär gelin:
— Onuň sebäbi iki manat alanymyň iýen kellesiniň beýnisem ýerinde, dilem. Manat ýarym alanymyňky hem dili bar-da, beýnisi ýok. Bir manatlygyň bolsa ne dili, ne beýnisi -hiç haýsam ýok - diýip, jogap gaýtaran.
■ ÖLMEZEK JAN GEREK
Öňem bir adam täze jaý tutunyp, ony bezäp-besläp, ýakyn dost-ýarlaryny çagyryp, tam toýuny edipdir. Iýgiden-içgiden mes bolandan soň, ol iň eý görýän dostuna ýüzlenip:
— Heý, bu jaýyň kemi barmy? - diýip sorapdyr.
Onda ýoldaşy uludan bir demini alypdyrda:
— Özgä kemi ýok welin, ýekeje ýetmezi bar-da - diýen.
Onda jaý eýesi:
— Aýt bakaly, onam düzederis - diýen.
Ýoldaşy bolsa:
— Aý, ýok, ol ikimize düzetdirmez - diýipdir.
Öý eýesi:
— O näme üçin?
— Üçini, munda mydama ýaşamaga bir ölmezek jan gerek - diýen.
■ MENI HEM ALSYN
Uly obanyň ortarasynda bir öwlüýä bar eken. Onuň iki ýanam biri-biri bilen gatnawly obamyş. Onsoň bir günden bir gün kör şol obalaryň birinden beýlekisine gezelenje gaýdypdyr. Şo gaýdyşyna o ýoluny ýitirip, mazarystanlyga baranyny-da gaty aňmandyr. Ol pahyr mazardan mazara ätläp, büdräp, ýykylyp-galyp gelşine, birdenem, ýagyş ýagyp, gumy ýumşan, esli ýeri hoňkarlyp duran mazara ýykylaýypdyr. Şol wagt Gün ýaşyp, garaňky gatlyşyp barýar eken. Şonuň üçinem onuň mazar çukuryna ýykylanyny gören bolmandyr. Ol pahyr näçe dyrmyşsa-da, çykyp bilmän, dagy alajam tapman, golaýdaky obanyň adamlarynyň atlaryny tutup, aýagaldygyna, gygyryberen. Onuň sesi ýakyndaky öýlere eşidilibem duranmyş welin, hiç kim ýürek edip, sesiň çykýan ýerine gidip bilmeýärmiş. Obanyň adamlary: «Sen bar-da, sen bar» bolşup, biri-birini öňe iterişip, özleri bolsa barha gaýra çekilýärlermiş. Bu obada başga-da bir kör bar eken. Adamlaryň beýdip duruşlaryna onuň gahary gelip:
— Hany, şol nähili arwah bolsa, meni alsyn-la - diýip, ýaňky ses çykýan tarapa ugrapdyr. «Gitme» diýselerem, hiç etmändir. Ol şo barşyna häki gorpa gapgarylyp, gözden ýitipdir. Şondan soň adamlar jyn dagan ýaly bolaýypdyrlar. Iki kör bolsa biri-birine söýget berşip, daňa ýakyn zordan görden çykyp, özlerini öýlerine atypdyrlar.
■ SUD BOLUP GÖREMOK
Bir gepe çeper adama bir ýana gitmek üçin rugsat haty gerek bolupdyr. Ol milisiýa baranda milisiýanyň baştutany:
— Sud bolup gördüňmi? - diýipdir.
Onda ýaňky rugsat haty aljak adam:
— Sud-a bolup göremok, ýöne mekdep direktory, brigadir-ä bolup işläpdim - diýen.
■ GEZEK GELÝÄNÇÄ
Bir ýaşuly adam eşege münüp, hezil edip aýdyma gygyryp barýarka onuň öňünden başga biri çykyp, onuň nirä barýanyny sorapdyr. Onda ýaňky adam:
— Doktora barýaryn - diýen.
— Sen syrkaw däl ahyry.
— Häzir syrkaw bolmasamam gezek ýetýänçä kesellärin - diýip, eşekli ýaşuly jogap beripdir.
■ KASSANYŇ AGZYNDA
Täze kinofilme tomaşa etmegi ýüregine düwüp, bir gözi kör adam bilet almak üçin nobata durupdyr. Iki sagatdan ýaňka gezek ýetipdir. Oňa çenli arzan bahaly biletler gutarypdyr. Hälki adam yzyna gaýtmaga ejap edip, iki manady kassire uzadyp:
— Maňa hem bir bilet - diýipdir. Kassir bolsa:
— A siz ýene iki manat bermeli, ýaşuly - diýip, rahat äheňde oňa ýüzlenipdir. Ol näme diýjegini bilmän, çalaja ýylgyrybrak kassire şeýle diýipdir:
— Hormatly kassir, dört manatlyk bilet alýan adamlar kinony iki gözi bilen görýärler. Men ýeke gözüm bilen görmeli bolýanlygym üçin, bilediň ýarpy bahasyny uzatdym ahyry.
■ IKI ÝALANÇY
Uly ýoluň çatrygynda Aşyr bilen Gurban pete-pet sataşaýypdyrlar. Bular sekiz ýyldan bäri biri-birlerini görmän ekenler. Aşyr saglyk-esenlikden soň:
— Ýol bolsun, nireden gaýtdyň? - diýip, Gurbana ýüzlenipdir.
Gurban ýoldaşynyň bile bir klasda okan wagtlary geografiýany gowşak bilenligini, sähelçe çypdyrma gürrüňlere-de ynanýandygyny ýadyna salypdyr.
— Dostum, meniň-ä göni Sibirden gaýdyşym.
— Bä, Sibirden diýsene... O taraplaryň howasy neneň?
— Howasy gaty yssy. Şu günler çägä ýumurtga gömseň, gömen badyňa paklap bişäýýär. Onsoň gabygyny aýryp iýibermeli.
— Dogrudyr. Ol ýerlerde şaly dagam bitýändir.
— Ýok. Sibirde her hili kelemler bitýär. Olaryň käbiriniň ýapragy bir obanyň üstüne saýa salyp dur. Ýagyş ýaganda-da ýeke damjasam ýere düşmeýär... Ýeri, indi özüňden habar ber.
— Habar bersem, men Samarkantdan gaýtdym. Ol taýy hem gowy. Gazan ýasalýan zawodda işledim.
— Zawodyň işi ýeňilmi?
— Ýeňil nirede. Gaýtam işi agyr. Bäş günde zordan bir gazan ýasaýarys.
— Ol nähili bir gazan?
— Sebäbi her gazanda kyrk gulak bar. Her gulagynyň aralygy-da kyrk kilometr. Özünde-de on müň işçi işleýär.
Gurban dostunyň soňky aýdanlaryna ynanmandyr:
— Dostum, sen-ä bir tüýs çypdyrma ekeniň. Şolar ýaly ullakanam bir gazan bolarmy?
— Düşün ahyry... Eger her gulagynyň arasy kyrk kilometr bolup, on müň işçiniň güýji bilen ýasalan gazan bolmasa, onda her ýapragy bir obanyň üstüne saýa salyp duran kelemi nirede bişirjek?
■ KELPEŇ BAGŞY
Bir toýda adygyp ugran bir bagşa aýdym aýtdyrypdyrlar. Ol bagşy:
— Aýdym aýdyp bereýinmi ýa-da saz çalyp bereýinmi? - diýip, jemagata ýüzlenipdir. Jemagat bolsa:
— Bagşy, öz halanyňy et - diýip, sypaýyçylyga salypdyr.
Bagşy öz içinden: «Bu garamaýaklar sazyň gadryny bilýändir öýdýäňmi? Men bulary bolar-bolmaz aýdym aýdyp güýmäýinle» diýip, köpçüligi äsgermändir. Onuň aýdymlary göwnüne ýaramadyklaryň biri:
— Bagşy, doňzuň çykdy, doňzuň - diýip gygyrypdyr.
Bagşy kinaýa düşünmän: «Gowy aýdýaň diýdigidir-dä» diýip pikir edipdir. Ol dutaryny öňküdenem beter gazamaga başlapdyr. Ol bir zamandan töweregine bir seretse, özünden başga adam galmandyr.
■ BASNÝAÇY
Günleriň bir güni basnýa ýazýan şahyryň eserlerini okap, ondaky gatnaşýan haýwanlary derňäpdirler. Şonda bir tankytçy:
— Şahyr, sen köp basnýalaryňy syçan hakynda ýazypsyň, emma basnýalaryňa ýekeje pişigi hem gatnaşdyrmansyň. O nämeden? - diýip sorapdyr.
Şahyr şeýle jogap beripdir:
— Pişigi gatnaşdyrmadygymyň sebäbi, ol meniň basnýala-rymdaky syçanlary iýip gutararmyka diýip gorkdum-da.
■ AÇGÖZ WE ÝOLDAŞY
Bir açgöz oglan bilen biri ýoldaş bolupdyr. Ýolda açgözüň ýoldaşy:
— Men seni dürterin. Şonda iýmäňi goýup oturyber. Menem iýmämi goýaryn. Bolmasa, öý eýesi ikimizem geň görer - diýipdir.
Bular şeýdip bir öýe myhman düşüpdirler. Öý eýesi palaw bişirip, bularyň öňlerinde goýupdyr. Açgözüň ýoldaşy tiz garnyny doýurmak üçin sygnap ugran açgözi dürtüpdir. Oňa gahary gelen açgöz hem:
— Eýýämdenmi? - diýip, çalaja seslenipdir.
■ «GIEW» DIÝÄÝ
Bir baý bir garyp bilen bazarda söwda edipdir. Garyp:
— Baý aga, puluňa az salym garaş, satjak zadymy satanymdan soň bererin - diýipdir. Baý:
— Men seni tanamaýaryn. Adyň näme? - diýip sorapdyr. Onda garyp:
— Meniň adymy «Giýew» diýip tutuber, baý aga - diýip jogap beren.
■ GYZ WE ATASY
Bir gyzy durmuşa çykarypdyrlar. Soň gaýtarylyp gitjek bolanda, atasy gyzynyň islän zadyny beripdir-de:
— Gyzym, indi näme kem zadyň bar? - diýip sorapdyr.
Gyzy nägilelik bilen:
— Şemal bolanda serpigi ýapar ýaly bir syrygam bermediň - diýipdir.
■ BATLYRAJYK BÖKEWERI
Nebsiniň ýesiri bolan bir kör ýolda bir adama sataşyp, saglyk-amanlykdan soňra:
— Sen nirä gidip barýarsyň? - diýip, ýaňkydan sorapdyr. Ol adam:
— Aşyrlaryň toýuna barýaryn. Giderin diýseň, yzyma düşüber - diýipdir.
Bular tirkeşip gidip barýarkalar, öňlerinden bir salma çykypdyr. Körüň ýoldaşy:
— Pylany aga, şu ýerde bir ýapjagaz bar, batlyrak bökeweri - diýipdir. Kör bu ýapdan böküp geçipdir. Bular toýa ýakyn gelenlerinde ýene bir öňküden ulurak ýap çykypdyr. Bular ondanam böküp geçipdirler. Toý bolýan öýe ýetiberenlerinde körüň ýoldaşy:
— Ýaşuly, öňümizde bir ulurajyk ýap bar. Şondan has batlyrajyk bökeweri, bolmasa, içine düşäýmegiň mümkin - diýip, köri toý edilýän öýüň golaýjagyndaky howzuň başyna eltipdir. Kör aňyrdan bat alyp, ylgap gelip bökende, howzuň edil ortarasyna, daş gaçan ýaly bolup, düşüpdir.
■ TAKYK JOGAP
Bir baýyň aýaly ýesersiräp, gapysyndaky batraga:
— Ilaman-a, şunça işlese-de, öýlene bilmän gezip ýör - diýip, degmäge başlapdyr.
Baýyň aýalynyň teýeneli gepini günde eşidip, jany ýanyp ýören batrak hem:
— Meniň öýlenip bilmänime şeýle nebsiň agyrýan bolsa, äriňden aýryl-da, özüň maňa geläý - diýipdir.
■ ÝERLIKLI JOGAP
Bir baýyň bäş ýüz goýny bar eken, emma hiç perzendi ýok ekeni. Garaz şondan gysganç, şondan husyt adam bolmandyr. Açlyk ýyllary baý hiç kime hiç zat bermändir. Il aç bolupdyr. Adamlar açlygyndan ýaňa üst-üstüne ölüberipdir. Bir gezek hälki baý sekiz ogully bir garybyň sal-sal eşiklerini, açlyk zerarly göm-gök bolan ýüzüni görüp, ony ýaňsylamaga başlapdyr. Garybyň gahary gelip:
Ursaň, taýak götermez,
Münseň aýak götermez,
Seniň baýlygňa nälet - diýipdir.
■ OJAGAZYŇ SYRKAWLADYMY?
Bir aýalyň äriniň göwresi kiçi, oglunyňky bolsa uly eken. Äri kiçiliginiň üstesine-de gaty hor eken. Bir gezek bular bir ýere myhmançylyga gidipdirler. Ol ýerde bir garry kempir gelne garap:
— Gelnim, bujagazlaryň haýsy ulusy, haýsy kiçisi? Ýüzüne seretseň-ä horjaň uly görünýär, ojagazyň syrkawlaýdymy? - diýipdir. Gelin näme diýjegini bilmän, sesini çykarman oturyberipdir.
■ ONDA SAGAT DÖRT-DÄ
Günlerde bir gün biri beýlekisinden:
— Sagat näçe? - diýip, sorapdyr.
Ol:
— Sekiziň ýary - diýip, jogap beripdir.
Onda sagat soran:
— Diýmek, sagat dört-dä - diýip, gidiberipdir.
■ MOSKWANY TAPARMYŇ?
Bir oglan obadan şähere okamaga gelipdir. Geografiýa mugallymy ondan ekzamen almakçy bolupdyr. Mugallym kartany görkezip, okuwçydan:
— Moskwany taparmyň? - diýip sorapdyr.
Okuwçy:
— Ýanyma birini goşup iberäýmeseňiz, tapyp bilmen, şu ýere hem ýoldaşlarym bilen bile geldim - diýip, jogap beripdir.
■ O DÜNÝÄNI HEM BULAŞDYRAÝMASYN
Bir wagtlar üç dost oturlyşyk edipdir. Olar lezzetli tagam bişiripdirler, şerap içipdirler. Şol wagt bularyň üstüne bir ara bozup ýören, gybatkeş geläýipdir. Gelene: «Git!» diýip bolýarmy näme? Muňa-da bir käse şerap guýup uzadypdyrlar. «Bu käsäni kimiň saglygyna içmeli» diýen sorag ýüze çykýar. Onda dostlaryň biri:
— Geliň, bu käsäni şu soňky geleniň saglygyna içäýeliň, ýogsam ol bizden öňürti ölüp, o dünýäni hem bulaşdyraýmasyn - diýipdir.
■ GOTUR GEÇINI NÄTSIN?
Ýylyň ýagdaýyna belet bir dana adam çöle gidipdir. Şol gidişine çopan goşuna barypdyr. Ol ýyl gurak gelen eken. Çopanlar guýynyň golaýyndaky bir depede bir geçini daňyp goýupdyrlar. Ol dana muny görüp:
— Bu janaweri näme üçin bu ýerde daňyp goýduňyz? - diýip, çopanlardan sorapdyr. Çopanlar:
— Ýagyş ýagdyrsyn diýip, muny Burkudyň ýoluna aýtdyk - diýenler.
Onda ol dana:
— Burkut siziň gotur geçiňizi nätsin, bar malyňyzy birden aljak bolup durka - diýipdir.
Taýýarlan: Orazgylyç ÇARYÝEW.
Degişmeler