■ DÖKÜLEN AŞ
Bir gün Weligurban öz dosty bilen bir adamyň öýüne myhman bolupdyr. Öý eýesi bulara aş bişirip beripdir. Weligurbanyň aş iýesi gelmändir-de, dostuny ýanyna çagyryp:
— Dost, munuň aşyny dökeli. Şeýtsek bu bize çorba berer - diýen.
Onda dosty:
— Nädip dökjek? - diýip sorapdyr. Weligurban oňa:
— Men saňa gezek bermän, kän iýerin, senem: «Meniň paýym gitdi» diýip, meni uran bolarsyň, menem seni uran bolaryn, aralykda aşy dökeris - diýen.
Öý eýesi bularyň öňünde aş goýan wagty Weligurban sen-men ýok, çemçäni alyp, aşdan hopurdadyp başlan. Dosty hem:
— Meniň çemçe paýym gitdi - diýip, Weligurbany uran, olam jogabyny beren, öý eýesem bulary aralajak bolan, garaz, şeýdip, ortadaky aş dökülen.
Ondan soň öý eýesi bulara çorba bişirip beripdir.
■ ALGYMY BER
Weligurban bir adamdan algysyny almaga gitmekçi bolupdyr, emma ol adam gaty güýçli, batyr adam eken. Weligurban ondan gorkup, köp ogully bir adamyň ýanyna baryp:
— Men pylanynyň bir zadyny alyp gelsem, urdurmagyn - diýen. Ol adam hem:
— Bolýar, tä seniň algyňy berýänçä degdirmerin - diýipdir.
Şondan soň Weligurban görünmän, algylysynyň yzyna düşüberipdir. Ahyram ahmalyna salyp, onuň egnindäki täzeje possunyny alyp gaçan. Weligurban şol gidişine köp ogully adamyň öýüne barypdyr.
Birnäçe wagtdan soň possuny alnan adam eli taýakly Weligurbanyň üstüne gelen, ýöne köp ogully adam ony urdurman:
— Belki, onuň sende algysy bardyr? - diýen.
Weligurbany urmaga gelen adam:
— On tümen algysy bolanda, şeýdip ýörmeli bormy? - diýipdir.
Weligurban:
— Şeýtdirmejek bolsaň, bergiňi üzäýseň bolmaýarmy? - diýen.
Ol adam nätjegini bilmän, ahyrsoňunda bergisini berip, possuny alyp gidipdir.
■ GÜJÜK IT ÇYKÝANÇA
Bir gün Weligurbanyň dostunyň öýüne birki sany myhman gelen. Öý eýesi bir çebşi soýup, myhmanlaryna hezzet-hormat etmekçi bolupdyr. Bularyň üstüne-de Weligurban gelýär.
Weligurban myhmanlary halamandyr. Ahyry hemmesi tegelenip, nahar iýmäge başlajak bolanlarynda Weligurban:
— Weý, dostum, bi güjügiň it çykmanka, ony bulara söwüş edäýipsiňiz - diýen.
Bu sözleri eşiden dosty Weligurbany kowalapdyr. Myhmanlar hem çebşiň öldürilenini görmänsoňlar, öldürilen dogrudanam güjükmikä diýip, nahardan datman turup gidipdirler. Weligurban bolsa dostundan öň gaçyp giden ýerine gelip, taýynja nahar iýip, hezil edipdir.
■ AGZY ŞUMA IKI PAÝ
Öň zamanda bir topar atly alamançylyga gitmekçi bolupdyr. Olaryň biriniň agzy örän şum eken. Atlylaryň serdary oňa garap:
— Eý, şum agyz, sen biz bilen gitmeseň, basyp alan zatlarmyzdan saňa iki paý bereli - diýende, ol adam:
— Aý, serdar, menem siz bilen bile gideýin, bolmasa, baryňyz gyrlaýsaňyz, men iki paýy nireden alaýyn? Onda maňa bir paýam ýetmez - diýen.
■ HAÝSYNY BERERKÄ
Bir obada bir nebsewür adam bolan. Ol hemişe diýen ýaly çagalaryna: «Ony ediň, muny ediň» diýip, lagyrdap ýörenmiş. Ol hat-da namaza duran wagtynda hem: «Ony eýtsem, muny beýtsem» diýip, okap duran namazyny unudýan wagty hem az bolmandyr. Bir gün oňa obanyň işany:
— Sen namaz wagty özbaşdak gürrüň etmegiňi bes etseň, gapymdaky iki düýämiň birini bereýin - diýipdir.
Soňra işan ymam bolup, adamlar namaza duranlarynda, nebsewür okamaly aýatlary okamagyň ýerine:
— Işan aga maňa düýeleriniň haýsyny bererkä, ulusynymy ýa kiçisini? - diýenini duýman galypdyr.
■ DATMAN GALDYM
Bir adam nahardan soň bir ýilikli süňki gemrip oturan eken. Ol elindäki süňküň bir ujuny deşip, onuň içindäki ýiligi almak üçin, gaty sorupdyr. Ýilik birden gopup gaýdyp, onuň agzynda saklanman, sorulyşyna onuň içine gidipdir. Onda ol adam:
— Wah, hezil edip iýjekdim, datman galaýdym - diýipdir.
■ GEPLEMEZLIK GOWY ÝALY
Bir patyşanyň ogly hiç geplemändir. Ony gepletmek üçin her zat edip görüpdirler. Onuň üçin barmadyk tebipleri, etmedik emleri galmandyr.
Bir gün patyşa:
— Kim oglumy gepletse, islän zadyny berjek - diýip, jar çekdirýär.
Bir garry patyşanyň ýanyna gelip:
— Sen ogluňy awa alyp git - diýip, maslahat berýär.
Patyşa wezir-wekillerini ýygnap, ogluny hem alyp, awa gidýär. Olar awda gezip ýörkäler, birden, bir sülgün «Jagak-jagak» edip seslenýär. Munuň sesini eşiden bir adam ony elindäki taýagy bilen urup alýar. Ony gören geplemezek şa ogly:
— Geplegenden geplemezlik gowrak.
Gepledim-de, degdi başyma taýak - diýipdir.
■ HEMME ÝER HEZIL
Sowatlylygy üçin molla lakamyny alan Peleň atly biri kolhoz ilki gurulýan uçurlarynda Hezil diýen ogluny hem ýanyna alyp, Aşgabada saman satmaga gidipdir. Peleň molla samanyny satyp, boşan saman ganarlaryny bugurçysyna ýükläp, öýe gaýtjak bolanda, görse, ýanynda Hezil ýok. Ol Teke bazaryň içine aýlanyp ýörşüne:
— Aý, Hezil, Hezil-how. Aý, Hezil-ä, Hezil-how diýip gygyrýarmyş.
Şol wagt onuň gapdalyndan geçip barýanyň biri Peleň aga garap:
— Ýaşuly, näme diýýäň? - diýip soraýar.
— Hezil diýýän
Onda ol adam:
— Ah, ýaşuly, puluň bolsa, diňe Teke bazary däl, hemme ýer hezil ahyryn - diýipdir.
■ GOLTUGYNDA BOLSA, NÄDEÝIN?
Bir gün bir garga çagalaryny daşyna üýşürip, olara öwüt berýärmiş:
— Aý, ogullarym, gyzlarym, balalarym, siz adamzatdan ahmal bolmaň. Adamzady gören ýeriňizde, ondan gaçyň. Eger adam egläýse, kesek aljak boldugydyr. Kesek aldygy hem sizi kesekläp, urup öldürer, serasap bolaweriň, balalarym.
Eneleriniň agzyna bakyp oturan garga çagalarynyň iň körpejesi:
— Eje, sen: «Adamzat egilse, kesek alar, gaçyň» diýýäň. Eger adamzat egilmese, ýöne ozal goltugynda daş göterip ýören bolsa, soňam şol durşuna bizi daşlaýsa, onda näme? - diýip sorapdyr.
Onda ene garga:
— Balam, görýän welin, şonda nätmelidigini hem özüň biläýjek ýaly. Şeýle sorag berýän bolsaň, sen hiç wagt hor bolmarsyň, doganlaryňy hem hor etmersiň. Baryň, indi uçup gidiberiň - diýipdir.
■ HEZILIŇ KERPIÇ GUÝŞY
Hezil diýen biri öz obasynyň ilerisindäki güzerde kerpiç guýýan eken. Ol kerpiç guýýarka uly ýoluň her bir geçýän ýolagçysy sorag baryny berip, ony bizar edipdirler, sebäbi obanyň üzümçiligi, bagçylygy, gök ekini obadan ilerde bolansoň, her kim Heziliň ýanyndan geçmeli bolýan eken. Halys işlemäge goýmansoňlar, ahyry Hezil bir ýasy tagtanyň ýüzüne iri hatlar ýazypdyr-da, ony edil gelnip-geçiläýjek ýerde dikip goýupdyr. Kim:
— Salawmaleýkim - diýip gelse, Hezil barmagyny şol tagta tarap çommaldyp, sesini çykarman kerpiç guýmasyny dowam etdiriberipdir. Ol tagtada şeýle ýazgy bar eken: «Bar bol. Waleýkim. Saglykmy? Özüň arma. Kerpiç önýär. Her müňüni on manada guýýan. Sapargula guýup berýän. Her günde sekiz - dokuz ýüz guýýan. Müňüsini günde guýýan gezegimem bar. Bolýar, özüňem sag bol, hoş».
■ ONSOŇ ÝÜREGIŇ DÜŞÜŞER
Bir aýalyň äri ölüpdir. Äri öleniň deň - duş aýallary ýogalanyň üçi güni pata ýerine gelipdirler. Olar baryp, bir salym aglaşýarlar-da, soňra diňip, hal-ahwal soraşmaga başlaýarlar.
— Wah-eý, pylanam şeýle bolaýdymy? Yzy ýarasyn. Garaz şeýle-dä. Ahyry şeýle bolmaly-da...
Äri ölen aýal bärisine bakyp:
—A-ýu, men size çynymy aýdaýyn.Ynha, indi üç günüň içidir, ärim ölse-de, meniň-ä şu wagt ýüregim är küýsänok - diýýär.
Onda gelen aýallaryň biri:
— Aýu, gyz, gaýrat etgin, ynha, ýedisi hem bir pilledir. Ýedisine çenli hem bir gaýrat edip otursaň, onsoň ýüregiň düşüşer - diýipdir.
■ ÖZÜŇIZ GOWŞYRSYŇYZ-DA
Gökdepe urşundan 5-6 ýyl geçenden soň, bir garyp öz aýalyna çapady bişirdip, ony esgerlere satmak üçin Gökdepä barýar. Ol gelip, çapadylaryny ýaýradyp otyrka, esgerler ýeke-ýekeden gelip:
— Poçem? - diýip soraýarmyşlar. Ol döwürde türkmenlerde ors diline düşünýän ýok ekeni. Çapady satjak bolýan garybam lal ýaly bolup, esgerleriň ýüzüne seredip, ýyrşaraýmakdan başga alaç tapmandyr.
Esgerler munuň zada düşünmändigini bilip, birnäçeleri garypdan ony-muny soran bolup, beýlekileri ýuwaş-ýuwaşdan munuň çapadylaryny daşap gutarypdyrlar. Garyp bir seretse, çapadylary gutarypdyr, eline bolsa gara köpük düşmändir. Ol esgerleriň yzyndan seredip:
— Aý, özüňiz-ä biri-biriňize meňzeş saryýagyz gowy ýigitler ekeniňiz. Men-ä haýsy-haýsyňyzdygyňyzy hem tanajak däl. Elbetde, çapadynyň puluny özüňiz gowşyrsyňyz-da. Men ýene ertirem geljek - diýip, saçagyny siltäp, ýerinden turup, obasyna baka ugraýar.
■ MENI TANAÝARMYŇ?
Iki sany dost bar ekeni. Bularyň biri gaty agyr syrkawlapdyr. Beýlekisi ony soramaga gelýär-de, syrkawyň ýüzüne seredip:
— Ýeri, dost, ýagşymysyň? Meni tanaýarmyň? - diýipdir.
Syrkaw gözüni açyp:
— Men-ä bilemok, soňky alanym bolaýmasaň - diýýär welin, soramaga gelen dostunyň gahary gelip:
— Adam tanaýşyň şu boljak bolsa, gutulmanjyk geçersiň - diýip, öýkeläp çykyp gidýär.
■ ET SÜÝJÜLIGINI GOÝSA ...
Geldi diýen bir adam bolup, özem ogry eken. Bir gün ony et ogurlygynyň üstünde tutanlar. Il-gün oňa:
— Geldi aga, sen ogurlygyňy goý, mundan iş bolmaz-diýenlerinde, ol:
— Eger et süýjüligini goýsa, men hem ogurlygymy goýaryn - diýipdir.
■ HIÇ BIRI HEM GEÇMEZ
Bir üýşmeleňde bir molla gürrüň edip oturan eken:
— Syrat köprüsi gyldan inçe, gylyçdan hem ýiti...
Şol wagt oturanlaryň biri:
— Bä... Öwlüýäjan kessin, munuň inçeligini. Ýoluň şol bolsa, biziň obamyzdan-a bir adam hem geçmez - diýipdir.
■ ŞARPYLDY BILEN GÜRPÜLDI
Bir adam gijeler gidip, halkyň bugdaýyny orup getirip, şony satyp, peýda görermiş. Bir gün ol biriniň bugdaýyny orup ýörkä, hiňlenip:
— Pahyr men diýip, lap eder men,
Gije şarpyldyny görüp - diýjek bolup, soňky sözüň «gör..» diýen ýerine ýetende, bugdaýyň eýesi gelip, onuň arkasyna taýak bilen urup:
— Gendime kasat eýlediň,
Arkaňda gürpüldini gör - diýip, ogryny ýenjen.
■ JANY BERK KÖR
Bir örän owadan gelniň kel hem-de bir gözi kör äri bar eken. Bir gün gelniň äri guýa ýykylypdyr. Ony çykarjak bolup, guýynyň başyna üýşen adamlar:
— Aý, ol eýýäm ölendir - diýşipdirler.
Onda onuň gelni gelip:
— Meniň gara bagtyma oňa hiç zadam bolmaz - diýipdir. Gelniň aýdyşy ýalam bolupdyr. Adamlar guýa ýüp sallapdyrlar welin, guýa inen ýüpe dyrmaşyp, ol guýudan çykypdyr. Oňa hiç zadam bolmandyr. Adamlar ondan:
— Sen guýa nädip ýykyldyň, hany, aýt - diýip soranlarynda, ýaňky kör:
— Ine, şeýdip ýykyldym - diýip, nädip ýykylanyny görkezjek bolup, ýene-de guýynyň içine başaşak gaýdypdyr.
Adamlar:
— Şu sapar-a boýny oňurlandyr - diýşipdirler.
Onda gelin:
— Ýok, ol ýene-de guýudan çykar - diýipdir.
Adamlar şondan soň körüň adyny tutup gygyrypdyrlar welin, guýudan:
— Haw - diýen ses eşidilipdir.
Şeýdip köri ýene guýudan çykarypdyrlar. Bu gezegem zaňňaryň bitiniň burny hem ganaman, ýyrş-ýyrş edýärmiş.
Ony görüp, adamlar gülüşip, dagapdyrlar.
■ EŞEKLI ÝAŞULY
Bir ýaşuly adam ýoluň ugry bilen eşekli barýar eken. Ol ýaşulynyň yzyndan bir maşyn ýetip, deňinden ötüberen. Ýaşuly ýaňky maşyna elini galdyryp, duruzýar-da, eşegi bilen onuň nowasyna münýär. Sürüji ony barjak ýerine eltýär. Ýaşuly maşyndan düşensoň sürüji oňa:
— Ýaşuly, hany ýolkireý ber - diýen.
Ýaşuly bolsa:
— Maşynyňa münen şu eşek boldy. Maňa onuň üstünde oturmakdan başga alaç galmady. Sen kireýi menden däl-de, şu eşekden al - diýipdir.
Sürüji ýaşuludan utulanyny bilip, öz ýoluna gidiberýär.
■ ÝAMAN GAÝYN ENE
Gaýdyp gelýän gelniň gaýnyna:
— Gelniň gelýär, daýza - diýip buşlapdyrlar. Ol aýal gelniniň gelýänine begenmän, gaýtam:
— Gelin gelýär diýmäň, ýalyn gelýär diýiň, ballar akan duluma doňuz gelýär diýiň - diýip zeýrenipdir.
■ ALMA BIŞDI
Bir adam dälihana baryp, dälileri synlap duruberýär. Bularyň haýsysyny görse, maýyp-müjürip eken. Ol adam dälileriň birinden:
— Näme üçin siziň hemmäňiz diýen ýaly maýyp-müjürip? - diýip soraýar. Onda dälileriň biri:
— Biz alma bişdi oýnaýarys - diýen. Sag adam ýene däliden:
— O nähili oýun - diýip sorapdyr.
— Biz saňa görkezäýäris - diýip, ýaňky däli beýleki dälilere ýüzlenipdir:
— Hemmäňiz ýeriňize geçiň.
Ol şeýle diýenden, dälileriň hemmesi agaçlara dyrmaşypdyr. Başky däli:
— Pylanyýew, sen bişdiň - diýip, dälileriň atlaryny tutup başlapdyr. Dälilerem bir-birden patlap, ýere gaçyp başlaýarlar. Sag adam bularyň oýnuny görüp, sesini çykarman gidiberipdir.
■ IŇŇE SÖZÜMIZIŇ BAŞY
Bir obada samsygrak ýigit bar eken. Ol öz dostunyň ýanyna baryp:
— Eý, dost, gyzyň ýanyna ilki baraňda näme diýmeli? - diýip sorapdyr. Onda dosty:
— A, gyz, iňňäň barmy? - diýip sora!
Ol dostundan hoşal bolup gidipdir-de, bir gyzyň ýanyna baryp:
— A,gyz, iňňäň barmy? - diýip sorapdyr. Ol gyz bolsa:
— Iňňäni näme etjek? - diýipdir. Onda ýaňky oglan:
— Iňňe - sözümiziň başy - diýip, jogap beripdir.
■ ERTIR HAÇAN GELERKÄ?
Bir obada iki sany gyz bar eken. Gyzlaryň howandarlary olara:
— Siziň biriňizi geljek ýyl äre berjek, beýlekiňizi bolsa ertir äre berjek - diýipdir.
Birden geljek ýyl äre beriljek gyz aglamaga oturypdyr. Ertir äre beriljek gyz hem aglan. Onda beýleki gyz:
— Ýeri, seni ertir äre berýärler, sen näme aglaýarsyň? - diýip sorapdyr. Onda ertir äre beriljek gyz:
— Gelen ýyllar gelesi, dogan, ertir haçan bolasy? - diýip, ertiriň gelerine takat etmeýärmiş.
■ WEZIRIŇ GYZY
Bir garrap giden patyşanyň weziriniň gaty owadan gyzy bar eken. Patyşa bu gyza aşyk bolup, weziri çagyryp aýdan:
— Sen gyzyňy maňa ber.
Wezir näme diýjegini bilmän:
— Aý, patyşa, ol bir gowy zat welin, men gyzyň enesidir gyzyň özüne-de geňeşeýin - diýen.
Patyşa wezire rusgat beren welin, wezir gelip aýalyna we gyzyna patyşanyň aýdan sözlerini habar beren. Onda gyzy:
— Eý, ata, bu bir ýagşy habar, olar gelibersin, ýöne men öz bahamy özüm kesjek - diýen.
Wezir baryp, gyzynyň sözüni patyşa ýetiren. Patyşa-da şat bolup, gyzyň ýanyna wekil iberen. Gyz gelen wekillere aýdan:
— Meniň baham şu bolmaly: 20 guzy, 30 gurt, 40 iner, 50 aýgyr, 60 agta, 70 nogta, 80 duşak, 90 torba.
Wekiller:
— Bu zatlaryň näme tapmasy bar - diýşip, patyşanyň ýanyna baryp, bar zady bolşy-bolşy ýaly aýdanlar. Patyşa:
— Boljak zat bolupdyr, ol zatlar bize tapdyrtmaz - diýen.
— Gyzyň 20 guzy diýdigi, adam 20 ýaşda guzy ýaly bolar, 30 gurt diýdigi, adam 30 ýaşynda gurt ýaly bolar, 40 iner diýdigi, adam 40 ýaşynda iner ýaly bolar, 50 aýgyr diýdigi, 50 ýaş hem çakdyr diýdigi bolar. 60 agta diýdigi, adam 60 ýaşda agta ýaly bolar, 70 nogta diýdigi, adam 70 ýaşynda başy nogtaly ýaly bolar, 90 diýdigi, adam 90 ýaşda başyna torba geýdiräýmeli bolar diýdigidir.
■ HAÇAN GÖRSEŇ AÝAK ASTYNDA
Barýan ugruny hem aňlamaýan bir kör bir gün sermenip, ýykylyp-sürşüp daş çykýar. Ol şol gelşine, gözi görmänsoň, ýatan itiň üstünden aýagy bilen basýar-da, äme-säme bolup, bir gapdala ýykylýar. Ýerinden turan kör:
— Şu haramzada haçan görseň, aýak astynda ýatyr - diýip, ite käýinmäge durupdyr.
■ MOLLANYŇ GEÇI PAÝLAÝŞY
Iki sany adam geçi öldürip, ony paýlamak üçin mollany çagyrypdyrlar. Gelen molla geçini paýlamaga durýar-da:
Başy mollanyň,
Döşi mollanyň,
Ýediniň bäşi mollanyň,
Galan ikisinde-de bardyr işi mollanyň - diýip, geçini ýedi bölüp, başyny, döşüni, ýedi bölegiň hem bäşini özi alyp, galan iki bölegiň hem hersini birine berýär. Soňam:
— Ol ikisinde-de bardyr işi mollanyň - diýip, özlerine ýeten eti bişirensoňlaram özüni çagyrmaklygy ýaňky ikisiniň boýnuna goýýar.
■ BARY ŞU DEREDE GYRLAÝYPMY?
Öwez aga ýoldaşy Myrat atly dosty bilen Çukurak deräniň ugry bilen atly barýan eken. Olaryň öňünden bir uly daş çykýar. Myrat aýdýar:
— Öwez aga, şu ýerde düşläli, atlarymyz naharlansyn. Bu daşyň aşagy bir şehit öleniň mazarydyr. Gel, bir aýat okaly. Men her gezek şu daşyň deňinden geçemde jübimde baryndan pulam goýýaryn.
Myrat şeýle diýýär-de, üç manat çykaryp, daşyň öňünde goýýar. Muny görüp, Öwez aga hem bir otuzlyk çykarypdyr. Olar ýola düşüp ugranlarynda Myrat Öwez aga duýdurman, ýaňky goýlan pullary alyp, jübüsine salýar. Bular şeýdip gidiberipdirler. Esli wagtdan Myrat ajygyp ugrapdyr. Olar bir suwly ýabyň başyna ýetenlerinde ol Öwez aga ýüzlenip:
— Gel, şu ýerde ýene bir şehidiň mazary bar, oňa-da aýat okaly - diýýär.
Myrat şeýdip, Öwez aganyň süýtli çöreginden geregini edinýär. Olar aýat okap, ýene-de ýola düşýärler. Gidip barýarkalar öňlerinden ýene-de bir üsti daşly depe çykýar. Ýene-de Myrat:
— Öwez aga, şu ýerde hem aýat okaly - diýip, depäniň üstüne üç manat oklaýar. Öwez aga-da ýene otuzlyk çykarýar. Ugraberenlerinde Myrat bildirmän taşlanan pullary alyp, jübüsine salýar.
Olar ýene barýarkalar öňlerinden bir şehitlik çykýar. Myrat:
— Öwez aga, şu ýerde hem aýat okaly - diýýär.
Öwez aga-da ýukalyp barýan jübüsini sypap:
— Myrat, näme, ähli halk şu derede gyrylaýypmy, ne beýle şehidiň köp-le? - diýipdir.
■ BABASY PAHYR HEM ŞEÝLEDI
Bir şahyrsumak bar eken. Ol oýnanyňy, degişeniňi bilmez eken. Oňa:
— Pylany, hany bir goşgy goş - diýseler, ol sözleri kapyýalaşdyryp, güzlediberipdir.
Bir gün oňa bir atlyny görkezip:
— Şol gelýän atla goşgy goş - diýipdirler.
Ol:
— Ilerden bir ýorga gelýär üffüldäp, üffüldäp,
Aýagynyň naly ýalpyldap - diýip wazladypdyr. Muňa hemmeler gülüpdir. Şonda şahyrsumagyň ejesi:
— Babasy pahyr hem şeýledi, goşgy goşup, ili güldürerdi - diýip, oglunyň goşgusy ile ýarandyr öýdüp, ony mazamlajak bolupdyr.
Onda oturanlaryň biri:
— Şahyrsumagyň babasam oýnatgy bolan eken-ow - diýenini duýman galypdyr.
Taýýarlan: Orazgylyç ÇARYÝEW.
Degişmeler