■ ÝALANÇY
Bir adam aýdan:
— Men ýalan sözlemäge köp ökde boldum.
Onda atasy aýdan:
— Oglum, sen ony oňarmarsyň.
Bir gün bular märekäniň içinde otyrkalar ogly aýdan:
— Men şu gün bir keýik tüpeňledim welin, ok baryp, bir toýnagyny, bir gulagyny alyp gitdi.
Onda oturanlaryň biri:
— Ýalan sözleme, ok keýigiň toýnagy bilen gulagyna birlikde nädip degsin? - diýen.
Şeýdip, oglany masgara edenler. Onuň atasy oturyp bilmän:
— Ýok, adamlar, munuň diýýäniniň ugry bar. Eger şol wagt keýik toýnagy bilen gulagynyň düýbüni gazap duran bolsa, ok onuň toýnagy bilen gulagyna birlikde degse-de degäýer - diýip, oglunyň ýalanyny ýuwan.
Soň olar öýlerine gelende atasy:
— Men saňa aýtdym, sen oňarmarsyň diýdim, etmediň. Indi ýalan sözlän wagtyň ýerden örküňi üzme. Seniň ýalanyňy düzlemek maňa kyn bolýar - diýip, ogluna tabşyran. Ýene bir gün olar bir topar adamyň arasynda otyrkalar, ogly:
— Men şu gün gezip ýördüm welin, gökden güjük sesini eşitdim - diýen.
Onda oturan adamlar:
— Sen, oglan, köp ýalan sözleýäň. Heý-de gökde-de bir güjük bormy? - diýenler.
Onda oglanyň atasy aýdan:
— Ýok, adamlar, siz ony geň görmäň. Şu gün pylanylaryň ganjygy guzlapdyr welin, olar güjükleri meýdanda taşlapdyrlar. Şolaryň birini çaýkel alyp gidäýendir.
Atasy şeýdip, oglunyň bu ýalanyny hem çyna berimsiz eden. Soňra ol:
— Indi sen ýalan sözleme - diýip, oglunyň ýalan sözlemegini goýdurypdyr.
■ ÝANYNDA ÝATMAK BOLARMY?
Üç dogan bar eken. Iki uly dogan bir gün aýdan:
— Biz iň kiçi doganymyzy daş ýerden öýereli.
Onda kiçi doganlary aýdan:
— Men gelin gelen güni ýanynda ýataryn.
Onda uly doganlary ikiläp, ony urmaga başlanlar. Bularyň galmagalyna adamlar çozup gelip:
— Ýeri, näme boldy, muny näme üçin urýarsyňyz? - diýip, sorasalar, olar aýdanlar:
— Biz muny daş ýerden öýerjek welin, bu gelniniň gelen güni ýanynda ýatjak diýýär. Heýem bir uzak ýoldan ýadap gelen gelniň ýanynda ýatmak bolarmy?
■ ODUNA GIDIŞLIK
Bir gün üç dogan ýygnanyp, maslahat edenler: «Geliň, biz oduna gideliň» . Uly doganlary aýdan:
— Men sogan götereýin, sen ýag göter, ol hem çörek götersin.
Olar maslahatlaryny birikdirip, oduna gitmekçi bolanlar. Oduna gidiljek gün bularyň hemmesi ýanlary bilen diňe sogan alyp gidýärler. Olar odun ýygyp ýörkäler ajygyp, goşa gelseler, hemmesiniň getireni sogan bolup çykýar. Bular şeýdip, sogan iýmäge oturanlar welin, gözlerinden ýaş dökülüp ugran.
Olaryň biri:
— Biziň hemmämiziň gözümizden ýaş çykýar welin, öýmüzde bir zadymyz ölendir - diýipdir. Beýleki doganlar:
— Bildiň, dogan - diýşip, obalaryna gelip, her haýsy:
— Waý dogan - diýip, gapylarynda ýykylan welin, il-gün ýygnanyp: «Bulara näme bolduka?» diýşip, gelip, ses etmäge başlanlar. Adamlar biraz salymdan seslerini goýup, soranlar:
— Ýeri, size näme boldy?
— Biz odun ýygyp ýörkäk, ajygyp, sogan iýmäge oturdyk welin, hemmämiziň gözümizden ýaş döküldi. Biz hem size bir zat bolandyr diýip, ýygyp ýören odunymyzy taşlap, yzymyza dolandyk - diýip, doganlar jogap berenler.
Onda adamlar:
— Bize zat bolanok, ýöne biz siziň biriňize bir zat boldumyka diýip gorkduk - diýenler.
Doganlar, şonluk bilen, özlerine zat bolmandygyny bilip, oduna ýaňadan gidenler.
■ ONUŇ SAPAGY ELIPBIÝDIR
Bir adam başyna selle oranyp otyrka, bir nätanyş adam ony synlap, ýaňkynyň mollasyndan onuň alan sapagyny sorapdyr. Onda molla aýdypdyr:
— Onuň alan sapagy elipbiýdir.
Muny eşiden nätanyş:
— Be, ylahym, özüne işan diýdirmäge munuň ýüzem gyzarmady - diýen.
■ ATAŇ MYRAT JOMMAN BOLSA ...
Myrat jomman diýen bir adam ogluny öýerjek bolup:
— Eý, oglum, pylan gyzy halaýaňmy - diýse, ogly:
— Ýok - diýýärmiş.
— Pylanyny halaýaňmy?
— Ýok.
— Aý, bolýar-da.
— Gözli-gaşly zat bolsa halamok.
Onda Myrat jomman:
— Ataň Myrat jomman bolsa, eneň Nurça perreň bolsa, saňa-da gerek gowusy, maňa-da gerek gowusy - diýip janygypdyr.
■ MASGARA BOLAN BAGŞY
Bir gün bir adam bagşy bilen ýat oba bagşyçylyk etmäge giden. Bagşynyň ýoldaşy çaýhor eken. Bir gezek ol:
— Sen hemişe çaý içýärsiň. Hany, maňa-da biraz guý, menem içip göreýin - diýýär welin, bagşy aýdan:
— Sen ozal içmeýän bolsaň, indi hem içme.
— Sen maňa bir owurt çaý bermän, masgara etdiň welin, men hem seni masgara ederin - diýip, ol adam dillenen.
Soň bir gezek bir ýerde bagşy gije çenli aýdym aýdyp, ýerine geçip ýatan welin, onuň ýoldaşy ertesi irräk turup, künnügi suwdan dolduryp, oduň başynda goýan. Suw ýagşy ýylansoň, ol ýuwaşlyk bilen baryp, ýaňky suwy bagşynyň balagynyň agzyndan guýan welin, giç ýatan adam muny duýmandyr. Bagşynyň ýoldaşy ýaňadandan otda suw goýup, oňa aýdan:
— Indi turar wagt boldy,
Onuň bu sözüne öý eýesi oýanyp, heleýine:
— Tur-da, myhmanlaryň düşegini ýygna - diýipdir.
Onuň heleýi turup, myhmanlaryň düşegini ýygnamaga barsa, bagşy uklap ýatan eken. Aýal bagşynyň üstüne atynan ýorganyny galdyrypdyr welin, bagşy oýanypdyr. Görse, üsti öl-myžžykmyş. Bagşynyň göwnüne geleni: «Men ýeri ölläýdimmikäm?» diýen pikir bolupdyr. Ol ýerinden turman ýatyberen. Ol aýal hem baryp:
— Bagşy oýanmandyr - diýip, ärine habar beripdir.
Şol wagt bagşy kellesini galdyryp, ýoldaşyna aýdan:
— Meniň işim gaýdypdyr. Sen bar zatlary alyp, ýabyň başynda durarsyň.
Onda ýoldaşy soran:
— Näme boldy?
Bagşy aýdan:
— Men ýerimi ölläpdirin.
Bagşy şeýle diýip, ýerinden turýar-da, başyny alyp, obadan çykan. Onuň ýoldaşy bolsa zatlaryny ýygnap, çaý içmäge oturan. Öý eýesi ondan:
— Hany bagşy? - diýip soran.
Onda ol aýdan:
— Bagşy ýerini ölläpdir. Ol şonuň üçin gaçyp gitdi.
Soňra ol hem myhman ýeri bilen hoşlaşyp, ýola düşen. Ol bagşynyň bar diýen ýerine baryp görse, bagşy balagyny ýuwup duran. Ol ýetip gelen ýoldaşyndan soran:
— Maňa näme bolduka?
Onda ýoldaşy aýdan:
— Çaýy köpräk içen bolaýmasaň...
■ PIRIM, KYÝAMAT-A GOPANDYR
Bir sopynyň öýünde azyk-owkady gutarandan soň, özi ýaly aksakal adamlara geňeşýär. Ol adamlar:
— Bar, piriň ýanyna - diýip, maslahat berýärler.
Ol piriniň ýanyna baryp:
— Pirim, seniň maňa haçan peýdaň deger? - diýip soraýar.
Piri:
— Saňa peýdam kyýamat gopanda deger - diýip, jogap berýär.
Onda sopy aýdýar:
— Kyýamat gopanda peýdaň degjek bolsa, meniň üçin-ä şu gün kyýamat gopdy, pirim.
■ ALAÇSYZ ADAM
Bir adamyň käri adamlary gülüşdirip ýörmek eken. Onuň garry enesi bolup, bir gün ol ýogalypdyr. Şonda adamlar ýygnanyp, maslahat edipdirler:
— Bu adam iliň ýasynda hem adamlary gülüşdirýär. Indi öz enesi ölende-de güldürmese, biz ony ýöne etmäliň.
Gülüşdiregen adam enesini jaýlansoňlar, adamlardan öňürti dolanyp gelip, gapynyň agzynda bir uly çukur gazyp, onuň üstüne hem düşek atypdyr. Gölegçiler ýogalany jaýlap gelip, ses edip, düşegiň üstüne ýykylanlar welin, barysy çukuryň içine dolanlar. Şol wagt gülüşdiregen adam aglap:
— Waý, indi men nädeýin,meniň enemiň öleni öleni, ilim-günümi hem ýer ýuwutdy - diýipdir.
Adamlar çukurdan çykyp:
— Muňa hiç alaç bolmajak eken - diýşip, gülüşip gidenler.
■ ÇATMASAŇ GAÇAR
Bir türkmen dilini bilmeýän adam türkmen obasyna gelýär. Ol bir çopanyň ýanynda iki sany biri-birine çatylgy goýny görüp:
— Çatyrygy çänd äst? - diýýär.
Çopan hem pars dilini bilmeýän eken. Ol nätanyş: «Goýunlary näme çatyp goýupsyň?» diýýändir öýdüp:
— Çatmasam, gaçyp barýar daga - diýýär.
Gelmişek bu çopanyň deňinden geçip, bir goýny ýaňyja suwdan çykaryp duran başga bir çopana sataşyp, oňa:
— Miforuşi? - diýýär.
Bu çopan hem onuň sözüne düşünmän:
— Ýaňyja suwdan çykyp durşy - diýýär.
■ DIÝDIRMÄN, ÖZLERI EDIBERÝÄRLER
Kümüşdepede Nurmmämet diýen bir adam bar. Bir gün Nurmämmet bir öýde otyr eken. Ýanynda hem kümüşdepeli Mollamyrat we başga-da birnäçe adam bar eken. Nurmämmet bu adamlaryň arasynda oturan ýerinden:
— Men orsça bilýärin - diýipdir.
Oturanlaryň biri ondan:
— Orsça şekere näme diýilýär? - diýip soraýar.
Nurmämmet:
— Sahyr - diýip, jogap berýär.
Ýaňky adam ýene:
— Suwa näme diýilýär? - diýip soraýar.
Nurmämmet:
— Wada - diýýär.
Şol wagt Mollamyrat ondan ýeser çykjak bolup, ody sönen pejiň ýanynda oturan Nurmämmede ýüzlenip:
— Haý, oglan, sen orsça bilýän bolsaň, aýt, orslar: «Tur, peje odun sal» diýmekçi bolanlarynda näme diýýärler? - diýip sorapdyr.
Nurmämmet oňa:
— Orslar-a: «Tur, peje odun sal» diýip duranoklar-da, özleri turaga-da salaýýarlar - diýip, jogap beren.
■ TÄZE HANYŇ HUDAÝ BOLŞY
Täze han atly bir emelsiziräk ussa bir gün işläp otyrka, birnäçe adam onuň ýanyna gürrüňçilige gelipdir. Tebigat, dürli hadysalar hakdaky gürrüňiň arasynda Täze han aýdypdyr:
— Aý, men Hudaý bolaýsam-a...
Onda oturanlar:
— Ýeri, ussa, ine sen Hudaý-da, nätjek? - diýipdirler.
Täze han aýdypdyr:
— Men Hudaýmy?
Oturanlar:
— Hawa, sen Hudaý - diýipdirler.
Täze han eliniň aýasyny owkalap, ony gök nasdan dolduryp, agzyna atyp, birsalym ýüzüni aşak salyp, dymyp oturýar. Soňra ol:
— Aý, adamlar, alyň-ow menden şu hudaýlygyňyzy - diýýär.
Oturanlar:
— Ýeri, ussa, näme boldy? -boluşýarlar.
Täze han:
— Aý, adamlar, men Hudaý bolsam, şu inim Sähetmyrat mürrügi görýärmisiňiz, ol baý boljak bolar, men etmejek bolaryn. Şunluk bilen, şonuň ýeke özi maňa iş boljak, başga zada meniň elim hem degjek däl. Şoňa görä hem hudaýlygyňyzy oňaryp biljek däl - diýýär.
■ ŞOŇA-HA SIZEM HAÝRAN, BIZEM
Anna Külüň diýen adamyň gelni gaýdyp gelende yzynda üç sanjak çaga hem bar eken. Anna Külüň gelninden:
— Bu çagalary nireden gazandyň? - diýip sorapdyr. Onda gelni aýdypdyr:
— Wi, oglan, Anna batyr, seniň-ä hemme zat ýadyňdan çykyp gidipdir.
Gelin soňra uluja çagasyny görkezip:
— Bujagaz-a...ho-l dagda geçi sagýakak sen bir gelip gitmediňmi? Ana, şonda galypdyr. Bujagazam, ho-l biz gumda oturan gyşymyz men odun ýygyp ýörkäm, sen bir baryp, meniň ýelýyrtan gyňajymam sypyryp gaçmadyňmy? Ana, şonda galypdyr.
Anna Külüň üçünji çaga elini uzadyp:
— Ýagşy, olar-a şondan eken hamana, onda bujagaz nireden? - diýip, sorapdyr. Gelin:
— Oglan, Anna batyr, şujagaza-ha sizem haýran, bizem haýran - diýipdir.
■ OGLUM, IÇIŇ ÝANDYMY?
Bir gün oba adamlary kerwen gurap, bugdaý, tüwi, jöwen ýaly zatlary getirmek üçin Hywa gidýärler. Olar bilen Ýaňrasatlygyň ogly Garasatlygam gidýär. Hywa baryp-gelmek üçin üç aý wagt gerek eken.
Bular Hywadan ýüklerini tutup, yzlaryna ugraýarlar. Obalaryna ýetmäge iki menzil ýol galanda, Garasatlyk atyny çapdyryp, kerwenden ozup gaýdyberýär. Onuň yzynda ýaş gelni galan eken. Onuň ýanyna ýetjek bolup, haýdap gelşine, ol ýarygije obalaryna ýetipdir. Ol öýlerine gelip, ýuwaşjadan atdan düşüp, gelniniň ýanyna girmek üçin onuň ýatan otagyna tarap ýönelende, atasy Ýaňrasatlyk onuň takyrdysyna oýanyp, oglunyň gelenini bilýär we ojakda ot ýakýar-da, daşary çykyp:
— Haý, halaýyk, haý geleweriň. Hywa giden kerweniň öňatlysy geldi haw - diýip, edýär gykylygy.
Onuň sesine ondan ol gelipdir, mundan bu gelipdir, şeýdip, oba adamlarynyň bary bulara üýşüpdir. Ony-muny soran bolup, adamlar tä daň atýança dargamandyrlar. Olar diňe gün dogandan soň öýlerine gaýdypdyrlar.
Adamlar gaýdansoň Ýaňrasatlyk ogly Garasatlyga aýdypdyr:
— Oglum, içiň ýandymy?
— Ony gelniňden sora - diýip, ogly oňa per bermändir.
■ ÖRDEK ÝUMURTGASY
Bir gün Ýaňrasatlyk, onuň ogly Garasatlyk, ýene-de birnäçe atly bolup, bir ýerik pata gidýärler. Olar ýol bilen baryşlaryna alty-ýedi sany ördek ýumurtgasynyň üstünden barýarlar. Garasatlyk aýdýar:
— Kaka, şu ýumurtgalary sen alaýsana.
Kakasy atdan düşüp, ýumurtgalary alýar-da, telpeginiň içine salýar. Biraz salymdan Garasatlyk ýanyndaky ýoldaşlaryna aýdýar:
— Men yza galyp: «Sürüň» diýip, atymy çapyp gaýdaryn. Şol wagt sizem ata gamçy uruň. Kakamyň aty galdawdyr, olam alyp göterer. Onsoň ýumurtgalaryň oýnuna serediberiň.
Onuň aýdyşy ýaly edýärler. Beýlekileriň gohuna Ýaňrasatlygyňam aty alyp gaçýar. Ýaňrasatlyk telpegini saklajak bolup, iki eli bilen onuň üstünden basýar. Şol wagt hem telpegiň içindäki ýumurtgalar owranyp, ýüzi-gözi ýumurtganyň sarysyndan dolýar.
■ DARAGY NEPES ALYP GITDI
Ýaňrasatlykdyr Nepes ikisi köse bolup, bulara sakgal çykmandyr. Olaryň biri obanyň bu çetinde, beýlekisi hem o çetinde ýaşaýar eken. Ýaňrasatlygyň Seýitguly aga diýen bir ýaşuly goňşusy bolup, onuňam gaba sakgaly bar eken. Bir gün ol Ýaňrasatlygyň ýanyna gelip:
— Maňa sakgal daragyňy ber, sakgalymy daraýyn - diýen .
Ýaňrasatlyk:
— Meniň daragymy Nepes alyp gitdi - diýen.
Ýaşuly aýagyny süýräp, Nepeslere barýar-da:
— Nepes, Satlygyň sakgal daragyny ber, men sakgalymy daraýyn - diýýär. Nepes hem:
— Wah, onuň daragyny ýaňyja özüm eltip berdim - diýip, aldap goýberýär.
Iki köse, şeýdip, oňa barsa, darak onda, muňa gelse, onda diýip, ýaşulyny gowy ýadadypdyrlar.
■ TÜWIM, ÝAGYM BOLSA, ET-DE TAPSAM, PALAW EDERDIM
Ýaňy bir gyşdan çykylyp, bahara ýetilende, Ýaňrasatlygyň öýüne iki sany myhman gelen. Ýaňrasatlyk olary näme bilen naharlajagyny bilmän, olaryň öňünde näme goýjagyny bilmän, oýlanyp, şeýle diýen:
— Eý, myhmanlar, Hudaýyň gudraty bilen şu gün biziň öten pygamberlerimiziň arpa ýarmasyny iýen güni. Siz-de aýyplaşmaň, şuny içeliň. Erte saglyk bolsa, tüwi bilen ýagymyz bolsa, et-de tapsam, size palaw bişirip bereýin.
Onda myhmanlar:
— Satlyk aga, sen hiç bizden uýalma, Hudanyň gudraty bilen ýagşyzadalaryň içen zadyny içsek, armanymyz ýok, sag bol-a - diýip, ýarmany içip, ýola düşüpdirler.
■ SAŇA HEM DEGSIN EDERIS
Bir gün ýola çykan Ýaňrasatlyk barjak obasyna baryp bilmän, halys ýadap, bir mazarystanlygyň golaýynda düşlemeli bolýar. «Mazarystanlygyň daşyndan içi aman diýenleri, gel, men mazarlaryň arasynda ýataýyn» diýip, ol mazarystanlygyň edil orta gürpüne barýar-da, nahar bişirmäge oturýar. Bu mazarystanlyga mundan öňem bir adam gelip düşüp, Ýaňrasatlygyň edýän hereketini synlap, gizlenip ýatan eken. Ýaňrasatlyk ýaňy bir nahar iýmäge oturanda, ýaňky adam ony gorkuzmak isläp, bir ýykylan mazardan başyny çykaryp, oňa tarap elini uzadýar-da:
— Maňa-da ber - diýýär.
Ýaňrasatlyk oňa barmysyňam diýmän, ýeke özi nahar iýip oturanmyş.
Ýaňky adam ýene-de elini uzadyp:
— Maňa-da ber - diýýär.
Ýaňrasatlyk hem ondan gorkaýyn hem diýmän:
— Aý, ýatybersene, saňa-da degsin ederis. Bu wagtyň ölüsi-de bisabyr bolupdyr - diýen.
AŞ BERSEŇ, TOWŞANY MENEM TUTARYN
Bir gün Ýaňrasatlyk düýesini gözläp ýörşüne, bir öýe myhman bolan. Ol görse, eýesi gatykly aş bilen tazysyny naharlap oturan eken. Ýaňrasatlyk öý eýesinden:
— Muňa näme üçin gatykly aş berýäň? - diýip sorapdyr.
Onda öý eýesi:
— Muny ertir towşana alyp gitjek - diýýär.
Onda Ýaňrasatlyk:
— Gatykly aş berseň-ä, towşany menem tutaryn - diýen.
DARYNY DEŞIP, BUGDAÝY GEÇIR
Bir gün Garasatlyk bazardan ýagşy bir ädik alyp gelen. Ädik onuň kakasy Ýaňrasatlygyň göwnüne ýarap, ogluna:
— Şu ädigiňi maňa bersene, oglum - diýen.
Onda ogly aýdýar:
— Meniň saňa bir şertim bar, şony bitir-de alaý.
Kakasy:
— Ýagşy, aýt şertiňi, bitireýin - diýende, ogly:
— Daryny deşip, onuň deşiginden bugdaý dänesini geçir-de, ädigi bir köpük bermän alaý - diýipdir.
■ BITIŇ GÖZI GÖRNERMI?
Bir gün oýlanyp oturşyna Ýaňrasatlyk ogly Garasatlykdan soran:
— Oglum, Satlyk, heý bitiň gözüni görüp bolarmyka?
Ogly hem aýdýar:
— Bu ýerlerde görmek kynmyş. Ynha Ystambulda Kerim han diýen adam görüpdir.
— Sen ony näbilýäň? Ýalan bolaýmasyn.
— Ata, ynanmasaň, git-de gör-de geläý - diýip, Garasatlyk kakasyna jogap beripdir.
■ ÖÝÜMDE HEM ŞUNUŇ ÝALY ÝATASYM GELER
Bir gün Ýaňrasatlygyň ýoly Esenguly diýen şäheriň golaýyndaky bir obanyň üstünden düşüp, bir öýe myhman bolýar. Öý eýesi Ýaňrasatlygy ýagşy sylap, hormatlap, agşam ýatjak bolanda onuň ýatjak ýerine guşuň ýelegi dykylan düşekçe düşäp, başujyna iki sany uly ýassyk oklap, goşa ýorgany hem düşegiň üstüne taşladypdyr. Ýaňrasatlyk öý eýesinden:
— Indi men nirede ýataýyn? - diýip sorapdyr.
Öý eýesi:
— Ho-l aňryňdaky ýer seniň üçin salyndy, geç-de ýatyber - diýýär.
Onda Ýaňrasatlyk:
— Men ömrümde munuň ýaly ýerde ýatyp göremok. Aýryň bu zatlary, ýogsam, öz öýümde-de şunuň ýaly ýerde ýatasym geler - diýip, özi üçin salnan ýorgan - düşekleri bir ýana düýrläp, öz içmegine dolanyp ýatypdyr.
■ HAÝ, AŞAGYNDAN DÖKÜLER
Ýaňky obadan bir öý Ýaňrasatlygy myhmançylyga çagyrypdyr. Ýaňrasatlyk henize çenli semawary görmän eken. Myhman çagyran öýüň bikesi muňa çaý gaýnadyp bermek üçin, çelekden suw alyp, semawara guýmaga durupdyr. Ýaňrasatlyk muny görüp, derrew semawara golaý barypdyr-da, onuň aşagyndaky deşikleri gaýym baglapdyr. Ol aýal hem oňa:
— Ol deşiklerden suw dökülmez, eliňi aýraý - diýýär-de, Ýaňrasatlyk elini aýryp-aýyrmanka semawara ot salyp başlaýar. Ýaňrasatlyk ondan soraýar:
— Sen näme etjek bolýarsyň?
Aýal hem:
— Saňa çaý gaýnadyp berjek - diýýär.
— Haý, şeýdip, ýagşam bir çaý gaýnadarsyň. Suwuň üstünden ot salsaň, ol sönmejekmi? Sen meni oýnajak bolýarsyň - diýip, Ýaňrasatlyk ol öýden öýkeläp çykyp gaýdýar.
■ KAKA, SEN NÄME DÜÝŞ GÖRDÜŇ?
Ýaňrasatlyk saçyny syrdyrmaga adam tapman, bir gün ogly Garasatlyga:
— Oglum, meniň saçymy syryp bersene - diýende, ogly:
— Ajap bolýar, kaka - diýip, bir kütek päki bilen atasynyň başyny syrmaga durýar. Ol bilkastdan päkä kakasynyň kellesini kesdirip, saçlaryny ýolup, wes-weýran edip, wagty bilen gutarmaýar. Atasy-da munuň bilkastdan şeýdip duranyny bilip, garaz, çydan bolup oturýar gözüni ýumup. Ogly ondan:
— Kaka, näme del düýş gördüň? - diýip, soraýar.
Atasy:
— Eý, oglum, düýşümde bir gara eşek başymy gemrip durmyka diýýän - diýip, jogap berýär.
■ BEÝLESINDEN AÝLANARDY
Garasatlygyň atasy Ýaňrasatlyk hemişe bir ýüwrük tazyny aw üçin saklarmyş. Bir gün Ýaňrasatlyk nähoşlapdyr. Munuň hal-ahwalyny soramaga oba adamlary jemlenişip gelýär. Bir molla-da: «Nähoşy soramaklyk sogapdyr» diýip, munuň öýüne gelse, nähoşuň öýünde bir tazy ýatanmyş. Molla birnäçe mysallar getirip aýdýar:
— It ýatan öýe perişde gelmezmiş.
Onda Ýaňrasatlyk:
— Haý, molla jan, perişdäniň gelesi gelýän däldir, eger-de geljek bolsa, itiň beýle ýanyndan aýlanyp gaýdybersin - diýip, mollany geplemez ýaly edipdir.
■ PULUNY BILÝÄRIN
Gyşyň sowuk günlerinde Ýaňrasatlygyň iki içmegi bolup, Garasatlygyň bir içmegi hem ýok ekeni. Ol dony bilen oňup ýörenmiş. Bir gün Garasatlyk kakasynyň ýanyna baryp, içmeginiň birini satmagy haýyş edýär. Atasy oňa:
— Mende satlyk içmek ýok - diýip, jogap beren.
— Onda wagtlaýyn beräý.
— Wagtlaýyn hem berjek däl.
Onda Garasatlyk:
— Eýle bolsa, kireýine ber - diýipdir.
Atasy içmegi kireýine bermäge razy bolup:
— Iki aýyna näçe kireý berjek? - diýip sorapdyr.
Onda Garasatlyk:
— Kaka, näçe alsaň, eliň boş. Näçe alsaň beräýerin - diýýär.
— Onda her aýda sekiz manat berseň, han-ha içmek - diýip, atasy içmegi Garasatlyga beripdir.
Garasatlyk täzeje içmegi geýip, haýsy ýerde gara-gura, hapa-hupa bolsa, şol ýerde oturýarmyşyn. Atasy onuň bolşuna çydaman:
— Haý, oglum, içmegi zaýaladyň - diýýär welin, ogly oňa:
— Aý, men diňe kireý puluny bilýärin - diýip, jogap beripdir.
Taýýarlan: Orazgylyç Çaryýew.
Degişmeler