17:41 Türkmeniñ buýsanjy / goşgular | |
■ TÜRKMEN TOPRAGYM
Goşgular
Gör nähili ajap mahmal gijeler, Bulutdan iterlip çykanda Kamar, Aýyň gül ýüzünden inen şöhleler, Mähriban topragyň gursagna damar. Damar, ýagtylanar, dereler, düzler, Nur deňzine meňzäp durar töwerek. Sütünler sapakly iňňeler ýaly, Uzaklardan görünip dur bir seret. Ýakymly söz deýin mylaýym yeller, Gülleriň ysyny getirýär bile. Şu wagt meniň ses goşasym gelip dur, Güle aşyk bolan şeýda bilbile. Topragym gün-günden özgerýär, ösýär, Kanalym gök guşak biliňde seniň. Nirä baksam ekinzarlyk durşuna, Gujur bar, gaýrat bar iliňde seniň. Men yssy ýüregiň aşygy, Watan! Mähir bilen doly seniň kükregiň. Jomartlyk hakynda edilse gürrüň, Göz öňüme gelýär eziz topragym! Iýul, 1968ý. Mary şäheri. ■ GUMLARYŇ SENIŇ Baharda deňiz deý ýatar çaýkanyp, Ulgam-ulgam bolup gomlaryň seniñ! Goýnuňda gözeller gezer ýaýkanyp, Asmanyňda altyn jamlaryň seniň! Göge baksam hatar-hatar gazlaryň, Ýere baksam gül meňizli gyzlaryň. Her saýyňda besse-besse yzlaryň, Ýatyr ýazylmaly tomlaryň seniň! Daglaryňda aýrak, çölüňde keýik, Kalbyň deý giň sähra, daglaryň beýik. Gezdim ähli zadyň ýürekden söýüp, Durşuna hazyna gumlaryň seniň! 4.04.1990 ý. ■ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY Türkmeniň buýsanjy halym, Seniň syryň bilen barmy? Ýüzüň tagma, içde manyň, Seniň syryň bilen barmy? Köp gezdim seni derekläp, Eždatlar dokan daraklap. Kitap gatlaryn waraklap, Seniň syryň bilen barmy? Gözbaşyň has uzakmydyr, Ony bilmek güzapmydyr, Gölleriň matal, hatmydyr, Seniň syryň bilen barmy? Seniň aslyň Altaýdanmy, Gün handanmy, Aý handanmy, Görogly beg, Handandanmy, Seniň syryň bilen barmy? Besläp öýdüm — nokadyňy, Salyp dagy — çökedini, Burla hatyn dokadymy, Seniň syryň bilen bilen barmy? Senmi Žužan[1] alamaty, Gitdimi Türk kaganaty, Halym! Türkmeniň ganaty, Seniň syryň bilen barmy? 24.03.1997 ý. __________________________ "Şejerei terakime", Aşgabat 1992, 12–13 sahypasy. 1. Žužan — Gündogar Mogolystan we günbatar Mançžuriýada ýaşan halk. 552-nji ýylda Bumin Kagan Žužan döwletini ýeňip, Türk kaganlygyny gurýar. ■ TÜRKMENIM Keramatly Oguz hanyň nesli sen, Aňyrsy belentden gaýdan, türkmenim! Salyr Gazan, Göroglynyň asly sen, Rüstem sen tupandan gaýdan, türkmenim! Adyň bar taryhyň çuňluklarynda, Gündogar çölünde — gumluklarynda. Sibiriň tokaýlyk — tümlüklerinde, Suw içen sen Enesaýdan, türkmenim! Yrtyşda, Orhonda, Taklamakanda, Oguz han baýdagy bardy depäňde. Yssykköl boýunda ajap mekanda, Atyňy sürdüň sen Çüýden, türkmenim! Günorta tarapyň Hindidi, Çindi, Aşaky serhetiň derýaýy – Tindi. Ýaňykentde atyň laçyn dek süýndi, Ýörediň daglardan, saýdan, türkmenim! Aldyň gol astyna Rumy, Araby, Gara deňiz boýun, Kawkaz, Hazary. Elleriň gylyçly, biliň gamaly, Atlarňy bezediň şaýdan, türkmenim! Akylyň kesgirdi, zordy bilegiň, Maňgyşlak, Was, Üstýurt soňky geleniň. Şaňňyrdap çykardy gyzyň – geliniň, Kümüş gupba kimin öýden, türkmenim! Ahyrda saýladyň Garagum çölün, Ýurduň ne gözel göýä bir gelin. Garaşsyzlyk galkyndyrdy illeriň, Belent saz ýaňlanýar toýdan, türkmenim! 12.02.1997 ý. ■ SAÝRA TÜRKMENIM Galkyndyrdy garaşsyzlyk tolkunyy, Diliňe döneýin, saýra türkmenim. Gül dek tämiz, şirinligi bal kimin, Diliňe döneýin, saýra türkmenim. Beýik Magtymguly sözlän diliň bar, Dil genji içinde parlak gülüň bar. Halkym sende edep – ekram, bilim bar, Diliňe döneýin, saýra türkmenim. Ýollaryňda dürli öwrümem boldy, Permanlaryň boldy, emriňem boldy. Jahana ýaň salan döwrüňem boldy, Diliňe döneýin, saýra türkmenim. Geçmişe ser salsam, baksam taryha, Beýik halkym mynasyp sen tarypa. Bitiren işleriň sygmaz galypa, Diliňe döneýin, saýra türkmenim. Aýdym aýt sen, ýaýna beýik mekanda, Keramat bar aýdym – sazda, mukamda. Ýaşyl baýdak pasyrdap dur depäňde, Diliňe döneýin, saýra türkmenim. Allanyň nazary düşdi ülkäme, Alkyş bolsun ýaradana ýalkana. Hümmet diläp il ogluna sultana, Diliňe döneýin, saýra türkmenim. 14-15.04.2000 ý. ■ BAÝDAGYM Köp asyrlyk arzuwy sen türkmeniň, Bäsleşýäň bahara — ýaza baýdagym! Az görýän baş egip göze sürtmegim, Çökeýin öňüňde dyza, baýdagym! Ýaşyl tugum alyp git sen ileri Türkmenistan halkyn – ähli illeri. Öňe barýas mäkäm guşap billeri, Başka ýol ýok indi yza, baýdagym! Kalbymda müň ýyllap edenim telwas, Baýdagym – bagt guşum, eýle sen perwaz. Aga diýmeklikden eýlediň halas Parla sen goşulyp saza, baýdagym! Meňziňde nur saçýar ýyldyzym – aýym, Arzuwym, islegim, namysym, arym. Göwsünde pasyrda bu goja şaryň, Ruh berip ogluňa – gyza, baýdagym! Watanym çalymdaş täze nahala, Bag eçiler bejerene – bakana. Adyň doldy bu gün külli jahana, Ogşar sen çörege, duza baýdagym! 16.02.1997 ý. ■ MEŇZÄR Baýyrdaky ýaşyl otlar, Çaganyň galpagna meňzär, Asmandaky ak bulutlar, Türkmeniň telpegne meňzär. Kömelekler jyklap çykar, Ýaz pasyly diýseň çeker, Gül ysyny her ýan seper, Gyzlaryň gulpagna meňzär. Ülkäm dagyň-dereleriň, Hiç ýer bilen deňeşmerin. Ýaz mähriban eneleriň, Gujagna- goltugna meňzär. 4.04.1990 ý. SÄHRAM Sähram! Gözel sähram, diňle sözümi, Sen maňa zyban ber bilbiller deýin. Ruhuma siňdirip seniň lezzetiň, Adyňy dilime sena edeýin. Ynha ýöräp barýan, Garanyp her ýan. Aýagmy söýäp dur bu gülli zemin. Golun bulap obamyzyň baglary, Goýnuna çagyrýar gözeller kimin. Sähram! Eziz sähram, Läleli ashram! Baglaryň ne ajap, saýasy salkyn. Seni Jeýhun derýaň gandyryşy ýaly, Men haçan gandyryn sähranyň halkyn?! “Täze durmuş” gazeti, 20.07.1968 ý. Sapargeldi HUDAÝBERDIÝEW. | |
|
√ Zyňlan bäbek / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Aman Gulmämmedowa / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Saýhally hem sada / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Yşkdan dawa kylan kişi... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Din-u millet sorar iseň, aşyklara din ne hajat? / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Suw perisi / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Diňleseň... / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Nyşanmy / Goşgular - 09.11.2024 |
√ Ýene-de Stalin hakynda / Goşgular - 12.10.2024 |
√ Sary ýaprak / Goşgular - 07.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |