TÜRKMENISTANA SYÝAHAT
Rus-türkmen gatnaşyklary dogrusynda XIX asyryň ikinji ýarymynda, aýratynam Türkmenistanyň Russiýa birikdirilmeginiň öňüsyrasynda köp sanly awtorlaryň işlerinde aýdylyp geçilýär. A.Wamberi, G.I.Danilewskiý, Gulibefde de Blokwil, N.I.Grodekow, Alyhanow-Awarskiý, P.M.Lessar, A.Kun, N.Petrusewiç, N.W.Çarykow, Mak-Gahan, N.N.Karazin, Girşfeld, Galkin we beýlekiler bu babatda uly iş bitiripdiler.
XX asyryň başlarynda Türkmenistana uly saz etnograflarynyň we saz öwrenijileriň bir topary gelýär. Belli saz öwreniji W.N.Garteweld tarapyndan bu ugurdan gymmatly işleriň edilendigini aýtmak gerek. Onuň Türkmenistana syýahatynyň netijesinde bu ülke hakyndaky oçerkler, gymmatly fonoýazgylar peýda bolýar. Olar öz döwründe Ýewropa ýurtlaryna ýaýrap, köp-köp adamlaryň ünsüni özüne çekýär.
Ol özüniň «Ürgün çägeligiň we çapylan kelleriň arasynda» /1918‑nji ýyl. Türküstan ýol oçerkleri/ atly kitabyny Moskwada 1914‑nji ýylda I.A.Maýewskiniň neşirýatynda çap etdirýär. Awtor özüniň bu işini W.G.Korolenko bagyşlaýar. Kitap «Moskwadan Aşgabada çenli», «Tekeleriň halylary, aýdymlary we ertekileri», «Baýramaly we köne Merw» ýaly bölümlere bölünipdir.
Ol Kaspi deňzini «Düel» atly ýolagçy gämisi bilen ýüzüp geçýär. Ine-de Garteweld Krasnowodskide. Syýahatçy ilkinji täsirlerini şeýle beýan edýär: «Krasnowodsk-uýezdiň esasy şäheri, şonuň üçinem elbetde, bu ýerde uýezd naçalnigi ýaşaýar. Bu ýerde hiç hili ösümlige gözüň düşjek gümany ýok, içilýän suwam gytçylyk edýär. Jenap uýezd naçalniginiň ýedi müň adamly rezidensiýasyny siz bary-ýogy ýarym sagatda aýlanyp çykyp bilersiziň. Şu aýlanan wagtyňyzyň içinde siziň ünsüňizi çekäýjek ýekeje-de owadan zada gözüňiz kaklyşmaz.
Krasnowodskiniň elbetde, uly geljegi bar, häzirem onuň üstünden geçýän söwda harytlary az däl. Mahlasy, bütin söwda işleri Krasnowodskiniň üstünden geçýär»...
Wokzala gaýdyşyn ýolda ol şäher bagyna sowulýar. Bu ýerde şäherli bir nätanyş oňa gabarasy boýunça öýdäki akwariumdan uly bolmadyk fontan bilen bäş sany kelek agajy uly buýsanç bilen görkezýär. Dogrusy, suwuň ýetmezçilik edýän ýerinde bu-da bir kiçi-girimzat däl. Şonuň üçinem syýahatçy öz söhbetdeşiniň göwnüni götermek maksady bilen özüniň mahabatly sözüni näçe diýseň gysganmaýar.
Ine-de garaşylan pursat gelip ýetýär. Gündiz sagat birde Orta Aziýa demir ýolunyň otlusy Aşgabada tarap ugraýar. Ol 2-nji klasly wagona düşýär. Wagona girip-girmän öz gözüne ynanmajak bolýar:
Wagonyň içi mazaly gyzgyny ýeten hammamy ýadyna salýardy. Ýolagçylar bolsa kimdigine, aýal-u-ebtatdygyna garamazdan, sögünç baryny ýagdyrýardylar. Konduktoryň bolsa bir jogabydy: «Gyş döwri Russiýanyň demir ýollarynda peç ýakmaga rugsat edilýär».
Garteweld soňra Aşgabada çenli öz gören-eşiden zatlary hakdaky täsirlerini ine, şeýle suratlandyrýar: «Krasnowodskiden Aşgabada çenli ýol gözüňi ýadadýan bir meňzeş jansyz ýatan çöllükden ybarat. Bu çöl gorkunçlygy tä Aşgabada barýançaň gapdalyňdan aýrylanok.
Suw. Bu Türküstan üçin hemme zat: hem şatlyk, hem gahatlyk, hem ikirjeňlenme, hem umyt. Şonuň üçinem türkmenler «Biziň ýerimiz giden bir ummasyz, aňyrsy-bärsi görnenok, ýöne onda suw ýetmezçilik edýär» diýip, aýdýarlar.
Krasnowodski bilen Aşgabat aralygynda hiç hili irrigasiýa işleri alnyp barylmandyr, onsoňam bu ýeriň topragy, ýokarda aýdyşym ýaly, ekin üçin ýaramsyz.
Men otlynyň Gökdepede gije, özem az wagtlaýyn saklanandygyna gaty gynandym. Emma muňa garamazdan, men wagondan çykyp, käbir zatlary görmäge, synlamaga ýetişdim. Gökdepe demir ýol stansiýasynyň edil golaýjygynda gaty baý muzeý bar, munda dürli zatlar, suratlar, dokumentler... saklanýar.
Daşdan seredeniňde, bu jaý birbada sende täsin geňirgenme döredýär, çünki ol ne rus, ne-de türkmen stilinde salnypdyr. Ol grek jaýlaryna meňzedilip salnypdy...
Daňdan sagat altyda Garteweld Aşgabatda. Ol şäheriň iň gowy myhmanhanasy hasap edilýän «Grand-Otelde» düşleýär. Ol Aşgabatda iki hepdeläp-rojdestwo günlerinden tä ýanwaryň ortalaryna çenli ýaşaýar. Ol şu döwrüň içinde şäherdäki Ota Aziýa demir ýol uprawleniýesi, okrug sudy, Gosbankyň bölümi, gyzlar gimnaziýasy, erkekler progimnaziýasy, tehniki uçilişe, Kuropatkiniň bagçylyk mekdebi we gaýry zatlar bilen tanyşmaga ýetişýär.
Ýol oçerkinden setirler:
«Bütin Zakaspi oblastyna häsiýetli bolan aýylganç keselleri Aşgabatdan ýaýraýar. Men «pendi ýazwasy» hakda aýdýaryn. Ol ilkinji gezek Pendi pristawlygynda ýüze çykanlygy üçinem, oňa şeýle at berlipdir. Bu kesel ýaşyňy, baýlygyňy, haýsy jynslygyňy saýgaryp duranok. Keseliň nähili döreýiş sebäplerini anyklap bolanok. Oňa garşy ulanylýan däri-dermanam tapylanok. Bu kesel bilen kesellän, pers-ala gotur ýüzli ýaş gyzy göreniňde, ýürekden nebsiň agyrýar.
Men atşynas däl, şonuň üçinem olar bilen kän gyzyklanyp ýöremok.
Ýöne welin, bir zady boýun alasym gelýär: meniň hiç haçan Aşgabatdaky athanada şeýle owadan atlary görerin diýip, asla hakydama-da gelmändi. Hatda şeýle atlaryň bardygy kelläme-de gelenok.
At däl-de, giden bir poemaň bar. Athanada baýtallaryň 60-sy saklanylýar. Hökümetden kömek bolmazlygyna garamazdan, atlara allanäme seredilýär. Bu athananyň esasy maksady, teke bedewleriniň dünýäniň ýüzünden ýok bolup gitmezligini gazanmakdyr»....
Ine-de 1913-nji ýylyň 3-nji ýanwar güni, öýlän sagat üç. Ýanyndaky türkmen dilmajy bilen rus polkownigi onuň yzyndan gelýär. Olar şäherden çykyp, paýtunlarynyň ýüzüni çöllüge tarap tutdurýarlar.
Aşgabady gallap oturan belent-belent daglar barha golaý gelýärdi. Bu daglaryň eteginde uly Köşi obasy baýyry ýassanyp ýatyrdy. Obanyň daş-töweregine palçykdan salnan beýik bolmadyk haýat tutýardy. Olar oba golaýlaşdyklaryça itleriň üýrýän sesleri güýjeýärdi. Birdenem 40-50 sany at paýtunlaryň daşyny gallaýar.
Aşgabatly myhmanlary oba adamlary gowy garşylaýarlar. Olar obanyň ýaşulusynyňkada myhmançylykda bolýarlar. Iki sany uly jamda towukdyr goýun etinden bişirilen tagamly palaw myhmanlaryň öňüne çekilýär.
Bir tabak myhmanlar üçin, beýleki tabagam öý eýeleri üçin getirilýär. Nahardan soň, Garteweld türkmen bagşylaryndan birnäçe heňi nota ýazgysyna geçirýär. Soňra öý eýesi myhmanlary öz hojalygy bilen tanyşdyrýar. Syýahatçy jaýlaryň birinde haly dokap oturan bir ýaşgyzy görüp, onuň eliniň hünärine, onuň owadanlygyna gaty haýran galýar.
Oba aýlanýan wagtlary olar köp täsin zatlary synlaýar. Oba adamlary topar-topar bolup, olaryň yzyndan galanoklar.
1913-nji ýylyň 12-nji ýanwary. Ol ir bilen Aşgabatdan göni Baýramala (Mara sowulman) tarap geçip gidýär. Şol wagt Maryda mergi keseli sebäpli, karantiniň ýaňy açylan wagty eken.
Ýol oçerkinden setirler:
«Türkmenler öz düýelerini gaty gowy görýärler. Ony dürli matalardyr, onsoňam, jaňjagazlaryň şekili bilen bezeýärler. Şeýle hem men türkmenleriň haýwany urup duran pursatyny görmedim.
Gadymy Marynyň harabaçylyklary özüniň taryhy wakalry bilen arheologlar üçin ägirt uly işdir, emma maňa Baýramalyda köpden bäri ýaşaýanlaryň aýtmaklaryna görä, Marynyň harabaçylyklaryna görmäge ýekeje-de arheolog gelmändir.
Men gadymy Marynyň diwarlarynyň köne derwezelerinden ätlänimde, arheologlaryň bu ýerde nazar salmaklarynyň gaty zerurdygyna ýene bir gezek göz ýetirdim. Sebäp diýeninde, harabaçylygyň içini hapa dökülýän ýere öwrüpdirler. Onsoňam edil öz ýanymda arabaly adamlar arkaýyn geldiler-de, diwary ýykmaga durdylar. Daş baryny araba ýükläbem äkitdiler. Megerem, ony şosse ýollaryna düşejeklerdir.
Garaz, gepiň küle ýeri, beýik Makedon gahrymanynyň döwründäki ýaly (ýöne öňküdenem az töwekgellik bilen) gadymy Maryny haraba öwürmek işi üstünlik bilen dowam edýär.
Jenap arheologlar! Jenap etiograflar! Ehe-eý, nirede siz?".
Hawa, Türkmenistanda syýahatda ýören Garteweldi hemme zat gyzyklandyrypdyr. Bu ülkäniň halkyna degişli medeni mirasam, ony gorap saklamaklygam, onuň nazaryndan sypmaýar. Garteweld şeýle hem bu güneş ülkesiniň adamlarynyň myhmansöýerligine, açyk göwünliligine, ýönekeýligine, aýal-gyzlarynyň el hünärine uly sarpa goýupdyr.
1987 ý.
Taryhy makalalar