14:53 Türkmensähradaky Osmanly mesjidi | |
TÜRKMENSÄHRADAKY OSMANLY MESJIDI
Taryhy ýerler
Türki halklaryñ müñýyllyklara uzaýan baý öwüşginli we buýsançly umumymilli taryhy we medeniýeti bar. Elbetde, bu baý medeniýetiñ gözbaşynda we özeninde bolsa, türkmen halky bar. Gadymy Turan imperiýasyny, Parfiýa, Kuşanlar, Eftalitler döwletlerini, Beýik Oguz, Hazar kaganlyklaryny, Gaznawylar soltanlygyny, Seljuklar imperiýasyny, Horezmşalar döwletini, dünýä şan beren Osmanly we Hindistandaky Bahadyrly, Kutubşalar, Halajylar türkmen döwletlerini, Emir Teýmirleñiñ nesilşalygyny, Altyn Ordany, Mamlýuklar, Garagoýunly, Akgoýunly, Sefewiler, Gajar, Owşar döwletlerini... (sanasañ sogaby kän!) döredenler hut türkmenlerdir, türkmenleriñ ata-babalarydyr! Dünýäniñ çar künjüni ýurt tutunan türkmen Adriatik deñziniñ kenarlaryndan tä Hytaý diwarynyñ eteklerine çenli aralykda ýazylyp-ýaýrap, onlarça türki halklaryñ kemala gelmeginde möhüm rol oýnady. Hatda bu gün saýrylaşyp bütinleý başga halka öwrülen kowumlaryñ käbiri özleriniñ etniki düzüminde türkmen ganynyñ, türki gatanjyñ bardygyny buýsanç bilen boýnuna alýarlar. Makalamyzyñ gürrüñi bu barada däl. Biz bu söhbetimizde şu giñ geografik giñişlikde ýaýrap birgiden medeniýetleri döreden halkymyzyñ dünýäniñ başga künjünde ýaşaýan ganybir doganlary bilen taryhyñ hiç bir döwründe hem üzñeleşip gitmändigini bir mysalyñ - bu gün Eýran Yslam Respublikasynyñ çäklerinde galan türkmen ýurdy Türkmensährada ýüz ýyldan gowrak wagt mundan öñ gurlan Osmanly mesjidiniñ üsti bilen görkezmek isleýäris. Halk arasynda şeýle bir gürrüñ bar: Türkmensähranyñ ymamy haja gitmek üçin Mekgä tarap ýola rowana bolýar. Ymam ýolda osmanly paşasyna (generalyna) sataşýar. Paşa oña: - Men sizi düýşümde gördüm. Näme arzuwyñ bolsa aýt, berjaý edeýin - diýipdir. Ymam oña ýaşaýan ýerinde metjidiñ ýoklugyny we bir metjit salmaga kömek gerekdigini aýdýar. Osmanly serkerdesi oña: - Men saña metjidi salyp berjek ussa we gerekli puly ugradaryn, olar arzuwlan metjidiñi gurup bererler - diýipdir. Wadasyny ýerine ýetiren paşa ymama iki sany ussa we gerekli harçlyk puly ugradýar. Wagtyñ geçmegi bilen ussalar baran ýerlerinde - Türkmensährada aradan çykypdyrlar we şol ýerde-de jaýlanypdyrlar... Halk arasynda aýdylanlara gulak gerseñ, metjidi gurmaga hemaýat eden Ysmaýyl Enwer paşa eken. Ymam ony patyşadyr öýdüpdir. Aradan 6-7 ýyl dagy geçipdir. Şol wagtlar on iki ýaşly oglanjyk bolan Işan hojanyñ kakasy şeýle waka şaýat bolupdyr: Bir gün Osmanly döwletinden ýokary çinli bir serkerde gelipdir we metjitde bäş gije-gündizläp düşläpdir. Soñra ol ýoluna dowam edip, Türkmenistana sary ýoluna dowam edipdir. (Aýdylan wagt ýüz ýyl çemesi mundan öñ - Ysmaýyl Enwer paşanyñ Türküstany [Orta Aziýany] rus basybalyjylaryndan azat ediş hereketini turzan ýyllaryna gabat gelýär). Häzir Gylyç işan hezretleriniñ ogullarynda onuñ ýazgy depderi we Osmanly metjidiniñ ýadygärlik ýazgysy saklanyp galypdyr. Osmanly metjidi hakyndaky gymmatly maglumatlary we bu barada gyzykly gürrüñleri beren hem Ak işan hojanyñ ogludyr. # http://www.turkbilimi.com/iran-turkmensahrada-osmanli-camii/ | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |