TYLLA BALYK
Bir bar eken, bir ýok eken, gadym zamanlarda bir goja kişi özüniň kempiri bilen deňziň kenarynda ýerleşýän köne tünekde ýaşaýar eken. Ol balyk tutmak bilen meşgullansa, kempiri onuň tutup getiren balyklaryny arassalap, olary hojalyk üçin zerur bolan önümlerine çalşyp, şonuň bilen oňňut ederler ekenler. Gyş aýlary welin är-aýalyň güzerany hasam agyrlaşypdyr. Deňziň suwy doňupdyr. Onsoň ökde balykçylar bolaýmasa, o günler goja balyk tutmak başartmandyr.
Ýaz çykyp, buzlar eräp başlanda welin, goja ýene-de balyk tutmaga gider eken. Ýöne, toruna balyk düşmänsoň, onuň öýüne eli boş gaýdan wagtlary hem köp bolar eken. Ine, bir günem toruny deňze oklap, kenaryň gyrasynda oturan mahaly, ýüzüp ýören balyklaryň uly toparyna gözi düşüpdir.„Wah, şolardan birki sanjagyny tutup bolaýsady,kempir ikimize iki günläp huruş bolardy“ diýip, goja göwün ýüwürdipdir. Balyklar bolsa onuň göz öňünde bökjekläp, birgeňsi oýunlar edip ýörmüşin. Olaryň arasynda özüni goja güjeňleýän ýaly, suwdan adam boýy ýokaryk galyp, ýene-de suwa çümýäni-de barmyşyn. Goja balyklaryň bu oýunlaryna uzakly günläp tomaşa edip oturypdyr. Soňam gören zatlaryny gelip aýalyna gürrüň beripdir.
-- Keýwany, sen heniz uçýan balyklara duşan dälsiň. Men welin olary gözlerim bilen gördüm. Olar edil guşlar ýaly, uzak aralyga bolmasa-da, ganatlaryny kakyşyp, uçup bilýän ekenler. Özlerem suwuň ýüzünde täsin oýunlar edýärler. Şu wagt meniň kelläme bir pikir geldi. Eger-de şo zeýilli uçup bilýan balyklardan tutup bolsady, onam getirip howlymyzdaky howuza goýbersedik. Hä, neneň pikir? Bizem oturan ýerimizden olaryň oýnuna bileje tomaşa edip bilerdik –diýipdir.
-- Goja, boş-boş gürläp, agyz ýaglap oturma. Seniň oýun-tomaşa nirden kelläňe geldi, seniň kädiňde başga näme gep bar? Öýüňde iýere bir döwüm nan ýok, sen bolsa giň ýeriň gürrüňini edýäň. Käşgä, uçýan balyklardan tutup getiren bolsadyň, onda başga gep. Olaryň tomaşasyna, diňe biz däl, belki goňşy-golamlar, hatda uzak ýerlerdenem geljek adamlar tapylardy. Onsoň balygyň eýesi diýip bizem hor saklamazdylar.
Goja aýalynyň aýdanyny makullap, ertesi daň saz bereninden deňziň kenaryna barypdyr. Toruny suwa oklap, uçýan balyklaryň düşerine garaşyp oturyberipdir.
Birsalymdan gojanyň düýnki gören balyklary ýene-de suwuň ýüzünde peýda bolupdyr. Özlerem bir däl, bu gün öňkülerindenem has köp ekenler. Olary synlap durşuna aýalynyň „Käşgä, uçýan balyklardan tutup getirsediň. Onda başga gep. Olaryň tomaşasyna, diňe biz däl, belki goňşy-golamlar, hatda uzak ýerlerdenem geljek adamlar tapylardy. Onsoň balygyň eýesi diýip bizem hor saklamazdylar“ diýen sözleri hakydasyna gelipdir. “Keýwany, dogry aýdýar. Şonda, balygy görmäge gelenler bizi-degözden salmazdylar“ diýip, içini gepledip oturan gojanyň gözleri aýagynyň aşagynda mygyl-mygyl bolşup gybyrdaşyp ýören onlarça gurçuklara düşüpdir. Goja olardan ençemesini gysymlap alypdyr-da, deňze oklapdyr. Birsalymdan gojanyň gurçuk oklan ýerine balyklar süri-süri bolup gelipdirler. Özlerem hakyt uçýan balyklar eken. Goja şondan soňky çöplän gurçuklaryndan hem aram-aram suwa atyp durupdyr. Asyl balyklar üçin gurçuklar bar zatdan-da lezzetli eken. Soňy bilen olar goja balykçydan çekinjegem bolmandyrlar. Gaýta öňkülerinden-de beter şapyrdaşyp bökjekläpdirler. Balyklaryň arasynda uly bir balygam bar eken. „Ol ene balyk bolsa gerek, belki toparyň baştutanydyr“ diýip, goja pikir edipdir.Uly balygyň beýleki balyklara garanda göze ýakymlyja, kümüşsöw endamy bolup, suwdan saýlanyp, ýokary çykan halatynda, günüň şöhlesine lowurdap-lowurdap gidýär eken.
Goja şol günem öýüne boş dolanypdyr. Oňa aýaly has-da ýowuz darapdyr:
-- Nalajedeýin, garry.Ýene-de boş geldiňmi? Hany balyk? Uçýan balyk bar diýýädiň, ýönekeýindenem-ä getirmänsiň. Biz indi aç ölmelimi? Näçe gündür gazan düýbi gyzanok.
-- Sabyr et, keýwany, sabyr et. „Sabyr düýbi--sap altyn“ diýlendir. Bir günden bir gün taňrym bize-de eçiler. Onsoňam, keýwany, toruma balyk düşmese, men günäkär däl ahyryn. Belki, ertir düşer, belki biri gün.
--Gulam hyýaly öldürýändir. Senem hyýal et-de ýör. Ýogsa-da, toruň ýyrtyk ýeri bar bolaýmasyn?! Belki daňylaň ýerleri çözülendir.
-- Ýok,ýok, keýwany, torda ýyrtyk ýerem bolmaz, onuň çözüljek daňysam. Men onuň her bir gözenegini, ömür-öte çözülmez ýaly, kör düwünläp çykdym.
-- Goňşyň sygry guzlan eken, hernä bir okara guýultmak getiräýdi. Bolmasa, biz bu gün açlykdan haram öljekdik. Bar garban, saňa-da aýryp goýandyryn. Ertir welin, sakyn, ir git, gije galma.
-- Bolýa, keýwany...
Goja aýalynyň aýdyşy ýaly hem edipdir. Saba bilen, heniz obada hiç kim örmänkä toruny deňze oklap, balyk düşerine garaşyp oturyberipdir. Soň näme bolandyr öýdýärsiňiz? Soňmy, soň hakyt şol gün gojanyň gökdäki dilegi ýerde gowşupdyr. Onuň toruna balyk, onda-da bir saý-sebäp bilen düýnki gören uly balygyň özi düşüpdir. Goja toruny çekeläp-çekeläp diýen ýaly ony zoraýakdan kenara çykarypdyr. Uly balyk welin tordan sypynjak bolup iki-baka urnupdyr.Goja:
-- Ýok, balyjak, boş urnubap oturma. Barybir, sen menden sypmarsyň. Sen biziň dadymyza ýetişdiň, açlygymyzy ýok edersiň. Bilýäňmi, balyjak, men seni iýmekçi däl. Seni eltip howlymyzdaky howuza goýbärin. Adamlar seniň uçuşyňy, tyllaýy teňňeleriňi, kümüşsöw ganatlaryňy synlamaga gelerler, köpçülikleýin tomaşa ederler. Bizem olaryň arkasyndan garnymyzy doýrarys.
-- Goja, sen meni goýber.
Goja balygyň adam dilinde gepläp bilýänine haýran galypdyr.
-- Asyl sen diňe bir uçup bilýän balyk däl-de, adam dilinde gepläp bilýän balyklardan ekeniň-ä! Gepläp hem uçup bilýäniňi aýtsam, onda-ha seni bizden köp pul berip satyn aljak tütjar baýlaram tapylar.Walla, şonda biziňem açlyk belasyndan mydamalyk dyndygymyz bolar.
-- Hawa, men adam dilinde gepläp bilýän jadyly tylla balygyň neberelerinden. Şonuň üçinem sen meni goýber, men siziň açlykdan dynmagyňyza kömek edeýin.
-- Ýok, sen meni aldap bilmersiň. Elimden sypansoň gaçyp gidersiň. „Kör hasasyn bir gezek aldyrýandyr“. Men seni öýe äkiderin-de, howuza goýbärin.
-- Goja, sen meni pugta diňle. Men seniň hapa suwly howzuňda uzak ýaşamaryn, onda kümüşsöw ganatlarymam, tyllaýy teňňelerimem basym zer-zaýa bolar. Gowusy, meni erkinlige goýber, näme islegiň-haýyşyň bar bolsa aýdyber, ýerine ýetireýin.
-- Ýok, balyjak, meniň islegimem ýok, dilegimem, saňa tomaşa etjek adamlardan düşjek pullaram biziň güzeranymyzy dolamaga ýeter.
Balyk goja ýalbarypdyr.
-- Sen meni howuza eltýänçäňem, ýolda howam ýetmän, heläk bolaryn. Agzyňyz geplesin, näme gerek, bereýin. Ýa-da maňa ynanaňzokmy?
-- Ýok, ýok, men saňa ynanýan, balyjak.
-- Onda näme haýyşyňyz bar, aýdyň?
-- Näme haýyş etsem, ýerine ýetirermiň?
-- Ýogsam, näme? Men aýtdym gutardy.
-- Onda şeýle gürleşeli. Sen meniň iki haýyşymy ýerine ýetirýäň, menem seni boşadýan. Gürleşdikmi?
-- Gürleşdik, men razy. Aýdyberiň, size näme gerek?
-- Öýmüzde bir çuwal bugdaýymyz bolan bolsady, keýwanym bu gün tamdyrda çörek bişirerdi.
-- Bu dilegiň-ä eýýämden kabul, ikinji haýyşyň näme?
-- Ikinji haýyşymmy? Ikinji haýyşym, bütin obaň garyp-gasarlaryna-da bir çuwaldan ýeter ýaly bugdaý berip bilermiň?
-- Bar, bu dilegiňizem kabul. Men siziň iki dilegiňizi hem ýerine ýetirdim. Indi meni boşadyň.
-- Neme... tylla balyjak, birneme sabyr et, howlukma. Men bir öýe baş aýlap gaýdaýyn. Men saňa söz berýän. Hakykatdanam öýmüze, garyp-gasarlara bugdaý barypmy-ýokmy, gözüm bilen göreýin, onsoň derhal gelip seni boşadaryn, bolmaýamy?—diýipdir. Soňam toruň agzyny öňküsinden-de mäkäm daňyp, ony ýaňadandan deňze oklapdyr-da, onuň ýüpli ujuny gara daşa baglap goýupdyr.—Balyjak, men hä diýmän, asyl eglenmän gelerin.
-- Bolýa, goý siziň diýeniňiz bolsun. Ýöne bahym dolanyň. Wagtynda öýe barmasam, ynanyň, biziňkiler alada eder.
Goja öýüne gelip görse, gözlerine ynanmandyr. Aýaly el degirmeninde bugdaý üwäp, ber-başagaý bolup oturan eken. Gapdalynda-da doly cuwal bugdaý, diwara söýelgi dur eken.
-- Keýwany, bu näme? Bize bir çuwal bugdaýy kim getirdi?
-- Onçasyn-a bilmedim, eýwana çyksam, bir çuwal doly bugdaý dur. Kimiň getireninem aňlamadym, gelen-gidenem bolmady. „Hudaý berse guluna, getirip goýar ýoluna“ diýmänmidirler. Menem ondan çörek bişirineýin diýip, üwemäge durdum.
-- Saňa diýsem, keýwany, meniň toruma bir balyk düşdi. Ol adam dilinde gepläp bilýär eken, özem birmahalky jadyly tylla balygyň neberelerindenmişin.
-- Näme-näme, hany gaýtala, tylla balyk, jadyly balyk diýdiňmi!?
-- Hawa, hawa, jadyly tylla balyk. „Eger meni goýberseň, islän zadyňy dile, bereýinem“ diýdi.
-- Aý, ýog-a! Sen onsoň näme dilediň?
-- Bir çuwal bugdaý diledim. Gördüňmi, balyk aldamandyr, beren sözünde tapylypdyr.
-- Bary-ýogy bir çuwal bugdaý üçin sen jadyly tylla balygy boşadyp goýberdiňmi? Getirip howuza goýbersediň, islän mahalymyz, islän şertimizi oňa berjaý etdirip, bol-telkilikde ýaşardyk.
-- Men ondan obamyzyň garyp-gasarlaryna bir çuwaldan bugdaý bermegini hem soradym.
-- Asyl şeýlemi? Her ýerden, her ýerden gulagyma harazlaň güňleç sesi geldi durdy diýdimle.Sen, goja, öňinçä öz hojalygyň hakynda aladalanmaly ekeniň. Bir çuwal bugdaýdan näme bolar! Köpräk soramaly ekeniň, saraýlarymyz bugdaýdan püre-pür dolsun diýmeli ekeniň. Ah, paňkelle, depäňe bagt guşy gonupdyr eken, sen bolsaň ony uçurypsyň. Ýeri, tylla sora, kümüş sora, ýer-mülk sora. Bolmanda uçýan haly soramaly ekeniň. Ýaşymyzyň soňunda ýer ýüzüne syýahat ederdik. Nalajedeýin,tentek!
-- Ajyň garnyny doýurmakdan sogap iş ýokdur. Tylla balyk beren sözünde tapyldy, il-güne-de ýardam etdi.Indi menem lebzimde dursam ýagşy. Baryp ony boşadaýyn.
Aýaly ýerinden syçrap turupdyr:
-- Ol häzirem toruňdamy?
-- Hawa, keýwany. „Baryp göreýin, hakykatdanam keýwanymdyr garyp-gasarlar bugdaý alan bolsalar, gelip seni boşadaýyn“ diýip, bäri gaýtdym.
--Akly çaşan garry, boşadaýmarsyň şony. Tylla balyk bilen meniň özüm gürleşerin. Ondan nämäni soramalydygyny, nämäni soramaly däldigini özüm gowy bilýän. Ömrüm ötýänçä ýatyp iýer ýaly baýlyk dilärin.Ýigrimi bäş ýaş dilärin, perzent dilärin, ýene-ýene kän zat dilärin. Diýenimi etmänem bir görsün, men onuň gözünde ot ýakaryn! Sen meni onuň ýanyna elt.Hany, ýör, bol basym!--diýip,aýaly ärini halys öz gününe goýman, edip oturan işini taşlap, onuň yzyna düşüpdir.
Goja kempirini göwünli-göwünsiz, bialaç yzyna tirkäp, kenara alyp barypdyr. Haýp, baryp görseler torda balyk ýok eken.
-- Hany,balyk? Ýogsa, sen maňa ýalan sözlediňmi?—diýip, kempir äriniň üstüne şir bolup topulypdyr. Goja-da bu boluşa haýran galypdyr. Bu ýere balyk bary üýşüp, tylla balygy erkinlige çykarjaklaryny ol nireden bilsin?! Kempir toruň kertilen ýerini görüp, uludan ah çekipdir. Goja welin begenjinden ýaňa ýyrş-ýyrş edipdir. Tylla balyk heniz deňziň kenaryndan o diýen bir uzaga gitmän eken. Goja oňa minnetdarlyk bildirip, sesiniň ýetdiginden gygyrypdyr:
-- Tylla balyk! Tylla balyk! Ömrüň uzak bolsun! Garyp-gasarlara paýlan bugdaýyň üçin hemmeler saňa alkyş aýdýarlar! Sag bol! Saglykda görşeli!!!
Tylla balyk gojanyň sesini eşidipdir, oňa baş atyp, jogap beripdir. Soňam balyk sürüsini yzyna tirkäp, gündogarlygyna bakan ýüzüp gidiberipdir.
Garry är-aýal bolsa bu wakadan soňam jadyly tylla balygyň dolanyp gelerine umyt baglap, ýyllarboýy garaşypmyşynlar diýýärler. Tylla balyk welin gaýdyp bu ýakalara köwlenmändir.
Ertekiler