18:40 Üç ýyldyz | |
ÜÇ ÝYLDYZ
Taryhy makalalar
• Ibn Sina, Mäne Baba we Seljuklar barada edebi söhbet XI asyrynyň birinji ýarymy türkmen topragynda möhüm wakalaryň bolup geçen, dünýä belli şahslaryň ýaşap öten döwri. Bu döwür garahanlylar, gaznalylar, seljuklar ýaly meşhur türkmen hanedanlarynyň halkymyzyň taryhyna şöhratly sahypalary ýazan ýyllary. Bu asyrda edermen serkerde, başarjaň hökümdar Mahmyt Gaznaly, töweregine alymlary jemläp akademiýa döreden Horezmiň hökümdary Mamun, halkymyza jahan şalygyny döredip beren doganlar Togrul beg bilen Çagry beg ömür sürüpdirler, Al-Biruny, Ibn Sina, Mäne Baba ýaly hakdan içen alymlar bolsa, beýik-beýk açyşlary edip, halkyň hakydasynda hemişelik galypdyrlar. Ömür ýollary biri-biriniňkä meňzemeýän bu ynsanlaryň her biriniň geçen durmuş ýollary täsinliklerden, geň-enaýy wakalardan doly giden bir dünýä. Geçen asyrlaryň dowamynda olara bagyşlanyp onlarça, ýüzlerçe kitaplar neşir edilipdir. Ýöne, şonda-da olaryň many-mazmuna ýugrulan nusgalyk ömür ýollary syrly dünýä ýaly bolup, henize bu güne çenli adamlaryň kalbyny heýjana salyp gelýär. Orta asyr taryhy edebiýatynda gowy beýan edilen belli şahsyýetleriň ömür ýollary, bu döwrüň özboluşly aýratynlyklary, onuň möhüm wakalary giçki döwrün çeper edebiýatynda hem belli bir derejede öz beýanyny tapypdyr. Merkezi Aziýada, aýratyn hem türkmen topragynda ömür süren tanymal şahslaryň durmuş ýollary, dünýäniň syýasy-ykdysady we medeni taýdan ösmegine uly täsir eden taryhy wakalar soňky asyrlarda edebi, suratkeşlik, heýkeltaraşlyk, saz, kino eserlerini döretmek üçin esas bolup hyzmat edipdir. Şu mesele bilen öňräkden bäri gyzyklanmalar, meni sungat äleminde ajaýyp eserleri, wajyp ylmy işleri döretse-de, sungatyň muşdaklarynyň arasynda-da, ylmy jemgyýetçilikde-de känbir tanalmaýan bir ýazaryň eserleriniň üstünden eltdi. Eserler bilen tanyşlygyň örän köp zatlary öwredendigini başdan belläsim gelýär. Men L.G.Saldadzeniň eserlerini göz öňünde tutýaryn. ■ Lýudmila Grigorýewna Saldadze Käri boýunça kinorežissýor, senariýaçy hem-de žurnalist bolupdyr. Ol öz filmlerini esasan musulman dünýäsiniň taryhynda uly yz galdyran Merkezi Aziýa ýurtlarynda surata düşüripdir. Olaryň arasynda türkmen topragynda döredilenleri-de bar. Zehinli kino işgäriniň döreden filmleri sungat äleminde uly üstünlikden peýdalanypdyr. Onuň 1975-nji ýylda Türkmenistanda surata düşüren «Sowgat berlen ýürek» («Сердце в подарок») atly filmi halkara kinofestiwalynyň ýokary baýragyna mynasyp bolupdyr. L.G.Saldadze Merkezi Aziýanyň orta asyr medeniýeti, sungaty, ylymda gazanan üstünlikleri, wakalara baý taryhy bilen hem içgin gyzyklanypdyr. Bu ugurdan onuň ýiti zehinden, ötgür galamyndan birnäçe kitaplar dünýä inipdir. Hökmürowan döwürde ýazylandygyna garamazdan, ýazaryň işleri ylmy taýdan takyklygy hem-de dogruçyllygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Onuň türkmenleriň diňe bir Merkezi Aziýanyň däl, eýsem tutuş musulman dünýäsiniň taryhynda galdyran yzlary baradaky batyrgaý pikirleri haýran galdyrýar. L. G.Saldadze köp alymlaryň ykrar etmäge bogunlary ysmadyk pikirlerini açyk aýdyp bilipdir. Onuň türkmen taryhynda uly yz galdyran Mäne Baba (Abu Sahyt), Biriny, Ibn Sina, al-Horezmi ýaly ylym äleminiň pälwanlary, türkmen taryhynyň guwanjy seljuk türkmenleri, olaryň meşhur hökümdarlarydyr serkerdeleri Arslan Beýgi, Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, gaznaly hökümdary Mahmyt soltan barada berýän maglumatlary diýseň ynandyryjy. Ýazary aýratyn hem XI asyryň birinji ýarymy gyzyklandyrypdyr. Çünki bu ýyllarda bolup geçen möhüm wakalar dünýäniň mundan beýläkki asyrlardaky ösüşiniň esasyny goýupdy. Bu döwre, onuň ajaýyp şahsyýetleriniň ömür ýoluna bagyşlap L.G.Saldadze «Gündogar ýyldyzlary» («Созвездие Ориона»), «Ibn Sina (Awisenna)» atly ajaýyp eserlerini döredipdir. Eserleriň biri pýesa, beýlekisi bolsa taryhy roman görnüşinde ýazylyp, onda XI asyryň birinji ýarymynda ýaşap geçen köp sanly şahslaryň başyndan geçen wakalary, olaryň duşuşyklary we söhbetdeşlikleri beýan edilýär. Türkmen taryhy bilen aýrylmaz baglanyşykly bolandygy üçin bu ajaýyp eserlerden bölekleri gysgaça teswiri bilen okyjylarymyza hödürlemegi makul bildik. Ibn Sina bilen Abu Sahl Mesihiniň Köneürgençden Nusaýa gidişleri XI asyryň başlarynda Horezmiň hökümdary Abu Apbas Mamunyň (999-1016) Köneürgençdäki akademiýasynda Al-Biruny, Ibn Sina, Abu Sahl Mesihi, Ibn Iraki, Abulhasan Hammara ýaly meşhur alymlar işleýär ekenler. Emma Gaznaly hökümdar Mahmyt soltan bu alymlaryň öz köşgüni bezemeklerini isläpdir we şönuň üçin hem Horezme hat iberip, olaryň Gazna iberilmegini talap edipdir. Emma iki dost - Ibn Sina bilen Mesihi Gazna gitmekden boýun gaçyrýarlar hem-de Garagum çölüniň içi bilen Nusaýa çykyp, o taýdan hem Gürgene – Mesihiniň ýurduna gitmek kararyna gelýärler. Mahmydyň köneürgençli alymlary paýtagtyna jemlemek isleginiň esasy sebäbi – ol Ibn Sina ýaly beýik alymyň Gazna köşgünde hyzmat etmegini isleýärdi. Emma Ibn Sina bilen Mesihi wagtynda gaçýarlar. Alymlary Gazna alyp gitmäge gelen Mahmyt soltanyň gadymy göktürkmen hanlarynyň neslinden bolan emiri hoja Hüseýin Mikaýil Köneürgenje gelip iki dostuň gaçandygyny bilip galýar. Mikaýil Birunynyň halypasy belli alym Ibn Iraka, Ibn Sinanyň suratyny çekdirip, onuň suratyny Gazna alyp gidýär. Mahmyt soltan Mikaýiliň Köneürgençden getiren suratyny gaznaly suratkeşlere köpeltdirip, suratyň her nusgasynyň ýanyna perman hem goşup, döwletiň dürli welaýatlaryna iberýär. Çaparlar ýany suratly permany welaýatlaryň emirlerine gowşuranlaryda «şu suratdaky adamy gözläp tapyň we haýal etmän Mahmyt soltanyň huzuryna ugradyň» diýip tabşyrypdyrlar. Ol döwürler Köneürgençden Gürgene aşjak bolsaň iki ýol bar eken. L.G.Saldadzeniň Ibn Sina barada ýazylan kitabynda şol ýollar barada şeýle maglumat berilýär: «Gürgene barmak üçin Sarygamyş kölüniň, Garaşoruň, Uzboýuň ugry bilen hemişe tozap ýatan Barsagelmeziň gumundan geçip, Hazar deňziniň kenary bilen Abeskuna barmaly, Gürgen şol ýerden bir günlik aralykda ýerleşýär. Ibn Sina ol ýoldan gidip biljekmi! Iki dost beýleki ýoly saýlap aldylar. Bu ýola düşüp ilki bilen Üňüz aňyrsyndaky Garaguma tarap dogry günorta tarap gitmeli. Soňra guýularyň ýyldyzlar tarapyndan düzülen kartasy boýunça Derwezäniň altyn gumlaryna, öz-özünden gyzarýan täsin sary aňňatlara ýetip, Ýerbeht guýusyna we ondan ýene-de günortalygyna Bokurdak guýusyna çenli gitmeli. Ondan soň, bir zarpda gumdan çykan ýolagçynyň göwnüni göterýän, tämiz hem-de gür gara baglary şemala ygşyldap oturan Nusaýa çykýarsyň. Nusaý ýöne bir şäher däl-de, teşneligiňi gandyrýan duran bir buz ýaljak suwuň bar-da.» Nusaýa barýan ýolda Ibn Sina bilen Mesihi seljuklar neslinden bolan iki dogan Togrul beg hem-de Çagry beg bilen hem tötänleýin duşuşýarlar. Bu pursat ýazaryň işinde hem öz beýanyny tapypdyr. «Ol ýigitler Seljugyň agtyklary Togrul bilen Çagrydy. Olar hem edil Ibn Sina bilen Mesihi ýaly, aý-aýdyň gije öz adamlary bilen garakçylaryň hem-de galtamanlaryň geçýän ýollary bilen barýardylar. Hiç kimden ses-seda çykmaýardy, hatda olar düýeleriň boýnundaky jaňlary hem aýrypdyrlar. Diňe aýyň ýagtysyna üzeňňileriň, naýzadyr gylyçlaryň ýalpyldysy görünýärdi, adamlaryň ýuwaşja dem alyşlary eşidilýärdi. Aýallar, çagalar, garrylar sökülen gara öýleri, halylar, öý hojalyk esbaplary ýüklenen duýeleriň üstünde. Erkek adamlar göçüň iki tarapynda, yzynda we öňünde atlaryny säpjedip bir ýerde durmaýardylar. - Türkmenler-oguzlar, - diýip, Mesihi Ibn Sina aýtdy we ýolagçylaryň ikisi hem derrew gizlendiler. Gijäniň içinde bulara uns beren bolmady, şonuň üçin hem iki ýolagçy bildirtmän olara goşuldylar. Kerweniň yzyndan barýan iki ýigit olary görmedik bolara çemeli, ýüzlerine äpet silkme telpeklerini süýşürip irkilip gelýärdiler, ýöne irden oduň başynda: - Sen – Ibn Sina! Biz seni tanaýarys... A bu kim? – diýip Mesihini görkezdiler. - Meniň dostum. - Onda bolýar, goý, biz bilen gidibersin. Ýigitleriň ulusy naýzanyň ujuna Mahmydyň buýrugy bilen çekilen Ibn Sinanyň suratyny asdyda-da, atyny gamça basdy. Türkmenler suraty aljak bolup, onuň yzyndan gykuwlaşyp eňdiler. Ahyr suraty on ýedi ýaşlaryndaky kiçi inisi agasynyň elinden kakyp aldy. Ol ýylgyrjaklap Ibn Sinanyň ýanyna geldi-de: - Sen meniň myhmanym bolduň! Seniň başyňdan indi bir gyl hem gymyldamaz! – diýdi. Gumuň içinden türkmenler bilen barýan Ibn Sina ýigitleriň kümüş tokaly gaýyş kemerlerine, gulaklaryndaky ysyrgalaryna, ýeňselerinde örülen uzyn saçlaryna, gyralary gaýmaly gyrmyzy donlaryna, tilki hem-de goýun dersinden tikilen silkme telpeklerine haýran galyp seredýärdi. Birunynyň aýtmagyna görä, «güýzüň ahyrlarynda türkmenler atlaryny, düýelerini, goýunlaryny, sygyrlaryny we öküzlerini öz ýanlary bilen sürüp, Horezme we Syrderýanyň aşak akymlaryna tarap süýşýärler. Tomsuna sährada, gyşyna bolsa çölde göçüp-gonýarlar». - Dokuzoguzyň hany Dukak han biziň gynyk taýpamyzy şöhratlandyrypdyr – diýip, oguzlar Ibn Sina gürrüň berýärdiler. - Ýöne Dukagyň ogly, meniň atam Seljugyň, Horezme ýöriş etmekden boýun gaçyryp, hazar patyşasy bilen arasy bozulypdyr. Sebäbi biz musulman adamlary, hazar patyşasy bolsa dini boýunça ýahudy. Hazar patyşasy «Sen meniň gulum!» diýip herrelýär. Atam Seljugyň patyşanyň bolşuna gahary gelip, ýumrugy bilen onuň maňlaýyna beripdir, soňam biziň ählimizi alyp, günorta tarap gaýdypdyr. Atam Seljugyň üç ogly Jenti eýeläp, bu ýeriniň hökümdary Aly hany kowupdyrlar. Emma bir ýyldan soň 107 ýaşly Seljuk aradan çykýar. Jentli hökümdar Aly hanyň il içinde «Biadylşa» adyny alan ogly Şa-Mälik biziň şäherimizi ýene-de elimizden gaýtaryp alypdyr. Görüp durşuň ýaly, indem biz çöl-sähralaryň içinde aýlanyp ýörüs. Jent ugrundaky söweşde biziň kakamyz Mikaýil hem wepat boldy. Men kakamyň mazarynyň üstünde onuň öldüren ýagylarynyň ählisiniň heýkellerini goýdum. Ibn Sina geň galdy. Hemmelerden sada geýnen bu iki ýaş ýigit patyşa ogullary bolsa nätjek? - Siziň adyňyz kim? - Men Togrul, - diýip ulysy jogap berýär. – Bu bolsa Çagry – diýip, ol kiçi insini görkezýär. – Gelşiksiz bolsa-da aýtmaly bolýar. Biziň ýerimiz ýok. Şonuň üçin hem Mahmyt soltanyň ýurdunda bildirtmän göçüp-gonup ýöris. Aç-açan ýaşap ýörmek – Mahmydy äsgermezlik bolýar. Biz bolsa bary-ýogy dört müň maşgala. Söweşmek üçin güýjümiz hem ýeterlik däl. Elbetde, biz onuň jansyzlarynyň biz barada eýýäm oňa habar ýetirendiklerini aňýarys. - Men seniň näme hakda pikir edýäniňi bilýärin, – diýip Togrul Ibn Sina ýüzlenýär. – Seni tutup bersek Mahmydyň bize köp ýer berjekdigini bilýärin... Ýöne, sen gorkma, türkmenler Alyň ala meýdanyndan başga zat bilýän däldirler. Şol wagt iki sany geýnüwli ýaşuly esgerler geldi. Togrul ör turup, olaryň öňünde baş egdi. - Meniň agalarym, kakamyň inileri, Seljugyň ogullary – diýip, Togrul beg Ibn Sinany tanyşdyrýar. – Biriniň ady Arslan, beýlekisi bolsa Musa. «Arslan!» diýip, Ibn Sina geň galýar. – Men ony Buharada samany hökümdary Nuhuň köşgünde görüpdim ahyryn! Hut şeýle! Garahanly hökümdary Bogra hanyň garşysyna göreşde ol Nuha kömek beripdi. Ah, asylzada Arslan... Şonda samanylara kömek edip, hiç zat almanam gitdi. Musa bolsa, 1003-nji ýylda Muntasiriň tarapynda durup, Samarkandyň eteginde ilek hany Nasyryň garşysyna söweşip, onuň 18 sany serkerdesini ýesir alypdy!» Agalary Arslan hem-de Musa bilen gysgaça maslahat edip, Togrul olaryň yşaraty boýunça ýüzünde altyndan edilen öküziň kellesiniň we dokuz sany ak atyň guýrugynyň şekili ýerleşdirilen Oguz hanyň ak baýdagyny getirip, baýdagy olaryň öňünde ýazyp goýberýär. «Baş hanyň baýdagy, diýip Ibn Sina oýlanýar. – Dokuz – türkmenleriň mukaddes sany, çünki olar üçin ondan mukaddes hiç zat ýok». - Sen biziň hormatly myhmanymyz bolduň, - diýip Togrul ýylgyrjaklap gelşine aýtdy, - şonuň üçin hem biz saňa öz baýdagymyzy görkezdik. «Togrul Mahmytdan gorkup durmaz, - diýip Ibn Sina oýlanýar. – Özi hem diňe bir tebigy taýdan batyr bolandygy üçin däl, sebäbi türkmenleriň baş maksady häkimýeti almak däl-de, olar ýaşaýyş üçin göreşýärler. Şonuň üçin hem hiç kim olaryň öňünde durup bilmez. Eger-de, bu iki şazadanyň agasy merdana Arslan oguz-türkmenleri üçin Mahmytdan ýer soran bolsa, Togrul bilen Çagry eýýäm söweşe taýýarlanyp ýörler. Togrul bilen Çagrynyň kakalary ýok. Olarda bil baglar ýaly başga güýç hem ýok. Üstesine-de, olar şeýle bir ýönekeý adamlar, halk köpçüliginden tapawutlanýan ýerleri ýok, ähli işlerde adalatly patyşalara mahsus hereketleri edýärler. Seýistanyň we Horasanyň emiri Ýakup ibn Leýs öz köşgüniň öňündäki çadyrynda, ýassyk ornuna galkanyny başynyň aşagyna goýup ýatypdyr ahyryn! Ýakup hem-de Mahmyt soltanyň kakasy Söbük Tegin patyşa däl-de, öňi bilen wepaly hem-de batyr serkerde bolupdyrlar. Togrul bilen Çagry hem hut şolar ýaly bolup ýetişseler gerek». Ibn Sina iki şazada dogany Mahmyt soltanyň ogullary bilen deňeşdirýardi. Ol Mahmydyň öz ogullary Masudyň hem-de Muhammediň yzyna jansyzlary goýberýändigini eşidýärdi. Mahmyt soltan bir ýola: «Masut özünden başga hiç kimi hasaba almaýan barypýatan zalym. Muhammet açyk göwünli, edermen, menden soň häkimýet Muhammediň ygtyýaryna geçse gerek, ýöne Masut ony ýuwdaýmasa. Şol sebäplem meniň ägirt uly döwletimde harsydünýälik, eden-etdilikler peýda bolar» diýip aýdypdyr. Bu sözleri meşhur taryhçy Abulfazl Beýhakynyň mugallymy, Mahmydyň diwanynyň başlygy Mişkan ýazypdyr. Ölüminiň öň ýanynda Mahmyt jansyzlaryň özüne getirip berýän maglumatlarynyň hiç birini-de ynanmandyr, şonuň üçin hem halyf Kadyra hat ýazyp, iki ogluna-da pata bermezligi haýyş edipdir. Gaznaly döwletiniň tejribesi seljuklara uly sapak bolupdyr. Çagry begiň ogly Alp Arslan 1063-nji ýylda döwletiň möhüm guramasy hasap edilen şugulçylaryň edarasyny - sahyp-habar diwanyny ýatyrypdyr. Bu barada Alp Apslanyň özi şeýle diýipdir: «Eger-de men sahyp-habar wezipesine emeldar bellesem, onda özüme golaý hem-de wepaly adamlar özleriniň maňa bolan dostluklaryna hem-de wepaly gulluklaryna bil baglap, oňa üns bermezler we ony satyn aljak bolmaga çalyşmazlar. Garşydaşlarym bolsa, oňa para bererler. Sahyp-habaryň meniň dostlarym barada ýaramaz, duşmanlarym barada bolsa gowy maglumatlary berip durjakdygy belli. Ýagşy ýa-da ýaman habarlar edil peýkam ýaly bolýar. Eger-de birnäçe peýkamy atyp goýberseň, şolaryň iň bolmanda biri baryp nyşana degýär. Şeýdip günsaýyn meniň dostlaryma bolan ýakynlygym daşlaşyp, duşmanlarym bolsa maňa golaýlaşarlar. Birnäçe wagt geçenden soň, dostlarym uzakda, duşmanlarym bolsa ýanyma gelerler. Ahyr soňunda duşman dostumyň ýerini eýelär. Şondan geljek zeleli düzetmäge hiç kimiň güýji ýetmez». 1025-nji ýylda Mahmyt soltan Hindistandan dolanyp gelip Jeýhundan geçýär we Samarkandyň töwereklerinde garahanly hökümdary Kadyr hanyň goşunlary bilen duşuşýar. Iki hökümdar birek-biregi güler ýüz bilen garşylan bolupdyrlar, sowgat alşyp-berişýärler, biri-birinden dostluk hem-de ýaranlyk barada ynandyrmalary kabul edýärler. Şundan soň Mahmyt türkmenleriň üstüne gaýdýar we aldaw ýoly bilen Togrulyň hem-de Çagrynyň agalary Arslan Beýgini gola salýar. Ol türkmenleriň köpüsini gyrypdyr, olaryň aman galan dört müňüsine bolsa Garagumda ýerleşmäge ygtyýar edipdir. Mahmydyň serkerdesi, Tusuň emiri Arslan Jezip: «Sen barybir türkmenlere oturmak üçin ýurt berjek bolsaň, ýaý çekip bilmezler ýaly, öňürti olaryň barynyň sag eliniň başam barmagyny çapdyr» diýip, maslahat beripdir.» Ibn Sina Nusaýda Birnäçe günüň dowamynda iki dost Garagumyň içi bilen geçip, Nusaýa golaý gelýärler. Emma şähere ýarym menzil galanda olar uly betbagtçylyga uçraýarlar. Mesihi aradan çykýar. Dostuny jaýlap Ibn Sina Nusaýa gelýär. Ol begres matalary dokaýan Dakkak mawutçy atly bir sahy adam tarapyndan gurlan hanakada ýerleşýär. Dakkagyň hanakasynyň yzlary häzirki güne çenli saklanyp galypdyr. Uzynlygy 300 metre barabar bolan hanakanyň depä öwrülip giden harabalyklary Täze Nusaý galasynyň günbatar tarapynda ýerleşýär. Ibn Sina hanakadaky hüjresinden birnäçe günläp çykman oturypdyr. Mawutça nätanyş derwüş barada aýdypdyrlar we näsagdyr öýdüp tebip hem çagyrýarlar. Tebip nätanyşy görenden, tisginip yza çekilipdir. Dakkak hem gelip görse, ine bir nurana derwüş. Mawutçy ony Mäne Babadyr öýdüpdir, soňam ony tanap, hiç kime syr bermändir. Myhmansöýer mawutçy nätanyşyň öňünde bir küýze çeşme suwuny hem-de çörek goýup gidýär... «Ibn Sina eli bilen ýüzüni süpürdi, soňam käsä suw guýup, çöregiň gyrasyndan azajyk dişledi. Alagaraňky hüjräniň içinde adamlar ümsüm otyrdylar, hiç kimden ses-seda çykanokdy. Kimdir biri doga okady, kimdir biri bolsa gam-gussaly aýdyma başlady. Ana-da, aýagyny agyrdan goja em etmek üçin, hanakanyň hojaýyny atgulagyň ýapragyny alyp geçip gitdi. Adamkärçiligiň belent nusgalary ählihalk betbagtçylyklary döwründe ýüze çykýar. Dakkak mawutçy ogluna öý gurup bermek, ony öýlendirmek üçin bütin ömrüne pul ýygnap geçipdir. Emma ülkede açlyk bolupdyr, şonuň üçin hem ol bar puluna öýünden-ojagyndan, maşgalasyndan mahrum bolan betbagtlar penalanar ýaly hanaka gurdurypdyr. ...Hanakanyň içine gykylyklaşyp çagalar girýär. Ibn Sina ýatan ýerinden gobsundy. Çagalaryň her kimiň ýanyna ýekän-ýekän barýandyklaryny ol görýärdi. Olar çörek soraýardylar. Emma adamlar hiç zat diýmän, ýüzlerini bir ýana sowýardylar. - Eý! Süýş! – diýip kimdir biri gaty sesi bilen Ibn Sinany yralaýar. Ibn Sina içi golýazmaly haltasyny aşagyna salyp, oýlugy bilen üstüni yapýar. Emma nätanyş elleri bilen haltany sermeleýär. - Ony öz gününe goý! - diýip, Dakkak azmly gygyrýar. – Ýör, men saňa-da ýatar ýaly ýer bereýin. Eglip duran nätanyş dikeldi we hamana tötänlikde bolan ýaly edip, Ibn Sinanyň ýüzünden oýlugy serpdi. Soňam ýiti nazary bilen ony synlamaga durdy. «Eger ol häzir daşaryk çykaýsa, men haýal etmän beýleki gapydan çykyp giderin» diýip, Ibn Sina içinden oýlanýar.» Nusaýda bolan wagty şäher halky Ibn Sinanyň bu ýere gelendigini, ony Mahmyt Gaznalynyň hem gözleýändigini bilýär. Myhmansöýer nusaýlylar, aýratyn hem taryhy çeşmelerde «Nusaýyň patyşasy» diýlip atlandyrylan ýerli hökümdar Lukman Hekimi güler ýüz bilen garşylaýar. «Ibn Sinanyň pikirlerini onuň ýanyna gelen elleri ýaragly adamlar bozdy. Ony basyrynyp ýatan garaňky burçundan göterip diýen ýaly turuzdylar, soňra ony uly märekäniň öňi bilen golaýdaky metjide alyp gitdiler. Ibn Sinanyň öňünde metjidiň garaňky töründen ýöräp gelýän, lowurdap duran altyn lybasly äpet adam – Nusaýyň patyşasy peýda boldy. Onuň elinde Ibn Sinanyň suraty bardy. Olar iki-çäk galdylar. - Maňa muny soltan Mahmyt iberipdir, - diýip patyşa suraty görkezýär. Ol seni ele salmagy hem-de haýal etmän Gazna ugratmagy höküm edýär. Seniň bu ýere getirleniňem bütin märeke gördi. Mahmydyň içalylary seniň Nusaýdadygyňy habar bermek üçin eýýýäm Gazna eňendirler. Soňunyň ňahili gutarjakdygynam özüň bilýäň. Bolmasa men, seni köşgüme getirýärkäler gaçypdyr diýip aýdaryn-da... Soňra Mahmydyň çapary gelip, Ibn Sinany Gazna ibermelidigi hakyndaky hökümli habary getirende, Nusaýyň patyşasy «Abu Aly Ibn Sina Nusaýda boldy, ýöne ol bu ýerden bir wagt gitdi» diýip, çaparyň eline hat tutdurypdyr. Bu gürrüňler XVI asyryň taryhçysy Kazwininiň işinde saklanyp galypdyr. Ine, Horasanyň galla ammary, parfiýa patyşalarynyň çakyrhanasy, Isgender Zülkarneýniň şöhraty Nusaý hem yzda galdy. - Wah! Men akmak, näme üçin suwda ýüzmegi öwrenmedimkäm! - diýip, Isgender ýazda dolup-daşýan bol suwly derýa özüni urupdyr, onuň yzyndan bolsa ähli esgerleri hem suwa böküpdirler. Şeýdip olar Nusaýy eýeläpdirler. Şondan 250 ýyl geçensoň müňlerçe we müňlerçe rimliler – Spartagyň gozgalaňyny basyp ýatyran Krassyň esgerleri - şu şäheriň köçelerinden geçip gidipdirler. Krassyň özi b.e.ö. 53-nji ýylda parfiýa patyşasy bilen bolan söweşde öldürilipdir. 20 ýyldan-da gowrak wagt rimlileriň baýdaklary Nusaýyň otparazçylyk ybadathanasynda çaň basyp ýatypdyr. Müsüriň zenan patyşasy Kleopatranyň söýgülisi, serkerde Mark Antoniý näme etse-de, şol baýdaklary yzyna gaýtaryp alyp bilmändir...» Sopy Abu Sahyt Mäne baba barada L. G.Swaldadzeniň eserinde meşhur türkmen piri Mäne baba barada-da gymmatly maglumatlar berilýär. Ýazaryň eserinde Mäne baba beýik gumanist, dana alym, meşhur pir hökmünde häsiýetlendirilýär. «Abu Sahyt 967-nji ýylda doglupdyr. Onuň kakasy Abul Haýr ösümlikler boýunça alym bolup, ol soltan Mahmydyň köşgünde gulluk edipdir. On ýedi ýaşly Abu Sahyt kakasynyň ýanyndan gidip, ýeke özi aýratyn bir pagsa külbede ýaşapdyr. Abu Sahyt külbesiniň diwarlaryna Gurhanyň süreleri ýazylan sahypalary ýelimläp çykypdyr. Kakasy oglundan utanyp, Mahmydyň köşgüni taşlap, derwişlige ýüz urupdyr. Abu Sahydy ylym öwrenmäge bolan hyjuw öz erkine goýmandyr. Ol bäş ýyllap ylymlary özbaşdak öwrenipdir, soňam Sarahsa gidipdir. Sarahsa baranda Abu Sahyt zir-zibilleriň arasynda iki sany goýun derisinden däli-telbeleriň geýýän eşigini tikip oturan bir diwana sataşýar. Abu Sahyt oňa köp wagtlap seredip durupdyr. - Ine, Abu Sahyt, - diýip diwana işini gutaryp oturyşyna oňa ýüzlenýär, - işligi bilen bilelikde, bu eşige men seni hem tikdim. Diwana şeý diýip, Abu Sahydyň elinden tutup, ony sarahsly Abulfazl piriň ýanyna getirýär. - Pirim şu oglany ýanyňyza alyň, ol siziňki. Pir Abu Sahydy birnäçe ýyllap okadypdyr, soňam ýedi ýyllap ýeke özüň ýaşarsyň diýip tabşyryp, ony öz dogduk diýary Mäne obasyna ugradýar. Hak söz bilen adamlaryň arasyna barmazdan öň, köp pikirlenmek, çuňňur oýlanmak gerekdi. Abu Sahyt bu synaga döz gelipdir. Şundan soň pir Abu Sahydy ýene-de iki ýyllap ýanynda saklapdyr. Abulfazl pir oňa hiç haçan egniňden çykarylmaýan, ahyrýat güni iň zehinli şägirde berilýän, öz hyrkasyny – donuny peşgeş beripdir we ony ýedi ýyllap ýalňyz ýaşamak üçin çöl-beýewana ugradýar. Indi hakyň sözi bilen adamlaryň arasyna gitmek nobaty geldi. Pir aradan çykypdyr, ýöne ýedi ýyldan soň Abu Sahydyň düýşüne girýär: - Indi bolsa adamlaryň arasyna git. Abu Sahyt ýene-de birnäçe ýyllap dogduk obasy Mänede obadaşlarynyň arasynda ýaşaýar. Ahyr bir gün piriň wesýetnamasyny açmak mütdeti hem gelip ýetýär. Wesýetnamada: «Indi bolsa, eger-de aýatda diri bolsa, Amula Abulapbas şyhyňka git» diýip ýazylan eken. Bir gün Abulapbasyň barmagyny pyçak kesipdir, Abu Sahyt bolsa Abulfazl piriň bagyş eden hyrkasynyň syny bilen onuň ganap duran barmagyny gysyp, gany saklapdyr. «Şeýle keramaty gana boýamakdan çekinmedi. Onuň bu hereketi maňa bolan hakyky hormatdan nyşan» diýip, Abulapbas şyh Abu Sahydyň hereketine geň galypdyr we oňa öz hyrkasyny beripdir. Gündogarda iki gezek hyrka geýen başga bir ulama ýokdur. Sopusyny adamlaryň arasyna ugradyp durka Abulapbas Abu Sahydyň hyrkasyny görkezip: - Hak indi şunuň içinde. Sen Haka öwrüldiň, diyýär.» Amuldan gaýdandan soň Abu Sahyt sebitiň uly şäherleriniň biri bolan Nişapura gidýär. Ol Nişapurda hanaka gurup, wagyz-nesihat edip geziberipdir. Alymlaryň bellemegine görä, onuň hanakasy Nişapuruň begres mata dokaýan senetkärleriniň köçesinde ýerleşýär eken. Abu Sahyt Nişapura gelmänkä bu ýeriň öz pirleri bar eken. Olaryň biri 90 ýaşly Baba Kuhy, beýlekisem karmatlar dini mezhebiniň ýolbaşçysy Abu Bekr eken. Karmatlar hetdanaşa dinçi mezhep bolup, olar Nişapuryň parahat musulman ilatyny yzarlaýardylar. Abu Bekr harsydünýä adam bolupdyr. Ol Mahmyt Gaznalynyň ýörişlerde bolmagyndan peýdalanyp, halky talap, köp baýlyk toplapdyr. Başyna giden Abu Bekriň garşysyna hatda Mahmydyň ogullarynyň mugllymy, Nişapuryň baş kazysy hem aýaga galmaga mejbur bolupdyr. «Ine, iki hyrka geýen 35 ýaşly Abu Sahyt Nişapura gelipdir. Onuň şan-şöhraty daglardan inen sil ýaly bolup Nişapuryň üstüne dökülip, ony gark edipdir. Bütin şäher Abu Sahydyň öňünde dyza çökdi. Abu Bekr hem-de onuň duşmany – Nişapuruň baş kazysy Abu Sahydyň garşysyna birleşdiler-de, ony Mahmyt soltana şugulladylar. Mahmyt 750 sany pil bilen 100 müň goşun iberdi. Abu Bekr öz tarapdarlaryndan 20 müň, baş kazy bolsa 30 müň goşun topladylar. Emma täze gelen piriň garşysyna çykyş başlamazdan bir gün öň Abu Bekr Abu Sahyt bilen tötänleýin sataşýar. Abu Sahyt baş kazy tarapyndan Abu Bekriň özüniň garşysyna guralýan hile hakynda gürrüň beripdir. Abu Sahyt oňa musulmanlaryň garşysyna edilýän bet işleriň günädigini hem mazaly düşündiripdir. Abu Bekr bu habary eşidip, serpmeden gaýdan ýaly bolupdyr we toba edip piriň aýagyna ýykylypdyr. Ol Mahmyda iberen şugulyny yzyna alyp, nökerlerinem dargadypdyr. Şu wakadan soň Abu Bekr Abu Sahydyň çagalarynyň halypasyna öwrülipdir. Abu Sahydyň şan-şöhraty, at-owazasy bütin Gündogara dolupdyr. Ol sopylar üçin baş nusga öwrülipdir, onuň bilen tanyşlyk ýetip bolmaýan dereje hasap edilipdir. Alymlaryň alymlary Abu Sahydyň öňünde aňk bolup doňup galýardylar, onuň dilinden bolsa «merjen däneleri misli suw bolup akýardy.» Baba Kuhy hem Abu Sahydyň şöhratynyň öňünde durup bilmän, şäheri taşlap daglara gidipdir. Gowakda ýaşap ýören goja şyh «Bütin dünýäni unudyp, gör näçe wagtymy ybadata sarp etdim! Näçe sany şyhlary gördüm! Olaryň näçesine gulluk etdim! Ahyrynda-da ähli syrlaryň maňa däl-de, Abu Sahyda açylmagynyň sebäbi nämedekä?» diýip gözýaş edipdir. Ölmeziniň öň ýany ol gowagyň diwaryna şu setirleri ýazypdyr: - Boldy ýürek para-para, Aşygna ýetmän arman, Geldi ömrümiň soňy, geçmeli ýollar gutarman. Aglasaň-da eý Kuhy sen, nijeme perýat edip, Emma görmediň Rehimliniň rehiminden dadyp. Baba Kuhy bu setirleri kagyz ýüzüne geçiripdir we aşagyna-da «Öňki şyh» diýip gol çekip, Abu Sahyda iberipdir.» ■ Samany hökümdary Muntasir bilen seljuk serkerdesi Arslan Beýginiň duşuşygy «Samarkandyň golaýyndaky sähralyk. Söweş meýdanynyň gohy eşidilip dur. Birdenem esgerleriň ýeňiş galmagaly eşidilip başlaýar. Bir ýerden Buharanyň emiri al-Muntasir altyn kemer guşalan köne eşikde peýda bolýar. Depäniň üstüne çykýar. Onuň yzy bilen gyssanman goja daýhan gidip barýar. Goja. (Muntasire bakyp). Hudaý saňa gülüp bakdy! Seret seljuklar ýesirleri getirýärler. Ýüňden hem-de sütükden edilen gara eşikde, bili tokaly kemer bilen guşalan,gulagy ysyrgaly, saçy egnine düşüp duran türkmen-seljuklaryň serkerdesi Arslan gelýär. Onuň esgerleri ilek han Nasyryň on sekiz sany serkedesini getirýärler. Muntasir (başyny asmana galdyryp) Eý, hudaý! Sen ýalkaňda mähetdel edeňok! (Arslany gujaklap.) Sen bolsa ýeňişde mähetdel edeňok! (Muntasir kellesiniň gyzgynyna ýzly-yzyna üç sany ýesir serkerdäniň depesinden gylyjyny salýar). Arslan (Muntasiriň elindäki gylyjyny kakyp alyp). Hany, gardaş, durla... (ýesirleri görkezip.) Aslynda bularyň bary biziň oljamyz. Bularyň her biriniň agramy näçe bolsa, biz şonça-da tylla almakçy. Muntasir. Eýsem-de bolsa, batyrlar ýesirleri satýanmydyrlar? Arslan. Batyrlaryň başga-da satlyk harytlary bolsa bardyr. Emma bizde diňe beren sözüňe ygrarlylyk (ýesirleri görkezip), birem ine şu duranlar bar. Muntasir. Ýöne sen lebziňi terezä goýup bilmersiň ahyryn! Arslan. O näme üçin? Ol käbir patyşalyklardan hem agyrdyr. Muntasir. Arslan! Meniň bu sözleri lebzihalal Seljugyň, lebzihalal oglunyň aýdýanyna ynanasym gelenok! Ýadyňdamy? Bir wagt kakaň seni biziň döwletimize kömek bermäge ugradypdy. Biz şonda ýeňiş gazanypdyk. Sen puldan, peşgeşden ýüz öwrüpdiň. «Kömek etdim, boldy-da!» - diýip gaýdypdyň. Indi näme? Dogry, siz edil öz sähralaryňyz ýaly garyp, emma birsözlülik, lebzihalallyk – bu atalaryňyzyň size goýup giden iň mukaddes mirasy ahyryn! Arslan. Biz onuň söwdasyny sizden öwrendik. Muntasir. Men bu sözleri diňlemäge-de gorkýaryn... Arslan. Gowysy sen öz döwletiň döreýşi baradaky gürrüňleri näçe ýola diňläniň barada aýdyp bersene! Sen näme özüňiziň keramat hökmünde sežde edýän, Samany neslinden bolan Ysmaýylyň, onuň kakasynyň hem-de atasynyň duşmana dinini hem-de mertebesini satandyklary baradaky gürrüňleri diňleýärkäň gorkaňokdyňmy? Muntasir. Hä... Aý, ol keramata öwrülip giden toslamalar ahyryn... Arslan. Ine, gördüňmi! Buýsanç günä iş edip, özüni keramatyň gujagyna oklaýar. Hudaýa şükür! – Biziň gödekligimiz bizi şeýle medeniýetlilikden goraýar. Biz gödek hem bolsak, lebzihalallyk bilen gödekdiris. Muntasir. Sen ähli zady ýadyňdan çykarypsyň. Söweş seniň ganyňy mazaly gyzdyrypdyr. (Arslanyň boýnundan asylgy duran dogany alýar.) Ine, meniň şu sowgadym, seniň ýadyňa düşýärmi? Saňa ol diýseň ýarapdy. Şu ýerde nämeleriň ýazylandygyna seret! (Okaýar.) «Allatagala pygambere aýdypdyr: meniň musulman däl, ýöne yslamy kabul eden esgerlerim bardyr...» (Arslana.) Eýsem-de bolsa, olar siz ahyryn?! (Okamagyny dowam etdirýär.) «Eger-de haýsydyr bir halk meniň gazabyma duçar bolsa, şonda men şol halkyň üstüne olary ibererin!» Şol sebäpden hem men Buharadaky tagtymy talaňçylaryň däl-de, siziň – asylzada esgerleriň gaýtaryp alyp bermegini isledim. Arslan. Sen musulman. (Ýesirleri görkezýär.) Olaram musulman. Bizem musulman. Näme üçin biz biri-birimizi öldürmeli?! Urşupdyrys-taň edipdiris, indi bolýa-da... Muntasir. Onda, diýmek, siz olja üçin urşupsyňyzda?! Arslan. Heýkel üçin däldigi bellä! (Muntasiriň öňüne heýkeli oklaýar. Ýesirleri özi bilen alyp gidýär) Muntasir. Eý Hudaý! Gaýtar olary! Maňa kömek et! Men edil gabryň içinde ýatan ýaly ýalňyz!.....» ■ Mahmyt Gaznalynyň Mäne Baba bilen duşuşygy «Gazna, 1005-nji ýyl. Soltan Mahmydyň köşgündäki kabulhanasynda. Soltanyň şerapçysy Hasanak. Eý hökümdarym! Aýtmaga ygtyýar ediň! Mahmyt. Aýdyber... Hasanak. Sen nebsewür, ýöne nebsewürligi biziň ählimiziň nebsewürligimizden tapawutlanýan, özem şol nebsewürlik pul, wezipe edinmäge däl-de, nebsewürligi kitaba gönükdirilen adam barada näme aýdyp bilersiň?! Mahmyt. Aýdýan: şeýle adam bolup bilmez! Hasanak. Sen Nişapur şäherine gelip, adamlara haky öwretmek üçin ýeke özi ýedi ýyl çöl-beýewanda ýaşap, yssa, sowuga, ruhy ejirlere çydam edip bilen adam barada näme aýdyp bilersiň? Özi hem ol şäher, indi seniň adyň bilen däl-de, hut şol kişiniň ady bilen şöhratlanýar. Mahmyt. Aýdýan: Beýle adam bolup bilmez! Bolaýanda-da men ony bir wagt jezalandyrardym. Hasanak. Beýle iş etmäge sen eýýäm buýruk berdiň hökümdarym. Mahmyt. Hawa, näme boldy. Hasanak. Ol iş paşmandyr. Mahmyt. O näme üçin? Hasanak. Saňa şol adam barada gizlin maglumat beren seniň şugulçyň - sen oňa goşun hem beripdiň - onuň ýanyna barypdyr. Emma şugulçy entäk agzyny açyp ýetişmänkä, şol täze peýda bolan pygamber oňa, ýüregindäki ähli bet pygyllary barada onuň ýüzüne aýdypdyr. Şugulçy onuň öňünde dyza çöküpdir, soňam toba edip, onuň gullugyna durupdyr. Şeýdip, eý soltanym, seniň hileleriň, iberen ähli goşunyň pähim-paýhasa duçar bolup dargapdyr. Mahmyt. Ol Abu Sahyt bolaýmasyn?! Hasanak. Edil özi! Mahmyt. Şeý diýsene... Ony meniň göresim gelýär! Hasanak. Diýmek, sadyk guluň seniň islegiňi aňypdyr-da? Mahmyt. Nirede ol? Gaznadamy? Hasanak. Hut şeýle! Mahmyt. Meň ýanyma gelipdirmi? Hasanak. Ýok... Ol seniň ýanyňa gelmekçi däl eken. Ýöne men ony seniň ýanyňa geler ýaly etdim. Çagyraýynmy? Mahmyt. Çagyr! Ýogsa-da... Hasanak. Sen gorkýana dälsiň-dä? Mahmyt. Hawa, gorkýan. Hemmeler ony görenlerinde doňup galýarmyşlar. Aýtsana, eý, ösümlikler ugrundan ylmyň aňyrsyna çykan alym Abul Haýr, sen ogluňy göreňde sakawlaýarmyň? Abul Haýr. Hawa. Hasanak elini çarpýar. Şyh Abu Sahyt köne-küşül eşikde hyzmatkärleri bilen peýda bolýar. Ol kakasyna hormat bilen, Mahmyda bolsa biraz çekinjeňlik bilen baş atyp salam berýär. Abul Haýr. (Mahmydyň öňünde çöküne düşüp). Eý hökümdarym, onuň günäsini geç! Mahmyt. Men hem edil şeýle ederdim! Sen onuň kakasy ahyryn! (Abu Sahyda.) Otur! Abu Sahyt oturýar. Ýok, şu ýerde. Maňa golaý otur! Abu Sahyt biraz golaýa süýşýär. Seniň ýüzüňe kölege düşýär. Şu ýere geçip otur. Abu Sahyt ýerini üýtgedýär. Bu ýer has ýagty. O yere geçip otur. Abu Sahyt başga ýere geçip oturýar. Mahmyt. Oturgyç gaty ýaly-la. Şu ýerde otur. Abu Sahyt ýerini üýtgedýär. Maňa sen dogumly adam diýip aýtdylar. Sen bolsa... (Gülýär.) Abu Sahyt. Mesele onda däl hökümdar. Diňe hassanyň islegini berjaý etmezlik günä saýylýar Mahmyt. Hassanyň?! Abu Sahyt. Hawa. Mahmyt (gülýär). Meniň doly küýze meýi içsem-de serhoş bolmaýanymy, at üstünde uzakly gün otursam-da ýadamaýanymy sen bileňokmy? Abu Sahyt. Bularyň bary hassalykdan. Mahmyt. Şeýlemi?! O keseliň ady näme? Abu Sahyt. Tukatlyk. Mahmyt (Abu Sahydyň ýanyna gelip, onuň ýanynda oturýar). Gel ikimiz, tötänleýin duşuşan köne dostlar ýaly özara gürrüň edeli. Abu Sahyt. Bolar. Mahmyt. Sen köp wagtlyk geldiňmi? Abu Sahyt. Ýok. Ertirki kerwen bilen ýene-de Nişapura gaýtmakçy. Mahmyt. Sen Nişapuryň niresinde ýaşaýarsyň? Abu Sahyt. Dost köçesinde. Meniň Nişapura ilkinji gezek gelşimdi. Şäheriň içi bilen gidip barýarkam, bir köçä baryp, onuň adyny soradym. Maňa Dost köçesi diýip jogap berdiler. Men şu ýerde galmaly diýen karara geldim. Heý-de bir Dost köçesini taşlabam gidip bolarmy? Mahmyt. Kakaň öz otagynyň diwaryny meniň suratymdan doldurypdyr, şonuň üçin hem sen öýüňizi terk edip başga ýere ýaşamaga gidipsiň diýip gürrüň edýärler. Sen öz otagyňy Gurhanyň süreleri bilen bezäpsiň, kakaň bolsa utanjyndan meniň suratlarymy sypyryp aýrypdyr, şol gürrüňler dogrumy? Abu Sahyt. Hawa. Mahmyt. Sen aýt, men bagtly adammy? Abu Sahyt. Bu dünýäde – bagtly. Sen baý, sagdyn, hemme zadyň bar. Emma ahyrýet barada aýdanymda... Mahmyt. Ýokmy? Abu Sahyt. Gowy ýeri, ýok.. Şuda seniň bagtlylygyňdan nyşan. Mahmyt. Näme üçin? Abu Sahyt. Hudaýdan gelýän hakyky bagt – bu ejirdir, gedaýlykdyr hem-de sergezdançylykdyr. Mahmyt. Men näme bu zatlary çekip-çydardan şeýle ejizmi? Abu Sahyt. Tersine, seniň güýjüň agdyk. Mahmyt Hasanaga yşarat edýär. Ol bir bulgur meý getirýär. Mahmyt (Abu Sahyda). Meý içeli. Abu Sahyt. Içeýin, ýöne meýe zäher garylan bolsun... (Ýerinden turup kakasyna baş egip çykyp gidýär) Mahmyt onuň yzyndan seredip galýar. Tagtyna geçip oturýar. Sakçy bir daýhany getirýär. Sakçy. Hökümdarym, bu daýhan şahyrdan arz edip gelipdir. Şahyr meniň atyma tagma goýdy diýip aýdýar. Mahmyt (perwaýsyz). Bar meniň atymy berde, ugrat. Daýhan. Maňa seniň atyň gerek däl, hökümdar! Mahmyt. Bar onda özüňkini al. Daýhan. Onuň tagmasy bar, gerek däl. Mahmyt. Onda saňa näme gerek? Daýhan. Meniň atym gunanlasa, maňa taýyny bersinler. Mahmyt (bütin durky bilen daýhana tarap öwrülip, oňa geň galyp seredýär, soňam Abu Sahyda hödürlän meýli bulguryny oňa uzadýar. Daýhan meýi içip soltana baş egýär we çykyp gidýär).» Arslan Beýginiň halyf bilen duşuşygy «Bagdat. 1005-nji ýyl. Halyfyň köşgünde. Köşgüň içindäki sütünleriň arasynda äwmezlik bilen eldekileşdirilen ýolbars gezip ýör. Halyf bilen Arslan peýda bolýar. Halyf (oturyp). Size kim diýýärler? Arslan. Seljugyň ogullary. Halyf. Öýleriňizi nirede dikýärsiňiz? Arslan. Bir wagtlara biz öýlerimizi Hazar hem-de Horezm deňizleriniň arasyda dikýärdik. Sähralar biz üçin edil enemiziň aýasy ýalydy. Emma günüň dogýan tarapynda, iki sany bol suwly gök derýalaryň halkasynyň içinde – Amyderýa bilen Syrderýanyň arasynda – Samanylaryň kuwwatly döwleti döredi. Günüň batýan ýerinde bolsa parahat derýany – görmegeý Itili mäkäm gujaklap hazarlaryň hökümdarlygy ýerleşýärdi. Biz olaryň ikisiniň arasynda misli ýüzüni şemala tutup, pasyrdap duran baýdak ýaly jöwlan urýardyk. Şu iki döwlet bilen gatnaşyklarda hazarlar biziň göwnümize has ýarady. Şonuň üçin hem biz öz batyrlygymyzy hazarlara bagyş edip, olar bilen parahatçylykda ýaşamagy maksat edindik. Meniň atam Dukak hazar patyşasynyň sag goludy. Emma bir gün patyşa seniň ýurduňa ýöriş etmegi ýüregine düwýär. Biz – musulman, hazarlar bolsa – däl. Dukak «Musulmanlaryň üstüne ýörişe gitmerin!» diýýär. «Gidersiň!» diýip patyşa höküm edýär. Şonda meniň atam patyşanyň maňlaýyna berip, halkyny hem alyp, Amyderýadan geçýär-de, Horezme gelýär.Ýöne hiç kim bizi sygdyranok. Ine şonuň üçin hem biz seniň ýanyňa ýer soramaga geldik. Biziň sanymyz köp däl, bary-ýogy üç müň hojalyk. Halyf. Üç ýyldan üç ýüz müň bolarsyňyz! Arslan. Edermen musulmanlaryň sany köp bolsa, olar saňa şöhrat getirmezlermi? Halyf. Men ýer bererin-le... Ýöne siz soňra bütin dünýäni eýelemek hyýalyna münäýmeseňiz?! Arslan. Gizläp durjak däl, ... döwlet hökmünde aýaga galmak üçin biz iň bolmanda dünýäniň çärýek bölejigini alsagam bolýar. Halyf. Döwlet diýdiňmi? Arslan. Hawa. Halyf. Size döwlet nämä gerek? Arslan. Patyşaly bolmak üçin. Halyf. Patyşa. Näme, beýleki halklar ýaly ýaşasyňyz gelýärmi? Arslan. Ýokla! Düýbünden başgaça. Biziň adalatly patyşaly bolasymyz gelýär. Biziň patyşamyz adalatly bolar. Halyf. Soňam öldürersiňiz gerek? (Gülýär.) Eý, juwan ýigit. Sada oglanjyk. Seni diňlemek hem gynançly, hem gülküňç. Biz araplar hem bir wagtlar kiçijik, sada hem-de dagynyk halkdyk. Iki sany mähnet wagşy: şöhratly Eýran bilen Wizantiýa, haçan-da dünýäde agalyk ugrunda özara uruşýarkalar, bizi gara şaýa-da alanokdylar. Biz tas ýitip ýok bolupdyk. Emma biziň Beýik Muhammedimiz dünýä indi. Ol ähli butlaryň ornuna bize ýeke-täk Allany peşgeş berdi. Şeýdibem biz birleşipdiris. Indi, hudaýa şükür, Isgender Zükerneýniň eýelän ýerlerindenem köp ýurtlara eýelik edýäris. Arslan. Diýmek onda biz seniň bilen söweşmeli bolýarys-da? Halyf. Bi, ýaňky Samanylar ýüz ýyl töweregi mundan ozal aldaw ýoly bilen biziň elimizden erkinliklerini gaňryp alypdylar. Sen gowusy, gitde Muntasirden ýer sora Arslan. Olar indi ýok ahyryn! Olary türkiler birmahal ýuwutdy. Mahmyt. Bar onda Mahmydyň ýanyna git. Meniň döwletimde ondan güýçli adam ýok. Guluň ogly bolsa-da, barybir men oňa sadyklygy hem-de wepalylygy üçin hormat goýýan. Şadyýan, serhoş adamlaryň sesi eşidilýär. Arslan. Sen Mahmydyň özüňden ýüzüni sowan wagty, onuň ýüzüniň nähili eýmenç bolýandygyny görmänmidiň? Halyf. Şonda-da men oňa hormat goýýaryn. Häzirlikçe... Eger-de, ondan ýer sorasaň, ol hökman berer. Ýöne sen gyssan – Hindistana ugrasnsoň, men ondan hiç zat sorap bilmerin. Ýene-de serhoş adamlaryň sesi eşidilýär. Aljyraňňý hyzmatkär peýda bolýar. (Hyzmatkäre.) Bu galmagal näme. Hyzmatkär. Siziň soltanyňyz siziň bagyňyzda meýlis edýär. Halyf. Meniň bagymda?! Hyzmatkär. Wah, hawa-la. Onuň ýanynda-da gyrnaklar... Hemmesem erkek adamlaryň eşiginde, içinde ýalaňaçlaram bar... Halyf. Meýlis etmäge menden rugsat alaýanda bolmadymyka? Hyzmatkär gitmek isleýär. Sen nirä? Hyzmatkär. Siziň nägileligiňizi oňa aýtmaga. Halyf. Bolýa...Ýok, dur! Men näme etjegimem bilemok. Arslan (gaty sesi bilen gülýär). Soltan ötüňç soramaz öýdüp gorkýaňyzmy? Halyf (hyzmatkäre). Ugra! Hyzmatkär gidýär. Dogrymy aýtsam, menem şol barada pikir edýärin. Gel birazajyk patyşa barada, häkimýet barada gürrüň edeli-le. Döwlet uly boldugyça, patyşa ejiz bolýar eken. Şuny berk ýatda sakla! Özem ýalynjaňlyk zäheri çalnan peýkamlar öňi bilen döwletiň gyrak-çetlerinden gelip başlaýar, olaryň awysy has hem agyryly. Şol peýkamlaryň iň awulysyny – Samany neslinden bolan Ysmaýyl urupdyr. Meniň atalarymyň biri – halyf öz bedenine urlan dönüklik hem-de bedasyllyk neşderini ýarasyndan sogrup, ganap duran ýarasyny aýasy bilen ýapyp, ajy ýylgyryp, Bagdatdan alyslarda ýerleşýän ýerlere hökümdarlyk etmekde Ysmaýyla erkinlik bermäge mejbur bolupdyr. Ikinji neşderi Buýitler kowmy urdy. Şol döwürler olar ýyndam atlarynyň agzyny köpükledip, biziň hyzmatymyza gelendiklerini ýalynjaňlyk bilen aýdypdyrlar. Meniň atalarymyň biri - halyf bolsa, olara minnetdarlyk bildirip, olar bilen häkimýetini paýlaşypdyr. Şonuň üçin hem, görüp durşuň ýaly, meniň elimde indi diňe raýatlaryň ruhuna bolan erkim galdy, ýurduma, onuň baýlyklaryna bolsa, meniň soltanym buýit eýelik edýär. Üçünji neşderiň awusyny datmak meniň nesibäme düşse gerek. Sen biziň nähili peselendigimiz hakynda pikir edýän bolsaň gerek, şeýle dälmi? Men saňa näme diýsemkäm... Hyzmatkär girýär. Hyzmatkär. Hökümdarym, soltan sadyklyk bilen senden ötüňç soraýar. Halyf. Şeýlemi! Örän gowy!... Arslan. Halyf! Tekepbirligim üçin günämi öt! Halyf. Men saňa aýtjak zatlarymy aýtdym. Indem meni ýeke galdyr. Arslan bilen hyzmatkär çykyp gidýärler. (Eldeki ýolbarsy sypalap durşuna Arslanyň yzyndan seredip.) Ol biziň ilki döwrümizdäki bolşumyza gör nähili meňzeş. Men Mahmytdan däl-de, hakykatda, ine şundan gorkmaly.» ■ Ibn Sinanyň Mäne Baba bilen duşuşygy «Nişapur. Abu Sahydyň öýüniň öňündäki äpet daragt. Garyp halk aýdym aýdyp tans edýär. Aly (alty ýaşlaryndaky oglanjyk, aglap). Eje, men mundan artyk tans edip biljek däl. Aýal. Tans et, oglum! Tans et! Aly. Meniň başym aýlanýar. Aýal (ýylgyryp). A sen ol barada pikir etme. Aly. Mundan artyk bolanok, eje... Aýal. Gel ikimiz bileje. Tans edýärler. Ine şeýle! Aly tans edýär. Berekella! Aly ýykylýar. Tursana, hereket etmek gerek. Aýdym aýtmaly, tans etmeli. Şeýtseň şatlyk belalary dep eder. Eşidýärmiň? Tur ýeriňden! (Oglanjygy turzup, ýene-de tans etdirýär.) Aýalyň sesi märekäniň gülkisiniň içinde ýitip gidýär. Halk Abu Sahydyň öýüniň sekisine çykyp gaty sesleri bilen aýdym aýdyp başlaýarlar. Hyzmatkär (öýden çykyp). Abu Sahyt hemme zadyny paýlady. Onuň özünde-de bir döwüm çörek ýok. Märeke. Bilýäs! Ynanýas! Sesler. Goý çykyp biz bilen bilelikde şatlansyn! - Bu dünýäden razy bolup gitmegi bize onuň özi öwretdi. - Goý çyksyn! - Goý biziň bilen söhbet etsin! Sopylaryň köne-küşül eşiginde Abu Sahyt öýünden çykýar. Abu Sahyt. (hemmelere baş egip). Essalamualeýkum! Märeke. Waleýkumessalam, halypa. Abu Sahyt. Günämi ötüň, meniň ýanymda myhman bardy. (Oglanjyga ýüzlenip.) Aly, gel oglum bärik. Bu gün özüňi nähili duýýaň. Aly. Ýagşy. Ejem sen tiz gutularsyň diýýär... Abu Sahyt. Wah şu wagt Ibn Sina bolsady, ol seni hökman bejererdi. Aýal (Abu Sahydyň aýagyna ýykylyp). Meniň oglumy diňe sen bejerip bilersiň. Abu Sahyt. Men onuň baş saglygy üçin diňe doga okap bilerin... Ibn Sina (aýala). Mahybanu! (Begenç bilen). Salam Mahybanu! Aýal. Eý mysapyr adam, sen ýalňyşdyň. Meniň adym Sabira. Ibn Sina. Ýok seniň adyň Mahybanu bolmaly. Men seni tanadym. Çagam bolmaz diýip gorkýanyň ýadyňdamy? Hemişe Ysmaýyl Samanynyň aramgähine zyýarata gatnaýardyň? Sabira. Samany?! Ol Buharada ahyryn! Men hiç haçan Buharada bolmandym... Ibn Sina. Sen öz birinji ogluňa Aly adyny goýjakdygyňy hem aýdypdyň... Sabira. Hawa, meniň birinji oglumyň ady hakykatdan hem Aly! Ibn Sina. Maňa ogluňa seretmäge rugsat ber! Sabira (ogluny gujaklap). Sen näme gul söwdagärimi? Ibn Sina. Ýok, men tebip. Sabira gözüni tegeläp Abu Sahyda seredýär. Abu Sahyt baş atyp rugsat berýär. (Oglanjygyň arkasyna, döşüne gulagyny goýup barlaýar.) Suwly tabak getiriň. Içi suwly tabak getirýärler. (Ýerden bir gysym gum alyp, suwa garyp palçyk ýasaýar. Palçygy oglanjygyň arkasyna, döşüne çalýar.) Mundan kyrk gün öň bu ýerde howa örän sowuk bolupdyr. Sabira. Hawa. Ibn Sina. Sizem daşarda gijäni geçiripsiňiz. Sabira. Hawa. Ibn Sina Şondan bärem ogluň üsgürýärmi? Sabira. Hawa. Ibn Sina. Şu wagtkysy ýaly gury üsgürýärmidi? Sabira. Hawa. Ibn Sina. Bäş günden bäri gijelerine gyzdyryp, dem almasy hem kynlaşyp başladymy? Sabira. Hawa. Ibn Sina (Ala ýüzlenip, onuň döşüni görkezip). Şu ýeri sançýarmy? Aly. Hawa. Ibn Sina (oglanjygy gözden geçirýär). Onuň öýkeniniň şu ýerinde çiş bar. Görýäňizmi, bu ýerdäki palçyk derrew gurady. Oglanjygy heläk edýänem şol çiş. Märekäni geň galyjylyk we howsala gaplap alýar. Ibn Sina (aýala). Ertir irden öýňüze gelmäge we tebip hökmünde oňa em etmäge maňa rugsat ber. Biriguň eýýäm giç bolmagy mümkin. Sabira naýynjar bakyp Abu Sahyda seredýär. Abu Sahyt käsäni ýokary zyňýar. Käse ýere gaçyp döwülýär. Abu Sahyt (Ibn Sina). Aýtsana, näme üçin käse ýere gaçyp döwüldi? Ibn Sina. Sebäbi Birunynyň aýtmagyna görä, Ýeriň dartylma güýji ähli jisimleri özüne tarap çekýär. Abu Sahyt. Senem oňa ynanýarmyň? Ibn Sina. Bu dünýäde men diňe tejribä ynanýaryn. Tejribe onuň pikirini tassyk edýär, şonuň üçin hem şu meselede men Biruna hem ynanýaryn. Abu Sahyt. Hudaý näme...sen ony hem tejribeden geçirýärmiň? Ibn Sina. Hawa. Mümkin bolan ýagdaýynda. Märekäni gorky gaplap alýar. Abu Sahyt. Seni diňlemek hem gorkunç, hem gyzykly. Seniň pikiriňçe dünýäni hudaý ýaradypdyrmy? Ýa-da... Ibn Sina. Ýok. Dünýä bakydyr. Märekäni ýene-de gorky gaplap alýar. Abu Sahyt. Hudaýa şükür, biz her öňýeten sowatsyz işan-molla bilen ýaran bolamzok, ýogsa bu sözleriň üçin seniň nä güne düşjegiň belli däl. Ibn Sina. Bilýän. Abu Sahyt. Sen nädip biziň bilen şeýle arkaýyn gürleşip bilýärsiň? Sen ýa akyldar bolmaly ýa-da akmak.! Aýtsana, sen dünýäniň bakydygyna nädip akyl ýetirdiň, ýa-da onam tejribäň üsti bilen anykladyňmy? Gülüşýärler. Ibn Sina. Ýok. Bu ýerde tejribäniň edip biljek zady ýok. Bu ýerde mantyk (logika) bar! Abu Sahyt. Hä, şeý diýsene! Hany onda mantyk boýunça nädip beýle bolýandygyny düşündirdä? Ibn Sina. Ine, mysal üçin, howadaky tozjagazlar. Olar dagynyk hem sypatsyz. Bu görnüşde olar hiç zat. Bir görseň bar, bir görseňem ýok. Emma birden ýagyş ýagýar-da, ähli tozlar suwa garylyp kirşene öwrülýär, men kirşeni elime alyp, ondan palçyk edip bilýän. Palçykdan bolsa gurjak, öý, logola ýasap bilýän. Arşda-da edil şunuň ýaly. Ähli janly, jansyz zatlar bölejiklerden durýarlar. Ol bölejikler müdimi, olar hiç haçan ýitmeýärler. Tozjagazlar hem edil şonuň ýaly, näme etseňem ýitenoklar. Eger-de ýitmeýän bolsa, diýmek onda, olar döremeýärem. Şonuň üçin hem bölejiklerden durýan bütin älem müdümi ýaşaýar. Diňe olar bir görnüşden başga bir görnüşe geçýärler. Ine, mysal üçin, şu palçykdan eden logalam: men ony mynçgalaýan-da, ondan başga bir şekil ýasaýan. Abu Sahyt. Hawa...Göwnejaý. Akylly aýdylan. Ýöne, sen göwnüme bolmasa, bir bir zat ýitiren adama meňzeýäň... Ibn Sina. Nämäni? Abu Sahyt. Hudaýy. Allajanlarym seniň bu pähimiň içinden men saňa nädip hudaýa orun tapyp bererkäm? Ibn Sina. Bolýa... Hudaý – dünýäniň ýaşamagy üçin baş zerurlyk diýip aýdaly. Muny düşündirmek üçin arabanyň tigrini mysal hökmünde alyp göreli. Göz öňüne getirip gör! Tigriň merkezi, onuň içinden geçýän oky, tigri emele getirýän tegelek demir halka, demir halka bilen tigriň merkezini birleşdirýän gün şöhlesi ýaly gapyrgalar. Şu ýerdi tigriň merkezi hudaý, älem bolsa onuň tegelek ýeri... Märekeden bir ýigit. ...Tigir aýlanýarka, onuň içinden geçýän ok hereketsiz durýar-a! Tigriň öz ýaşaýşy bar! Islese aýlanýar, islemese ýerinde dur. Merkeziň bu ýerde näme dahyly bar! Gülki. Ibn Sina. Menem hut şony aýtmak isledim! Hakykatdan-da adam baş egmäge mynasyp, çünki ol hut hudaýyň öňünde-de oýlanyp biler. Abu Sahyt. Täleýiň syrlaryna akyl ýetirenler hudaýdan daşlaşýarlar. Biz erkin, sebäbi biz garyp adamlar. Garyplara bolsa özüň bilýäň, tejribe-de gerek däl, mantygam – bize ynanç gerek. Biziň özümize bolan ynanjymyz – biz üçin hudaý şol. Ibn Sina. Onda siz näme üçin beýdip özüňizi kemsidýärsiňiz? Abu Sahyt. Sabyr-kanagat bilenmi? Ibn Sina. Hawa. Abu Sahyt. Sebäbi biz akyl adamlaryndan tapawutlylykda, şeriň nämedigine başgaça düşünýäris. Her bir zada özüniň çöwre ýüzi bilen düşünilýär. Şeýle dälmi? Ine biz garyp. Näme üçin? Sebäbi baýlar bar. Ýöne baýlar bolmadyk bolsa, biz garyplygyň nämedigini bilmezdik. Haýyr, ýagny hudaý hem hut şonuň ýaly. Biziň oňa düşünmegimiz üçin, hudaý şeri döredipdir. Şonuň üçin hem nirede hudaý inkär edilýän bolsa, ol hut şol ýerde-de bardyr! Indi görýärmiň, şeriň syry, ýaradylmagyň syryna deňdir. Şeri haýyrdan aýratynlykda göz öňüne getirip bolmaýar. Haçan-da, men akyl adamlaryny diňlänimde, kalbymy tukatlyk gaplap alýar. Sebäbi siz syry inkär edýärsiňiz. Onsuz adamlar tükeniksiz älemiň ýakymsyz aýazyndaky ýaly özlerini göwnüçökcün duýarlar. Men bu hakykata çölde ýeke özüm ýaşanymda göz ýetirdim. Men şonda erbet hopugupdyryn. Şundan soň akylyň rehimsiz hakykatyny – men hem edil seniň häzirki bolşuň ýaly, akyla gulluk edýärdim - ýadymdan çykaryp, adamlara haýpym gelip olaryň arasyna dolanyp geldim. Men olara: adam - bu ýeke-täk bitewi Hakyň aýrylmaz bir bölejigidir diýip aýtdym. Ynsanyň baş ýoly – bu Hak bilen birleşmek, ýagny diniň ýolydyr. Emma akyl Haka ýetýär-de, onuň öňünde aňk-taňk bolup duruberýär, sebäbi akyl Hakyň nämedigini düşündirip biljek, ýöne ol ruhy güýje öwrülip bilenok. Ol misli gülüň sypatyny bilýän, ýöne onuň reňkiniň nähilidigini bilmeýän kör ýaly. Ylham bolsa – şol reňkem, sypatam bilýän köre-köre ynanç. (Märekä tarap elini uzadyp görkezýär.) Bu adamlar maňa ynandylar. Indi olar dünýäniň ýowuz gözelliginiň öňünde özlerini ejiz hasap etmeýärler. (Käsäni ýokarlygyna zyňyp goýberýär.) Käse ýere gaçman howada saklanýar. Hemmeler geň galýarlar. (Käsäni eline alýar.) Men porhan däl. Men gözbagçylyga-da garşy. Ýöne sen jogap ber, näme üçin käse ýere gaçmady, ýogsam seniň ýaňky aýdan jisimleriň ýeriň merkezine tarap dartylma kanuny boýunça ol ýere gaçmalydy? Ibn Sina oýa batyp pikirlenýär. Hemmeler onuň berjek jogabyna garaşýar.Şadyýan gygyryşyp çagalar ylgaşýarlar. Olary şol bada saklaýarlar. Ibn Sina. Fizikanyň kanunlary... ýeriň merkezine tarap gitmäge hiç bir güýç päsgel bermeýän jisimlere degişli. Bu käse seniň ägirt uly erkiň täsiri bilen saklandy! Abu Sahyt (aýala). Sen oňa öz ogluňy arkaýyn bejerdip bilersiň. Pelsepeçi-alym edil hudaý ýaly eken. (Ibn Sina tagzym edip, öýüne tarap ugraýar.) Birinji derwüş (Abu Sahydyň yzyndan ýetip ). Sen näme üçin oňa tagzym etdiň halypa? Abu Sahyt. Sebäbi meniň ylhamyň güýji bilen görýän zatlarymy, ol ylmyň güýji bilen görýär eken. Ikinji derwüş. Seniň ýüregiň bu adamyň Ibn Sinadygyny syzanokmy? Abu Sahyt (Sakga durup). Ýogsa-da, menem hut şeýle pikir etdim. Ýöne özünden soramagy birhili gördüm... (Ýene-de bir gezek Ibn Sina tagzym edip gidýär.) Ibn Sina hem Abu Sahyda tagzym edýär. Birinji derwüş. (Ibn Sina ýüzlenip). Eý nätanyş adam, sen näme üçin Abu Sahyda tagzym etdiň? Ibn Sina. Sebäbi meniň ylmyň güýji bilen görýän zatlarymy, ol ylhamyň güýji bilen görýär eken.... » ■ Arslan Beýginiň Mäne Baba bilen duşuşygy «Nişapur. Abu Sahydyň öýüniň öňindäki äpet dargt. Agşamara. Öýüň öňünde elleri ýaragly hem-de otly kesindili märeke. Sesler. Abu Sahyt hezretleri! - Gapa çyksana! - Sen halka gerek! - Biziň ýanymyza gel! Abu Sahyt ajaýyp eşikde gapa çykýar. Hemmeler onuň öňünde dyza çökýärler. Goja. Türkmenler şäheriň derwezesini kakyp durlar. Näme etmeli? Şaheri goramalymy ýa-da... Abu Sahyt. Derwezeleri açyň. Bolmasa biz diňe bir şäherimizden däl, janymyzdan hem geçmeli bolarys. Galanam näme, bize diňe Allanyň rehimine bil baglamak galýär. Hemmeler onuň bilen bile doga okaýarlar. Çalt-çalt ýöräp geýnüwli Arslan peýda bolýar. Onuň ýanynda köp sanly nökerleri. Arslan. Içinde akyl-paýhas höküm sürýän şäherler uzak ýaşaýar. (Abu Sahyda). Pähimli ulamalar bolsa uzak wagtlap ýatda galýar... (Dyzyna çökýär). Bize pata ber, eý tagsyr! Arslanyň ähli nökerlerem dyza çökýärler. Abu Sahyt (Çöküne düşüp oturan Arslanyň üstünden ellerini gerip). Seniň päk kalbyň näme iş etsem diýýär, eý oglum? Arslan. Biz köp zat islämizok. Diňe Gaznany alaýsak diýýäris! Abu Sahyt (ellerini yzyna çekip). Gaznany?! Arslan. Hawa. Soňam Bagdady! Gylyjyň uçgunyndan döwletlilik şuglasy döremeli, şeýle dälmi? Abu Sahyt. Bolýar, men size pata bereýin. Size boýun synmak dünýäniň kysmatynda bardyr. Ahli nökerler başlaryny egýärler, olaryň biri aňk bolup Abu Sahyda seredip dur. Arslan (ony kakyp goýberýär). Näme aňk bolup otyrsyň... Görmegeý şyh, şeýle dälmi? Nöker. Hawa. Şyhlar garyp eşikde gezýärler diýip aýdýardylar! Bu şyha durky bilen zynat bolup dur. Men ony soltandyr öýtdim. Abu Sahyt nökeriň aýdanlaryny eşidip, aşak bakýar. Seret, onuň ýüzi gyzardy! Arslan. Ol biziň işimiz däl! Ine biziň etmeli işimiz! (Ýerinden turup palta bilen Abu Sahydyň daragtyna palta salýar.) Şyh bizden başga hiç kime pata bermez ýaly, çapyň şu daragty! (Ýerinden turup, nökerlerini alyp çykyp gidýär.)» ■ Halyfyň köşgünde bolan gürrüňler «Bagdat. Halyf Kadyryň köşgünde. Halyf dünýä kartasynyň öňünde dur. Onuň ýanynda - iki ogly, weziri, kätibi. Halyf (gaharly). Türkmenler bilen söweşip biljek bir şäherem bardyr öýdemok! (Aýnanyň öňüne baryp, köýneginiň iliklerini dakýar.) Altyn guşagymy äber! Wezir. Halyfyň altyn guşagyny getiriň! Halyf. Bu däl! Pöwrize daşlysyny getirsinler! Wezir.Halyfyň pöwrüze daşly altyn guşagyny getiriň. Halyf (guşanyp durşuna). Merjen tesbimi getiriň! Ýa-da ýok... badahşan laglyndan edilenini. Wezir. Halyfyň lagyl tesbisini getiriň! Halyf. Ýüzüklerimem! Wezir Halyfyň ýüzüklerini getiriň! Içi ýuzükli gutujyk getirýärler, halyf birnäce ýüzük dakynyp özüni aýnada synlaýar. Gulluk derejelerini paýlap başlalymyz bäri biziň işimiz ugruna bolup başlady! Halyf (wezire). Saňa ony öwreden kim? Wezir (başyny egip). Adamlaryň akmaklygynyň hem-de gopbamsylygynyň beýle geçginli harytdygyny, dogrusy men bilmändirin. Halyf (penjireden seredip). Gulluk derejesini almak üçin bu gün bize nähili sowgat getirdiler? Wezir. Altyn, ýüpek, müşk, hytaý çaýyny, zendanaçy matasyny, tabarystanyň gymmat matasyny... hem-de asyryň üýtgeşik harydyny - syrçaly gaplary getiripdirler, hökümdarym... Halyf. Munuň üçin nähili gulluk derejesini soraýarlar? Wezir. Dünýäniň adalatly patyşasy derejesini. Halyf (gülüp). Arslan gelenä däldir-dä, hernä? Wezir. Arslan-a gelendir, hökümdar. Halyf. Nesilşalygyň alawy gulluk derejesini berenimiz üçin Bogra han bize näme getiripdir? Wezir. Gön, ýüň, ýigrimi müň at, merw ýüpegini, samarkant kagyzyny,, şeýle hem kümüşsöw reňkli meshur simgun matasyny, gyzyl mahmal hem-de kenepden edilen sinizi matasyny getiripdir. Ine, siziň biliňizdäki şu guşagam şol iberipdir. Halyf. Gürgeniň emiri Kowus näme iberipdir? Wezir. Ol sizden gulluk derejesini soramadyk ýeke-täk emir, hökümdar. Halyf. Şeýlemi? Aý, ol eýýäm aljak derejesini alan ýaly-la. Göni gelen ajal oňa «ogly öldüren» derejesini goýup gitdi... Soltan Mahmyt näme iberipdir? Wezir. Siz oňa iň ýokary – Soltan häkimýeti diýen gulluk derejesini beripdiňiz! Ýöne ol bu dereje üçin hemmelerden köp zat iberipdir. Ownuk-uşak zatlary hasap etmäniňde bäş kerwen tylla! Arslany çagyraýynmy hökümdar? Halyf. Ýok. Men onuň bilen bir eýýäm gürleşdim. Şol wagtlar onuň bir garyş ýerem ýokdy. Görýäňizmi, eýýäm gulluk derejesi üçin gelenmiş! Siz näme diýýäňiz, ogullam! Uly ogly. Men oňa gulluk derejesini bermeli diýip hasap edýärin. Ýöne, getiren sowgatlarynyň daşyndan silkme telpegem bersinler! (Iki elini ýokary göterip). Şunuň ýaly beýik... Silkme telpek maňa diýseň ýaraýar! Halyf bilen wezir biri-biriniň ýüzüne seredişýärler. Kiçi ogly. Bu erkek adama gelişjek gürrüň däl! Olary gowy garşylamaly, ýöne gulluk derejesini bermeli däl. Pikirlenmegi wada eden bolmaly. Bagdada gelenlerinden soň bolsa - olar hökman gelerler - ondan soň dereje beräýmeli. Olaryň hemme garşydaşlaryny ýeňjekdikleri barada hem hiç hili şek-şübhe bolup bilmez, sebäbi olaryň meselesi häkimýeti almak däl-de, ýaşaýyş ugrundaky göreş. Indi musulman dünýäsiniň düwüni biz däl-de, türkmenler hem-de olaryň soltan Mahmyt bilen uruşlary bolar. Şol düwüni kim çözse, şol hem dünýä musulmanlarynyň hökümdary bolar. Türkmenler Mahmydyň döwledini dänejige öwürmäge çalyşýarlar - hökman öwrerlerem! Haçan-da olar Bagdada gelenlerinde, olaryň öňünden edil ogullaryňy garşylaýan ýaly çykmaly. Olaryň batyrlygyna haýran galan bolmaly. Ony etmek saňa ýeňil bolar, sebäbi olar hakykatdan hem gözsüz batyr halk. Men heniz olardan batyr esgerleri göremok. Ine şundan soň olara gulluk derejesini berseň bolar! Özem, kaka, seniň göterýän derejäňden soňky iň beýik, iň birinji gulluk derejesini bermeli bolar. Olara şeýle diýmeli: «Sizi Bagdada hudaýyň özi iberipdir! Siz meniň perzentlerim!» Soňra olary kartanyň ýanyna eltip, edil uly bir syry açýan ýaly, uly ynam bilen şeýle diýip aýtmaly: «Bu ýerler (Kiçi Aziýany görkezip) meniň dünýämde iň mes toprakly, iň owadan ýerler, ýöne olar gyrak-çetde, meniň iň howply duşmanlarymyň ýerleriniň golaýynda, olar diňe size batyrynyp bilmezler. Siz olara garşy meniň galkanym bolsadyňyz! Siz şol yerlerde ýaşamaga isleg bildirsediňiz!» Elbetde, olar şol ýerlere şatlyk bilen eňerler hem-de ýurt tutynarlar we sen bu işden iki esse peýda görersiň, çünki birinjiden-ä, sen olary özüňden daşlaşdyrarsyň, ikinjiden bolsa, hakykatdan-da olar seniň şol howply taraplarda galkanyň bolarlar. Halyf. Hudaý jan maňa şeýle ogly näme üçin iberdikä! (Kiçi ogluny öpýär.) Hut şonuň ýaly hem ederin, oglum! Bar Arslanyň ýanynda bol! (Uly ogluna.) Bar senem onuň ýany bilen git! Ýöne ondan silkme telpek soramagy unutmagyn! Ogullary gidýär. (Kätibe.) Kiçi oglumyň ähli aýdanlaryny ýaz-da, gizläp goý. Kim bilýär, birden men ol günlere ýetmesem, mirasdüşerime berersiň. (Gidýär.) Kätip. Men onuň hut öz eline bererin! Wezir. Akmak. Akylly şazadanyň tagty miras almagyna kim ýol berer öýdýäň?!» Jumadurdy ANNAORAZOW, taryh ylymlarynyñ kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |