14:21 Ukraina | |
UKRAINA
Publisistika
Öz harby-deñiz güýçleriñ ofiserlerini eliñ bilen türmä atdyñ... Şindi Garadeñizde uruş tursa halymyz niçik bor diýip gama batýarsyñ gerek, jan gardaşym? ABŞ Ikinji jahan urşunda Ýewropadan Afrika, Atlantik okeandan Ýuwaş okeana çenli aralykda, ýer şarynyñ her künjünde söweşdi, 45 generalyny we admiralyny ýitirdi... Sen ýeke ok atmazdan öz ýurduñda 58 generalyñy we admiralynyñ paýhyn etdiñ. Söweş gämisine serkerdelik edip biljek ofiser 15 ýylda ýetişýär, sen galamyñy ýeke gezek oýnadañda şahsy düzümiñ polkownik çinindäki fregat (korabl) serkerdelerimiziñ jümlesini ýok etdiñ. Ne demirgazyk deñiz-pyýada serkerdesi goýduñ, ne günorta deñiz-pyýada serkerdesi goýduñ, söweşjeñ flot serkerdelerini, suwasty flot serkerdelerini, çykarma gämi serkerdelerini, mina gämileriniñ serkerdelerini ýok etdiñ, bu kelle bilen gidiberseñ, söweş gämisini dolandyrmak beýlede dursun, gaýykda kürek aýlajak adam bile tapmarsyñ diýip duýduranymyzda, bize paýyş sögündiñ, biziñem türmä atylmagymyzy islediñ. Ýeri, şindi Garadeñizde gämileriñ batdymy-da, beýle diñşirgenip çuñ oýa çümýärsiñ, jan gardaşym? "Haý, zaluwat, durawer, Montrony esnetmeye kalkışmayın" diýen otstswkadaky admirallaryñ aýagyna gandal uranlarynda begenip guş bolup uçup, bişen kelle ýaly syrtaran sen dälmidiñ, jan gardaşym? Seret, özüñem görýäñ, Stambul bogazyndan lufar (balygyñ bir görnüşi) sürüsi mysaly rus söweş gämileri geçýär, iñ soñky gezek rus suwasty gämisi geçdi, amerikan uruş gämileri Garadeñiz bilen Ortaýer deñziniñ arasynda zygyr-zygyr gatnaýar, sen näme bulary şäherara ýolagçy gämileridir öýdýäñmi, biri girip biri çykýar. Ne pohlary iýersiñkä indi, jan gardaşym? (Barlygyna buýsanýan otstawkadaky negözel admirallarymyzyñ şu gün nobatdaky sud mejlisi bar, haýyş edýärin, barsana Çaglaýan suduna... NATO kelle nato mermerdigini, saña sabyr-takatlylyk bilen öwran-öwran aýdyp bersinler, jan gardaşym.) Ukraina bölündi. “Biz ukrainaly däl” diýip, Ukrainanyñ şarta bölünmegine sebäp bolan Donbas oblastynyñ ilatynyñ özi bary-ýogy 3.5 million adam. Ýeri, "hopbaa" diýip, Türkiýä doldurylan 9 million siriýaly erte-birigün seniñ başyña şol derdi açmaz öýdýäñmi? Nämüçin hususanam Hataýda türk ilatyny geçmäge çytraşýar, eý meniñ aşa paýhasly jan gardaşym? "S-400" aldyñ, roglar bilen şäher turnirini geçdiñ, aperin. Çaknyşyk ýüze çyksa, bize syçrasa, biz NATO ýurdy, "S-400" programmasy bolsa NATO ýaraglaryny duşman obýekti hökmünde görýär. Garadeñizden ýakynlaşan rus uçaryna çenenip, Injirlikden howalanan amerikan uçaryny uraýjakmy, jan gardaşym? "S-400"-lere NATO-nyñ programma üpjünçiligini geçirmek gerek, "S-400" aldyñ diýip, "F-35"-lerini-de bermediler, saña programma bererlermi, jan gardaşym? "Biz indi dünýä lideri, ýerli we milli programma geçireris" diýýän bolsañ, "şyh uçmaz, mürit uçurar", "S-400"-leri hem şeýdip uçurjagyña gözüm ýetýär, jan gardaşym! Ysraýyl bilen iş salyşýandygymyzy gören Eýran “prokladkada näsazlyk boldy” diýägetdin, tebigy gazy üç gün kesdi, senagatymyz üç günläp komada ýatdy. Russiýanyñ prokladkasynda näsazlyk dörese, näme boljagyny, heý, oýladyñmy, jan gardaşym? Garadeñizde dünýäniñ ümzügini üýtgedip biljek gaz tapandygymyz üçin rus gazynyñ kesileni bilenem kynçylyk döräýesi ýokdur-da, hernä, jan gardaşym? Garadeñizde Russiýa garşy fronta girip, Ortaýer deñzinde rus turistlerine garaşaýjakmy, jan gardaşym? Otellerimizdäki "hemme zat bolýara" akmaklygam degişlimi, jan gardaşym? Russiýadan iñ köp bugdaý satyn alýan ýurt - Türkiýe. Russiýadan iñ köp günebakar ýagy satyn alýan ýurt - Türkiýe. Russiýadan iñ köp arpa satyn alýan ýurt - Türkiýe. Russiýadan iñ köp kepek satyn alýan ýurt - Türkiýe. Russiýadan nohut, noýba, jöwen, kanola, soýa satyn alýarys. Russiýadan saman satyn alýarys! Russiýadan “sap” satyn alýarys! Russiýadan “ot-iýmlik däne” satyn alýarys! Bu görkezijiler ekerançylyk önümlerimiziñ 70%-ini tutýar... Galan 15%-ni nireden satyn alýarys, bilýärsiñmi? Ukrainadan, jan gardaşym! Ýeri, şeýlekin öñdengörüji bolanyñ üçin, şeýlekin dogry netijelere gelip, şeýlekin sagdyn kararlary berýändigiñ üçin saña minnetdarlyk bildirmän kime minnetdarlyk bildireýin, jan gardaşym? Ýylmaz ÖZDIL. "SÖZCÜ" gazeti, 24.02.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |