23:45 Kysmat meýilnamasy | |
KYSMAT MEÝILNAMASY
Publisistika
BARTYN 1878-nji ýyl. Patyşa ependimiz zaty-şahane Abdylhamyt han hezretleri häkimiýetdedi. Bartyn kaýmakamlygyndan köşge telegramma gelýär. "Çynarlyda "Mustafa beý" ojagynda gaz tutaşyp, bäş amele (işçi) ýandy, amele ojaga gitmäge çekinýär. Barlag işlerini geçirmeli boljak. 27.07.1878 ý." * * * Ýagny... "Grizu (rudniý gaz) partlady, içindäki işçiler ýanyp öldi, daşardaky işçiler kömür känine girmek islänok. Derñew işlerini geçirmegi talap edýäris" diýilýär. Köşk işe çynlakaý seretdi. Şol gün jogap geldi. "Bartyn kaýmakamlygynyñ adminstrasiýasyna! Umumy ojaklarda bular ýaly nogsanlyklaryñ bolmagy magdan çykaryş işine mahsus zat. Nirede bolanda-da, ajaly-kaza (ölüm) mukadderaty-ylahydan bolýandygy (hudaýtarapyn) üçin hiç bir ojagyñ togtamagyna zerurlyk ýok. Gerekli taýýarlyklary görüp, ýene öñküsi ýaly işiñizi dowam etdiriñ. Amelelere-de wagyz-nesihat ediñ, işlerini etsinler. 27.07.1878 ý." * * * Ýagny... "Derñewiñem geregi ýok, serñewiñem. Magdan känlerinde bular ýaly heläkçilikleriñ bolmagy adaty zat. Ajallary ýetipdir, kysmatlary şeýlemiş. Öñküsi ýaly işiñizi dowam etdiriñ, beýleki işçilere-de öwüt-ündew ediñ, terbiýesizlik etmesinler, ependi kimin girip işlesinler, gaharymy getirmesinler!" (Bartyn bilen köşgüñ arasyndan baryp 144 ýyl mundan öñ alşylan bu resmi hatlaryñ original nusgalaryny görmek isleýänler Magdan inženerleri uprawleniýesine ýüzlenip bilerler). * * * Dek düýnüñ özünde... "Asyryñ lideri" şol öñki Bartyna geldi, 41 öliniñ sebäbini düşündirdi. "Bu kömür känimiz iñ ösen şertlere eýe magdan ojagydyr, biz kysmat meýilnamasyna ynanýan adamlar, munuñ düýni, şu güni, ertesi ýok, bular ýaly zatlar elmydama bolýar, şuny ýagşy biliñ" diýdi. Patyşahymyz, ependimiz zaty-şahana Abdylhamyt han hezretleriniñ kysmaty bilen şu günüñ köşk kysmaty hutma-hut birmeñzeş. Maksat 2023. Añyýet bolsa 1878. * * * Nämemiş ependim, Jemgyýetçilik maliýe gözegçilik edarasynyñ (Sayıştay) barlagnamasynda şu magdan käninde heläkçilik bolup biljegi duýdurylanmyş, grizu howpuna ünsi çekilenmiş, pylan-pysmydan... Goý, gardaşym, bulary goý... Somanyñ meýletin aklawjylary Jan Atalaýy, Selçuk Kozagaçlyny türmä atyp, Somada magdan işçisini ýumruklaýany ilçihanda ataşşe eden añyýet edara-medara diñlär öýdýäñmi? * * * Agysyny aglalyñ. Dyzymyzy ýumruklalyñ. Ýakamyzy ýyrtalyñ. Saçymyzy ýolalyñ. Barybir biderek. Çykarylýan kömüri adamdan has gymmatly görýän kelle üýtgemezden bu kartina üýtgär öýdýäñizmi? 16.10.2022 ý. • KYSMAT MEÝILNAMASY 2010-njy ýyl. Zonguldak Karadonda grizu (rudniý gazy) partlady. 30 işçi gurban boldy. "Asyryñ lideri" Zonguldaga geldi: - Kysmat bu - diýdi. - Ýerli adamlar bular ýaly hadysalara öwrenişen, bu käriñ kysmatynda bar zat, bu käre baş goşanda bular ýaly zatlaryñ boljagyny bilip girýärler. * * * Karadondan çykarylýan kömüriñ tonnasy 350 liradan satylýardy. Ölen işçilerimiz günde adam başyna bäş tonna kömür çykarýardy. Aýda 900 lira aýlyk alýardylar. Ýagny, bir aý işläp, bir günde çykarýan kömürini-de satyn alyp bilenokdy. * * * 2014-nji ýyl. Somada grizu partlady. 301 işçi wepat boldy. "Asyryñ lideri" Soma geldi: - Kysmat bu - diýdi. - Bular bolýan zat, edebiýatynda bar, kysmatynda bar. * * * Somada çykarylýan kömüriñ tonnasy 490 liradan satylýardy. Ölen işçilerimiz günde adam başyna 5 tonna kömür çykarýardy. Aýda 1400 lira aýlyk alýardylar. Ýagny, bir aý işläp, bir günde çykarýan kömürini satyn alyp bilenokdy. * * * 2022-nji ýyl Bartın Amasrada grizu partlady. 41 işçiniñ ömür tanapy üzüldi. "Asyryñ lideri" Amasra geldi: - Kysmat meýilnamasy - diýdi. - Biz kysmat meýilnamasyna ynanýan adamlar, munuñ düýni-şu güni bolmaz, bular ýaly zatlar hemişe bolar durar, muny bilmegiñiz gerek. * * * Amasradan çykarylan kömüriñ tonnasy 5500 liradan satylýar. Ölen işçilerimiz günde adam başyna bäş tonna kömür çykarýardy. Aýda 11 müñ lira aýlyk alýardylar. Ýagny, bir aý işläp, bir günde çykarýan kömürini satyn alyp bilenokdylar. * * * Kysmat diýilýän zat, ine, şular ýaly. Adam ömri kömürden arzan. Karadonda ölen işçilerimiziñ aýlygy maaşı 600 dollara ýetýärdi. Somada ölen işçilerimiziñ aýlygy 600 dollara ýetýärdi. Amasrada ölen işçilerimiziñ aýlygy 600 dollara ýetýärdi. Emma... Karadon pajygasynda bäş tonna kömür 1150 dollardy. Amasra pajygasynda bäş tonna kömür 1500 dolar. * * * 12 ýyl geçdi. Aýlyk - şo bir aýlyk. Kömür welin, gymmatlapdyr. Kysmat meýilnamasy diýilýän meýilnama-da, ine, şular ýaly. Ýylmaz ÖZDIL. "SÖZCÜ" gazeti, 18.10.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |