21:26 Häzirem Kiýewiñ köçelerinde barrikada guruldy diýip gürrüñ berýärler | |
HÄZIREM KIÝEWIÑ KÖÇELERINDE BARRIKADA GURULDY DIÝIP GÜRRÜÑ BERÝÄRLER
Publisistika
Anna… Onuñ kakasy KGB-niñ jansyzydy. Russiýanyñ Halklaryñ dostlugy uniwersitetiniñ ykdysadyýet fakultetini tamamlady. (Bu uniwersitet kän bir tanalyp durlanok, ýöne Şagal Karlos lakamly Iliç Ramires Sançes, Eýranyñ aýatollasy Ali Hamaneý, Palestinanyñ döwlet ýolbaşçysy Mahmut Abbas, Nikaraguanyñ döwlet ýolbaşçysy Daniel Ortega, Merkezi Afrika respublikasynyñ, Namibiýanyñ, Çadyñ prezidentleri şu ýokary okuw jaýynyñ uçurymydylar.) Iñlis, nemes, fransuz dillerinde suwara gürleýärdi. Ýañy ýigrimi bir ýaşanda Londona göçüp geldi. Özüni jalataý saýýan, rus gyzlarynyñ öz görmegeýligine durup bilmeýändigini pikir edip, tumşugyny göge tutup ýören Aleks Çapman atly bir pekgä durmuşa çykdy, iñlis raýatlygyna geçdi. Banklarda işledi. 2005-nji ýylda bu pekge bilen aýrylyşdy, iñlis pasporty bilen ABŞ-na göçdi, 2006-njy ýylda Nýu-Ýorkda gozgalmaýan emläkler boýunça şereket açdy. Ýañy 24 ýaşapdy, million-million dollarlar elinden geçýärdi, ýanynda elli adam işleýärdi. Gyzylymtyk saçy we syrdam aýaklary bilen görenleri oda goýýardy, "Wall Street" üýşmeleñleriniñ ýyldyzydy, güýç maklerlerini barmagynda oýnadýardy. 2010-njy ýylda gödek ýalñyşlyk goýberdi... Galp pasport operasiýasy üçin rus konsullygynda işleýän biri bilen görüşdi. Şeýledir öýdýärdi. Emma onuñ görşen adamy FBI-niñ jansyzydy, ol özüni rus konsullugynda işleýän ýaly edip görkezipdi. Anna paş bolupdy. Içalyçylyk etmekde aýyplanyp, tussag edildi. Anna bilen bile dokuz rus jansyzynyñam üsti açylypdy. Jemi bäş aýal, bäş erkekdi. Lidiýa, Nataliya, Ýelena, Wladimir, Mihail, Andreý... Hakyky atlary şulardy, emma amerikan adam atlary bilen galp şahsyýetnama ulanýardylar. Käbirleri är-aýaldylar, çagalary bardy. Ýönekeý amerikan maşgalalary ýaly ýaşaýardylar, hatda goñşulary olary "amerikan nasionalisti" hökmünde tanaýardylar. Alymlar bilen, senagatçylar bilen gatnaşyk saklaýardylar. Käbirleri maliýe, käbirleri tehnologiýa şereketlerinde işleýärdiler. Käbirleri 1990-njy ýyldan bäri ABŞ-da ýaşaýardy, ýigrimi ýyl bäri ABŞ-nyñ raýaty hökmünde tanalýardy. Aslynda on bir adamdylar. Polkownik Pawel Kapustin bularyñ ýolbaşçysy we habar alyşmak boýunça jogapkärleridi. Olam galp şahsyýetnama bilen ABŞ-na gidip-gelýärdi. Gozgalmaýan emläk ýa-da maglumat satyn almaly bolanda sumka doly nagt puly şol getirýärdi. Rus jansyzlyk toruny çökermek üçin düwmä basylanda Kipr Rum respublikasyndady, emma FBI-niñem ony getirmäge güýji ýetmedi. Rumlar kepillik arkaly ony boşadyp goýberdi, Kapustin ýitirim boldy. Moskwa adamlaryndan geçmedi. Taryhyñ iñ uly jansyz çalşyklaryndan biri boldy. ABŞ on rus jansyzyny yzyna berdi. Russiýa olaryñ ýerine Günbatar ýurtlarynyñ hasabyna işleýän dört rusy berdi. Igor, Sergeý, Aleksandr, Gennadiý... Kimsi ýadro hünärmenidi, kimsi kontrrazwedkaçy, kimsi Angliýa maglumat ýollaýardy, kimsi-de MRU-nyñ peýdasyna işleýärdi. Hemmesi-de žuçokdyn aýry-aýry wagtlarda ele salnyp, tussag edilipdiler. Kimsi on sekiz ýyl azatlykdan mahrum edilipdi, kimsi sekiz ýyl bäri gözenegiñ añyrsyndady. 2010-njy ýylyñ iýul aýy... "Sowuk uruşdan" soñ iñ uly jansyz çalşygy Wenada boldy. MRU-nyñ uçary on rus bilen birlikde Nýu-Ýorkdan geldi. Rus daşary kontrrazwdka gullugy FSB-niñ (SVR) uçary dört rus bilen bile Moskwadan geldi. Yzly-yzyna "Scwechat" howa menziline gondular, ýanaşyk ýerde durdular, jansyzlar çalşyldy, uçarlar aýry-aýry ugra howalandy. Russiýanyñ beren jansyzlaryñ biri-de Sergeý Skripaldy. Ol rus harby kontrrazwedkasy GRU-da işleýärdi. 1995-nji ýyldan bäri iñlis kontrrazwedka gullugy MI6-a puluna işleýändigi ýüze çykarylypdy, ol Ýewropada gezip ýören rus jansyzlarynyñ sanawyny-da Angliýa satypdy. Madridde harby ataşşe bolup işläp ýörkä galp ispan şahsyýetnamasy bilen hereket edýän Pablo Miller atly iñlis jansyzy tarapyndan "akly üýtgedilipdi". Pablo Miller başga-da bir rus kontrrazwedkaçy ofiseri Litwinenkony öz hasaplaryna geçiren ezber kontrrazwedkaçydy. Sergeý Skripal 2004-nji ýylda etmişiniñ üstünde tutulypdy. 15 ýyl azatlykdan mahrum edilipdi. Jansyz çalşygy bilen azatlyga goýberilensoñ, Angliýa gitdi. 2011-nji ýylda Solsberi şäherinde jaý satyn alyp, ýaşamaga başlady. Aýalynyñ saglygy gül ýalydy, birdenkä düwnük keseline ýolukdy, bir aý geçip-geçmänkä aradan çykdy. Ogluny-da Sankt-Peterburgda awtoulag kakyp öldürdi. Agasy kontrrazwedkaçydy, birdenkä horlanyp lagar düşdi, olam öldi. Çalşykdan soñ birsellem gyra çekilmegiñ deregine jansyzlyk işlerine dowam eden Skripal munuñ ejirini maşgalasy bilen çekýärdi. Diñe gyzy ölmän galdy. 2018-nji ýyl... Sergeý Skripal we onuñ gyzy Ýuliýa restoranlaryñ birinde öýlänlik iýdiler. Iýip-içip bolanlaryndan soñ seýilgähde gezip etdiler. Skameýkalaryñ birinde koma ýagdaýynda üstlerinden baryldy. Huşlaryndan gidipdi, agyzlaryndan ak köpürjik gelýärdi. Himiýa, biologiýa we ýadro laboratoriýalarynda seljerme geçirildi. Russiýanyñ ýasan "Новичок" maddasy bilen zäherlenendikleri anyklandy, onuñ täsir edijiligi NATO-nyñ elindäki iñ zäherli gazdanam sekiz esse güýçlüdi. Restoranda iýen naharlarynda mesele ýokdy, agzalan madda spreý görnüşinde öýleriniñ gapylaryna sepilipdi, gapyny açyp-ýapanlatynda elleri degip, bir sagat geçensoñ güýjüni görkezipdi. Iñlis kontrrazwedkasy bu wakadan soñ Litwinenkonyñ işini täzeden gozgady. Çünki Sergeý Skripal bilen bile hasaplaryna geçirilen konrrazwedkaçy ofiser Litwinenko hem şuña meñzeş görnüşde ölüpdi. 2000-nji ýylda Moskwada tussag ediljegini duýup, galp pasport bilen Türkiýä gaçyp, Stambuldan Londona uçup, iñlis raýatlygyna geçipdi. 2006-njy ýylda Londondaky öýünde duýdansyz ynjalyksyzlanyp, hassahana ýerleşdirilipdi, radiasiýa zäherlenmesi netijesinde hassahanada jan beripdi. Iş bukjasyna seretdiler, "polonium-210" atly radioaktiw madda bilen zäherlenipdi, endamynda ölüm howply dozanyñ on essesi bardy. Ýagny, ulanylan madda bir dälem bolsa, öldüriliş usuly birmeñzeşdi. 2006-njy ýylyñ 1-nji noýabrynda "Arsenal"-"ЦСКА Москва" futbol klublary duşuşýardy. Çempionlar ligasynyñ duşuşygydy, bu futbol duşuşygyna tomaşa etmäge Londona köp sanly rus janköýerleri gelipdi. Rus konrrazwedkasy galp şahsyýetnamalar bilen tomaşaçylaryñ arasyna siñipdi, Litwinenkony iýmläpdiler, hamana maglumat bermekçi bolýan ýaly ýanyna golaýlaşdylar. Litwinenko bu duzaga düşdi, bir barda duşuşdylar. Litwinenko bildirmän içgisine "polonium-210" garypdylar, gürrüñe oteliñ lobbisinde dowam edipdiler, zäheri onuñ çaýyna-da goşupdylar. Litwinenkonyñ işini derñänlerinden soñ Skripalyñ garaşylmadyk ýagdaýda ölen aýalynyñ mazary eksgumasiýa edildi, sud-medisina ekspertizasy geçirildi. Aýalyñ endamynda "Новичок" ýada "Polonium-210" bardygy-ýokdugy barlandy. Ekspertizanyñ netijesi habar beriş serişdelerine aýdylmady. Skripal we onuñ gyzy ölmän galdy. Bejergi bilen gutuldylar. Sagalanlaryndan soñ sorag edildiler. Olar haýsydyr bir şübhelenip bolaýjak zada gabat gelmändiler, wakanyñ bolan güni hiç kim bilen görüşmändiler, habarlaşmandylar. Yz çalyndy... Aleksandr Petrow, Ruslan Borisow diýen atlaryñ üstünden baryldy. Olar Londonyñ "Gatwick" howa menziline şol atdaky şahsyýetnamalar bilen gelipdiler, kast edilşigiñ bolan güni Solsberi şäherinde gezip ýördüler. Özlerem rus kontrrazwedka gullugy GRU-nyñ ofiseridiler. Hakyky atlary Aleksandr Mişkin we Anatoliý Çepigady. Üç ýyl öñ Çehiýa turist bolup gidenlerinde bir ýarag ammaryny partlatmakda aýyplanypdylar. Zäherli maddany Angliýa atyr çüýşesinde getiripdiler. Skripalyñ öýüniñ gapysyna pürküp, Londona dolanyp gelipdiler, şol gün agşam 22:00-da "Heathrow" howa menzilinden Moskwa uçupdylar. Toparyñ Denis Sergeýew diýen üçünji agzasy-da bardy, ol GRU-nyñ kast edilşikler boýunça bölüminiñ generally, olam turist ýaly gelipdi, emma Sergeýew kast edilşigiñ bolan Solsberi şäherine gitmändi, kast edilşik güni olam Moskwa dolanypdy. Sergeýew şondan iki ýyl öñ Sofiýada bolgar ýarag söwdagäri Emilian Gerew şol atyry sepme ýoly bilen terakt gurnapdy. Skripal teraktynda ulanylan we içinde "Новичок" bolan atyr çüýşesi kast edilşikden üç aý soñ 15 kilometr uzaklykdaky Eýmsberide ýolun gyrasyna zyñylan ýagdaýda tapyldy, atyr tapandyryn öýden aýal ony sepindi we aradan çykdy. Elbetde, Russiýa hiç bir aýyplamany boýun almady, ýöne... Skripal kast edişligi sebäpli ABŞ we Angliýa başlyklaýyn, NATO-nyñ düzümine girýän 23 ýurt, Ýewropa bileleşigine girýän 16 ýurt bir çukura tüýkürdiler. Rus diplomatlar ýurtdan çykaryldy. Dünýä boýunça 153 sany rus diplomaty kowuldy. Şonça jansyzlyk meselesiniñ üsti örtülýärkä, Skripal hadysasynyñ şeýlekin ulaldylmagy, Russiýanyñ dünýä boýunça hatybizar edilmegi diýseñ täsindi. Çünki… edil şol wagt Russiýadan başlap, Baltika deñiziniñ üstünden Germaniýa barmaly tebigy gaz geçirijisi "Demirgazyk akym -2"-niñ soñky gepleşikleri geçirilýärdi. Finlandiýanyñ we Şwesiýanyñ Orsyýete rugsat bermeleri gerekdi. Skripal konflikti ýüze çykdy welin, mejbury ýagdaýda rus diplomatlaryny ýurtdan çykardy, "Demirgazyk akym -2" taslamasy wagtlaýyn togtadyldy. Germaniýanyñ nähili hereket etjegi gyzyklydy. Çünki... ABŞ-nyñ MRU-sinde kiber howpsuzlyk boýunça hünärmen edilip ýetişdirilen, ABŞ-nyñ döwlet howpsuzlyk gullugy NSA-da işlän Edward Snouden 2013-nji ýylda noutbuklaryny alyp Gongonga gaçypdy, "prizma" maglumatlary dünýäniñ habar beriş serişdeleriniñ eline beripdi, ABŞ-nyñ hakyky ýüzüni paş edipdi. “Prizma” diýilýänem, amerikan we iñlis kontrrazwedka gulluklarynyñ bikanun telefon diñlemeleri üçin ulanýan kompýuter programmasynyñ kod adydy. Bu programma telefon diñlemek bilen oñman, dünýäniñ ähli internet ulanyjylaryny yzarlap bilýärdi, ähli elektron poçtalary açyp-okap bilýärdi, ähli hasaplara göni girip bilýärdi. ABŞ dessine Hytaýa talapnama berdi. Snoudeni yzyna bermegi talap etdi. Hytaý kabul etmedi. Snowden uçara atlanyp, Moskwa gitdi. Gaçybatalga sorady, Russiýa kabul etdi. Snoudeniñ dünýä derejesinde seslenme döreden maglumatlarynyñ birem Germaniýa bilen baglanyşyklydy. Amerikan kontrrazwedkasynyñ Germaniýanyñ premýer-ministri Angela Merkeliñ telefonlaryny diñleýändigi ýüze çykdy! Merkeliñ gepleşikleri ABŞ-nyñ Berlindäki ilçihanasynda oturan ýörite birlik tarapyndan ýazga geçirilýärdi, yzarlanýardy. Germaniýa ask boldy. MRU-nyñ hasabyna jansyzlyk edýän BND-niñ işgäri tussag edildi. Nemes kontrrazwedka gullugy BND-de işleýän bu amerikan "gulagy" Merkeliñ telefonlaryny diñleýän Berlindäki MRU-nyñ toparyna maglumat ugradýardy. Ine, şeýle dawa sebäpli, Germaniýanyñ Skripal teraktyndan soñ näme etjegine göz dikip garaşylýardy. Germaniýa mejbur boldy, dört rus dipolamatyny ýurtdan çykardy. Emma... "Demirgazyk akym -2" taslamasyny togtatmady. Gaz geçirijiniñ gurluşygy dowam etdi. Merkel hem-ä NATO-dyr Ýewropa bileleşiginiñ ýanynda durýardy, hemem tebigy taýdan Germaniýanyñ bähbitlerini öñe tutýardy. Merkeli ne Obama, ne Tramp, ne Baýden razy edip bildi. "Demirgazyk akym -2" gaz geçirijisi Germaniýa üçin iññän derwaýys meseledi, Merkel tutanýerlilik bilen başlan işinden el çekenokdy. Amerikan kontrrazwedkasynyñ Merkeliñ telefonlaryny gizlinlikde diñlemekleriniñ düýp sebäbem şudy. Merkeliñ kukla bolasy gelenokdy, şonuñ üçinem "şübheli şahs" boldy duruberdi! Gaz geçirijiniñ iñ soñky bölegi 2021-nji ýylyñ oktýabr aýynda montaž edildi. 2021-nji ýylyñ dekabr aýynda Merkeliñ premýer-ministrlik müddeti doldy. Bary-ýogy iki aý geçensoñ... Ukraina meselesi partlady. Şarp... Germaniýanyñ täze premýer-ministri "Demirgazyk akym -2"-niñ taslamasyny togtatdy. Täze kansler "Bu gaz geçiriji açylmaz" diýdi. Ine, ýagdaý şular ýalyka... Bir hepde bäri tomaşa edýäris hormatly teleýaýlymlarymyza. Bir hepde bäri ýañrap gelýärler. Kiýew şeýle, Harkow beýle, Zelenskiý köp ýumurtgaly adam, pylan-pysmydan... Urşy häzirem Ukrainadadyr öýdýärler. Ýylmaz ÖZDIL. "SÖZCÜ" gazeti, 05.03.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||