20:45 Tutuş Eziz Nesinlik | |
TUTUŞ EZIZ NESINLIK
Publisistika
"Kimse Yok Mu" haýyr-sahawat guramasy... AKP häkimiýet başyna gelen badyna guruldy. AKP hökümeti tarapyndan "jemgyýetiñ peýdasyna işleýän gurama" statusy berildi. AKP hökümeti tarapyndan "rugsatsyz ýardam toplama ygtyýarlygy" berildi. AKP-niñ Ýokary Halk mejlisiniñ ýolbaşçylygy tarapyndan Ýokary hyzmatlary üçin ýörite baýrak ("Üstün Hizmet Ödülü") berildi. Soñra? FETÖ-çydyklary ýüze çykdy. "Garyp-gasarlara kömek edýäris" diýip, ak ýürekli dindar raýatlarymyzdan pul barsyny toplap, "Afrikadaky aç çagalary doýurýarys" diýip gurbanlyk mal toplap, "Somalide sygyr soýduk, Ugandada gowurma paýladyk, Tanzaniýada agzaçar etdik" diýip, toplanan pullary Pensilwaniýa ugradýandyklary belli boldy. Sadaka berenlere, "ine, serediñ, siziñ beren gurbanlyk mallaryñyzy şeýdip kesdik, şeýdip paýladyk" diýip cd diskler ugradýardylar, sadaka berenlerem bu disklere seredip, sogap işe sebäp bolandygyna begenip doga-dileg edýärdi, megerem, birnäçe ýyllap şol bir disks ugradyp ýörendikleri ýüze çykdy, bir sany gurbanlyk mal soýupdylar, tomaşa eden her kes ony özüniñkidir öýderdi! AKP tarapyndan jemgyýete peýdaly gurama status berilen, AKP tarapyndan rugsatsyz ýardam toplamaga ygtyýar berilen, AKP tarapyndab Ýokary Halk Mejlisiniñ Ýokary hyzmatlary üçin baýragy berilen guramanyñ işi gadagan edildi. * * * "Deniz Feneri" haýyr-sahawat guramasy… AKP häkimiýet başyna gelen badyna "jemgyýetiñ peýdasyna iş alyp barýan gurama" statusyny almak üçin Döwlet sowetine (Danıştay) ýüz tutdy. Bu rugsady diñe Döwlet soweti berip bilýärdi. Döwlet soweti ýüz öwürdi, rugsat bermedi. Aradan biraz wagt geçdi, "Deniz Feneri" guramasy ýene Döwlet sowetine ýüz tutdy, ýene rugsat sorady, Döwlet soweti ýene ýüz öwürdi, ýene rugsat bermedi. Mundan soñ näme boldy bilýärsiñizmi? AKP hökümeti şarta orta girdi. Morta "guramalar kanunyny" üýtgetdi. Döwlet sowetinden rugsat berme ygtyýarlygyny aýyrdy. Rugsat berme ygtyýarlygyny ministrler kabinetine berdi. Döwlet soweti päsgelçiligi aradan aýrylan badyna, "Deniz Feneri" guramasyna Ministrler kabinetiniñ karary bilen "jemgyýetiñ peýdasyna iş alyp barýan gurama" statusy berildi. Bir ýyldan soñ "rugsatsyz ýardam toplama ygtyýarlygy" berildi. Bir ýyldan soñ AKP-niñ Ýokary Halk Mejlisiniñ ýolbaşçylygy tarapyndan Ýokary Halk Mejlisiniñ "Ýokary hyzmatlary üçin" baýragy berildi. Soñra? Germaniýa "asyryñ korrupsiýasy" ady bilen derñew işini açdy, "Deniz Feneri" guramasynyñ Germaniýadaky ökjesine basyldy. Mukaddes Oraza aýynda burnuna siñek gonan afrikaly aç-ýalañaç çagalaryñ fotosuratlaryny görkezip, "asyryñ ýagşylyk hereketi" şygary bilen ak ýürekli dindar raýatlarymyzdan kömek toplap, bu kömekleri galp kwitansiýalar bilen gözboýagçylyk edendikleri ýüze çykdy. Garyp-gasara kömek diýip toplanan pullara özlerine jaý alandyklary, gämi alandyklary, hudaýýoly pullaryny oýnaşlaryna iýdirendikleri, dindarsyrap surata düşen bolup, agşamlaryna Las-Wegasda kazino gidýändikleri belli boldy. Germaniýadaky derñew prosesiniñ Türkiýe şahasyny derñän prokurorlarymyz AKP "adalaty" tarapyndan wezipeden boşadyldy, "günäkär" edildi. Günäkärler güwä edildi, prokurorlar günäkär edildi. "Zekat ogrularyny gorag astyna alan güýç bar, men ol güýje "ogrularyñ imperatory" diýýärin" diýen prokurorlarymyz jogapkärçilige çekildi. * * * Nesin fondy... Eziz Nesin tarapyndan elli ýyl öñ bilim almaga mümkinçiligi ýok çagalara niýetlenip guruldy. Pikirlenip, gözläp, şübhelenip, özüni we daş-töweregini derñäp, tankyt edip bilýän özüniñ we daş-töwereginiñ meselelerini çözgüt gözleýän, geçmişe baha berip bilýän, gelejegi öñünden çaklaýan, özüniñ we başgalaryñ hak-hukuklaryny goraýan, adalatsyzlyga garşy gidip biljek batyrgaýlyga eýe, başgalar gynanyp durka gynanyp bilýän, jemgyýetçilik jogapkärçiligi duýýan, ukyp-başarnyklaryny we mümkinçiliklerini bilýän, emma şol bir wagtyñ özünde bu ukyp-başarnyklaryny we çäklerini ulanýan, özüni dowamly kämilleşdirýän we täzeleýän, bir işe çyny bilen ýapyşýan, başlan işini soñlaman goýmaýan, wagtyny dogry we netijeli ulanýan, sarp edýäninden köp öndürip bilýän, ýykyjy däl-de gurujy bolan, maddy we magnawy taraplary bilen başgalardan we şertlerden garaşsyz, durmuşda ýeke özi öz başyny çarap bilýän şahslar ýetişdirýärler. On bir ýaşyna çenli çagalary kabul edýärler, öz aýagynyñ üstünde durup bilýänçä hemme gerek zatlaryny üpjün edýärler. Çagalar galapyn döwletiñ garamagyndaky mekdeplerde okaýarlar, emma tapawutlanan zehinli okuwçylara ýöriteleşdirilen mekdeplerde bilim alar ýaly mümkinçilik döredilýär. Hepdäniñ ahyrynda we dynç günlerinde teatrlara, kinoteatrlara, sport we aýdym-saz kružoklarynda, medeni çärelere, tebigata gezelenje gitmäge, ekin-tikin, ussaçylyk, aşpezlik işleri bilen meşgulanmaga, islän maglumatlaryny we tejribe edinmäge uly mümkinçilikler döredilýär. Nesin fondunda çagalaryñ ynanç azatlygy bar, ýaşaýyş-durmuş azatlygy bar, söz azatlygy bar, adminstrasiýanyñ we işgärleriñ pikirine çapraz düşen çagalar hiç ýazgarylmaýar, jezalandyrylmaýar, gorkuzylmaýar, haýbat atylmaýar, gaýtam tersine: düşünjesini çekinmän düşündirip we gorap biljek şert döredilýär, karar Alma ygtyýarlygy bar, öz geljeklerini özleriniñ kesgitlemäge hukuklary bar, habarly bolma azatlygy bar, asla olar barada hiç zat gizlenmeýär, ýalansyz, egsiksiz jogaplanýar, şahsy hak-hukuklary goralýar, meselem: çagalaryñ otagyna gapyny kakman , çaganyñ rugsady bolmazdan girilmeýär, otaglarda döküş geçirilmeýär, okaýan kitaplary barlanmaýar, egin-eşik, saç-sakgal, murt ýaly daşky görnüşlerine goşulýan ýok, doly erkin, öz ugruna goýberilýär, çagalara hormat goýulýar, buýruk berijilikli heñde seslenilmeýär, düşünjeleri, duýgulary, gözlegleri, sungat we ylmy ugurda eden işleri ýañsylanmaýarr, çagalaryñ içini dökmäge haky bar, meselelerine gulak asylýar, ýalñyşmaga haklary bar, şowsuzlyga uçramaga haky bar, näzini çekdirmäge haky bar, hatda “iñ körpäniñ näzini çekdirme hukugy soñsuzdyd" diýilýär. Nesin fondunyñ ekin meýdany-da bar. Çagalara tebigy, ter gök önümler iýdirilýär, 30 gektarlyk meýdanda himiki dökünler ulanylmaýar, permakultura düzgünleri boýunça iş ýöredilýär. 85 müñ kitaplyk kitaphanasy bar. Matematika şäherçesi bar. Nesin fonduna degişli şäherçede ylym-bilim maksatly matematiki masterskoýlar, sapaklar, seminarlar, konferensiýalar, lagerler gurnalýar, kir ýuwmak, arassaçylyk işler çärelere gatnaşýanlar tarapyndan bileleşip edilýär. We... "Düzgüne ters kömek toplamakda" aýyplanyp, AKP tarapyndan bank sçýotlary bloklandy. (Halk arasynda "Tutuş Eziz Nesinlik" ("tam Aziz Nesinlik”) diýip bir aýtgy bar. Ynanyp bolmajak bolgusyzlyklaryñ aslynda bolup geçmegine aýdylýar.) Ýogsa-da, şeý diýýärin... Nesin fondunyñ halky haýyr-sahawatlar arkaly aldamazlygy "düzgüne ters" hasap edilip bilinermi? Ýylmaz ÖZDIL. "SÖZCÜ" gazeti, 13.05.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |