09:41 Mahsa Amini | |
MAHSA AMINI
Publisistika
Jorj Floyd atly garaýagyz amerikan raýaty polisiýa işgäriniñ eden sütemi netijesinde öldürildi. "Asyryñ lideri" hemmämiziñ duýgusyna dilmaçlyk edip: "Adamkärçilige sygyşmaýan şeýle mentaliteti ýazgarýaryn. Görnüşine seretmezden adama garşy gönükdirilen islendik agressiýa garşy çykýarys. Biz Ýaradandan ötri adamy söýmegi öwredýän yslam medeniýetiniñ agzasy. Munuñ bilen ahyryna çenli gyzyklanarys. Jorj Floýdy hormat bilen ýat edip, maşgalasyna we ýakynlaryna giñlik dileýärin" diýdi. * * * Müsürde "Musulman doganlar" guramasynyñ agzasy 17 ýaşly Esma polisiýa işgäriniñ eden sütemi netijesinde öldürildi. Biziñ Dini işler ministrligimiz Esmanyñ hatyrasyna köpçülikleýin çäreleri gurnady, kakasynyñ Esma gyzyna ýazan haty uly ekranda klipleşdirilip berildi, başy musybatly kaka "seni düýşümde gelin kürtesinde gördüm diýýärdi, "asyryñ lideri" hynçgyryp-hynçgyryp aglady, onuñ gözýaşlara gark boluşy ähli teleýaýlymlarda sagatlap görkezildi. Ahyrsoñy telegepleşikleriñ birine gatnaşdy, Esmanyñ klibi gaýtalap görkezildi, "asyryñ lideri" göni efirde hynçgyryp-hynçgyryp aglady. * * * Palestinaly gyzjagaz Ahed Temimi ýañy 11 ýaşyndaka ysraýyl esgerine ýumruk saldy, onuñ bu fotosuraty dünýäniñ habar beriş serişdelerinde berildi, şobada "asyryñ lideriniñ" görkezmesi bilen Türkiýä getirildi, "asyryñ lideri" bilen tanyşdy, onuñ howandarlygynda Başakşehir munisipaliteti tarapyndan garşylandy, batyrgaýlygy üçin "Hanzala" nyşany berildi. "Hanzala"... Palestinaly legendar karikaturaçy Naji el-Aliniñ döreden obrazy bolup, ol üst-başy sal-sal, aýakýalaç 10 ýaşpy çaga, ýeñsesi hemişe synlaýjysyna, okyjysyna tüññeren ýagdaýda, ol öýkeli çagajygy alamatlandyrýar. Ol Palestinanyñ azatlyk ugrundaky göreşiniñ simwolydyr. Ine, Türkiýede 11 ýaşly Ahede şol Hanzalanyñ adyny görkezýän batyrgaýlygy üçin nyşan berildi. Aslynda beýle nyşan ýokdy, ony AKP oýlap tapdy. Aradan ýyllar geçdi, Ahed ulaldy, 17 ýaşady, ýene ysraýyl esgerini ýumruklady, bu gezek tussag edildi, ýedi aýlap ýatdy, tussaglykdan çykan badyna oña jañ eden birinji adam "asyryñ lideridi". "Asyryñ lideri" azatlyk ugrundaky göreşi üçin Ahede minnetdarlyk bildirdi, onuñ Ahede bildiren minnetdarlygy "gadyrdan mediýamyzda" giñ-giñ ornuny tapdy. * * * Germaniýada polisiýa işgärleriniñ musulmanlara garşy gönükdirilen agressiýasy bolup geçdi, "asyryñ lideri" şobada muny ýazgarýandygyny mälim etdi. Grek polisiýasynyñ bikanun bosgunlara garşy eden sütemini ýazgaryp, "asyryñ lideri" şobada beýanat berdi. Baryp-ha alys Arakanda musulmanlara garşy polisiýa işgärleriniñ agressiýasy bolup geçdi, "asyryñ lideri" derhal muny ýazgarýandygyny aýdyp, beýanat berdi. * * * 22 ýaşly Mahsa Amini… Tähran metrosynda mejbury bürenjek düzgünine eýermändigi bahanasy bilen saçynyñ tary görünýärmiş diýip, Eýranyñ "ahlak polisiýasy" tarapyndan tussag edildi, görgüli urlup-urlup öldürildi. Eýranyñ hemme şäherinde diýen ýaly protest demonstrasiýalary bolup geçýär, talyp gyzlar başýapynjalaryny çykaryp, bannerler bilen ýörişe çykýar, eýranly aýal-gyzlar "ýas" simwoly hökmýnde saçlaryny gyrkýar, sosial mediýadan çykyş edilýär, Eýranyñ prezidentine çenli günäkärleri ýüze çykaryp jogapkärçilige çekmek barada görkezme berdi, Eýranyñ aýatollasy Hamaneýe çenli Mahsa Amininiñ hossarlaryna giñlik diledi, meseläniñ soñuna çenli üstünde durjakdygyna söz berdi, Türkiýe aýaga galdy, Stambulda, Ankarada, Diýarbekirde protest demonstrasiýalary geçirilýär, BMG-na çenli alty gündür Eýrany näletlemedik galmady. Bir adamdan başga... Alty gün bäri diñe "asyryñ lideriniñ" demi-düýdi çykmady. * * * ABŞ-dan Gresiýa, Müsürden Ysraýyla - nire bolsun tapawudy ýok, polisiýa işgärleriniñ eden her bir eden-etdiligini ýazgarýar, emma Eýranyñ "ahlak polisiýasy" saçyny örtmändir diýip bir naçary urup-urup öldürdi, alty gün bäri garaşýas, ses-seda ýok. * * * Hany, hiç zadyñ "görnüşine seredemzokdyg-a"? Saçyny örtmeýänler öldürilse "adamkärçilige sygyşmaýan mentalitet" bolanokmyka ýa? Garaýagyz amerikalynyñ, müsürli Esmanyñ, palestinaly Ahediñ göreşi batyrgaýlygy üçin sylaglanmaly azatlyk ugrundaky göreş bolýar-da... Mahsanyñky azatlyk ugrundaky göreşe girenokmy? Ýylmaz ÖZDIL. "SÖZCÜ" gazeti, 23.09.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |